Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň gaznasyna 10 müňden gowrak eksponat goşuldy. 2011-nji ýylyň başynda 116müň eksponat sanawda bolan bolsa, ýylyň ahyryna çenli bu san 127 müňe ýetdi. Şol wagtyň dowamynda Baş milli muzeýdäki eksponatlary 66 müňden gowrak adam görmäge bardy.
Muzeý gymmatlyklyklaryň esasy buýsanjy- gadymy Nusaýyň , Merwiň we başga-da ençeme medeni-taryhy ýadygärlikleriň çäklerinden türkmen we daşary ýurtly arheologlaryň tapan gymmatly tapyndylarydyr. Bu gymmatlyklaryň arasynda ýurdumyzyň çäklerinde tapylan gadymyýetiň we orta asyr sungatynyň ýeke-täk görnüşleri hem bar. Muzeýiň etnografiýa bölümi hojalygyň, gündelik ýaşaýşyň, diniň, senediň taryhynyň we türkmeniň folklorynyna degişli eksponatlaryň üsti bilen türkmeniň gadymy taryhynyň esasy bölegini açyp görkezýär. Ajaýyp eksponatlaryň arasyndaky zergärçiligiň, ýagny türkmeniň ajaýyp şaý-sepleriniň bir ýarym müňden gowrak sanly baý kolleksiýasy muzeýe aýratyn bezeg berýär. Baş milli muzeýiň ülkäni we tebigaty öwreniş muzeýinde ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsi hem-de tebigy ýadygärlikleri baradaky eksponatlar ýerleşdirilen.
Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň Prezident muzeýinde garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň täze taryhy öz öwüşgünini tapdy. Bu ýerde görkezilen eksponatlaryň üsti bilen ýurduň dürli künjeklerine gitmän, ol ýerde we umuman ähli Türkmenistanda bolup geçýän özgertmeler bilen, häzirkizaman zawoddyr-fabrikleriň gurluşygy we işleri , ulag we senagat infrastrukturasynyň ösüş depginleri bilen tanşyp bolýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň düzüminde „Galkynyş muzeýi“, „Bitaraplyk muzeýi“, „Garaşsyzlyk muzeýi“ döredilip, olar Konstitusiýa binasynda, Bitaraplyk binasynda we Türkmenistanyň garaşsyzlyk binasynda ýerleşerler.