Ï Russiýada türkmen nusgawy edebiýatynyň täze ýygyndysy neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Russiýada türkmen nusgawy edebiýatynyň täze ýygyndysy neşir edildi

view-icon 1445
Şu ýyl Moskwanyň “Hudožestwennaýa literatura” neşirýaty tarapyndan çykarylan “Öçmejek ýyldyzlaryň şuglasy” atly kitap halkara bileleşigi tarapyndan Türkmenistana, onuň baý taryhyna, medeniýetine we sungatyna barha artýan gyzyklanma ýaly gumanitar ulgamynda netijeli türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösmeginiň subutnamasy boldy. Bu neşire XVII-XVIII asyrlaryň türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleri Nurmuhammet Andalybyň, Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň rus diline terjime edilen şahyrana eserleri goşuldy. Şolaryň eserleri bolsa diňe bir milli medeniýetimiziň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna girdi.

Kitaby täze Galkynyş we beýik özgertmeler syýasatynyň awtory bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň giriş makalasy açýar, şol makalada milletimiziň gymmatly medeni baýlygyny, onuň öçmejek ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamaga ägirt uly üns berilýär. Şöhrat gazanan türkmen şahyrlary, alymlary we akyldarlary tarapyndan galdyrylan özboluşly edebi miras şol baýlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.


“Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan däpleri ençeme müňýyllyklaryň dowamynda üýtgewsiz bolmagynda galdy we ilki başdaky nusgasynda bize gelip ýetdi. Türkmenler hemişe kalby tämizleýän we nurlandyrýan, egsilmez güýji we ruhubelentligi eçilýän çeper sözüň, paýhasly söz düzüminiň, owazly setirleriň ideýa güýjüne ýokary sarpa goýdular” diýip, türkmen döwletiniň Baştutany okyjylara ýüzlenip nygtap geçýär. Nurmuhammet Andalybyň, Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy hakynda söz açyp, olary “watançylyk, mähriban halkymyza wepaly hyzmat etmek, jemgyýetçilik ylalaşygynyň ykrar edilmegine üýtgewsiz ygrarlylyk” birleşdirýär diýip, milletiň Lideri belläp geçýär. “Çeper sözüň bu üç sany ägirt ussatlarynyň döredijiliginiň milli taryhymyzy ösdürmekde, şol eýýamyň progressiw jemgyýetçilik aň-düşünjesini kemala getirmekde, ruhy ahlak başlangyçlary kämilleşdirmekde, halklaryň arasyndaky parahatçylyk, dostluk, durnuklylyk we doganlyk ýörelgelerini pugtalandyrmakda orny gymmatlydyr” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtaýar.

Meşhur “Bütindünýä edebiýatynyň kitaphanasynyň” mirasdary bolan “GDA-nyň nusgawy edebiýaty” tapgyrynda neşir edilen täze kitaba Andalybyň, Azadynyň we Magtymgulynyň Gündogaryň edebiýatyny ösdürmäge hem-de baýlaşdyrmaga ep-esli goşant bolan hem-de asyrlaryň dowamynda türkmen halkyna mahsus bolan belent adalatlylyk we ynsanperwerlik, sazlaşyklylyk hem-de gözellik taglymlaryny özünde jemlän şahyrana goşgulary, gazallary, dessanlary, poemalary we beýleki eserleri girdi. Olaryň köpüsiniň rus dilindäki terjimede ilkinji gezek çap edilýändigi guwançlydyr. Neşiri bezemekde türkmen suratkeşleriniň eserleriniň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznalaryndan alnan işleriň peýdalanylandygyny belläp geçmeli.

2009-njy ýylda “Hudožestwennaýa literatura” neşirýaty tarapyndan ýokarda agzalan tapgyrda “Asyrlaryň jümmüşinden nur saçýan şugla” atly kitabyň çykarylandygyny hem belläp geçmeli, onuň sahypalarynda türkmen halk döredijiliginiň we milli nusgawy edebiýatymyzyň rus diline terjime edilen ajaýyp nusgalary ýerleşdirildi. Ol kitap okyjylary türkmen halkynyň gahrymançylykly şadessanlary, dessanlary, halk aýdymlary, ertekileri, nakyllary we dana sözleri, şeýle hem XVIII-XIX asyrlaryň ençeme ajaýyp söz ussatlarynyň eserleri bilen tanyşdyrýar. Neşire Azadynyň, Magtymgulynyň we Andalybyň eserleri bilen bir hatarda Baýram Hanyň , Magrupynyň, Zeliliniň, Keminäniň, Seýdiniň, Şabendäniň, Gaýybynyň, Şeýdaýynyň, Kätibiniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň we beýleki ykrar edilen nusgawy şahyrlaryň eserleri girdi.

Bu kitap diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem dünýä medeniýetiniň buýsanjy we şöhraty bolan türkmen nusgawy edebiýatyna sarpa goýýanlaryň gözýetimini has giňeltmäge mümkinçilik berer, halkara ylmy we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmaga hyzmat eder.