Ï Türkmen diplomatiýasynyň taryhyndan
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen diplomatiýasynyň taryhyndan

view-icon 2713
Gadymy we orta asyr çeşmelerinden mälim bolşy ýaly, türkmenleriň diplomatik däpleri örän ösen bolupdyr. Türkmen hökümdarlary döwletiň abraýyny goldamk maksady bilen, degişli dabaralara aýratyn ähmiýet beripdirler.

Irki orta asyrlarda kabul edişlik däpleri adatça – ilçini garşy almak, resmi kabul edişlik we dabaraly lezzetlemek, diplomatiki hatlaryny we sowgatlaryny alyşmak ýaly çärelerden ybarat bolupdyr.


Daşary ýurtly ilçiler döwlet serhedinde garşy alnypdyr. Meselem, hytaý imperatory U-di (b.e.öňki 140-87 ý.ý.) Ärsaklar patyşalygyna ilçileri iberende, parfiýa patyşasy olary ýigrimi müň atly goşun bilen serhetde garşylamagy öz goşun serkerdesine buýruk berýär. Seljuk türkmenleriniň beýik weziri bolan Nizamy al-Mülküň «Syýasatnama» (ХI a.) eserinde diplomatik däpleriň äsgermezlik edilmegine ýol berilmeli däldigi barada ýörüte aýdylýar. Bu düzgünleriň ýerine ýetirilmezligi döwlet işleriniň ýaramaz ýagdaýdadygyna şaýatlyk edýär.

Gadymy döwürlerde häzirki Türkmenistanyň çäklerine Pars, Grek, Rim we Hytaý patyşalyklaryndan ilçiler gelipdirler. Ýolda olara uly howplaryň abanýandygy sebäpli, iri wekilýetler köp ýüzlerçe adamdan ybarat bolupdyr. Eýýäm şol döwürde kabul edişligiň däpleri saýlanyp alnypdyr. Dini düşünjeler bilen bagly täsin dessurlar barada maglumatlar taryhy çeşmelerde görkezilýär. Daşary ýurdyň ilçisiniň gunlar hökümdarynyň kabul edişligine gelenden soňra, beýik hana göz degirmezlik bilen geçirilýän däp bolan arassalanyş dessuryndan geçmeli bolupdyr diýip, hytaýly awtorlar ýazýarlar.

568-nji ýylda oguz türkmenleriniň hany Istemiň kabul edişligine gelen wizantiýa hökümdarynyň adyndan gelen serkerde Zemarh Kilikiýsiň ýolbaşçylygyndaky ilkinji wekilýet hem şunuň ýaly arassalanyň dessuryndan geçmeli bolupdyr.


Wizantiýaly Menandr hanyň kabul edişligi barada gyzykly maglumatlary çazypdyr. Ol «... Olar nahar edindiler, çadyrda bütin günlerini toý-dabarada geçirdiler. Çadyr ýüpek matadan tikilip, dürli reňkler bilen nepis bezelipdir. Ertesi gün wizantiýalylar edil öňki çadyryň bezelişi ýaly, ýüpek matalaryndan ajaýyp we nepis bezelen beýleki çadyra geçirildi. Bu ýerde butparazlaryň dürli görnüşdäki hudaýlarynyň heýkelleri durdy. Istem han altyndan ýasalan tagtda otyrdy. Bu jaýyň merkezinde altyndan ýasalan dürli görnüşdäki gap-gaçlar hem-de çelek (boçka) bardy. Olar ýene-de toý-dabara bilen meşgullandylar, gerek bolan zatlar barada gürrüň etdiler, soňra bolsa dargamak bilen boldylar. Ertesi olar agaç sütünleri altyndan çaýylan, şeýle hem dört sany tawus guşly altyndan edilen tagtly beýleki otaga geçdiler. Otagyň öňündäki giňişlikde üstüne köp sanly kümüş, tabaklar we sebetler, häzirki döwürde ýasalaýan şaý-seplerden pes gelmeýän kümüşden ýasalan dört aýakly haýwanlaryň dürli görnüşli şekilleri goýulan uzynlygyna duran arabalarda goýlupdyr. Türk hanynyň baýlygy şulardan ybaratdy.» diýip, ýazypdyr.

Ilçiler hanyň kabul edişliginde elmydama iň gowy jaýlary eýeleýärdiler hem-de hojaýynlaryň hatyrasyna dabara guraýardylar. Resmi kabul edişligiň wagty wekilýetiň derejesine we saparyň möhümligi bilen baglydy. Haýsydyr bir wekilýetiň gelmegi baradaky habar öňünden aýdylýardy.

Daşary ýurtly ilçilerini garşylamak üçin berk taýýarlyk görülýardi. Şeýle taýýarlyk işleri hanlaryň baýlyklaryny, beýikligini we kuwwatyny görkezmäge gönükdirilýärdi. Ilçiler ýörüte taýýarlanan çadyra barýan ýoluň ugrunda gymmat bahaly daşlardan we demirlerden, derilerden ýasalan önümler, ýaraglar goýulan araba hatarlarynyň arasyndan geçip gidýärdiler.

Türkmen hanlary aýratyn ýagdaýklarda ilçileriň öňünde öz goşunlaryny düzýärdiler.


Çet ýurtlaryň ilçileri türkmen hanlyklarynyň güýjüne göz ýetiripdirler. Bu däp baradaky maglumata biz „Oguz-nama“ eposynda gabat gelýäris. Eposda „Oguz olaryň (franklaryň ilçileri Ö.G) gelýänini bilende ol doly ýaraglanan goşunlaryny olaryň öňünden çykmaga çöle iberipdir. “–diýen ýazgylary bar.

