Ï Tebigaty gorap saklamak we onuň bilen sazlaşykda ýaşamak
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tebigaty gorap saklamak we onuň bilen sazlaşykda ýaşamak

view-icon 11376
Tebigat bilen her gezekki ýüzbe-ýüz duşuşyk-bu ýakymly zatlar hakyndaky, gözellik we bakylyk hakyndaky oýlara maýyl edýär. Tebigatyň özüne bendi edýän hökmürowanlygyna düşüneniňde özüňi Älemiň aýrylmaz bölegidigine düşünýärsiň. Şonda ynsanyň janly tebigatyň aýrylmaz bölegidigi we onuň bilen sazlaşykda öz kalbyň bilen ylalaşyklar bolmalydygy baradaky pikire gelýärsiň.


Döwlet Baştutany her gezek welaýatlarda iş saparynda bolanda, paýtagtda alnyp barylýan işler bilen tanyşlyk mahalynda ekologiýa, tebigaty goramak we onuň baýlyklaryny köpeltmek meselelrine aýratyn uly üns berýär. Türkmenistan häzirki wagtda tutuşlygyna tokaý zolaklaryna, baglara bürenen, seýilgähler hem-de alleýalar bilen gurşalan ajaýyp mekana öwrüldi. Şäherdir obalar tokaý zolaklaryna bürendi, ýaş nahallar boý alýarlar. Köpetdagyň, Köýtendagyň, Uly Balkanyň etekleri, Gökderäniň we Sumbaryň jülgedir - dereleri, Hazar deňziniň “Awaza” milli syýahatcylyk zolagynyň cäklerindäki kenary gök begrese bürendi. Ak mermerli türkmen paýtagtynyň gök dargtlara we güllere beslenen keşbini synlanyňda kalbyň guwancdan dolýar.

Dünýäniň köp ýurtlarynyň hünärmenleri Garagum cölüni ösdürmek we haýwanat dünýäsini özboluşly gorap saklaýan cäk hökmünde ykrar etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow yklymyň ägirt uly bu cölüniň gaýtalanmajak ösümlik we haýwanat dünýäsini cuňňur oýlanmak ücin daşary ýurt alymlaryny hem cagyrmak, tebigatyň bu täsin künjegini öz gözelri bilen görüp lezzet alar ýaly dünýäniň dürli ýurtlaryndan jahankeşdeleriň has köpelmegini üpjün etmegiň möhümdigi barada nygtady.


Täze gaz we nebit ýataklaryny özleşdirmek bilen hem-de beýleki peýdaly serişdeleri gazyp alyp adam milli baýlagymyz bolan Garagumyň syrlaryny acýar. Türkmenistanyň raýaty hökmünde sebitleri we halkara ähmiýetli bu gaýtalanmajak ekologiýa ulgamyny aýawly saklamak biziň borjumyzdyr.

Adamyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy Türkmenistanda sagdyn raýat jemgyýetiniň kemala gelmeginiň esasyny düzýär. Cagalary tebigata söýgi we aýawly garamak ruhunda terbiýelemek maşgaladan başlanýar. Şunda diňe bir ene-atalar däl-de, eýsem cagalar edaralarynyň işgärleriniň we mekdep mugallymlaryna-da uly orun degişlidir. Bu bilim, medeniýet, sport we syýahatcylyk edaralarynyň, mugallymlaryň hem-de terbiýecileriň möhüm wezipeleridir.

Türkmenistan özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan ýurtdyr. Biziň ýurdumyzyň cäklerinde diňe damarly ösümlikleriň üc müň görnüşi bolup, olaryň 80 göterimi Arcabil, Baharly, Magtymguly, Köýtendag etraplarynyň daglyk ýerlerinde Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň aglaba böleginiň halk hojalygy ücin örän uly ähmiýeti bardyr. Ülkämizde bejeriş, azyklyk tehniki maksatlar ücin peýdalanylýanm ösümlikleriň bir müň iki ýüz görnüşi bardyr. Olaryň köpsüniň bejeriş häsiýetleri barada lukmancylyk ylymlarynyň professory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikler” atly düýpli ylmy işinde gürrüň berilýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Köpetdagyň eteginde gurulýan “Berzeňňi” şypahanasyna baryp görende bu künjegiň arassa dag howasy, hut tebigatyň özüniň döreden amatly şertleri barada aýdyp, Berzenginiň mineral suw ceşmeleriniň üýtgeşik bejeriş häsiýetlerini belledi. Döwlet baştutany bejerişiň fitoterapiýa usuly barada söz açyp, onuň “… näsagyň saglygyny dikeltmäge ýardam edip, her bir adama türkmen topragynyň dermanlyk ösümlikleriniň jadyly tasirini duýmaga mümkinçilik berýändigini” aýratyn nygtady. Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň esasynda ulanylýan fitoterapiýa bejeriş usuly, mineral suw çeşmeleri, palçyk bilen bejeriş usullary “Baýramaly”, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Farap”, “Mollagara” şypahanalarynda, hassahanalarda we saglyk öýlerinde üstünlikli ulanylýar. Türkmen topragy örän jomartdyr we ol özüniň tenekarlik gudratyny adamlara peşgeş berýär.

Ýurduň ykdysady kuwwaty artdyrylýar, günbatarda Hazaryň kenarlaryndan başlap, gündogarda jeýhunyň kenarlaryna çenli, Daşoguzyň demirgazyk giňişliklerinden Ahalyň we Marynyň günorta sepgitlerine çenli – ähli ýerde zähmet joşýar. Biz garaşsyz bitarap Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen raýatlaryny kemala getirýär. Biziň ýurdymyzda alynyp barylýan işleriň, pikirleriň we duýgylaryň sazlaşygy emele gelmelidir. Watana, ene topraga we töweregi gurşap alan tebigata bolan söýgi ynsan häsiýetleriniň seresidir. Biz şol tebigatyň bitewi bölegidiris.