Ï Bagtyýar eýýamyň beýik üstünlikleri - 2009-njy ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bagtyýar eýýamyň beýik üstünlikleri - 2009-njy ýyl

view-icon 3123
Beýik özgertmeler eýýamynyň üçünji ýyly bolan 2009-njy ýyl Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan üçin hakyky üstünlikleriň ýyly boldy. Örän gysga wagtda ýurdumyzda milli ykdysdayýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen düýpli özgertmeler okgunly we yzygiderli amala aşyryldy.

Uly, ykbalçözüji özgertmeler biziň ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap aldy, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryna degişli boldy. Kanunçylyk ulgamy we ykdysadyýet, ylym we bilim, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ulgamy, oba hojalygy we ýangyç-energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, medeniýet we sungat – bu pudaklaryň her biri öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe bolup, hil taýdan täze derejä çykdy.

Beýik özgertmeler eýýamynyň üçünji ýylynda paýtagtymyzda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda durmuş-medeni we senagat maksatly iri desgalaryň onlarçasy açyldy. Açylan köpsanly desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn we döredijilikli syýasatynyň aýdyň netijesi boldy. Şol syýasatyň esasy maksady bolsa adam hakyndaky aladadan, ýurdumyzyň her bir raýatynyň bähbitlerini goramakdan, ähli babatda halkymyzyň abadan we mynasyp durmuşyny üpjün etmekden, onuň parahatçylykly, erkin döredijilikli zähmeti we oňat dynç almagy üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde ýurdumyzyň ähli etraplarynda, şäherlerinde we obalarynda häzirki zaman durmuş-ykdysady infrastrukturasy kemala getirildi. Täze şäherçeleriň düýbi tutuldy, möhüm desgalar guruldy. Şol desgalaryň arasynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdepler, abadanlaşdyrylan çagalar baglary, iň täze tehnikalar bilen üpjün edilen hassahanalar, zawodlar we fabrikler bar.

2009-njy ýylyň möhüm wakalary türkmen döwletiniň öňde goýlan beýik maksatlara tarap okgunly hereket etmeginiň resminamalaýyn şaýatnamasy hökmünde gazetleriň we žurnallaryň sahypalarynda, telewizion we radio gepleşiklerde giňden beýan edildi. Şu gün şol şanly senelere we wakalara gaýdyp gelmek bilen, biz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň seçip alan ýolunyň dogrudygyna ýene-de bir gezek göz ýetirýäris. Bu wakalar biziň umumy terjimehalymyzyň aýdyň sahypalaryna öwrüldi we Watanymyzyň iň täze taryhy babatda örän uly ähmiýete eýe boldy.

Ýylyň başy milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak maksadynda döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan maliýe-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda täze tapgyra beslendi.

1-nji ýanwardan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Permanyna laýyklykda ýurdumyzda täze, denomirlenen nusgadaky manat dolanyşyga girizildi. Bu we başga-da birnäçe çäreler geçen ýylyň güýzünden başlap, dünýäniň köp sanly ösen ýurtlarynda ählumumy çökgünlige getiren dünýä maliýe – ykdysady çökgünligiň ýaramaz täsirine garşy durmaga mümkinçilik berdi. Milli Liderimiz tarapyndan durmuşa geçirilen öňüni alyş çäreleri Türkmenistanyň yzygiderli durmuş – ykdysady ösüşini şertlendirdi.

Häzir diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşda hem türkmen döwletiniň Baştutanynyň syýasy duýgurlygyna we öňdengörüjiligine, milletiň Lideriniň islendik ýagdaýda parasatly we uzak geljek üçin pikirlenip bilýändigine ýokary baha berilýär. Ýagdaýy gowy bilmegi, öz syýasatyny anyk ykdysady ýagdaýlary nazara almak bilen guramagy başarmagy türkmen Lideriniň halkara abraýyny has-da artdyrdy we halkyň ynamyny ýokarlandyrdy.

