XXI asyry maglumatlar tehnologiýalarynyň zamany diýip atlandyrýarlar. Maglumatlaryň yzy üzülmeýän akymy elekrton köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde munutsaýyn üýtgäp durýar. Belkem, şonuň üçindir. Häzirki wagtda belli adamlaryň şahsyýetiň ruhy ösüşi bilen bagly bolan durmuşyň manysy, medeniýet, bilim, halkyň däp-dussurlary baradaky oý-pikirleri jemgyýet üçin örän möhümdir. Ýurdumyzyň halk artisti Türkmenistanyň Gahrymany
Maýa Kulyýewa bilen biziň söhbetdeşligimiz hem şular barada boldy.
Biziň her birimiz adamlaryň döwür, öz nesli hakyndaky pikirlerini häli-şindi eşidýäris. Siziň pikiriňizçe islendik döwre, zamana baha berer ýaly umumy “ölçeg” birligi barmy?
Maýa Kulyýewa: elbetde, adam bilen döwür aýrylmaz baglanyşyklydyr. Adamlaryň belli bir gymmatlyklara esaslanyp, öz ömrüne berýän bahasyny wagt kesgitleýär.
Beýleki bir tarapdan adamlaryň özi şol gymmatlyklary döreldärler. Meniň ýaşymdaky nesle ynsan ykbalyna öz uly täsirini ýetiren dürli döwürlerde ýaşap, möhüm taryhy wakalaryň şaýady bolmak miýesser etdi. Şol wakalar bir zynjyra düzülip, tutuş bir nesliň ykbalyny düzdi. Hemme döwrülerde hem adam bagtly bolmak isleýär. Meniň pikirimçe şu ölçeg bilen hem döwre baha berilmelidir.
Eger meniň ömrüme wagt ölçeginiň üsti bilen seretsek, ol örän uzakdyr. Meniň ýaşym 90-dan aşdy. Emma ol bir pusrat ýaly, çalt, owadan hem okgunly geçdi. Men öz ykbalym hakda pikir edemde bir zady kesgitli aýdyp biljek: meniň durmuşymda kynçylyklar, agyr ýitgiler bolanam bolsa, men bagtly adam.
Bagt nämäkä?
Maýa Kulyýewa: Her kim bu sowala özüçe jogap tapýar. Meniň pikirimçe biri sen hakynda ýatlasa, adam özünden soň uzak wagtlap öçmejek ýagty ýatlamalar galdyrsa bu bagtdyr. Munuň üçin bolsa ömrüňi aň-paýhas bilen ýaşamaly. Men uzak ýaşadym. Bu bolsa meniň dünýägaraýşyma özboluşly täsir edip, köplenç oýlanmaga, pikir öwürmäge mümkinçilik berýär. Men ýurdumyzda bolup geçýän özgerişliklere syn edip, oňa guwanýaryn. Ertirki günüň bu günküden has-da gowy boljakdygyna umyt baglaýaryn. Ýöne men hiç wagt düýni, şu güni, ertiri deňeşdirmeýärin. Her döwrüň öz ahlagy we ýörelgeleri bolýar. Islendik kynçylyga garamazdan adam hemişe adamlygyna galmalydyr. Bu asyl şeýle bolupdy we ähli döwür üçin hem üýtgewsizdir.
Siz ömür manyly geçse şol bagtdyr diýdiňiz. Durmuşyň manysy näme?
Maýa Kulyýewa: Adamlar bu sowalyň jogabyny ençeme asyrlaryň dowamynda gözläpdirler. Onuň kesgitli jogaby ýok we bolmazmyka diýýärin. Ýöne men gowy maşgala döretmek—ömrüň manysy diýip aýdyp bilerin. Men adamym bilen 70 ýyl ýaşadym we şeýle diýip aýtmaga hakym bar. Maşgala ähli zadyň seresidir. Eger ol berk bolsa öý hem mizemez bolar we adamyň tutuş ömri bagtly geçer. Maşgala bu çagalar bilen giňelýän kiçijik döwletdir. Eger her bir maşgala özüni bagty duýsa, uly öýümiz bolan döwletimiz hem abadandyr. Hemme zat maşgaladan başlanýar. Öýde abadançylyk bolsa işde hem rowaçlyk bolar. Meniň döredijik üstünliklerimde adamymyň orny juda uludyr. Biz hemişe biri-birimize düşünişip we ýardam berip geldik.
Ykbal maňa ýaşlar bilen hemişe duşuşyp durmak we olara öz baý tejribämi geçirmek bagtyny berdi. Arada “Bagt köşgünde” bolan duşuşykda men olara ýüzlenip şeýle diýdim: “Öz binýadyňyzy goýuň, ony berkidiň, şonda siz hem, çagalaryňyz hem bagtly bolarsyňyz. Men her bir hoş sözüň damja ýaly ýaşlaryň kalplaryna we ýüreklerine damyp, olara üýtgewsiz durmuş wesýetnamasy boljakdygyna ynanýaryn”.
