Ï Ýurduň kuwwatly ganatlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurduň kuwwatly ganatlary

view-icon 2560
2012-nji ýylda „Türkmenhowaýollary“ döwlet milli gullugy özüniň döredilmeginiň 20 ýyllyk senesini bellär. Milli ykdysadyýetiň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan „Türkmenhowaýollary“ döwlet milli gullugy öz infrastrukturasyny ösdürmegiň we halkara howa gatnawlarynyň geografiýasyny giňeltmegiň hasabyna ýokary depginli ösüşleri bilen tapawutlanýar.

Soňky ýyllarda „Türkmenhowaýollary“ döwlet milli gullugynyň işgärleri uçuşyň ugurlaryny artdyrdylar. Olar Aziýadan Ýewropa howa köprüsini ýasap, täze ugurlar boýunça ýük gatnatmagyň hem möçberlerini artdyrmagy dowam etdirýärler. „Türkmenhowaýollarynyň “ laçyn nyşanly ýolagçy uçarlary häzirki wagtda Moskwanyň we Londonyň, Pekiniň we Stambulyň, Frankfurtyň we Birmingemyň, Bangkogyň we Deliniň, Abu-Dabiniň we Amritsariniň, Minskiniň we Almatynyň, Kiýewiň we Sankt-Peterburgyň, Dubaýyň howa menzillerine gonýarlar. Uçuş ugurlary barha giňeldilýär we Aşgabatdan Mýunhen, Pariž, Jidda (Saud Arabystany) şeýle hem Milana, Nowosibirsk aralyklaryna halkara howa gatnawlarynyň täze ugurlary işlenip taýýarlanylýar.


Deňiz ýakasyndaky şäherde täze halkara howa menziliniň ulanylmaga berilmegi bilen Türkmenbaşy şäherinden üstaşyr Moskwa, Stambula we Ýewropanyň hem-de Aziýanyň beýleki şäherlerine gatnawlary köpeltmek üçin uly mümkinçilikler açyldy. Bu bolsa uly depginler bilen ösýän „Awaza“ milli syýahatçylyk zolagynyň ösýän talaplaryna hyzmat edip, türkmen döwletiniň Hazary dostlugyň , parahatsöýüjiligiň we hoşniýetli goňşuçylygyň deňzine öwürmek , şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ýygjamlaşdyrmak boýunça amala aşyrýan syýasatyny durmuşa geçirmäge ýardam eder.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýat awiasiýasy döwrebap uçarlaryň onlarçasyna eýedir. „Türkmenistan“ awiakärhanasynyň «Boing-737-300», « Boing-737-800», « Boing-737-700», « Boing-757-200», « Boing-767-300»,Bae-125-1000, CL-605 «Çellenjer» kysymly uçarlary halkara howa gatnawlaryny, „Boing 717-200” bolsa ýerli gatnawlary amala aşyrýar. Şu ýyl „Türkmenhowaýollary“ milli döwlet gullugynyň ygtyýaryna awiatehnikanyň täe tapgyry, şol sanda «Çellenjer-870» uçary gelip gowşar. « Boing-737-800» uçarlaryň ikisini satyn almak baradaky şertnama gol çekildi. Olar 2013-nji ýylda ulanylyp başlanar.


2013-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň howa gatnawlarynda « Boing-777 200 LR» (üç ýedilik), uçary ulanylyp başlanar. Bu gatnaw arkaly türkmen awiatorlary dünýäniň köp ýurtlary we yklymlary bilen halkara howa gatnawlaryny ösdürmegi maksat edinýärler. Bu bolsa ýolagçylary gatnatmakda täze ädim bolar. Şeýle kysymdaky uçarlar birbada 300 ýolagça hyzmat etmäge we uçuşyň uzaklygyny 9100-17 500 km aralygynda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. « Boing-777“ howa gämisi, dünýäde iň uzak aralyklara uçmaga ukyply uçardyr.