9-njy ýanwar täze taryhy eýýamyň senenamasyna aýratyn sahypa bolup girip, Türkmenistanyň demokratik ösüş ýoluna, döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de ösdürmek ugruna ygrarlydygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda giňişleýin çykyş etdi. Mejlisiň täze düzümi 2008-nji ýylda geçirilen saýlawlaryň netijeleri boýunça düzüldi. Milli Liderimiz deputatlaryň öňünde durýan wajyp wezipeleri kesgitläp, milli kanunçylygyň binýadyny täzeden döretmegiň möhümdigini nygtady. Şol kanunlar döwletiň ykdysady, durmuş, medeni we beýleki ulgamlaryndaky syýasatyny kadalaşdyrýar.

18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň diplomatik korpusy bilen maslahat geçirdi we onda taglymatlaýyn söz sözledi. Döwlet Baştutanymyz onda milli ileri tutulýan ugurlary nazara almak bilen we dünýäniň ählumumy prosesleri jähtinden häzirki zaman taryhy tapgyr üçin Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmäge täze çemeleşmeleri esaslandyrdy.

Ýokarda bellenilişi ýaly, beýik özgertmeler eýýamynyň ýyl ýazgysy 2009-njy ýylda ýurdumyzda örän köpsanly desgalaryň ulanylmaga berlendigini beýan edýär. Olar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň aýdyň netijelerine öwrüldi. Bu uly sanawda 18-nji fewralda paýtagtymyzyň merkezinde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri üçin gurlan ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmegini ilkinji nobatda agzamak gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, döwletiň özüniň asylly işini mynasyp ýerine ýetirýän türkmen diplomatlaryna häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny kepillendirýändigini nygtady. Öz nobatynda, olar öz öňlerinde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşip, halkara giňişliginde Türkmenistanyň bähbitlerini goramalydyrlar, dünýäniň ähli döwletleri bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmalydyrlar.

Bahar paslynyň ilkinji aýynyň başynda hem örän köpsanly, dürli maksatly desgalar açyldy. Mary we Lebap welaýatlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze möhüm desgalaryň birnäçesi ulanmaga berildi.

4-nji martda milletiň Lideri Mary şäherinde halkara derejesindäki howa menzil toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Örän gysga wagtyň içinde bu ýerde özboluşly iki gatly bina peýda boldy. Onuň umumy meýdany 3,5 müň inedördül metre barabardyr.

Häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzümini döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyz özüniň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we ägrit uly üstasyr mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, bu ulgamyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm şerti, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ygtybarly binýady bolup durýar diýip belledi.

5-nji martda döwlet Baştutanymyz Mary şäherinde gurlan 600 orunlyk täze multimediýa mekdebiniň, körpeleriň 160-syna niýetlenen çagalar bagynyň we “Ene mähri” keseli anyklaýyş merkeziniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Häzirki zaman usullaryny bilim we terbiýeçilik işine ornaşdyrmak milletiň Lideriniň başyny başlan bilim özgertmeleriniň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze mekdepleriň we mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynyň gurulmagy döwletiň özüniň iň ýagty umytlaryny ösüp gelýän nesil bilen baglanyşdyrýandygyny we onuň bagtly durmuşy, döredijilik ukyplarynyň açylmagy we sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertleri döretmäge çalyşýandygyny aýdyňlyk bilen tassyklaýar.

Diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak baradaky täze we täsin merkezleri döretmek baradaky çözgüt raýatlaryň abadançylygyny üpjün etmegi ileri tutulýan döwlet wezipesi hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ilaty baradaky ynsanperwerlikli syýasatynyň aýdyň subutnamalarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň welaýatlarynda häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň peýda bolmagy milli saglygy goraýşyň möhüm ulgamlaryň biri bolup galýandygyna şaýatlyk edýär. Döwlet bu ulgamy özgertmäge we döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýär.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti häzirki Marynyň hakyky binagärlik bezegine öwrülen baş metjide baryp gördi. Şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylda Halk Maslahatynyň XX mejlisiniň barşynda kabul eden çözgüdine laýyklykda, metjidiň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň haýyr-sahawat gaznasyndan 1 million amerikan dollarynyň bölünip berlendigini bellemelidiris.

