Ï Beýik eýýamyň beýik üstünlikleri—2010-njy ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik eýýamyň beýik üstünlikleri—2010-njy ýyl

view-icon 9457
Wagtyň geçmegi bilen milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen döwletini dünýäniň has ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak boýunça ädýän ädimleriniň has oýlanyşyklydygy aýdyň görünýär. Ýurdumyzyň esaslandyrylan strategiýasy bolsa häzirki Türkmenistany okgunly ösdürmekden, onuň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligindäki bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 2010-njy ýylda ýurdumyz beýik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gidip, adam hakdaky aladany özüniň döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan etdi. Ilkinji ýyllarda amala aşyrylan düýpli özgertmeler häzir türkmen döwletiniň durmuşynyň häsiýetli we aýrylmaz bölegi hökmünde kabul edilýär.

Türkmenistanda häzir amala aşyrylan ägirt uly gurluşyklaryň gerimi ýurdumyzyň taryhynda öň bolmandy. Çünki, sözüň doly manysynda, häzir biziň gözümiziň alnynda onuň täze “ýüzi” döreýär. Ägirt uly gurluşyklar türkmen şäherleriniň ajaýyp gözelliklerine öwrülýär. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde bolsa diňe bir paýtagtymyzda we welaýatlaryň merkezlerinde däl, eýsem beýleki şäherlerde, etrap merkezlerinde we alysdaky obalarda hem dürli maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerime eýe boldy. Öňler onlarça ýyllaryň dowamynda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek üçin indi bary-ýogy birnäçe aý gerek bolýar. Munuň özi häzirki döwrüň aýdyň alamatyna öwrüldi .

Häzirki dünýäniň ösüşiniň ýokary depginleri ýurdumyzyň hem okgunly öňe gitmegini talap edýär. Türkmenistan hem täze taryhy eýýamda öz öňünde hut şeýle wezipäni goýdy. Biziň ýurdumyz şu maksadyň hötdesinden abraý bilen gelýär. Munuň şeýledigini 2010-njy ýylda gazanylan netijeler we üstünlikler hem tassyklaýar.

6-njy ýanwarda —ХХI asyryň iri energetika magistraly bolan Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň işe girizilenden bir aýdan hem az wagt geçenden soň, Sarahs etrabynda hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežadyň gatnaşmagynda täze Döwletabat—Sarahs—Hangeran gaz geçirijisini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Hut şol günden goňşy Eýrana türkmen “mawy ýangyjynyň” ikinji eksport ugry hereket edip başlady.

Täze gaz geçirijisiniň taslamada göz öňünde tutulan kuwwaty her ýyl 12 milliard kub metr “mawy ýangyjy” ibermäge niýetlenendir. Ine, indi köp ýyllardan bäri hereket edýän Körpeje—Gurtguýy gaz geçirijisi bilen birlikde täze Döwletabat—Sarahs—Hangeran gaz geçirijisi her ýyl eýranly alyjylara türkmen tebigy gazynyň 20 milliard kub metre çenlisini ibermäge ukyplydyr.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň özüniň gaz geçiriji infrastrukturasyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça amala aşyrýan syýasatynyň dowamy boldy. Bu syýasat hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan wezipesi hökmünde yglan edildi.

9-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz şäherinde täze pagta egriji fabrigiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Her ýylda 16,6 müň tonna pagta süýümini gaýtadan işlemäge we dürli reňkdäki Ring kysymly ýokary hilli pagta ýüplüginiň 14,5 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenen fabrik sebitde dünýäniň dokma bazarlarynda uly isleg bildirilýän egirmegiň halkaly usuly bilen ýüplügi öndürýän ilkinji kärhana boldy.

500 iş orunlyk täze kärhananyň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň dokma pudagynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde, geljegi uly, ekologiýa taýdan arassa önümçilikleri döretmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Onuň önümlerine dünýäniň köp ýurtlarynda uly isleg bildirilýär.

15-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda birbada iki sany täze desganyň—Türkmenistanyň Döwlet energetika institutytynyň we Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň binalarynyň açylyşyna gatnaşdy, şeýle hem welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna badalga berdi.

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Mary şäheri ägirt gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Şol ýerde täze dolandyryş-medeni merkezi kemala gelýär, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, sport toplumlary we beýleki durmuş-medeni maksatly desgalar işjeň gurulýar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň we dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny, maglumatlar tehnologiýalaryny okatmak işine giňden ornaşdyrmaga, ylmy işleri işjeňleşdirmäge mümkinçilik berdi.