Türkmen jemgyýetiniň ruhy-ahlak daýanjy hökmünde her bir maşgalanyň abadan bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigine buýsanýaryn. Täze “Maşgala kodeksi” kabul edildi, nika baglaşylýan “Bagt köşgi” guruldy, maşgala dessurlaryny berkitmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Siz tutuş ömrüňizi döredijilige bagyş etdiňiz. Siz sözüň doly manysynda milli opera sungatyny esaslandyryjylaryň biri bolduňyz. Häzirki wagtda medeniýeti we sungatyň ähli görnüşlerini dikeltmegiň wajyplygy nähili?
Maýa Kulyýewa: Medeniýet döwletiň ýüzüdir. Ýurtda medeniýetiň derejesi näçe ýokary bolsa, ýer ýüzündäki onuň abraýy hem şonça-da belentdir. Şeýle ýurduň halky bolsa, dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna we sarpa goýmagyna mynasypdyr. Türkmen halkynyň medeniýeti asyrlaryň dowamynda kemala geldi we onuň wekilleriniň döreden eserleriniň ençemesi dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna girdi.
1941-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanda opera we balet teatry açyldy. Şol döwre çenli türkmen halky sungatyň bü görnüşi bilen tanyş däldi. Emma adamlar oňa gowy baha berip garşyladylar. Şonuň bilen opera sungatynyň dünýä nusgawy eserleri bilen tanşyp, öz medeni derejesini ýokarlandyrdylar. Milli nusgawy edebiýatyň we sungatyň halk sazlarynyň, folkloryň esasynda, şeýle hem türkmen dessanlarynyň äheňleri boýunça ilkinji opera eserleri döredildi. Olar türkmen opera sungatynyň altyn gaznasyny emele getirdi.
Biz öz döredijiligi bilen milli medeniýetimizi baýlaşdyryp, ony dünýä ýaýýan saz sungatynyň ussatlaryny unutmaly däldiris. Olar D.Öwezow, H.Annaýew, H.Annadurdyýew, Ý.Hummaýew, A.Annagulyýewa, H.Allanurow we beýlekilerdir.
Opera we balet teatryna men tutuş ömrümi bagş etdim. Meniň zähmet depderçämde diňe iki sene görkezilendir: 1941-nji ýyl we 2001-nji ýyl. Bu babatda men özümi bagtly adam hasaplaýaryn. Men Türkmenistanda opera sungatynyň emele gelmeginiň gözbaşynda duran adamlaryň hatarynda boldum. Meşhur kompozitorlar, aýdymçylar we režissýorlar meniň halypalarym boldular. Olardan men tejribe we bilim aldym.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän düýpli özgertmeleriniň netijesinde sungatyň bu görnüşiniň täzeden janlanandygy üçin özümi bagtly saýýaryn. Men türkmen halkynyň opera sungatynyň eserlerinden lezzet almaga mümkinçiliginiň bardygy üçin bagtlydyryn. Bu boş sözler däldir! Men tutuş ömrümi opera we balet teatrynyň sahnasynda geçirdim we şonuň üçin hem nusgawy eserleriň medeniýetiň we sungatyň ösüşine nähili täsir edýändigini bilýärin. Meniň bilimlerimiň we tejribämiň ýene-de zerur bolandygy üçin hem bagtlydyryn. Haçanda maňa şunça ýyllaryň dowamynda unudylan sungatyň bü görnüşini täzeden dikeltmegi tabşyranlarynda ganat baglan ýaly bodum.
Opera sungaty bilen birlikde horda aýdym aýtmak hem dikeldildi, simfoniýa orkestri döredildi. Bularyň ählisi türkmen halkynyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Ruhy taýdan baý adam bolsa durmuş gymmatlygyny maddy ölçegler bilen kesgitlemän, özüniň näderejede manyly ýaşandygy bilen kesgitlär. Özüniň durmuşda nähili yz goýandygy ony örän gyzyklandyrar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýeti ösdürmäge ägirt uly üns berilýär. Paýtagtymyzda we ähli welaýat merkezlerinde köşk ýaly teatrlar guruldy, kitaphanalar we muzeýler bina edilýär. Biz medeniýet işgärleri medeniýet pudagyna şeýle uly üns berilýändigi üçin öz işlerimiz bilen jogap berip bilerismi diýen soragy berýärin. Bu barada şeýle aýdyp bilerin. Her bir döredijilik adamy özüniň eserleri, zähmeti bilen türkmen halkynyň medeni hazynasyna goşant goşmak bilen bu alada jogap bermelidir. Ozal döredilen eserler bilen çäklenmän, döwre kybapdaş täze eserleri döretmeli.
Şu ýerde men “Biz geçmişi unutman, geljege gidip bileris” diýen örän belli pähimi ýatlatmak isleýärin. Biz täze eserleri döretmek bilen, özümize soňky nesiller bizi ýatlarmyka diýen soragy bermelidiris.
Siz türkmen ýaşlaryna nähili arzuwlaryňyz bar?
Maýa Kulyýewa: Men örän bagtly durmuşy ýaşan adam hökmünde her bir ýaş ynsanyň durmuşynyň her gününi manyly geçirmegini, olaryň her bir arzuwynyň hasyl bolup, olaryň özlerini bagtly duýmagyny arzuw edýärin. Şunda sen daýhanmy, işçimi, inženermi, lukmanmy bu esasy zat däldir. Sen öz işiň ussady bolmalysyň. Seniň işiňi üznüksiz dowam etdirjek şägirtleriň bolmalydyr.