2009-njy ýylyň baharynda ýurdumyzda gurlan desgalaryň açylyş dabaralary Lebap welaýatynda dowam etdi. Şol gün

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenabatda täze Ruhyýet Köşgüniň açylyş dabarasy boldy.

6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Ýaşulular maslahatynyň geçirilmegi beýik özgertmeler zamanasynda täze ýeňişleriň gazanylýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Onda türkmen obasyny galkyndyrmak, obasenagat toplumyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün umumymilli maslahat tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, Türkmenabatda gurlan durmuş-medeni maksatly desgalaryň birnäçesiniň açylyşyna gatnaşdy. Olaryň arasynda iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen “Ene mähri” lukmançylyk merkezi, täze umumybilim berýän mekdep we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän çagalar bagy bar.

26-njy aprelde Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri atçylyk—sport toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Şu ýerde döwlet Baştutanymyzyň ýörüte Kararyna laýyklykda, halkara ülňülerine laýyk gelýän şeýle ägirt uly desgalary gurmagyň Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda göz öňünde tutulýandygyny bellemelidiris. Şol gün olaryň düýbüni tutmak dabaralary birbada Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda bolup geçdi.

Şeýle möhüm çözgüdiň kabul edilmegi tötänden däldir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletiň buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine çäksiz söýgi bilen garaýandygy giňden mälimdir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmäge, onuň gadymy we şöhratly däplerini dikeltmäge aýratyn üns berýär.

15-nji maýda ýurdumyzyň agyr senagatynyň ilkinji kärhanasynyň-Owadandepede metallurgiýa zawodynyň ulanmaga berilmegi ýene-de bir möhüm waka boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan bu senagat desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şol gün häzirki zaman taryhy eýýamyň gazananlarynyň ýyl ýazgysyna aýdyň sahypany ýazyp, milli ykdysadyýetimiziň täze pudagynyň kemala gelýändigini alamatlandyrdy. Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen kärhana iň ýokary halkara ülňülerine, daşky gurşawy goramagyň talaplaryna laýyk gelýär we ýurdumyzda uly isleg bildirilýän önümleri çykarmaga niýetlenendir. Ozal şol önümleriň hemmesi daşary ýurtlardan getirilýärdi.

2009-njy ýylyň iýun aýy hem wakalara baý boldy.

Mysal üçin, 15-nji iýunda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ilkinji desgalaryny ulanmaga bermek dabaralary boldy. Olary gurmak başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Şol täze desgalaryň arasynda “Çarlak” myhmanhanasy bar. Ol Hazaryň kenaryndaky port şäheriň gözel binalarynyň birine öwrüldi. Täze desgalaryň hatarynda şeýle hem “Hazyna” we “Watançy” myhmanhanalary bar.

Bu hakyky taryhy waka täze halkara syýahatçylyk merkeziniň kemala getirilmegine badalga berdi. Syýahatçylyk merkezi Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň aýdyň nyşanydyr.

Geljek 10 ýyl üçin Türkmenistanyň strategiki meýilnamalarynda aýratyn orun eýeleýän “Awazanyň” geljegi barada gürrüň edip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslama dünýä binagärliginiň we inženerçilik-tehniki pikiriň iň öňdebaryjy gazananlaryny özüne jemlemelidir diýip nygtady. Bu ýerde, erkin ykdysady zolakda işleýän firmalara we kompaniýalara, daşary ýurt maýadarlaryna örän amatly salgyt we gümrük ýeňillikleri berilýär.