Marynyň umumy meýdany 8 müň 400 inedördül metre barabar bolan Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň üç gatly täze binasy özüne sergi zallarynyň altysyny, mejlisler zalyny, ii otaglaryny, gymmatlyklaryň saklanylýan jaýlaryny birleşdirýär. Muzeýiň gaznalarynda eksponatlaryň-türkmen halkynyň taryhy, medeni we sungat ýadygärliklerine degişli eksponatlaryň 40 müňden gowragy saklanylýar. Olaryň arasynda gadymy milli lybaslar, ajaýyp halylar, zergärleriň ýasan şaý-sepleri, arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan gadymy medeni gymmatlyklar, öý goşlary, ülkäniň taryhy boýunça resminamalar we beýleki köp sanly eksponatlar bar.

16-njy fewralda Mary welaýatynda bolmagynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarp ýerdäki Altyn sähra etrabynyň dolandyryş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu etrap milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Jojukly diýen ýerde 2008-nji ýylyň ýaz paslynda döredilipdi. Şol ýylyň aprel aýynda täze etrabyň açylyş dabarasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz degişli karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Altyn sähra etrabynyň merkezinde häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyryldy.

Bu etrabyň döredilmegi netijesinde bir mahallar bol hasyllylygy bilen tapawutlanan we häzir daýhanlaryň maňlaý deri dökülip, gaýtadan dikeldilýän Jojuklynyň tarp ýerlerine ýene-de täze durmuş gaýdyp geldi. Iki ýyldan hem az wagtyň içinde Jojuklyda ösen durmuş we inženerçilik-kommunikasiýa düzümi bolan häzirki zaman şäherçesi boldy. Altyn sähra etrabynyň merkezinde ulanylmaga berlen desgalaryň arasynda etrap häkimliginiň täze binasy, saglygy goraýyş toplumy, medeni merkez, mekdep, çagalar bagy, kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlary bar.

17-nji fewralda Gökdepede Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze pagta egriji fabrigiň dabaraly açylyşy boldy. Häzirki zaman dokma kärhanasy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň merkezinde ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetirdi. Täze ýokary tehnologiýaly kärhana häzir Gökdepede hereket edýän dokma toplumyň golaýynda guruldy. Şeýlelikde, bu ýerde özboluşly dokma şäherçesi peýda bolup, Köpetdagyň eteginde kemala gelýän binagärlik toplumy bilen aýratyn sazlaşyk döretdi.

Kärhana her ýyl pagta süýüminiň 10 müň 890 tonnasyny gaýtadan işlemäge hem-de ýokary hilli ýüplükleriň 9,5 müň tonnasyny çykarmaga ukyplydyr. Olar dokma senagatynyň dürli ugurlarynda giňden ulanylýar.

12-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze howa menziliniň hyzmat ediş mümkinçiligi sagatda 800 ýolagça barabardyr. Howa menzili birbada 7 sany uçary kabul etmäge, şunda olara halkara ülňelerine laýyklykda hyzmat etmäge ukyplydyr. Onuň uçuş-gonuş zolaklary uçarlaryň ähli görnüşlerine diýen ýaly hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Täze howa menziliniň toplumynyň eýeleýän umumy meýdany 80 gektara golaýdyr.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň nobatdaky desgalarynyň, şol sanda gämi ýüzýän derýanyň açylyşy boldy. Kemala gelýän halkara deňiz şypahanasynyň inženerçilik-tehniki düzüminiň üsti bolsa kuwwatly gazturbina elektrik stansiýasy we kuwwatlylygy gije-gündiziň dowamynda 35 müň kub metr agyz suwuna barabar bolan deňiz suwuny arassalaýan desga bilen ýetirildi.

23-nji aprelde türkmen paýtagtynda Döwlet sirkiniň durky täzelenen binasy açyldy. Onuň sahnasynda ilkinji toý dabarasy boldy. Dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda umumy meýdany 24 müň inedördül metre barabar bolan sirkiň binasynyň durky täzelenildi, şeýle hem onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy we binanyň golaýyndaky awtomobil ýolunyň durky täzelendi.

