Ï Türkmenistan –Owganystan: hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmegiň möhüm tapgyry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan –Owganystan: hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmegiň möhüm tapgyry

view-icon 2511
21-nji fewralda Türkmenistan bilen Owganystan Yslam respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 20 ýyl dolýar. Bu sene iň täze taryhda iki halkyň hyzmatdaşlygynda täze eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Bu gün halkara derejesinde özara gatnaşyklaryň tejribesi, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýokary ygtybarly derejesinde bolup, dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça uly goldawa we ynama eýe bolýar. Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky häzirki wagtda emele gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ozaly bilen iki halkyň ruhy medeni umumylygyna, däp bolan köp asyrlyk ynsanperwerlik we söwda gatnaşyklaryna , şeýle hem parahatçylyk , ylalaşyk we howpsuz ösüş ýaly umymadamzat gymmatlyklaryna esaslanýar.

Türkmenistan ählimumy we sebit möçberinde syýasy diplomatik gatnaşyklarynyň esasyny düzýän sebitde durnuklylyk meselelerine aýratyn üns berýär. Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda dünýä bileleşigi bilen birlikde özüniň oňyň bitaraplyk derejesinden ugur alyp, Owganystanda syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýy kadalaşdyrmagyň çäklerinde netijeli işleri amala aşyrýandygyny dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde görkezdi.

Hyzmatdaşlyk ýyllary içinde biziň ýurtlarymyz özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ygtybarly halkara –hukuk binýadyny döretdiler. Şunda halkara derejesinde deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we giňeltmekde iki döwletiň hem uly geljegi we mümkinçilikleri bar.

Türkmen – owgan gatnaşyklaryny işjeň ösdürmekde döwlet baştutanlarynyň ikisiniň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýy gürrüňsiz suratda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Şunda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy diňe bir iki ýurduň halklarynyň abadançylygyna oňyn täsirini ýetirmak bilen çäklenmän, eýsem tutuş sebit üçinem bähbitlidir. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý ikitaraplaýyn , şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde oňyn gepleşikleriň birnäçesini geçirdiler.

Iki döwletiň baştutanlarynyň bilelikdäki tagallalary we syýasy erki netijesinde soňky döwürde türkmen-owgan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykaryldy. Şunda Owganystan Yslam respublikasynyň prezidentiniň 2007-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana bolan resmi sapary uly ähmiýete eýe boldy. 2008-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystana bolan döwlet saparynyň çäklerinde ýokary derejedäki syýasy gepleşikler dowam etdirildi. Bu sapar biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze binýadyny tutdy. Ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleri taraplaryň döwletara we halkara syýasy diplomatik gepleşikleri çuňlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn giňeltmäge we işjeňleşdirmäge ygrarlydyklaryny ýene bir gezek görkezdi.

Ýokary derejedäki türkmen-owgan gatnaşyklarynyň yzygiderli häsiýete eýedigini bellemek hem örän möhümdir. Bu bolsa özara gatnaşyklary dürli görnüşdäki döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berýär . Munuň şeýledigini 2009-njy ýyldan şu ýylyň ýanwar aýyna çenli iki döwletiň baştutanlarynyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikleriň tutuş tapgyrynyň geçirilendigi hem şaýatlyk edýär. Olaryň barşynda taraplar sebit we halkara derejesindäki möhüm meseleleriň ençemesi boýunça pikir alyşdylar.

Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmek –bu diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlyk we ygtybarly ösüşi üçin oňyn şertleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem has giň möçberlerde hem ähmiýete uludyr. Şunuň bilen baglylykda biziň ýurdumyz doganlyk ýurduň durmuş-ykdysady infrastrukturasyny dikeltmäge we göňşy ýurtdaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga gönükdirilen çäreleriň tutuş toplumyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şunda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giň halkara gatnaşyklary bilen aýrylmaz baglanyşykdadygyny bellemek möhümdir.

2010-njy ýylyň sentýabr aýynda BMG-iň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çykyşy owgan meselesini çözmekde öňyn we möhüm häsiýete eýe boldy. Türkmen döwletiniň baştutany bu meseläni netijeli çözmegiň ýolunda halkara jemgyýetçiligine öz başlangyçlaryny beýan etmek bilen owgan topragynda parahatçylygyň we asudalygyň berkarar edilmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdy.