Şol günüň özünde döwlet Baştutanymyz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ikinji nobatdakysyny gurmak baradaky taslamalaryň tanyşdyrylyşyna gatnaşdy. Şol ýerde daşary ýurt komapniýalarynyň Hazaryň kenarynda şypahana-sagaldyş we medeni-dynç alyş toplumlaryny, häzirki zaman söwda merkezlerini, kaşaň myhmanhanalary, şeýle hem abadanlaşdyrylan seýilgäh zolaklarynyň we özboluşly suw çüwdürimler toplumyny gurmak boýunça teklipleri hödürlenildi. Hakykatdan hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak taslaýjylar, arhitektorlar we inženerler üçin çäksiz mümkinçilikleri açýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan himiýa senagaty üçin mineral çig malynyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Täsin tebigy serişdeleri doly möçberli we toplumlaýyn özleşdirmek milli ykdysadyýetiň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan himiýa senagatynyň strategiki wezipesi bolup durýar.

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we biziň ýurdumyzda resmi sapar bilen bolan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça iri dag-magdan toplumynyň gurluşygyna badalga berdiler. Bu ykbalçözüji waka şol ülkäniň geljegi hem-de Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir.

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dokma senagatynyň täze besgalar toplumynyň—ýurdumyzdaky ilkinji lukmançylyk pamygyny we kosmetiki pamyk serişdelerini öndürýän fabrigiň, şeýle hem Aşgabatda gurlan Modeller öýüniň we iki sany söwda merkeziniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýokary hilli önümleriň öndürilişiniň artdyrylmagyna gönükdirilen dokma senagatyny ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir ädim boldy.

15-nji iýulda Türkmenistanyň taryhynda ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan möhüm waka bolup geçdi. Garagumuň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Altyn asyr” Türkmen kölüniň--täsin emeli deňziň birinji nobatdakysyny işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Bu çylşyrymly gidrotehniki ulgam Watanymyzyň, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň abadançylygyna we rowaçlygyna hyzmat etmelidir. Bu taslamany durmuşa geçirmegiň ähmiýeti ХХI asryň iň batyrgaý we ägirt uly pikirleri bilen deňdir.

Türkmen kölüni üç tapgyrda gurmak göz öňünde tutulýar we derwaýys ykdysady hem-de durmuş meseleleriniň tutuş toplumyny çözmäge gönükdirilendir. Onuň döredilmegi ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu desganyň ulanmaga berilmegi diňe bir suw serişdelerini aýawly saklamaga we rejeli ulanmaga ýardam etmän, eýsem, Türkmenistanyň, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň çäginde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilmelidir. Ägirt uly ähmiýete eýe bolan “Altyn asyr” Türkmen köli türkmen halkynyň beýik işleriniň netijesidir we buýsanjydyr.

21-nji iýulda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagatynyň işgärleriniň gününde iri çäreleriň ençemesi bolup geçdi. Olar milletiň Lideriniň amala aşyrýan syýasatynyň ynsanperwerlik häsiýetine eýedigine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň hil taýdan täze derejesini üpjün etmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigine aýdyň şaýatlyk etdi. Bu syýasat “Saglyk” döwlet maksatnamasynda öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky düýpli özgertmeler bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň aýdyň netijesi boldy. Ine, onuň kabul edilmeginiň 14 ýyllygynda hem örän ähmiýetli çäreleriň köp sanlysy geçirildi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Göz kesellerini bejeriş merkeziniň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Ol paýtagtymyzda peýda bolan iň häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň arasynda möhüm desgadyr.

Hut şonda dowlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi, şeýle hem Ongologiýa merkezi açyldy. Şol gün Ahal welaýatynda “Ene mähri” merkezi, köp ugurly hassahana ulanmaga berildi.

23-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menziminiň düzümi, tehniki parky, ýurdumyzyň awiasiýa hojalygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we milli raýat awiasiýasyny mundan beýläk-de ösdürmek wezipelerini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan halkara ulag ýollarynyň strategik çatrygynda ýerleşýär, Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri onuň çäginden Gündogardan Günbatara we Demirgazykdan Günorta ýollar geçipdir. Milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, raýat awiasiýasyna möhüm orun berilýändigini aýtdy. Eger-de biz özümiziň mümkinçiliklerimizden doly peýdalanyp bilsek we iri sebitara ulag merkezleriniň biriniň derejesine eýe bolsak, bu padak has-da girdejili bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de paýtagtymyzyň howa menziliniň durkuny täzelemek pikirini beýan etdi.