5-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Baýramalydaky şypahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmen Lideriniň çözgüdi boýunça onuň durky doly täzelenildi. Baýramaly Merkezi Aziýada we Ýewropada böwrek kesellerini bejerýän ýeke-täk şypahanadyr, şol ýerde howanyň ýokary temperaturasy, ygalyň örän az bolmagy we çyglylygyň örän pesligi bejerişiň esasy şertleri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, bu ýerde kesel bejerilýän binanyň durky düýpli abatlanyldy we her biri 250 orunlyk täze iki sany bina guruldy. Şeýlelikde, bu ýerde, öňküleri ýaly, birbada 500 adam däl-de, näsaglaryň 1000-si saglygyny dikeldip biler. Olar üçin şypahanada dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertler döredildi.

Şypahananyň açylyş dabarasynda döwlet Baştutanymyz bu taryhy şypahana zolagyny abadanlaşdyrmak çözgüdi bu ýerde bejeriş-sagaldyş hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak maksadynda kabul edildi diýip nygtady. Geçirilen gurluşyk işleri bilen bir hatarda halkara ähmiýetli şypahanalara bildirilýän talaplaryň ählisine laýyk gelýän täze şertlerde zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamak işi hem geçirildi.

13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna geldi, şol ýerde durmuş-medeni maksatly möhüm desgalaryň birnäçesiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Şol gün bu ýerde Türkmen oba hojalyk institutynyň binasy ulanylmaga berildi. Munuň özi welaýatda türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy bilen döredilen ilkinji ýokary okuw mekdebidir.

Täze ýokary okuw mekdebi ajaýyp ak mermerli toplum bolup, ol aralary baglaşdyrylan 5 sany okuw-dolandyryş binalardan ybaratdyr. Ýokary okuw mekdebiniň toplumynyň düzümine şeýle hem 468 orunlyk talyplar ýaşaýyş jaýlary hem-de mugallymlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýy girýär. Institutyň ýagty we giň otaglary häzirki zaman kompýuter tehnikalary hem-de zerur bolan okuw esbaplary bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi. Institutda okuw otaglarynyň hatarynda oba hojalyk tehnikasyny öwrenmek üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen otaglar hem bar. Institut oba hojalyk ylmynyň dürli uugrlary boýunça talyplaryň 700-siniň okamagy üçin niýetlenendir.

Şol gün Daşoguzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýene-de birnäçe möhüm desganyň—2800 orunlyk Ruhuýet köşgüniň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen “Ene mähri” merkeziniň, agyz suwuny öndürýän zawodyň, 600 orunlyk mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň açylyş dabaralary boldy.

14-nji maýda Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda häzirki zaman sport toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Ýanaşyk ýeri hem hasaba alanyňda, täze desganyň umumy meýdany 13 gektardan gowrakdyr. 10 müň orunlyk stadion bu toplumyň esasy desgasy bolup durýar. Stadionyň futbol meýdançasynyň töwereginde ýeňil atletikaçylaryň bäsleşmegi üçin ylgaw ýodajyklary guruldy. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin täze sport toplumynda üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz, woleýbol, basketbol, boks we milli göreş boýunça zallar bar. Mundan başga-da, bu ýerde kiçi futbol, woleýbol we basketbol üçin meýdançalar hem-de iki sany tennis korty ýerleşýär.

17-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Owadandepe diýen ýerinde gurlan “Ahal” ýag öndürýän kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Zawodyň kuwwaty her gije-gündizde 300 tonna, ýylda bolsa 96 müň tonna pagta çigidini gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, kärhana bir gije-gündiziň dowamynda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa pagta ýagynyň 50 tonna golaýyny, margariniň 10 tonnasyny, mundan başga-da, maldarçylyk pudagynda zerur bolan sarunyň 140 tonnadan gowragyny, şulhanyň 70 tonnasyny we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmäge ukyplydyr.

21-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milletiň Lideri ýörite Karary bilen “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernlerine ýakyn wagtda geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kub metre barabar bolan “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişmegi tabşyrdy. Resminama laýyklykda, 2015-nji ýylyň ortasyna çenli ähli düzümi bolan bu gaz geçirijisi ulanylmaga berilmelidir.

28-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gökderede täze çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Tebigatyň ajaýyp ýerinde şeýle merkezleriň birbada ikisi-475 orunlyk “Demirýolçy” we 550 orunlyk “Çeşme” merkezleri ulanylmaga berildi.

Döwlet Baştutanymyz çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň açylyş dabaralarynda eden çykyşynda biziň ýurdumyzda häzirki zaman çagalar sagaldyş merkezleriniň açylmagy döwletimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemäge uly üns berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär diýip belledi.