Türkmenistan özüniň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny alyp barmak bilen Owganystan hökümetiniň ýurtdaky ýagdaýy diplomatik çäreler arkaly kadalaşdyrmaga, bu ýurtda milli ylalaşyk ýagdaýyny döretmäge gönükdirilen tagallalaryny goldaýar. Şu meselede taraplar ähliumumy ösüşe degişli bolan islendik meseläniň diňe syýasy we diplomatik ýollar bilen çözmegi ýörelge edinýändikleri babatda umumy garaýşa gelýärler. Türkmen döwletiniň baştutanynyň pikiri boýunça munuň özi Owganystanyň içindäki ýagdaýlary kadalaşdyrmakda biziň ýurdumyzyň öňe sürýän nukdaý nazaryna laýyk gelýär we bu meselede Türkmenistan Owganystana hemmetaraplaýyn ýardam we goldaw bermäge taýýardyr.

Mälim bolşy ýaly Türkmenistan bitarap derejesine eýe bolan ýurt hökmünde öňki ýyllar hem owganara gepleşiklerini geçirmek üçin syýasy giňişligi üpjün etdi. Şunuň netijesinde bu ugurda belli bir üstünlikler gazanyldy. Häzirki wagtda Owganystandaky ýagdaýy hasaba almak bilen gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasyndaky diplomatik gepleşikleri geçirmek meselesi ýene-de möhüm häsiýete eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly türkmen baştutany Milletler Bileleşiginiň belent münberinden BMG-iň howandarlygy astynda Owganystanda ynanyşmak ýagdaýyny döretmek we netijeli işleýän döwlet häkimiýet institutlaryny ösdürmek boýunça Türkmenistanda ýokary derejedäki halkara duşuşygyny geçirmäge biziň ýurdumyzyň taýýardygyny beýan etdi.

Syýasy –diplomatiki ugur boýunça ýardam bermekden başga-da bu ýurduň halkyna anyk we netijeli ykdysady hem-de ynsanperwerlik kömegini bermek Owganystanyň parahat durmuşyna gaýdyp gelmeginde möhüm çäre bolup durýar. Owganystan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti anyk ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitledi. Türkmenistan- Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistandan Owganystana demir ýol çekmegiň taslamalaryny amala aşyrylmagynyň başlanylmagy Owganystanyň ählimumy geosyýasy we geoykdysady giňişlige goşulyşmagynda möhüm ädim bolar.

Mundan başga-da Türkmenistan biziň ýurdumyzdan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini we kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça çäreleriň toplumyny amala aşyrýar. Munuň üçin Türkmenistan Lebap we Mary welaýatlarynda täze elektrik geçirijilerini ulanmaga bermek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge girişdi. Olar owgan ugry boýunça elektrik energiýasyny ugratmakda peýdalanylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu başlangyçlary goňşy ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge, durmuş meselelerini, ozaly bilen bolsa ilaty iş orunlary bilen üpjün etmek meselelerini çözmäge uly ýardam eder. Şeýle hem bu taslamalaryň amala aşyrylmagy Owganystana daşary ýurt maýalaryny çekmek hem-de ulag kommunikasiýalaryny giňeltmek uçin degerli şertleri döreder. Amala aşyrylýan bu çäreler Owganystanyň durmuş-syýasy ýagdaýyny kadalaşdyrmakda uly ähmiýeti bolar.

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan hökümetara bilelikdäki topary hereket edýär. 2008-nji ýyldan başlap Türkmenistyanyň we Owganystanyň degişli hökümet düzümleri bu toparyň üç mejlisini geçirdi. Onuň soňkysy geçen ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçirildi.

Türkmenistan ählimumy ähmiýete eýe bolan ileri tutulýan meseleleri çözmekde jebisleşip hereket etmek ýörelgelerine yzygiderli eýerýändigini görkezýär. Bu babatda biziň döwletimiziň daşary syýasy ugry Owganystandaky ýagdaýy tizden tiz kadalaşdyrmaga gönükdirilen halkara tagallalaryny durmuşa geçirilmeginde işjeň gatnaşmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan özüniň bitarap daşary syýasy ugruna ygrarly bolmagyny hasaba almak bilen, ählimumy parahatçylygyň we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň, döredijilikli ösüşiň we dünýäniň syýasy giňişliginde özara düşünişmegiň bähbitlerine gönükdirilen Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy sebitde ygtybarly ösüşiň binýady bolup hyzmat edýär.

Türkmen we owgan halklarynyň arasyndaky köp asyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşyçylyk hem-de özara düşünişmek gatnaşyklaty häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan bilen Owganystan Yslam respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň häzirki şanly senesi iki doganlyk halklarynyň gatnaşyklarynyň taryhynda ýene bir möhüm sepgit bolar.