11-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat serhet birikmesiniň “Bitaraplyk” serhet galasyna bardy we häzirki zaman nusgasyndaky serhet galasyny gurmak baradaky taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu wakanyň 2009-njy ýylda ýurdumyzda ilkinji gezek bellenen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen Serhetçiler gününe gabat gelmeginiň çuňňur simwoliki manysy bardyr.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olary iň täze harby tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň söweşjeň we hünär taýdan taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, olaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin talabalaýyk şertleri döretmek, häzirki zaman harby şäherjikleri we serhet galalaryny gurmak meselelerine döwlet Baştutanymyz aýratyn üns berýär. Ilkinji gezek milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä entek Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär wagty ýüzlenipdi. Şondan bäri hem bu wezipeleri çözmek üçin döwlet tarapyndan ähli zerur çäreler görülýär. Täze açylan nobatdaky desgalar hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

30-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Polisiýa akademiýasynyň täze binasynyň we Harby akademiýanyň binalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy. Türkmen Lideri tarapyndan bu desgalaryň gurluşygyna 2007-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda badalga berlipdi.

Şol desgalaryň ulanylmaga berilmegi döwletiň hakyky hünär ussatlaryny, Watan goragçylaryny terbiýeläp ýetişdirmäge mümkinçilik berýän, döwrüň talabyna laýyk gelýän okuw-bilim binýadyny döretmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny doly derejede görkezdi. Goşunlaryň ähli kysymlarynyň esgerleriniň taýýarlyk derejesi häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Olar häzir türkmen goşunyna gelip gowuşýan iň täze ýaraglara we tehnikalara ussatlyk bilen erk etmelidirler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

31-nji awgustda Aşgabatda açylan täze desgalaryň üsti “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň täze binalar toplumy we Türkmen halysynyň milli muzeýiniň binasy bilen ýetirildi. Olar paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumy bilen aýratyn sazlaşyk döretdi. Şu mynasybetli geçirilen dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmek başlangyjy milli Liderimize degişlidir. Hormatly Prezidentimiz dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny aýawly saklamagy we giňden wagyz etmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi türkmen Lideriniň bilim we ylym ulgamyny ösdürmek meselesine ägirt uly üns berýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Soňky ýyllarda täze desgalary dabaraly ýagdaýda ulanmaga bermek hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň aýdyň netijeleri hökmünde ajaýyp däbe öwrüldi. Şol özgertmeler bu möhüm ulgamy hil taýdan täze, öňdebaryjy sepgitlere çykarmalydyr. Häzirki taryhy eýýamda döwletiň goldamagynda milli ýokary okuw mekdebi özüniň bilim, ylym we pedagogik mümkinçiliklerini artdyrýar. Şunda ýaşlary türkmen halkynyň gadymy ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelemek möhüm mesele bolup durýar.

Milli Liderimiziň öz çykyşlarynda ençeme gezek belleýşi ýaly, Watanymyzyň geljegi, onuň ertirki röwşen güni ýaş nesil we täze taryhy eýýamda başy başlanan beýik işleri dowam etdirjek adamlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hut şoňa görä-de, döwlet düýpli bilimlere eýe bolan, ylmy-tehniki ösüşiň ähli gazananlaryndan erkin baş çykarýan milli işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berýär, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi we olaryň gözýetiminiň giň bolmagy üçin ähli şertleri döredýär.

16-njy sentýabrda bolup geçen üç sany iri waka geografik taýdan örän amatly ýerleşýän we baý tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň bardygyny, ýurdumyzda häzirki zaman ulag düzüminiň, şeýle-de Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebitleýin we sebitara ulag ýollarynyň döredilýändigini alamatlandyrdy.