Gökderede gurulýan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk gelýär. Ägirt uly desgalaryň toplumyna dolandyryş binalary, ajaýyp pawilýonlar girýär, olarda çagalaryň oňat dynç almagy üçin ähli şertler döredildi. Şeýle hem bu ýerde maşgalalaryň dynç almagy üçin iki gatly kottejler bar. Mundan başga-da, kompýuter zallary, oýun merkezleri, kitaphanalar, amatly naharhanalar, lukmançylyk otaglary, sport we oýun meýdançalary, suwda ýüzülýän howuzlar, akwaparklar, amfiteatr çagalaryň hyzmatyndadyr.

Bu merkezlerde dürli halkara forumlaryny, aýdym-saz bäsleşiklerini we özboluşly folklor dabaralaryny geçirmek ajaýyp däbe öwrüldi. Olara dünýäniň dürli künjeklerinden zehinli çagalaryň onlarçasy gatnaşýar.

31-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky iş sapary bilen Mary welaýatyna geldi. Döwlet Baştutanymyzyň bu saparynyň maksady “Gündogar—Günbatar” gazakdyryjy ulgamyny bitewi ulgama birleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşmakdan ybarat boldy. Ol ýurdumyzyň ähli iri ýataklaryny birleşdirer.

Bu gaz geçirijisini gurmak boýunça amala aşyrylmaly işleriň möçberi haýran galdyryjydyr—gurluşyk-gurnama işleriniň ähli görnüşlerini, şol sanda uzynlygy müň kilometre golaý bolan trassany arassalamak, tekizlmek işlerini, diametri 1420 millimetre barabar bolan turbalary ýerleşdirmek we kebşirlemek işlerini amala aşyrmak zerur bolup durýar. “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan öz gözbaşyny almak bilen, bu gaz geçirijisi Mary we Ahal welaýatlarynyň çäginden günbatar tarapa uzalyp gider we ýurdumyzyň Balkan welaýatyndaky “Belek” gaz gysyjy stansiýasy bilen birleşer. Şeýlelikde, “Gündogar—Günbatar” gaz geçirijisi Türkmenistanyň gündogar bölegini ýurdumyzyň okgunly ösýän merkezi we Hazarýaka bölegi bilen birleşdirer. Şunda gaz geçirijisiniň esasy böleginiň Garagumuň içinden çekiljekdigini aýratyn bellemelidiris.

2015-nji ýylyň ortasyna çenli “Gündogar—Günbatar” gaz geçirijisi ulanylmaga berler. Munuň özi onlarça ýyl öňünden tebigy ýangyç bilen içerki bazary üpjün etmäge mümkinçilik berer, şeýle hem gazyň iri halkara bazarlaryna eksport edilmegini mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder. Iň esasy zat bolsa, bu gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen Türkmenistanda bitewi gaz geçiriş ulgamy dörediler. Munuň özi tebigy gazyň uly möçberlerini ýurdumyzyň islendik sebitlerine öz wagtynda we çalt akdyrmaga mümkinçilik berer.

1-nji iýunda Türkmenistan bütin dünýä bileleşigi bilen birlikde Çagalary goramagyň halkara gününi giňden we dabaraly ýagdaýda belläp geçdi. Garaşsyz türkmen döwletiniň milli baýramçylyklarynyň sanawyna giren bu şanly senä gabatlanylyp geçirilen çärelere Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen esasy dabaralar Hazaryň kenarynda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda guraldy. Şol ýerde iň häzirki zaman çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň ikisi –“Daýanç” we “Arzuw” merkezleri açyldy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda gurulýan her bir täze mekdepde, çagalar bagynda, sagaldyş merkezlerinde sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Ýöne deňziň kenarynda dynç almak aýratyn hem çagalaryň bedeni üçin goşmaça şypa beriji melheme eýedir. Hazaryň kenaryndaky täze sagaldyş merkezindäki ajaýyp şertler bütin ýylyň dowamynda deňiz suwunyň, günüň we ýerli tebigy şertleriň şypa beriji aýratynlyklaryny sazlaşykly ulanmaga mümkinçilik berýär.

12-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda nobatdaky täze desganyň—Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy boýunça “Arzuw” sagaldyş merkeziniň çäginde gurlan 300 orunlyk 12 gatly şypahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Sagaldyş merkeziniň täze binasy nebitgaz pudagynyň işgärleriniň we olaryň çagalarynyň saglygyny beriktmäge niýetlenendir.