Türkmen döwletlerinde, ilçileri bolçulygy bilen haýran galdyrýan ulu türkmen ak öýlerinde kabul edipdirler.

Düzgün boýunça beýik han girelgäniň garşysynda ýüzi günorta bakdyrylan tagtda oturýardy. Tagtyň arkasynda hanyň goragçylary durup, onuň sag tarapynda ýakyn garyndaşlary, çep tarapynda bolsa goşun serkerdeleri we çet ýurtlaryň wekilleri ýerleşýärdi. Gepleşikler geçirilende türkmeniň tanymal, hanlary we ýurt dolandyrylyşyna degişli adamlaryň sany köp bolupdyr.

Ilçi çakylyk edilenden soň ak öýe giripdir. Ol dyza çöküp hana salam beripdir. Ilçiler türkmen hanynyň her bir soragyna jogap berende hem baş egipdirler. Bu däpler hökmany suratda ýerine ýetirilipdir.

Dabaralar hana we onuň ýakynlaryna sowgatlary gowşurmak bilen başlapdyr. Sowgatlar gowşurylandan soň ilçiler esasy wezipesine, ýagny resmi hatlary gowşurmaklyga girişýärdiler. Resmi kagyzlar okalýança ilçiler dik durmalydylar. Haty okap döwlet wezipesini ýerine ýetirenden soň han ilçilere görkezilen ýerde oturmaga rugsat edip, naz-nygmatlary getirmäge höküm berýärdi. Sazandalar saz çalyp başlaýardylar, hemmeler uly desserhanyň daşyna üýşýärdiler we toý, meýlis başlanýardy.

Hemme meseleler çözülýänçä ilçiler hanyň myhmanlary bolýardylar. Soňky resmi kabul edişlikde han ilçä we döwletiň patyşasyna sowgatlary hut özi gowşurýardy (Bir ilçä Şabolio han müň sany at peşgeş beripdir). Harby goşunlar ilçileri serhet ýakalaryna çenli ugradypdyrlar. Ilçileri ekläp – saklamak boýunça çykdajylar hut hanyň öz üstüne alýandygyny hem belläp geçmeli.

Türkmenler ilçiniň özüni her näçe edepsiz we gödek alyp barsa-da onuň el degrilmesizlik halkara hukugyny hormatlapdyrlar. „Oguz-namada“ –„Olaryň (oguzlaryň) däpleri we düzgünleri boýunça döwlete wekil hökmünde ýollanan adamlara degmeýärdiler“-diýlip aýdylýar.

Ýewropa ilçileriniň türkmen döwletleri baradaky hasabatlary biziň şu günlerimize çenli ýetipdir. Köplenç bu hasabatlar ýeke-täk taryhy çeşmeler bolup durýar.

Türkmen –Osman imperiýasynyň dünýäniň güýçli döwletleri bilen diplomatiki aragatnaşyklary işjeň bolupdyr. XVI asyra çenli Stambulda daşary ýurt wekilhanalary ýokdy diýen ýalydy; taryhy çeşmelerde uruşlaryň arasynda daşary ýurt diplomatlaryň gysga wagtlaýyn saparlarynyň bolanlygy barada ýatlanyp geçilýär. Diňe Wenesian respublikasynyň hemişelik baýlo (ýokary wezipeli adamlaryň) rezidensiýasy bolupdyr.

Ýöne XVI asyrda osman türkmenleriň harby çykyşlary diplomatiki gepleşikleri bilen sazlaşdyrylýar. Stambula Fransiýanyň, Wengriýanyň, Horwatiýanyň, Germaniýanyň, Sefewid türkmenleriň, Hindistanyň we başga ençeme ýurtlaryň ilçileri gelip başlaýar. Osman imperiýasynyň alymlary musulmanlaryň, dogrusyny aýdanymyzda türkmeniň döwlet däplerini we dessurlaryny özünde jemleýän „Kanun-namany“ taýýarlaýarlar. Köşk dabaralary geçirmegiň we ilçileri kabul etmegiň düzgünleri hem işlenilip düzülýär. XVII asyryň ortalaryna çenli osman türkmenleriniň diplomatiýasy birtaraplaýyn häsiýete eýe bolupdyr. Stambul hemişe daşary ýurt missiýalaryny kabul edýärdi, ýöne öz ilçilerini ibermeýärdi. Ençeme asyrlaryň dowamynda bu düzgün özüni ödeýärdi. Ýöne kem-kemden osmanlar bu birtaraplaýyň düzgünden aýrylyp başladylar. 1669-njy ýylda daşary işler ministrliginiň derejesine deňleşýän Port dragomonyň Baş müdirligi tasyyklandy.

Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklaryň ösmegi netijesinde: daşary ýurt diplomatlary bilen kabul edişlikleri we duşuşyklary ara alyp maslahatlaşma, kabul edişlikdäki terjimeler, hat aragatnaşygy alyp barmak, daşary ýurt habarlary bilen tanyşmak, synlary we habarlary taýýarlamak ýaly işleriň köp bolmagy bilen ministrligiň işi has dartgynly bolup başlaýar. Daşary ýurtlar bilen gatnaşyklar meselesine reis-efendi (soltanyň hatlar bölüminiň ýolbaşçysy) seredipdir. Dragomon onuň geňeşçisi bolupdyr. Türkmenleriň diplomatiki däpleriniň we düzgünleriniň özboluşly görnüşleri we gadymy taryhy bolupdyr. Türkmeniň ata – babalarynyň resmi dabaralary geçirmek boýunça ösen däpleri, türkmen döwletiniň beýikligini we kuwwatlyny söhlelendirýän diplomatiýanyň türkmen döwletinde möhüm orun eýeländigi barada aýdýar.