Şol güýz gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we biziň ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Wiktor Ýuşenko Atamyrat—Kerkiçi demir ýol köprüsini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdylar we ýene-de iki sany iri maýa goýum taslamasyna—Amyderýanyň üstünden awtomobil köprüsiniň hem-de Garlykda sement zawodynyň gurluşygyna badalga berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamalaryň örän zerurdygyny, ykdysady taýdan maksadalaýykdygyny belläp, bu desgalar ösen üstaşyr-ulag düzümini döretmek boýunça strategik wezipeleri çözmekde möhüm ädim bolar, diňe bir ýurdumyzyň gündogar sebitleriniň okgunly ösmegine däl, eýsem, tutuş milli ykdysadyýetimiziň ösmegine kuwwatly itergi berer, beýleki döwletler bilen netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam eder diýip nygtady. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň uzakmöhletleýin durmuş-ykdysady ösüşi baradaky strategiýasynyň hem-de "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" üstünlikli durmuşa geçirmekde hem aýratyn ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Balkan welaýatyndaky häzirki zaman “Garabogaz” serhetýaka nokadynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gümrük nokadynyň açylmagy milli Liderimiziň bu düzümiň işini kämilleşdirmek barada edýän aladsynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

2009-njy ýylyň wakalarynyň senenamasyny yzarlap, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek meselesine gaýdyp gelmek bilen, 9-njy oktýabrda Awazada Hazaryň kenarynda täze deňiz şypahanasynyň nobatdaky tapgyrynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň bolandygyny ýatlamak gerek.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, syýahatçylyk zolagyny innowasion taýdan ösdürmegiň esasy meseleleri barada durup geçdi. Olar iň täze inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmakdan we syýahatçylyk hyzmatynyň derejesini ýokarlandyrmakdan, gurluşygyň ýokary hilini we ekologik ülňülerine laýyk gelmegini üpjün etmekden, häzirki zaman binagärlik keşbini döretmekden hem-de deňizýaka ülkäniň täsin tebigatynyň häzirkizaman bezeg çözgütleri bilen saşlaşykly utgaşdyrylmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Ýurdumyzyň eýeçiligiň ähli görnüşlerinde işleýän önüm öndürijileri hemmetaraplaýyn goldamagyň hasabyna alyjylar bazarynda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmegi üpjün etmek türkmen döwletiniň Baştutanynyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar.

16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Baharly etrabynda guşçulyk toplumynyň ulanylmaga berilmegi bu ugurda geçirilen çäreleriň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz şeýle iň häzirki zaman ýöriteleşdirilen toplumyň ýurdumyzda ilkinji gezek açylýandygyny belläp, bu guşçulyk toplumy özüniň önümçilik we enjamlar bilen üpjünçilik derejesi boýunça Günbataryň şeýle toplumlaryndan birjik-de pes durmaýar diýip nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň “ýurduň altyn gaznasy” diýip atlandyrmak bilen, döwletiň mundan beýläk hem hususy işewürligiň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini aýtdy.

20-nji oktýabrda Kaka serhet birikmesinde täze “Ýaşlyk” serhet galasynyň açylmagy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 18 ýyllygy mynasybetli türkmen serhetçileri üçin ajaýyp sowgat boldy. Serhet galasynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň çäklerinde Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde gurlan ýurdumyzda iň kuwwatly pagta egriji fabrigiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Iri pagta egriji kärhananyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň dokma senagatynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek, şeýle hem pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmak maksadynda alnyp baryldy. Fabrik sebitde şeýle kärhanalaryň iň ulusy bolmak bilen, ýylda 19 müň 400 tonna pagta süýümini gaýtadan işlemäge, 17 müň 700 tonna pagta ýüplügini öndürmäge we 500-den gowrak adamy iş orunlary bilen üpjün etmäge ukyplydyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri obany hemmetaraplaýyn özgertmek, obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilent baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda pudagy durnukly ösdürmäge, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga, döwlet we hususy sektoryň önümçilik düzümini kämilleşdirmäge gönükdirilen işler yzygiderli alnyp barylýar.

