Ï TÜRKMENIŇ GADYMY MERDANA RYSARLARY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENIŇ GADYMY MERDANA RYSARLARY

view-icon 1307
Taryhçylaryň gelen netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerinde atlar bäş müň ýyl mundan öň eldekleşdirilipdir. Hut Köpetdagyň etekleri owadan we ýyndam atlaryň döremegi üçin oňaýly tebigy şertleri döredenligine hünärmenler hiç hem şübhelenmeýärler. Şu ýerde ilkinji atly goşunlar döredi diýlip hasaplanylýar.

Biziň eýýamymyzdan öňki II-I asyrlarda Merkezi Aziýadan gelip çykan ariý we turlar tireleri dünýä arenasyna çykýarlar. Olar diňe bir atly goşunly esgerler bolman, eýsem olaryň ygtyýarynda ýeňil arabaly goşun hem bolupdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki VII asyrda skifler, saklar, massagetler, dahlar ýaly dürli atlar bilen belli bolan esger turanlar başga ýurtlara söweşlere öz goşunlaryny ýene-de öňe sürdüler. Dünýäniň iň oňat esgerleri Köne Dünýäni öz ajaýyp harby guramaçylygy we üýtgeşik tohum atlary bilen tanyşdyrypdyrlar. Bu barada soň akademik W.O.Witt „Ahalteke atlary- Orta Aziýanyň ajaýyp bedewi bolup, ol Assiriýanyň, Müsüriň we Elladanyň beýik ussatlarynyň eserlerinde baky müdümileşdirildi. “- diýip aýdypdy.


Türkmenistanyň çäklerinde antiki döwürde mülkli we ýerli „atlylar“ bolup, olara „daýhan“ hem diýipdirler (wagt geçdigiçe adalga ençeme gezek üýtgeşmelere sezewar bolupdyr; şu wagtlar „daýhan“ adalgasy hemme ekerançylara degişlilikde ulanylýar). Bedewli daýhanlar Ahemenidleriň we Aleksandr Makedonskinň goşunlarynda, soň bolsa Arsakidleriň, Sasanidleriň, Abbasidleriň, Gaznewidleriň, Seljuklaryň goşunlarynda gulluk edipdirler. Daýhançylyk edil „dworýanlar gatlagynyň ýer eýeçiligi“ ýaly bolup, Parfiýa, Baktriýa, Horezm ýaly jemgyýetçilik gurluşyna aýratynlyk öwüşgünini beripdir.


Daýhanlar- dünýäniň ilkinji rysarlary (merdanalary) bolup, grekler we rimliler olary „katafraktariý“ we „klibanariý“ diýip atlandyrypdyrlar. Olar agyr bronlanan sowutlary geýipdirler. Konus şekilli demir baş gaplary olara gelşik berip, ýüzleri bolsa metall örtük bilen goralypdyr. Bedewiň kellesi we döşi hem gorag esbaplary bilen örtülýärdi. Alymlaryň pikirine görä, hut turan katafraktariýler Günbatar Ýewropanyň orta asyr rysarlygynyň düzülmeginde ähmiýetli orny eýeläpdirler.

Gadymy turan rysarlary şöhrat gazanan rim goşunlaryny weýran edýärdiler, şonuň üçin hem rimliler turanly parfiýalylaryň atlaryna uly üns beripdirler.

“Nusaý atlary öz gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu bedewler kuwwatly şalara mynasyp. Olar tüňburun buýsançly başlaryny belent tutýar we olaryň ýallary howada owsun atýar, olar üstündäki agyr söweşijini ýeňillik bilen göterýärler” diýip biziň eýýamymyzdan ozalky 2-nji asyrda ýazylan bu ruhlandyryjy setirler gadymy rim taryhcysy Appiana degişlidir. Dogrudan-da her bir bedew sowut geýdirilen adamy götermäge ukyply bolmandyr. Atly goşundaky rysarlaryň sany köp bolmandyr, sebäbi olary ýeňil atly goşun bilen bilelikde aýgytly söweşe saklapdyrlar. Bu b.e öň 53-nji yylda Karrahdaky (Harran) parfiýalylaryň diňe ýeňil atly goşunynyň kömegi bilen üstünlik gazanan söweşinde aýdyň görkezilipdir.Parfiýaly rysarlaryň zarply urgusy örän güýçli bolupdyr. Jebis hatarda, ýalpyldap duran sowutlarda, uzyn naýzalar bilen yaraglanan rysarlar sanalgyja minutlarda rimlileri derbi-dagyn edipdirler.


Gadymy türkmenleriň döreden rysarlygy dünýäniň ähli goşunlarynyň harby işleriniň gelejekde kämilleşmegine uly täsir edipdir. Käbirler pyýada goşuny güýçlendirip rysarlar bilen göreşmegiň usullaryny gözleseler, beýlekiler bolsa Orta Aziýanyň ýaşaýjylarynyň harby tejribesini öwrenip özleşdiripdirler. Hytaýda üstünde agyr harby esbaply adamy götermäge ukyply türkmen bedew atlaryny satyn alyp başlapdyrlar.

Irki orta asyrda rysarçylyk türkmenleriň harby işinde uly orun eýelemegi dowam edýär. VII-VIII asyryň gadymy türk gwardiýaçylary dyzlaryna ýetip duran kelte ýeňli teňňeli sowutlary geýipdirler, döşlerini tegelek galkanlar bilen gorapdyrlar. Sowut esbaplary hem giňden ýaýrapdyr. Şeýle hem irki türk rysarlaryň agyr goranyş harby esbaply, uzyn naýzaly, olaryň bedewlerine hem sowut geýdirilen şekilleri hem saklanyp galypdyr. Arheolog E.A Nowgorodowa gadymy türk söweşijileri „Dura-Ýewroposdaky gyrylyp çyzylan graffitlerdäki parfiýa katafraktarlaryny ýatladýar“- diýip hasaplaýar.


