Ï Ýüpek ýolunyň ugrundaky gadymy şäher
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýüpek ýolunyň ugrundaky gadymy şäher

view-icon 1991
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Guýrukly depede ýüze çykarylan täze tapyndylar Sarahs etrabynda ýerleşen gadymy şähere ýene-de gyzyklanma döretdi. Bu ýerleri gadymy taryhy-medeni ýadygärliklere örän baý bolany üçin dünýäniň belli alymlarynyň üns merkezinde bolup gelýär. Bu ýerde Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň arheologlary gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. Barbara Kaimiň ýolbaşçylygynda Warşawa uniwersitetiniň halkara ylmy ekspedisiýasy ozal Sasanidler döwrüniň Meleheýran ýadygärliginde on ýylyň dowamynda ylmy-gözleg işlerini geçiripdirler. 2011-nji ýylyň güýzünde bolsa bu ekspedisiýa özboluşly medeni we binagärlik adajygy bolan bu ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler.


Beýik Guýrukly depede ýüze çykarylan täze tapyndylar Sarahs etrabynda ýerleşen gadymy şähere ýene-de gyzyklanma döretdi Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Guýrukly gadymy şäheri hemişe alymlaryň ünsüni çekip gelýär. Ol Sarahs şäherçesiniň on kilometr demirgazygynda ýerleşip, onuň meýdany 50ga golaýdyr. Taryhy galyndylar günortadan demirgazyga çenli bir kilometr aralyga uzap gidýär. Eger bu ýere daş aralykdan syn etseň ol depe Şa zenanynyň köýneginiň yza uzap gidýän etegini ýatladýar. Şonuň üçinem ýerli ilat oňa Guýrukly depe diýip at beripdir.

Bu ýadygärlik iki bölege bölünip, ylmy dilde onuň bir bölegine Guýrukly depe, ikinjisine bolsa gadymy Guýrukly şäheri diýilýär. Kert inelgeleri bolan bu depe Parfiýa we Sasanitler döwründe gala bolup hyzmat edipdir. Bu ýerde giçki Parfiýa we irki Sasanidler döwürlerine degişli bolan keramiki gap-gaçlara gabat gelmek bolýar.

Arheologlar bu gadymy şäher orta asyrdaky Halbarzan obasydyr diýip çak edýärler. Bu ýerde durmuş biziň eýýamymyzdan ozalky III asyrdan başlap, tä Sasanidler döwrüne – VII asyra çenli gülläp ösüpdir. Araplaryň gelmegi bilen ýaşaýjylar bu galany taşlap, günorta tarapa göçýärler.


Bu ýerde soňra uly obadan şäher emele gelýär. Onuň esasy köçesi günorta -gündogardan demirgazyk-günbatara, soňra bolsa demirgazyga uzap, bu gadymy şäheri ikä bölýär. Esasy köçäni kiçijik köçeler we geçelgeler kesip geçýärler we ýaşaýyş toplumlaryny döredýärler. Obanyň günbatar tarapynda küýzegärleriň ýaşandygyna şaýatlyk edýän toýny bişirmek üçin ýörite peçleri, humlar hem-de gap-gaçlar tapyldy. Şäheriň demirgazygynda bolsa meýdany 80-60 metr , beýikligi bolsa 2 metre ýetýän kerwensaraýyň galyndylaryny görmek bolýar. Şäheriň demirgazyk-gündogar tarapynda tä geçen asyryň 70-nji ýyllaryna çenli ilaty suw bilen üpjün eden guýy ýerleşýär.

Şäher kem-kemden ösýär we orta asyrlarda, esasan hem IX – XII asyrlarda Sarahs sebitiniň medeni merkezine öwrülýär. Şol wagtlar onuň Ýüpek ýolunyň ugrundaky iri ilatly ýer bolandygyna bu ýerde tapylan kerwensaraýlaryň galyndylary we kiçi bolmadyk bazar meýdançalary şaýatlyk edýär.

Bu hakynda Merw taryhçysy as-Samani (1113-1167ýý.) özüniň “Kitab-al-ansab” ylmy işinde belläp geçýär. VII-XIII asyrlarda şäher gülläp ösýär. Onuň şeýledigine bu ýerde kerwensaraýlaryň, jemgyýetçilik binalarynyň, iri mülkleriň, köp sanly guýularyň bolandygy sebäpli taryhçylar şeýle netijä gelýärler. Şäheriň ýaşaýyş toplumlary ýerasty suw geçiriji ulgamlaryň kömegi bilen suw bilen üpjün edilipdir. Muny arheologlaryň gazuw işlerinde ýüze çykaran 11sm diametrli keramiki turbalar hem tassyklaýar. Senetçileriň ýaşan ýerleri hasap edilýän şäheriň günbatar tarapynda aýnadan, demirden hem-de keramikadan ýasalan çeper senetçilik önümleri tapyldy.


Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýola goýlan kerwenler arkaly söwda gatnaşyklary mongol basybalyjylarynyň aralaşmagyndan soň kesilýär we Halbarzan ykdysady taýdan pese gaçýar. Öňler gür ilaty bolan bu şäher harabalyga öwrülýär. Emma geçirilen gazuw-agtaryş işleri 14-nji asyrda onuň ýuwaş-ýuwaşdan ösüp başlandygyny görkezýär. Kerwensaraýlaryň käbirleri täzeden dikeldilipdir, keramika ussahanalary işläp başlapdyrlar. Emma öňki ykdysady we medeni derejä ýetmek başartmandyr. 15-nji asyryň başlarynda häzire çenli näbelli bolan sebäplere görä, ýaşaýjylar bu şäherden göçüpdirler. Öňki gülläp oturan şäherden diňe harabaçylyklar galypdyr.

ХХ asyryň 60-70-nji ýyllarynda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň taryh institutynyň arheologiýa ekspedisiýasy gadymy Guýrukly şäherinde barlag işlerini geçirdi. Onuň netijesinde bu ýerde bürünç çyrasy, syrçaly keramika gap-gaçlary, keramika gazan gapaklary, sokularyň aýna tutawajy, şeýle hem suw üçin niýetlenen ýörite keramika gaplar tapyldy.

Ýaňy – ýakynda bolsa türkmen – polýak bilelikdäki ekspedisiýasynyň geçiren ylmy-gözleg işleri mahaly türkmen halkynyň taryhy we medeni durmuşy hakynda gymmatly maglumatlary berýän gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy. Bu parfiýa-sasanidler döwürlerine degişli bolan beýikligi 1,2 metr bolan hum küýze, sasanidler patyşasy Kawada II döwründäki kümüş şaýlygy, aýna monjuklar, toýundan ýasalan dürli şekilleri guýmak üçin galyplar, mis jaňjagaz, guratmak üçin ulanylýan gurallaryň ondan gowragy , yslam döwrüniň keramiki önümleri, VIII-XI asyrlaryň binagärlik desgalaryň galyndylary tapyldy.