21-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şol ýerde Farap şypahanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu şypahananyň desgalarynyň gurluşygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylyň fewral aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda ýerine ýetirildi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde şypahana tanalmaz derejede özgerdi, bu ýerde sözüň doly manysynda häzirki zaman şypahana-kurort toplumy döredilýär. Indi “Farap” şypahanasynda öňküden iki esse köp adam saglygyny bejerdip we dynç alyp biler. Bu balneologik şypahananyň esasy bejeriş serişdesi mineral suw bilen baglanyşyklydyr. Onuň fiziki-himiki düzümi köp sanly keselleri, şol sanda aşgazan, daýanç-hereket ediş, nerw we ýürek-damar kesellerini netijeli bejermäge mümkinçilik berer.

29-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň telekeçilerini goldamak boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamanyň çäklerinde gurlan hususy telekeçileriň täze önümçilik desgalarynyň açylyşyna gatnaşdy.

Şol gün Ahal welaýatynyň Abadan şäherinde “Bereketli” hususy kärhanasynyň täze önümçilik desgalary açyldy. Ýeňillikli karzyň hasabyna bu ýerde kuwwatly sehler guruldy, Ýewropanyň esasy önüm öndürijilerinden iň häzirki zaman enjamlary satyn alyndy we gurnaldy. Täze zawod halkara ülňülerine laýyklykda eti gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Et ýurdumyzyň dürli sebitlerinden şertnama esasynda satyn alynýar. Abadandaky täze sehler her gün şöhlatyň we tagamly et önümleriniň 5 tonnadan gowragyny ýa-da bir ýylda olaryň 1800 tonnasyny öndürmäge ukyplydyr.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hususy kärhananyň ýene-de biriniň—“Aýbölek” mebel fabriginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze fabrik hem hususy telekeçiligi goldamagyň döwlet maksatnamasynyň çäklerinde guruldy. Ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna ýokary hilli enjamlar alyndy we önümçiligi ýola goýmak üçin zerur işleriň ählisi geçirildi. Fabrikde köpçülikleýin ulanylýan mebellerden başlap, saýlama mebellere çenli öndürilýär. Olary öndürmek üçin materiallar Ýewropadan getirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk bölegini goldamak ileri tutulýan wezipeleriň hataryna goşuldy. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminde hususy kärhanalaryň paýyny ep-esli artdyrmak, ykdysady durmuşa has netijeli bazar mehanizmini giňden ornaşdyrmak wezipesi goýuldy. Şu maksatlar bilen Türkmenistanda kada-hukuk binýady döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda milli ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişlidir. Ol kiçi we orta hususy kärhanalaryň netijeli işlemegine hem-de ösmegine ýardam bermelidir.

1-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetitiniň açylyş dabarasy boldy, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz milli bilim ulgamyny düýpli özgertmäge aýratyn üns berýär. Şunda täze taryhy eýýamyň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini kämilleşdirmäge möhüm orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň binýadynda döredildi. Ýokary okuw mekdebinde fakultetleriň bäşisi—bejeriş, pediatriýa, lukmançylyk-keselleriň öňüni alyş, stomatologiýa we farmasewtika fakultetleri, 43 sany kafedra, diplomdan soňky taýýarlyk bölümi hereket edýär. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň häzirki zaman lukmançylyk, kompýuter we multimediýa enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar talyplaryň we professor-mugallymlar düzüminiň hyzmatyndadyr. Okuw we edara binalaryndan başga-da, uniwersitet toplumyna oňat enjamlaşdyrylan ylmy-barlag merkezler we kitaphana, şeýle hem sport toplumy girýär. Onda bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Şol gün döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň binalar toplumynyň—Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasynyň, inçekeseli bejermek we öňüni alyş merkeziniň, AIDS-yň öňüni almak boýunça milli merkeziň, ýokanç keselleri bejermek we öňüni almak merkeziniň, Gan merkeziniň we Merkezleşdirilen laboratoriýanyň, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşyna gatnaşdy.

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz onuň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň nobatdaky häzirki zaman desgasynyň—Hojambaz etrabynda gurlan “Bagtyýarlyk” gaz gysyjy stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gaz gysyjy stansiýa Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň senagat we gaz ulag düzüminiň ägirt uly toplumynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Uzakmöhletleýin esasda tebigy gazy ibermek hakynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Transaziýa gaz geçirijisi boýunça “mawy ýangyjy” eksport etmegiň möçberlerini her ýyl tapgyrlaýyn artdyrmak meýilleşdirilýär. Şu meseläni çözmek üçin “Bagtyýarlyk” gaz gysyjy stansiýany gurmak göz öňünde tutulypdy. Bu desgada Malaý—Bagtyýarlyk turbageçiriji arkaly Malaý ýataklaryndan gelip gowuşýan gazy işläp geçilýär we taýýarlanylýar, soňra bolsa Transaziýa turbageçiriji ulgamyna iberilýär.

