Türkmenistan we dünýä bileleşigi
Şu makala bilen täze eýýamyň ägirt uly özgertmelerine bagyşlanan synymyz tamamlanýar. Bu syn ýurdumyzyň merkezi neşirlerinde 15-nji fewralda çap edilen “Halk saýlawy milli demokratiýanyň gadymy ýörelgeleriniň dabaralanmasydyr” diýen makaladan başlanypdy. Soňra okyjylara ählihalk tarapyndan saýlanan Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bäş ýylyň dowamynda geçen şöhratly ýoluna göz aýlamaga mümkinçilik berildi.
Şol döwürde bolan wakalar barada gazet sahypalarynda ýaýbaňlandyrylan syn türkmen halkynyň iň täze taryhynyň bu döwürde bolup geçen ähmiýetli wakalaryň ählisini öz içine alyp bilmändigini bellemelidiris. Şol makalalarda milli Liderimiziň Türkmenistany ösdürmek boýunça ädýän örän möhüm ädimleri, bizi belent sepgitlere getiren wakalar şöhlelendirildi.
Bu sepgitler ýaş döwletiň içerki meseleleri bilen däl, eýsem, ösen we ösüp gelýän ykdysadyýetleriň, kämil we ýaş demokratiýalaryň öňünde örboýuna galan döwrüň täze talaplary bilen şertlendirildi. Türkmenistan dünýä ölçegleriniň täze ulgamyna goşulmalydyr we ýurduň ägirt uly serişdeler mümkinçiliklerinden, onuň amatly geostrategiki ýagdaýyndan, hemişelik Bitaraplyk derejesinden ugur alyp, içerki ösüşini dowam etdirmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy” diýen monografiýasynda ýazýar.
Döredijiliki diplomatiýasy
Şeýlelikde, milli Liderimiz ýurdumyzy ösdürmek babatda diňe bir ýakyn geljek üçin däl, eýsem, onýyllyklar üçin meýilnamany kesgitläp, türkmen halkynyň we döwletiň geljegini, onuň bütin dünýädäki ornuny anyk görýändigini mälim etdi. Bu garaýyş ýurdumyzda içerki özgertmeleriň ählisini we onuň daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şertleriniň biri boldy.
Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan jemgyýetçilik-syýasy prosesleriniň yzygiderliligine eýerip, biz bu synymyzy milli demokratiýanyň gözbaşlaryndan başlamagymyz tötänden däldir. Çünki türkmen halky özüniň syýasy, ruhy, medeni däplerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, olary has-da ösdürmegi hem-de özbaşdak taryhy döredijilik we ösüş ýoluna düşmegi hem-de dünýäde jebis jemgyýetli, syýasy taýdan durnukly döwlet hökmünde berkarar bolmagy başardy. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan daşary syýasat strategiýasynda öz beýanyny tapyp, Türkmenistana ählumumy meseleleri çözmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, ygtybarly we amatly hyzmatdaş, parahatçylyga we ynsanperwerlige gyşarnyksyz eýerýän döwlet hökmünde orta çykmaga mümkinçilik berdi.
Biziň döwletimizde üstünlikli amala aşyrylýan köptaraplaýyn özgertmeler bütin dünýä bilen işjeň gatnaşyklarda dowam etdirilýär. Biziň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty ähli ugurlar boýunça biri-biriniň üstüni doldurýar. Türkmenistanyň daşary syýasat bähbitleri onuň içerki ileri tutulýan meseleleri we milli bähbitleri nazara alnyp amala aşyrylýar. Şol bir wagtyň özünde içerki syýasatyň meseleleri ählumumy prosesler jähetinden öňe sürülýär we çözülýär. Ol ýurdumyzyň diplomatik, halkara işinde öz beýanyny tapýar.
Ählumumy bähbitlere we abadançylygyň hatyrasyna dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygidreli giňeltmek we ösdürmek Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda biziň ýurdumyzda we ýakyndaky hem-de alysdaky döwletleriň onlarçasynda ýokary derejede geçirilen duşuşyklar Türkmenistanyň we onuň Lideriniň abraýynyň artýandygynyň esasy görkezijisi boldy.
Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara bolan saparlarynyň geografiýasy ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň köp ugurlydygyny görkezýär, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň many-mazmuny bolsa onuň ykdysady ugurlydygyny, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň wezipelerini çözmäge gönükdirilendigini şöhlelendirýär.
