Paýtagtymyzyň muzeýleri we galareýalary Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan sergileri görmäge çagyrýar. Bu sergilerde häzirkizaman şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlary we döredijilik garaýyşlary beýan edilen eserler gelýänleriň dykgatyna hödürlenýär.
Sergi zallarynda görkezilýän akwarel, grafiki we nakgaş eserlerinde olaryň awtorlarynyň türkmen topragyna bolan söýgisi aýdyň beýanyny tapypdyr. Tebigatyň täsin görnüşlerini suratlandyrmakdan başga-da awtorlar şu günleriň alamatlary mese-mälim duýulýan eserlerinde döwrüň ideýalaryny we meýillerini ýokary çeperçilik usullary arkaly beýan etmäge çalşypdyrlar. Mysal üçin I.Pawloskaýanyň şäher durmuşynyň keşbinde suratlandyrylan başnýa kranlarynyň gyzyl peýkamlary şekillendirilen «Täze şäher» atly işi şeýledir. Dogrudan hem , eger okgunly ösüşini, ýokary depginli durmuşyny alamatlandyrýan ýurdymyzyň şu gününiň nyşanyny döretmeli bolsa, onda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde örän giň geriim bilen alnyp barylýan gurluşygyň aýrylmaz bölegi bolan göteriji kran öz mynasyp ornuny almalydyr.
Biz her gün radio we telegepleşikler arkaly, ýurdymyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada eşidýäris, gurluşyk meýdançalaryndan reportažlary gezet sahypalarynda okaýarys. Göräýmäge şeýle ýönekeý, emma şeýle zerur bolan bu tehnika entek biziň ýetip bilmedik belentliklerimize, kämillige tarap hereketleriň özboluşly nyşanyna öwrülip, belentliklerde has täze, ajaýyp sepgitleriň garaşýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda ägirt uly ganatlaryny ýaýyp barýan guşy ýatladýan göteriji kranlar obalarymyzyň we şäherlerimiziň ösüşiniň özboluşly nyşanyna öwrülýär.
Türkmen hudožnikleriniň döredijiliginde milli däp-dessurlar we olaryň dowamaty aýratyn orun eýeleýär. Awtorlar halk mirasyna her gezek täzeçe beýan edilýän milli estetiki çeşmeleriň özboluşly, ylham beriji medeniýet hökmünde garaýarlar. Şunda halk amaly-bezeg sungaty aýratyn orun eýeleýär.
Şekillendiriş sungaty muzeýinde bolsa ýurdyň fotosuratçylarynyň bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Olaryň işlerinde türkmenistanlylaryň gündelik durmuşy, şadyýan milli baýramçylyklar fotosuratlaryň baş gahrymanlarynyň – ýurdyň we adamlaryň durmuşy hakynda söhbet edilýär. Surat alynýan enjamyň jadyly şyrkyldysy bilen bakylyga öwrülen her pursatyň öz taryhy bar. Olaryň hemmesi birleşip Türkmenistanyň iň täze taryhynyň ýyl ýazgysyny düzýärler.