Türkmenleriň sowutly atly goşuny duşmanlarda elhenç gorky döredipdir. Ermeni taryhçy Petros Kartog (VI asyr) gunna-eftalitiň (häzirki zaman abdaly- türkmenler) ýaraglanmasyny şeýle suratlandyrýar: „Şeýlelik-de gunn öz harby esbaplabyny geýdi-öz uly göwresini gorag sowudy bilen örtdi, gazaply kellesini hem çüýli demir tuwalga bilen, maňlaýyny hem ýüze çekilýän mis örtügi bilen gorady, eline hem elhenç kedr naýzany aldy, hem-de gyrmyzy-gyzyl gylyç bilen bilini guşady, - ol midiýalylaryň tutuş goşunynda gorky döretdi...“.

Eýerleriň kämilleşmegi we üzeňňileriň hem-de gylyçlaryň döredilmegi “yşbara”, “alp”, “batyr” diýlip atlandyrylýan söweşijileriň täze bir gatlagynyň döremegine ýardam berdi, Horosanda bolsa olary “daýhan” diýip atlandyrmagy dowam edýärdiler. Eger-de öň katafaktriýalara el söweşini alyp barmak kyn bolan bolsa, mundan beýläk eýerde mäkäm oturyp bolýanlygy üçin gowy söweşmäge mümkinçilik döreýärdi.

Rysarlar-ökde atly söweşijilerdi, üstesine-de agyr ýaraglanan söweşijilerdi. Söweşijiniň esbaplary gaty gymmat bolup, onuň bahasy 15-20 bedewe deňelipdir. Ýöne harby esbaby egniňe geýip, eliňe ýarag almakdan daşary olary ussatlyk bilen ulanyp başarmalydy. Muny bolsa ýaşlyk döwürden başlap, ençeme agyr türgenleşmeleriň netijesinde gazanyp bolýardy. Ökde söweşiji „rysar“ adyny almaklyk üçin gahrymançylyk görkezmelidi. Başgaça aýdanymyzda „rysar“ diýen at hormatly at bolup, ol hökmany ýagdaýda bir aýratyn dereje hökmünde berilmelidi. Ilkinji Seljuklar; Muhammet Togrul bege, Dawut Çagry bege we Musa-ýabguna „daýhan“-(rysar) hormatly ady dakylanda olara tuwalga, tug, ýörite eşik, bedew, eýer we altyndan ýasalan guşak berlipdir.


Türkmen-seljuklaryň „rysarlary“ (ägirtleri-„alplar“ we batyrlary) goşunlaryň içinde saýlanyp durýardylar. Olar goşunyň ähli birleşmelerinde bolup, iň aýgytly pursatlarynda söweşe girişipdirler. Ägitrler -„alplar“- adaty esgerden tapawutlanýan ýeri, ol hem onuň gahrymançylygy üçin altyndan çarçuwaly ýagyň guýrugy bilen sylaglanmagydyr. Alplaryň bu nyşany „kutas“ diýlip atlandyrylyp, bedewiň boýnuna dakylypdyr. Aýratyn ýagdaýlarda Alplar ýöriteleşdirilen harby birleşmelere ýolbaşçylyk edip, iň agyr we gyzgalaňly ýerlerde söweşipdirler.

Rysarlar jemgyýetiň görnükli adamlary diýlip hasaplanypdyrlar. Olaryň aýratyn psihologiýasy we tapawutlandyryş nyşanlary bolupdyr. Olar diňe bir ýaraglary kämil derejede ulanmagy başarman, eýsem ökde çapyksuwar, çet ýurtlaryň dillerini bilýän, diniň kada-kanunlaryna düşünýän, küşti ökde oýnaýan adamlar bolmalydy.

XII-XIII asyrlarda Merkezi Aziýada, Ýakyn we Orta Gündogarda, Günbatar Ýewropada we Ýaponiýada rysarlyk gutarnykly düzülýär. Hut şu döwürde rysarlygyň hristian we musulman dünýäsinde deň kabul edilýän taglymatlary we esaslary (ordenler, turnirler, tugralar, edep-düzgünleri) düzülýär. XII asyrda Türkmen- Seljuk imperiýasynda orta asyr rysarlaryň özleşdirmeli we öwrenmeli zatlary barada jikme-jik maglumat berýän ýörite edebiýatlar peýda bolýar. XIII-XV asyrlarda türkmen rysarlary Gündogaryň köp goşunlarynyň hatarynda bolup, özleriniň merdanalygy we harby söweşe ukuplylygy bilen tapawutlanypdyrlar.

Rysarlyk XVII asyryň soňunda ýok bolup başlady, bu bolsa göniden-göni hemme ýerlerde ot atyjy ýaraglaryň peýda bolmagy bilen baglydy. Şeýle hem bolsa dünýä halklarynyň gahrymançylykly eposlarynda rysarlyk mazmunlary gabat gelýär. Türkmenleriň söýgüli gahryman rysary-Görogly turkmeniň orta asyr rysarlarynyň- dünýäde ilkinji ussat atly söweşijiniň iň gowy däplerini we häsiýetlerini özünde jemledi.