Ýakyn Gündogar ugry
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylda ilkinji resmi saparynyň Saud Arabystany Patyşalygyna bolmagynyň simwoliki manysy bardyr. Şol ýerde milli Liderimiz ynsanlaryň millionlarçasy üçin mukaddes bolan ýerlere zyýarat etdi. Bu sapar örän uly ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ugurlarynyň birini—Ýakyn Gündogar ugruny kesgitledi. Bu ýurduň hökümetiniň agzalary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň, şeýle hem işewürler bilen bolan duşuşyklaryň barşynda ýangyç-energetika toplumy, oba hojalygy, şähergurluşygy, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ýaly ileri tutulýan ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýeri gelende aýtsak, hut şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji gezek daşary ýurtly işewürleriň we maýadarlaryň ünsüni Hazar deňziniň kenarynda häzirki zaman syýahatçylyk düzümini döretmek meselesine çekdi (mälim bolşy ýaly, şondan bir aý geçenden soň, 2007-nji ýylyň maýynda bu pikir eýýäm üç döwletiň—Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň baştutanlarynyň Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşygynda halkara möçberli taslama hökmünde resmi taýdan yglan edildi).
Başgaça aýdylanda, döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurt saparlary ilki başdan Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçiliklerini, onuň ykdysady kuwwatyny tanyşdyrmak bilen baglanyşykly boldy.
Ýöne döwlet baştutanlarynyň özara saparlarynyň mysalynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Ýakyn Gündogar ugrunyň ösüşi bilen baglanyşykly meselä gaýdyp geleliň. 2007-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna, 2007-nji ýylyň awgustynlda bolsa Birleşen Arap Emirliklerine saparlary boldy. 2008-nji ýylyň fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Şondan iki ýyl geçen soň, 2010-njy ýylyň fewralynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de BAE-de saparda boldy, birnäçe günden soň bolsa, iki döwletiň baştutanlary Türkmenistanda, Maryda duşuşdylar. Soňra, 2008-nji ýylyň awgustynda Iordaniýanyň Patyşasy Türkmenistanyň belent mertebeli myhmany boldy; Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýa Haşimit Patyşalygyna jogap sapary bolsa 2009-njy ýylyň iýun aýynda boldy.
2010-njy ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Baştutany Katar Döwletinde, 2011-nji ýylyň fewralynda bolsa Bahreýin Patyşalygynda saparda boldy. Bu saparlar türkmen diplomatiýasynyň arap Gündogaryndaky işine kuwwatly itergi berdi.
Hormatly Prezidentimiz Ýakyn Gündogar döwletleri bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny medeni-gumanitar we söwda-ykdysady ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meýli esasynda pugtalandyrmaga aýratyn üns berýär. Ýangyç-energetika toplumy möhüm orun eýeleýän milli ykdysadyýetleriň düzümleriniň meňzeşligi tutuş türkmen-arap hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilmeginiň möhüm şerti boldy.
Ýokary derejedäki türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösüşi hem okgunly häsiýete eýedir. Şol gatnaşyklar iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýokarydygyny, şeýle hem hyzmatdaşlygyň baý mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň ýollarynyň işjeň gözlenilýändigini görkezýär. Mysal üçin, 2007-nji ýylyň dekabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen geldi; şondan birnäçe aý geçenden soň, 2008-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä resmi sapary boldy. Şol ýylyň noýabr aýynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň baştutanlarynyň duşuşygy boldy. 2009-njy ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynda saparda boldy, 2010-njy ýylyň noýabrynda bolsa Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistana geldi. Abdulla Gülüň Türkmenistana soňky sapary 2011-nji ýylyň maý aýynda boldy.
Şu saparlaryň ählisi we olaryň çäklerinde bolan gepleşikler taraplaryň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi. Biziň ýurdumyzyň Ýakyn we Orta Gündogara üns bermeginiň biziň sebitimiziň tutuş halkara gatnaşyklar ulgamy üçin ägirt uly ähmiýete eýedigi bilen şertlendirilendigini bellemelidiris. Bu ýerde dünýäniň köp meselelerini çözmäge täsir edýän şertler jemlenendir. Şoňa görä-de, howpsuzlyk ulgamy döwletara gepleşikleriniň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Türkmenistan özara ynanyşmak we oňyn gatnaşyklar ýagdaýyny berkarar etmäge we saklamaga mynasyp goşant goşmaga çalşyp, Ýer ýüzündäki ähli halklaryň parahatçylykly, durnukly ösüşiniň bähbidine döredijilikli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ünsi çekýär.
Orta Gündogar: hoşniýetli goňşuçylyk serhetleri
Orta Gündogar barada aýdylanda bolsa, bu ugruň biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýändigini bellemelidiris. Munuň özi, ilkinji nobatda, Eýran, Owganystan we Pakistan ýaly döwletleriň çäk taýdan ýakyndygy bilen şertlendirilendir.
Hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk däpleri esasynda ösýän ysnyşykly syýasy gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasy hökmünde döwlet Baştutanlarynyň resmi saparlaryna ýüzleneliň. 2007-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary boldy; şol ýylyň awgustynda EYR-nyň Prezidenti Türkmenistana geldi. Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky resmi duşuşyklary 2009-njy ýylyň ýanwarynda Tähranda, bir ýyldan soňra—2010-njy ýylyň ýanwarynda Aşgabatda, ýene-de 2010-njy ýylyň noýabrynda Eýranyň paýtagtynda boldy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2010-njy we 2011-nji ýyllaryň martynda Eýranda Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň çözgüdi bilen parahatçylygy we ylalaşygy, dostlugy we hoşniýetli goňşuçylygy, ynsanperwerligi we döredijiligi alamatlandyrýan bu gadymy bahar baýramynyň bütin adamzadyň ruhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilendigini we indi dünýäde halkara baýramy hökmünde bellenilýändigini ýatlatmalydyrys.
Gadymdan bäri türkmen halkynyň esasy gymmatlyklary bolan bu belent ýörelgeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän we sebitdäki, şeýle hem dünýädäki ähli döwletler bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynda öz mynasyp beýanyny tapdy. Eýran topragynda geçirilen baýramçylygyň çäklerinde milli Liderimiziň Eýran Yslam Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylary, şol sanda Owganystanyň Prezidenti Hamid Karzaý bilen bolan duşuşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan hemişe doganlyk owgan halkyna tüýs ýürekden raýdaşlyk bildirip, Owganystanyň ykdysady we medeni taýdan gaýtadan dikeldilmegine mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny tassyklaýar.
Döwlet Baştutanlarynyň şahsy duşuşyklarynda hem dostluk, doganlyk, birek-birege ynanyşmak häsiýeti mahsusdyr. Geçen 5 ýylyň dowamynda Owganystanyň Prezidentiniň biziň ýurdumyza dört sany—2007-nji ýylyň iýulynda, 2008-nji ýylyň aprelinde, 2011-nji ýylyň maýynda we 2012-nji ýylyň ýanwarynda resmi saparlary boldy. Ol ilkinji gezek Türkmenistana 2007-nij ýylyň 14-nji fewralynda milli Liderimiziň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin myhman hökmünde geldi. 2010-njy ýylyň 11-nji dekabrynda bolsa Hamid Karzaý Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” taryhy duşuşyga gatnaşdy. Şol duşuşyk, sözüň doly manysynda, TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanandygyny alamatlandyrdy. Ýokary derejedäki şol duşuşyga Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari we Hindistanyň nebit we tebigy gaz ministri hem gatnaşdylar.
Duşuşygyň öňüsyrasynda Asif Ali Zardariniň iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Pakistanyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Ýokary derejedäki türkmen-pakistan gepleşikleriniň nobatdaky tapgyry şondan bir ýyldan soň, 2011-nji ýylyň noýabrynda Yslamabatda geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şol ýere ilkinji resmi sapary bilen bardy. Bu duşuşyk häzirki zamanyň anyk ýagdaýlaryny we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini şöhlelendirýän hem-de taraplaryň kabul eden döwletara resminamalarynyň ençemesinde öz beýanyny tapan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejesini kesgitledi.
Gynansak-da, has uly makalada hem bu saparlaryň her biri barada jikme-jik durup geçmek mümkin däldir, çünki türkmen döwletiniň Baştutanynyň gatnaşmagynda geçen bäş ýylyň dowamynda bolup geçen daşary syýasy wakalary sanap geçmegiň özi-de köp ýeri eýelärdi. Şoňa görä-de, biz şol döwürde Türkmenistanyň daşary syýasat gatnaşyklarynyň ösüşiniň many-mazmunyny kesgitlän diplomatik işiň esasy ugurlary barada durup geçmegi makul bildik.