21-nji oktýabr ýene bir şanly waka beslendi. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarp ýerli Döwletli etrabynyň täze edara ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Amyderýanyň sag kenaryndaky Ýylgynagyz, Bataş düzlüklerinde we beýleki tarp ýerlerde döredilen Döwletli etraby ýurdumyzyň kartasynda 2007-nji ýylda peýda boldy. Häzir Döwletli etraby täze türkmen obasynyň aýdyň nyşanlarynyň birine, milletiň Lideriniň başyny başlan obasenagat toplumyndaky düýpli özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň netijesine öwrüldi. Bu etrabyň döredilmegi ekin meýdanlaryny giňeltmek, şunuň bilen birlikde ilaty, ilkinji nobatda, ýaşlary iş bilen üpjün etmek ýaly möhüm wezipäniň çözülmegine ýardam etdi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwletli etrabynyň häkimliginiň täze edarasynyň, Medeniýet merkeziniň, körpeleriň 90-syna niýetlenen çagalar bagynyň, 320 orunlyk täze mekdebiň açylyş dabaralary boldy.

Şol gün häzirki zaman lukmançylyk edaralary, şol sanda iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen Saglyk öýi Döwletli etrabynyň ýaşaýjylary üçin öz gapylaryny giňden açdylar.

Her biri iki maşgala niýetlenen kottej görnüşindäki iki gatly ýaşaýyş jaýlarynda dolandyryş merkeziniň ýaşaýjylary täze jaý toýlaryny tutdular. Olarda ähli amatlyklar döredildi. Jaýlaryň otaglary, aşhanalary örän amatlydyr. Zerur bolan inženerçilik-tehniki kommunikasiýalar bolsa ýaşaýjylar üçin goşmaça amatlyklary döredýär.

Etrap merkeziniň açylmagyna çenli durmuşda ulanylýan gaz geçirijisiniň, lagym ulgamynyň, energiýa ulgamlarynyň gurluşygy hem tamamlandy, iki transformatorly elektropodstansiýa we uzynlygy 20 kilometre barabar bolan elektrik geçiriji ulgam, iň täze enjamlar bilen üpjün edilen, Döwletli etrabynyň ilatyna telefon aragatnaşygyň iň häzirki zaman görnüşlerinden hem-de Internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän aragatnaşyk kärhanasynyň administratiw-tehniki binasy ulanylmaga berildi. Mundan başga-da, etrap merkeziniň düzümi söwda merkezini, üsti ýapyk bazary, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň başga-da birnäçesini öz içine alýar. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde türkmen obasynyň täze nusgasy emele geldi. Onda etrabyň ýaşaýjylarynyň döredijilikli zähmet çekmegi we olaryň abadan durmuşy üçin ýokary derejeli ähli zerur şertler döredildi.

Milli saglygy goraýyş we sanatoriýa-şypahana ulgamyny döwrebaplaşdyrmak meselesine gaýdyp gelip, meşhur “Arçman” şypahanasynda we onuň Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda ýerleşýän şahamçasynda—suw bilen bejerýän “Ýyly suwda” häzirki zaman sagaldyş merkezleriniň açylandygyny belläp geçmelidiris. 28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bolup geçen bu waka Türkmenistanda adamlaryň saglygyny goramak we berkitmek üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen tapgyrlaýyn işleriň yzygiderli alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Gurlan täze binalar şypahanalary dünýä derejesindäki şypahanalaryň hataryna çykarmaga mümkinçilik berýär. Olarda raýatlarymyz, şol sanda köp çagaly maşgalalary kabul etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Täze desgalaryň açylyş dabaralarynda döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýakyn ýyllarda biziň ýurdumyzy halkara syýahatçylyk we şypahana merkezine öwürmek üçin bizde ähli şertler we mümkinçilikler bar.

2009-njy ýylyň iň soňky aýy umumydünýä möçberindäki taryhy ähmiýetli waka beslendi.

14-nji dekabr güni Türkmenistanyň iň täze taryhynyň ýyl ýazgysyna ählumumy rowaçlygyň, okgunly ösüşiň we ykdysady taýdan abadançylygyň bähbitlerine netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup girdi. Şol şanly günde ХХI asyryň iri energetika magistraly bolan Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisi işe girizildi.

