Raýatlaryň bähbitlerini üpjün etmek durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Durmuş üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakyndaky” Kanuna gol çekdi. Bu resminama döwlet Baştutany tarapyndan ýöredilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlary jähetden kabul edildi we bu möhüm ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça belli bir maksatly maksatnamanyň bir bölegi bolup durýar. Şol maksatnamanyň möhüm ugurlary pensiýa üpjünçiligini düýpli özgertmekden, döwlet kömek pullaryny hasaplamagyň hem-de tölemegiň ulgamyny kämilleşdirmekden, durmuş taýdan kömek bermegiň ähli görnüşlerini yzygiderli ösdürmekden ybaratdyr.
2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap milletiň Lideriniň syýasatynyň durmuş taýdan ugur alandygynyň nobatdaky aýdyň tassyklanmasy bolan täze kanunçylyk nama laýyklykda, hususan-da, maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň, 16 ýaşa çenli maýyp çagalara berilýän döwlet kömek pulunyň, maýyplygynyň toparyna garamazdan, çagalykdan maýyplara berilýän döwlet kömek pulunyň, ekleýjisini ýitirmegi boýunça döwlet kömek pulunyň, frontda wepat bolan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň ýanýoldaşyna bellenilen ekleýjisini ýitirmegi boýunça döwlet kömek pulunyň, frontdan gaýdyp gelen Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň ýanýoldaşyna bellenilen ekleýjisini ýitirmegi boýunça döwlet kömek pulunyň, doly ýetime ekleýjisini ýitirmegi boýunça bellenilen döwlet kömek pulunyň, ata-eneleriniň ikisinem ýitiren doly ýetim çagalara ýa-da aradan çykan eke ýaşaýan enäniň çagalaryna ekleýjisini ýitirmegi boýunça bellenen döwlet kömek pulunyň, döwlet durmuş kömek pulunyň möçberleri düýpli artdyryldy.
“Durmuş üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 2007-nji ýylyň martynda kabul edilendigini, onuň ýurdumyzda durmuş üpjünçiliginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitländigini bellemek gerek. Şu kanunçylyk namasynyň kabul edilen gününden bäri geçen wagtyň içinde Bitewi kanunyň maddalaryna ýaşuly nesliň bähbitlerini, eneligi we çagalygy, maýyplary hem-de raýatlaryň durmuş taýdan kömek bermäge mätäçlik çekýän beýleki toparlaryny goramaga degişli üýtgetmeler we goşmaçalar ençeme gezek girizildi.
Mysal üçin, işleýän we işlemeýän enelere çaga doglan mahaly we oňa seretmek boýunça, şeýle hem çagalykdan maýyplara döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmaga tarap gaýtadan seredildi. Çaga seretmek boýunça kömek puluny tölemegiň dowamlylygy bir ýarym ýyldan üç ýyla çenli uzaldyldy. Bitewi kanunda üçünji topardaky maýyplara protezleri mugt bermek we beýleki hyzmatlary etmek boýunça üýtgetmeler hem girizildi.
Durmuş kömegini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, kadalaşdyryjy namalara pensiýalary bellemegiň hem-de hasaplamagyň tertibine degişli üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizildi. Hususan-da, 1998-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli pensiýa çykan raýatlar üçin, şeýle hem oba hojalygynyň zähmetkeşleri üçin işlän ýyllaryny hasaplamakda çäklendirmeler aýryldy.
Harby gullukçylary, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlary we şol urşuň maýyplaryny, wepat bolan esgerleriň maşgalalaryny we dul galan ýanýoldaşlaryny durmuş taýdan goramagyň meselelerini düzgünleşdirýän maddalara hem düýpli üýtgetmeler girizildi. Milletiň Lideriniň başlangyjy bilen berlen köp sanly ýeňillikler netijesinde olaryň mynasyp durmuşy üçin ähli şertler döredildi.
Adamlar hakyndaky alada, türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan uly möçberli özgertmeleriň esasy ileri tutulýan ugrudyr. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň strategiýasy hem hut şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir, şol maksadyň düýp mazmuny “Döwlet-adam üçindir!” diýen ýörelgede aýdyň beýan edildi.
Mysal üçin, durmuş ulgamlaryny – bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti, döwlet durmuş üpjünçiligini ösdürmäge şu ýyl her aýda býujet serişdeleriniň 75 göterimden gowragy bölünip berildi. Geçen ýyldaka garanyňda iş hakynyň ösüş depgini ortaça alnanda ýurdumyz boýunça 113,5 göterime barabar boldy.
2012-nji ýyl üçin Döwlet býujeti “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçsin milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp düzüldi, şonda durmuş ulgamyny ösdürmäge serişdeleriň 76,7 göteriminiň gönükdiriljekdigi göz öňünde tutulýar. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny", “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmaga, beýleki döwlet maksatnamalaryny hem-de uly möçberli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge maýa goýumlarynyň hem ep-esli möçberleri bölünip berler.
Şeýlelikde, has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň, tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen häzirki zaman lukmançylyk we sanatoriýa-şypahana edaralarynyň, medeniýet köşkleriniň we beýleki durmuş-ykdysady desgalarynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşygy netijesinde türkmenistanlylaryň durmuşy hil taýdan özgerýär, paýtagtymyzda hem, welaýatlarda hem adamlar ylmy-tehniki ösüşiniň ähli gazanan üstünliklerine, durmuşyň ähli eşretlerine giň möçberde eýe bolýarlar.
Ilatyň aýlyk girdejileriniň artmagy ýene-de bir möhüm görkezijidir, bu iş hakynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň, döwletiň nyrh syýasatynyň, hususy başlangyçlary goldamagyň we beýleki çäreleriň hasabyna üpjün edilýär.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň iýulynda hormatly Prezidentimiziň 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap aýlyk iş haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim köpeltmek hakyndaky Permana gol çekendigini belläp geçmek gerek.
Milli ykdysadyýetimiziň ýokary kuwwaty, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi Türkmen döwletine öz raýatlaryny goşmaça durmuş ýeňillikleriniň toplumy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Elektrik energiýasynyň, gazyň, suwuň, hususy awtomobil ulaglarynyň eýelerine benziniň mugt berilmegi, jemagat we ulag hyzmatlary üçin aňryçäk derejede pes tölegler beýik özgertmeler eýýamynyň uly möçberli özgertmeleriniň adamlaryň abadançylygyna hyzmat edýändigi barada söz açmaga mümkinçilik berýän deliller—ine, şulardan ybaratdyr.
“Täze taryhy eýýamda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek biziň esasy maksadymyz bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzda biziň ähli amala aşyrýan giň gerimli özgertmelerimiziň maksady we mazmuny öz beýanyny tapdy. Biz ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklarynyň döredýän mümkinçiliklerini nesip bolsa, mundan beýläk hem Watanymyzy çalt depginler bilen ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdireris” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň 15-nji dekabrda bolan bilelikdäki maslahatynda nygtap geçdi.
Bu babatda “Durmuş üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky” täze Kanun milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanan öz raýatlarynyň abadançylygynyň we bolelin durmuşynyň bähbidine ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň maksatnamasynyň yzygiderli hem-de gyşarnyksyz durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky tassyklanmasy boldy.