Uzak Gündogara barýan köpri
“Gündogar” ugry baradaky meseläni dowam etdirip, Uzak Gündogara gaýdyp geleliň. Şunuň bilen baglylykda, gatnaşyklaryň yzygiderliligini göz öňüne getirmek üçin wakalara wagt yzygiderliligi babatda syn bereliň. Bu sanaw 2007-nji ýylyň iýuly bilen açylýar, şonda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna resmi sapary boldy. Soňra, 2008-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti ХХIХ tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Pekine geldi. Şondan biraz soň, şol aýda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň Türkmenistana döwlet sapary boldy. Şondan soňraky ýyl hem biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynyň taryhynda örän ähmiýetli boldy. 2009-njy ýylyň 13-14-nji dekabrynda HHR-iň, Özbegistanyň we Gazagystanyň Baştutanlary “Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý” transmilli gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Soňra, 2010-njy ýylyň ýazynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary boldy. Türkmen Lideri şol ýerde Bütindünýä sergisine ilkinji gezek gatnaşýan Türkmenistanyň pawilonunyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu sergi şol ýyl Şanhaý şäherinde geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň noýabrynda Hytaý Halk Respublikasyna bolan döwlet sapary hem taryhy ähmiýete eýe boldy. Bu sapar diňe bir türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysynda ähmiýetli waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň geosyýasy kartasynda düýbünden täze ugurlaryň kemala gelýändigini alamatlandyrdy. Örän köp sanly resminamalara, ýagny 14 sany resminama-ylalaşyklara, ähtnamalara we hökümetara hem-de döwletara derejesindäki beýleki resminamalara gol çekilmegi ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşikleriniň örän netijeli bolandygyny alamatlandyrdy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saparyň çäklerinde Şençžen şäherindäki aýratyn ykdysady zolaga baryp gördi we şol ýerde türkmen gazyny Hytaýyň Guandun we Gonkong welaýatlaryna akdyrmak dabaralaryna gatnaşdy. Türkmen Lideri şol ýerde Ýörüte Gongong administratiw etrabynyň hökümetiniň baştutany we dünýä ähmiýetli maýa goýum we maliýe işjeňliginiň bu möhüm merkeziniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň Uzak Gündogar ugry hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respulikasyna bolan döwlet sapary bilen berkidildi. Şol ýerde ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Saparyň maksatnamasynda şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar we şu ýurduň esasy senagat kärhanalaryna baryp görmek çäresi girizildi. Bu duşuşyklaryň many-mazmuny barada aýdyp, Koreýanyň ýokary tehnologiýalardan we milletiň intellektual mümkinçiliklerinden ugur alýandygy biziň ýurdumyzda uly gyzyklanma döredendigini bellemelidiris. Çünki Türkmenistan hem häzirki eýýamda durmuş-ykdysady ösüşiň hut şu ugruna aýratyn üns berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylyň dekabr aýynyň ortasynda Ýaponiýa bolan resmi sapary Aziýa—Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy. Ýaponiýanyň Imperatory we ýurduň Premýer-ministri bilen duşuşyklaryň barşynda türkmen-ýapon gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça giňişleýin pikir alşyldy.
Hormatly Prezidentimiziň 2010-njy ýylyň maýynda Hindistana bolan sapary ýurdumyzyň daşary syýasy gatnaşyklarynyň geografiýasyny giňeltdi. Nýu-Delide gazanylan ylalaşyklar ikitaraplaýyn türkmen-hindi gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy we Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda parahatçylygy, birek-birege düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Däbe öwrülen ugurlardan başga-da, bu saparyň çäklerinde ýokary tehnologiýalar ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Hindistan bu babatda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy innowasion ösüşe gönükdirmek bilen, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna, ylym we tehnologiýalar ulgamlaryna ornaşdyrmagy maksadalaýyk höweslendirýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Yklymyň Aziýa böleginiň üstünden çekilen ýene-de bir simwoliki köpri Aşgabady we Kuala-Lumpury baglanyşdyrdy. Ol has ysnyşykly, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýan iki ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy erk-islegini alamatlandyrdy.
Bu babatda 2011-nji ýyl hem uly ähmiýete eýe boldy. Şol ýylyň iýul aýynda Malaýziýanyň Premýer-ministri jenap Mohd Najib Tun Abdul Razak resmi sapar bilen Aşgabada geldi, dekabr aýynda bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýa resmi sapary bilen bardy. Bu ýerde iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin strategik ulgamy bolan ýangyç-energetika toplumyndan başga-da, ýokary tehnologiýalar we işewürlik ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýlelikde, köp sanly gepleşikleriň barşynda täze çemeleşmelere aýratyn orun berlendigini aýtmak bolar. Olaryň ählisinde daşary söwda, ykdysady hyzmatdaşlyk, medeni gatnaşyklar ýaly möhüm meseleler wajyp orun eýeledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda durmuş-ykdysady şertleriň düýpgöter özgerendigini, ýurdumyzda özgertmeleriň çuňňur häsiýete eýe bolandygyny we şeýlelikde, täzelikleri, öňdebaryjy tehnologiýalary we täsin “nou-haulary” çekmek arkaly diplomatik mehanizmleri sazlaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini bellemelidiris.