Howa gämileri arkaly ýük gatnatmagy kämilleşdirmekde türkmen awiatorlary tarapyndan öňden ulanylyp gelinýän „IL-76“ , şeýle hem Boing kompaniýasynyň 747-8 kysymly uçaryny peýdalanmagy meýilleşdirýärler. Türkmen awiatorlarynyň ygtyýarynda Sikorski S-76S и S-92, ES-145 AS-132 - «Super Puma», MI-8, MI-8MTV, МI-17-1. dikuçarlary hem bardyr. Şu ýyl olaryň hatarlary AVI -101kysymly dikuçarlar bilen baýlaşdyrylar. Şeýle hem türkmen awiatorlary oba hojalygynda ulanylýan AN-2 uçarlaryň parkyny doly dikeltdiler. Bu bolsa oba hojalyk pudagynda howa tehnikasyny doly güýjünde ulanmaga mümkinçilik berer. Bir söz bilen aýdylanda 2030-njy ýyla çenli ýurdumyzyň raýat awiasiýasy bar bolan 27 uçardan 43 uçara çenli iň täze kysymly howa gämileri bilen artdyrylar.


Döwlet baştutanynyň bu pudagy ösdürmek boýunça yzygiderli tagallalary netijesinde iri taslamalar, şol sanda halkara ähmiýetli taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetiň geljegi uly pudaklarynyň biri ýakyn wagtlarda iň häzirki zaman ýerüsti infrastrukturany- üçuş-gonuş zolaklaryny, howa gämileriniň islendik kysymyny kabul etmäge ukyply bolan iň häzirki zaman enjamlar bilen abzallaşdyrylan aerowokzal toplumlaryny döretmekden ybarat bolar. Aşgabadyň halkara aeroporty düýpli özgerdiler we paýtagtymyzyň görlüp- eşidilmedik depginlerde ösýänligi we soňky ýyllarda ýolagçylaryň sanynyň artandygy bilen baglydyr. Şu ýyl daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda täze aerowokzal toplumynyň gurluşygyna başlanylar. Häzirki zaman ýolagçy we ýük terminallaryndan başga-da „Boing“ kysymly uçarlary tehniki taýdan hyzmat etmäge«C-chek» tehniki taýdan hyzmat ediş ulgamy bolan uçarlary saklamaga niýetlenen ýörite toplum gurular. Şeýle hem bu ýerde dolandyryş edarasynyň binasy we awiatehniki ammaryň ussahanalary, inženerlere we tehniklere gaýtadan tälim bermek uçin niýetlenen merkez hem-de bu toplumyň bökdençsiz işlemegini üpjün etjek beýleki desgalar bina ediler.


Ýakyn wagtda Türkmenabat we Daşoguz şäherleriniň aeroportlarynda uzynlygy 3500 metr bolan, uçuşlara ýer üsti hyzmatlary üpjün edýän serişdeler bilen abzallaşdyrylan, Boing-777-200LR uçarlaryny kabul etmäge ukyply uçuş-gonuş zolaklary gurular. Bu ýerde gözegçilik diňi, uçuşlara rugsat berýän dispetçer nokatlary gurular, IKAO boýunça ikinji derejeli gonuş ulgamy, awtomatlaşdyrylan aerodrom meteorologiýa ulgamy, Thales kompaniýasynyň aeronawigasiýa, radiotehnika duýduryjy yşyklar enjamy oturdylar, häzirkizaman aerodrom tehnikasy satyn alynar, ýörite ýodajyklar gurular. Aerodrom üpjünçilik ulgamynyň kämilleşdirilmegi howa menzileriniň tehiki mümkinçiliklerini epesli ýokarlandyrmaga we olary ýokary halkara derejelerine ýetirmäge şert döreder.

Howa tehnikasyna hyzmat edilşini guramakda, ýolagçylara hyzmat edilşiniň hilini ýokarlandyrmakda aeroportlary ýer üsti tehnikasy bilen abzallaşdyrmaga uly ähmiýet beriler. Şu wezipeleri çözmäge gönükdirilen ýerüsti gulluklar üçin Russiýanyň, Belarusyň, Şweýsariýanyň häzirkizaman tehnikasyny we abzallaryny öndüriji iri kompaniýalary bilen şertnamalara gol çekildi. Umuman alanymyzda, agyr ýük çekiji ulaglaryň, ýangyç guýujylaryň, ýük göteriji haýlodorlaryň, ýangyna garşy ulaglaryň we beýleki tehnikalaryň 30-dan gowragy satyn alynar.

Ýolagçylara hyzmat etmegiň döwrebap tehnologiýalary ulanylýar. „Türkmenhowaýollary“ döwlet milli gullugynyň howa gatnawlary Baş agentliginde awiapetekleri satyn almagyň täze düzgüni girizildi. Petekleri satyn almaga gelen ýolagçylara „elektron nobat“ diýen awtomatlaşdyrylan ulgam hyzmat edýär. „Türkmenhowaýollarynyň“ hünärmenleri awiapetekleri satmagyň elektron usulyny ornaşdyrmagy taýýarladylar we işe girizdiler. Bu bolsa awiapetekler satylanda olary kagyz ýüzüne ýazman, olary „Sita“ amerikan kompaniýasy bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda kabul edilen rahat we häzirkizaman usulynda resmileşdirmäge mümkinçilik berýär.