“Bagtyýarlyk” gaz gysyjy stansiýanyň umumy öndürijiligi bir gije-gündiziň dowamynda 60 million kub metr gazy işläp geçmäge we esasy turbageçirijä ibermäge mümkinçilik berýär. Stansiýada ulanylýan iň öňdebaryjy tehnologiýalar we kämil enjamlar Malaý-Bagtyýarlyk turbageçirijiden ýokary hilli gaz almaga, ony mehaniki garyndylardan we suwuklyklardan arassalamaga we beýleki işleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Şol ýerden gaz arassalaýjy desga we soňra bolsa Türkmenistan—Hytaý baş gaz geçirijisine ugradylýar.

* * *

1-nji oktýabrda türkmen paýtagtynyň taryhy merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze ajaýyp seýilgäh toplumynyň açylyşy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça ol “Ylham seýilgähi” diýlip atlandyryldy. Biziň şöhratly ata-babalarymyzyň-geçmişiň şahyrlarynyň we akyldarlarynyň, häzirki zaman türkmen medeniýetiniň gözbaşynda duran sungat ussatlarynyň 40-dan gowragynyň heýkelleri oturdyldy. Şol heýkeller ýurdumyzyň meşhur heýkeltaraşlary tarapyndan taýýarlanyldy. Paýtagtymyzyň bu ajaýyp künjegi aşgabatlylaryň hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi.

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda nobatdaky desgalaryň-täze seýilgähler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu topluma ägirt uly deňiz suw çüwdürimi we kenar ýakasyndaky çüwdürimler toplumy, dynç alyş desgalary, şeýle hem Awazanyň baş sahnasy bolan amfiteatr girýär. Bu desgalar desgalar bu ýerde öňden döredilen desgalar bilen aýratyn sazlaşyk döredip, Awazanyň görküne görk goşdy.

13-ji oktýabrda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda nobatdaky iň häzirki zaman dokma kärhanasy dabaraly ýagdaýda açyldy. 9600 tonna pagtany we 5100 tonna sintetiki süýümi gaýtadan işlemäge niýetlenen bu fabrik ýylda “Ring” kysymly garyndy ýüplügiň 7 müň tonnasyny “Open End” kysymly ýüplügiň 6 müň tonnadan gowragyny öndürmäge ukyplydyr.

Gypjagyň we Gökdepäniň dokma toplumlarynyň, şeýle heim Jinsy toplumynyň golaýynda ýerleşen täze fabrik pagta süýümini gaýtadan işlemekden başlap, taýýar önüme çenli önümçilik ulgamynda möhüm orny eýeledi.

Şol gün türkmen paýtagtynyň demirgazyk böleginde çalt depginler bilen döreýän Owadandepe senagat zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýene-de bir häzirki zaman kärhanasy—gazbeton öndürýän zawod işe girizildi. Onuň önümleri bütin dünýäde has giňden ulanylýar.

15-nji oktýabrda paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda täze kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynyň dabaraly açylyşy boldy. Onuň ýokary derejesi we belent mertebeli myhmanlary kabul etmegiň giň mümkinçilikleri Aşgabadyň iri syýasy-diplomatik, ykdysady, işjeň işewürlik merkezi hökmündäki halkara abraýyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir.

5-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde täsin Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu özboluşly şäherjik türkmen paýtagtynyň gür ilatly böleginde ýerleşýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk ägirt uly toplum häzir hereket edýän Olimpiýa stadionynyň töwereginde, 157 gektar meýdanda ýerleşer.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň täze belentliklere tarap ynamly öňe barýandygynyň nyşanyna öwrüljek bu desgany gurmak başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Munuň özi Merkezi Aziýadaky örän iri toplum bolar we özüne desgalaryň 30-a golaýyny, şol sanda häzirki talaplara laýyk gelýän köpugurly sport desgalaryny birleşdirer.