Bu dabara Türkmenistanyň Prezidentiniň we üç dostlukly ýurduň—Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Gazagystan Respublikasynyň liderleriniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň 29-njy awgustynda Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda bu ägirt uly taslamanyň iň ýüzünde durmuşa geçirlip başlanmagyna badalga berendigini ýatlamalydyrys.

Transaziýa gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmegi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik berdi. Bir mahallar şol ýol boýunça Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda söwda – medeni gatnaşyklar, haryt alyş – çalşygy bolypdyr. Taslamanyň amala aşyrylmagy syýasy erkiň we oňyn çemeleşmäniň bolan ýagdaýynda baş maksada—taslama gatnaşyjylaryň ählisiniň we her biriniň—önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitleriniň sazlaşygyny üpjün etmek maksadyna ýetip bolýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň açylyş dabarasynda nygtaýşy ýaly, täze gaz geçirijisi bu şerte doly laýyk gelip, taslama gatnaşyjylaryň jogapkärçiliginiň we uzakdangörüjiliginiň, olaryň energetika ulgamynda özara gatnaşyklaryň bitewi çemeleşmelerine we ýörelgelerine ygrarlydygynyň, bu meselelerde döwletara hyzmatdaşlygynyň syýasy we ykdysady özenine garaýyşlarynyň umumylygynyň nusgasyna öwrüldi.

Öz nobatynda, Hytaýyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň baştutanlary gaz geçirijisiniň işe girizilmegi däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýyl ýazgysyna täze ajaýyp sahypany ýazar, Aziýa sebitiniň ykdysady taýdan gülläp ösmeginiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam eder diýip bellediler. Şeýle hem bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýangyç-energetika ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge düýbünden täzeçe çemeleşmeleri kemala getirmegiň, sebitleýin we ählumumy möçberde durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygy bellenildi.

28-nji dekabrda, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde durky täzelenen “Watan” kinokonsert merkeziniň dabaraly açylyşyna gatnaşdy. Munuň özi Türkmenistanda ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Milli kino sungaty bolsa onuň möhüm bölegi bolup durýar.

Beýik özgertmeler eýýamy ýurdumyzyň kino sungatyny ösdürmek üçin täze sepgitleri we giň mümkinçilikleri açdy. Bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ep-esli pugtalandyrylmagy, ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünärli ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagy diňe soňky ýyllarda bu ugurda amala aşyrylan işleriň bir bölegidir. Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynda gatnaşyklary giňeltmäge ähmiýet berip, ýurdumyzda halkara döredijilik maslahatlaryny geçirmek, şeýle hem türkmen kinematografiýaçylaryny daşary ýurtlarda guralýan abraýly festiwallara we bäsleşiklere gatnaşmagy bilen baglanyşykly başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.

Şeýlelikde, 2009-njy ýylyň wakalarynyň senenamasy ýurdumyzy bütin dünýäde öňdäki hatarlara çykarmak wezipesi bolsun ýa-da Türkmenistany hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen, milletiň aňynyň täze derejesine we onuň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine esaslanýan giň möçberli maksatnamalary işläp taýýarlamak bolsun, tapawudy ýok, öňde goýlan maksatlara ýetmekde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň batyrgaýdygynyň we yzygiderlidiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Beýik özgertmeler eýýamynyň üçünji ýylynda öňki ýyllara garanyňda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli pudaklaryndaky köpugurly özgertmeler has-da ýokary derejede işjeňleşdirildi. Bu bolsa diňe bir biziň halkymyza däl eýsem başga ýurtlara-da özüniň öňyn netijesini berdi diýip, ýene bir gezek belleýäris.

Şeýlelikde, 2009-njy ýyl özüniň täze gazananlaryny we beýik ýeňişlerini XXI asyryň birinji on ýyllygyny tamamlaýan 2010-njy ýyla geçirdi, şeýle hem ýurdumyzyň gazanan üstünilkleriniň üstüni ýetirdi.

Bu barada biz indiki makalamyzda gürrüň bereris...