„Türkmenistan“ awiakärhanasynyň howa gatnawlarynda şu usulyň ornaşdyrylmagy Aşgabatda howa gatnawlarynyň Baş agentliginde, bu kärhananyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda, howa gatnawlarynyň welaýat merkezlerindäki gulluklarynda, awiapetekler satylýan beýleki edaralarda alnyp barylýar we Aşgabat-Almaty, Aşgabat-Deli, Aşgabat Amritstar, Aşgabat-Abu-Dabi, Aşgabat-Dubar gatnawlarynda hem ornaşdyrylýar. Şu ýylyň birinji ýarymynda awiapetekleri satmagyň elektron usuly awiapetekler satylýan ähli edaralarda hereket edip başlar, şol bir wagtyň özünde hem awiapetekleri internet arkaly bronlamagy hem öz içine alýan halkara derejesindäki hyzmatlaryň tutuş toplumyny ornaşdyrmaga girişiler.

Türkmen awiatorlary maliýe maglumatlaryny işlemegiň iň täze usullaryny ornaşdyrmak üçin Uçarlarda awtomatlaşdyrylan tehnologiýalar instituty bilen şertnama baglaşdylar. „SOFI“-awia kompaniýa awtomatlaşdyrylan usul arkaly awiapetekleriň elektron satylyş usuluna, awiakompaniýalaryň girdejilerine, pul serişdeleriniň gelip gowşan möhletlerini we beýleki möhüm maliýe resminamalaryna gözegçilik etmäge we hasaba almaga, hyzmatdaşlar bilen hasaplaşygy geçirmäge mümkinçilik döreder.

Türkmenistanyň garaşsyzlygy ýyllary içinde awiatorlar tarapyndan halkara we ýerli gatnaw ugurlary boýunça ýolagçylaryň 30 millionyna hyzmat edildi we ýükleriň 400 müň tonna golaýy daşaldy. Häzirki wagtda köp orunlyk howa gämileri halkara we ýerli gatnawlar boýunça her ýylda ýolagçylaryň 1,8-1,9 millionyna hyzmat edýärler. „Türkmenhowaýollarynyň“ halkara gatnawlarynyň gerimi barha giňeýär. Eger 1992-nji ýylda 27 müň km aralyklara uçuşlar geçirilen bolsa , bu görkeziji 2011-nji ýylda 60 müň km ýetirildi. Girdeýjiler we çykdaýjylar boýunça hem görkezijiler ep-esli ýokarlandy. Ýurdumyzyň awiatorlary ýük gatnatmagyň düşewüntliligini ýokarlandyrdylar. Geçen ýylyň jemleri boýunça 51 % deň boldy. 2011-nji ýylda ýurduň raýat awiasiýasyny ösdürmäge ABŞ-yň 250 million dollaryna deň bolan serişdeler göýberildi

Olaryň 30 milliony durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirildi. Bu pudagyň işgärleriniň ýaşaýyş we durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen jemi 108 öýden ybarat bolan iki sany ýaşaýyş jaýy guruldy. Şu ýyl bolsa 102 öýli 13 gatly ýaşaýyş jaýy ulanylmaga beriler.

Türkmenistanyň awiatorlarynda howa gatnawlaryny, şol sanda tehniki hyzmatlary, ýokary derjede saklamak üçin birinji klasly inženerler, awiatehnikler, dispetçer we beýleki gulluklaryň Beýik Britaniýada, ABŞ-da, Fransiýada okap gelen hünärmenleri bilen üpjün edilen ähli zerur bolan mümkinçilikleri bar. Öňde uçarlaryň sanyny artdyrmak, aeroportlaryň durkuny täzelemek, howa hereketini kämilleşdirmek, ýolagçylar teminallaryny gurmak we döwrebaplaşdyrmak, uçuşlaryň geografiýasyny giňeltmek ýaly pudagy ösdürmegiň möhüm meýilnamasyny durmuşa geçirmek wezipesi durýar. 2020-nji ýyla çenli ýurdyň awiasiýasynyň ýolagçylaryň onlarça millionyny gatnatmaga mümkinçiligi bolar.