Olaryň arasynda bouling, badminton we stoluň üstünde oýnalýan tennis meýdançaly üsti ýapyk welotrek, sportuň oýnalýan görnüşleri we gimnastika üçin üsti ýapyk arena, göreşiň ähli görnüşleri, agyr atletika, fehtowaniýe we boks üçin üsti ýapyk meýdança, lukmançylyk-dikeldiş merkezi, sportuň dürli görnüşleri üçin türgenleşik zallary, metbugat merkezli myhmanhana, üsti ýapyk süwda ýüzülýän howuz, üsti ýapyk tennis kordy we beýleki köp sanly desgalar bar.

Adaty türgenler üçin dürli sport toplumlaryndan, zallardan we meýdançalardan başga-da, oňa maýyplaryň sport bilen meşgullanmagy üçin paralimpiýa merkezi, şeýle hem 12 gatly jaýlardan ybarat bolan Olimpiýa obasy hem girer. Şol jaýlar 12 müň adam ýaşamak üçin niýetlenendir. Olimpiýa şäherjiginiň ähli binalary we desgalary öz aralarynda monorels ýoly bilen baglanyşdyrylar. Şol ýol Olimpiýa şäherjigini Olimpiýa obasy bilen hem baglanyşdyrar.

Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynyň ýanynda täze sport toplumynyň gurulmagy diňe bir sportuň köp görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin ajaýyp şertleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem, ony raýatlarymyzyň her gün sport bilen meşgullanmagy üçin netijeli peýdalanmaga oňaýly mümkinçilikler dörediler. Munuň özi esasy maksada—türkmenistanlylaryň durmuşyna bedenterbiýäni we sporty giňden ornaşdyrmaga hyzmat eder.

2010-njy ýylyň iň aýdyň wakalaryna nazar aýlap, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň örän oýlanyşyklydygyna we giň möçberlidigine nobatdaky gezek göz ýetirýärsiň. Şol özgertmeler bolsa ykdysadyýeti ösdürmek iblen bir hatarda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň beýleki ugurlaryny hem gurşap aldy.

2010-njy ýylyň wakalary häzirki Türkmenistanda amala aşyrylýan strategiki özgertmeleriň diňe bir türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga däl, eýsem, deň derejede onuň ruhy durmuşyny kämilleşdirmäge, jemgyýetde medeni we ahlak gymmatlyklaryny berkarar etmäge, ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň sazlaşykly hem-de hemmetaraplaýyn ösmegine amatly täsir edýän maddy däl gymmatlyklary kemala getirmäge gönükdirilendigini aýdyňlyk bilen görkezýär.

Milli Liderimiziň 2010-njy ýylyň 24-nji fewralynda ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen bolan duşuşygynda nygtaýşy ýaly, ýurdumyz häzirki döwürde ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi we onuň häzir giň mümkinçilikleri bardyr. Munuň özi döwletiň has inçe we çylşyrymly meselelere seredip başlamagyna, täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berdi. Bu sarp edijilik durmuşyndan döredijilik durmuşyna geçilmegini aňladýar. Şunda medeni iş döredijiligiň hereketlendiriji güýji, şahsyýetiň öz mümkinçiliklerini görkezmeginiň we jemgyýetiň mümkinçiligini açyp görkezmegiň ýoluna öwrülmelidir.

Döwlet Baştutanymyzyň bu ulgama aýratyn üns bermegi netijesinde medeniýeti ösdürmek diýen düşünje has giň many-mazmuna eýe boldy. Munuň özi medeniýete täze pikirleri çekmek we jemgyýeti ösdürmegiň maksatlaryna ýetmek üçin giň gerimli maksatnamalary amala aşyrmak bilen baglanyşyklydyr.

2010-njy ýylyň jemini jemlemek bilen, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet ulgamynda amala aşyrýan döwlet syýasatynyň şu aşakdaky esasy ugurlaryna ünsi çekmek möhümdir. Birinjiden, bu türkmen halkynyň milli medeniýetini we ruhy mirasyny giňden wagyz etmekden, milletara medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmekden, medeni düzümi giňeltmekden ybaratdyr. Ikinjiden, kada-hukuk binýady mundan beýläk-de kämilleşdirildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň “Medeniýet hakyndaky” Kanunynyň kabul edilmegi bu babatda möhüm ädim boldy. Umuman, 2010-njy ýylda medeni syýasatyň diňe bir mukdar görkezijileri bilen däl, eýsem, onuň many-mazmuny, döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmäge gönükdirilendigi bilen kesgitlenendigini bellemek gerek.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol duşuşykda gol çeken Karary türkmenistanlylaryň medeni isleglerini kanagatlandyrmaga täze kuwwatly itergi berdi. Kabul edilen çözgütlere laýyklykda, 2010-njy ýylyň 1-nji aprelinden Aşgabat şäherinde we welaýatlarda täze döredilen çagalar çepeçilik we sungat mekdepleri, merkezi etrap, şäher kitaphanalary işläp başlady. Oba, şäherçe klublary täze derejä eýe boldy.

Türkmenistanyň bütin dünýäde halkara abraýyny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeni ulgamda amala aşyrýan syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň syýasy agramy, ykdysady kuwwaty we tebigy serişdeleri bilen däl, eýsem, medeni gymmatlyklar, ruhy-ahlak gymmatlyklar bilen kesgitlenilýär. Ýurdumyzyň medeni durmuşynda bolup geçen halkara wakalary muňa köp babatda ýardam etdi. 2010-njy ýyl bolsa şol wakalara örän baý boldy. Şu ýerde köp sanly döredijilik festiwallarynyň, sergileriň, ylmy maslahatlaryň, Medeniýet günleriniň we beýleki köp sanly çäreleriň geçirilendigini ýatlatmak ýeterlikdir.

Bularyň ählisi, gürrüňsiz, jemgyýetiň aňynda bahasyna ýetip bolmajak ruhy we ahlak gymmatlyklary ornaşdyrmaga, döredijilik taýdan zehinli we sazlaşykly ösen ýaşlary terbiýelemäge ýardam edýär.

Elbetde, sazlaşykly ösüşi üçin diňe bir ruhy taýdan däl, eýsem, beden taýdan berk nesli terbiýelemek möhümdir. Şoňa görä-de, medeni syýasaty durmuşa geçirmek bilen birlikde jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek zerur bolup durýar. Bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary görkezijiler sportuny ösdürmek boýunça maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzda häzirki zaman saglygy goraýyş düzüminiň döredilmegi, şol sanda iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen sport desgalarynyň gurulmagy netijesinde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak türkmenistanlylar üçin durmuş kadasyna öwrülýär.

Sportuň dürli görnüşleri boýunça ilkinji Umumymilli spartakiadynyň geçirilmegi muny aýdyňlyk bilen görkezýär. Onuň final ýaryşlary 2010-njy ýylyň 10-njy martyndan 4-nji apreline çenli Aşgabat şäherinde geçirildi. Mälim bolşy ýaly, türgenleriň, şeýle hem işjeň dynç almagy halaýanlaryň arasynda şeýle ýaryşlary her ýyl geçirmek başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň ýurt möçberinde sportuň dürli görnüşleri boýunça umumy bilim berýän, başlangyç, orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň toparlarynyň arasynda “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” şygary astynda umumymilli ýaryşlary geçirmek baradaky çagyryşy köpçülikleýin sportuň ösdürilmegine täze itergi berdi we köp sanly zähmet toparlarynda hem-de sport guramalarynda sagdyn durmuşy halaýanlaryň müňlerçesi tarapyndan goldanyldy.

Milletiň ruhy taýdan galkynmagynda möhüm orun eýelän 2010-njy ýyl örän ähmiýetli wakalara baý boldy. Şol wakalar bolsa Türkmenistanyň her bir raýatynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça milli Liderimiziň işläp taýýarlan taglymatynyň durmuşa yzygiderli geçirilýändigini aýdyňlyk bilen görkezdi. Şol ýyl biziň ata Watanymyzyň täze durmuşy gurmak ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykbalçözüji maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň täze, aýdyň subutnamalaryny getirdi.

2010-njy ýyl täze eýýamyň ýyl ýazgysyna aýdyň sahypalary ýazyp, ýeňişleriň we ägirt uly üstünlikleriň ýylyna öwrüldi hem-de mundan beýläk has okgunly öňe gitmegiň we has belent sepgitleri eýelemegiň möhümdigini görkezdi. Indiki, aýdyň üstünliklere baý bolan 2011-nji ýyl bu ýoly mynasyp dowam etdirdi. Başgaça bolup hem bilmezdi, çünki ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly toýunyň belleniljek ýyly ýetip geldi. Ol biziň ýurdumyzyň ýigrimi ýylyň dowamynda geçen özygtyýarly ösüş ýolunyň özboluşly sepgidine öwrülip beýik özgertmeler eýamynyň ýeňişlerini alamatlandyrdy.

Bular barada indiki makalamyzda jikme-jik gürrüň bereris...