Ýewropa ugry
Hut ýurdumyzyň milli bähbitleri, ykdysady pragmatizm türkmen döwletiniň Baştutanynyň daşary ýurt saparlarynyň geografiýasyny kesgitledi. Onda okgunly ösýän ykdysadyýetli iri Aziýa döwletleri, şeýle hem iň täze, ýokary netijeli tehnologiýalara, ýokary önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçiliklere eýe bolan Ýewropanyň senagat taýdan ösen ýurtlary bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleri netijesinde Türkmenistanyň içerki ösüşde gazanan haýran galdyryjy üstünlikleri, onuň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýelemegi, halkara giňişliginde alyp barýan köpugurly işleri we üstünlikleri, şeýle hem daşary syýasatda Ýewropa ugruna uly ähmiýet berilmegi Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan döwletleriň biziň ýurdumyza gyzyklanmasynyň artmagyny şertlendirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň noýabrynda Belgiýanyň paýtagty Brýussele bolan sapary Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmekde hil taýdan täze tapgyryň başyny başlady. Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň ştab-kwartirasy ýerleşýär. Şondan ozal, birnäçe aýyň dowamynda türkmen döwletiniň Baştutanyny Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli wekilleri, daşary ýurtly diplomatlar, şeýle hem Ýewropanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň barşynda şu ýyllaryň dowamynda ýola goýlan, birek-birege ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taraplaryň taýýardygy tassyklanyldy.
Türkmenistan dünýäniň energetika döwletleriniň biri bolmak bilen, ýewropaly hyzmatdaşlaryň ünsüni özüne çekýär. Şunda Ýewropanyň ýurtlarynyň energiýa serişdelerine islegleriniň barha artýandygyny bellemelidiris. Türkmenistanyň Baştutany bu energetika bazaryna uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, şol gatnaşyklarda syýasy konýunktura, iki dürli standartlara ornuň bolup bilmejekdigini nygtady.
Şeýlelikde, Brýusselde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejedäki ýolbaşçylary bilen geçiren gepleşikleri Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi.
Elbetde, Türkmenistanyň tebigy serişdelere baý bolmagy onuň ykdysady ösüşiniň we rowaçlygynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, döwletiň serişdeler babatda doly üpjün bolmagy öz-özünden döwrebaplaşdyrmagyň we özgertmeleriň esasy güýji bolup durmaýar. Beýik özgertmeler eýýamynda hereketlendiriji güýç hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli bähbitleri üpjün etmek babatdaky döwlet syýasaty bilen bagly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly erk-islegi, maksadalaýyk işi bu syýasatyň esasyny düzýär. Şol syýasatda diplomatiýa ulgamyna we ýokary derejedäki gepleşiklere möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Ýewropanyň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklary hut şu esasda guraldy we ösdürildi. Mysal üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň soňky ýyllarda resmi saparlarynyň barşynda möhüm ylalaşyklar hem gazanyldy: 2008-nji ýyldan 2011-nji ýyla çenli döwlet Baştutanymyz Germaniýa Federatiw Respublikasyna, Awstriýa Respublikasyna, Italiýa Respubliksyna, Fransiýa, Horwatiýa, Bolgariýa we iki gezek Rumyniýa baryp gördi.
Hemişe bolşy ýaly, ýokary derejedäki gepleşiklerden başga-da, saparlaryň maksatnamasyna şol ýurtlaryň işewür toparlary bilen duşuşyklar girizildi. Olarda türkmen döwletiniň Baştutany işewürleri Türkmenistanyň ägirt uly çig mal serişdeleri bilen tanyşdyrdy, ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek maksady bilen anyk ykdysady taslamalary hödürledi. Şunda hormatly Prezidentimiz ykdysady hyzmatdaşlyk üçin ol ýa-da beýleki ulgamlary teklip edip, hyzmatdaşlaryň gyzyklanmasyny nazara alýar. Şeýlelikde, türkmen tarapynyň teklipleri daşary ýurt maýadarlary üçin özüne çekiji we özara bähbitli boldy.
Şol döwürde Rumyniýanyň Prezidenti, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti, Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti we Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanda resmi saparda boldular.
Şol özara saparlaryň barşynda toplumlaýyn häsiýete eýe bolan resminamalar kabul edildi. Olar söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge kuwwatly itergi berdi.
2011-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýewropa komissiýasynyň Başlygynyň duşuşygy boldy. Bu duşuşyk Ýewropa Bileleşiginiň biziň ýurdumyz bilen diňe bir strategik ugur bolan energetika ulgamynda däl, eýsem, beýleki ugurlarda hem doly möçberli gatnaşyklary giňeltmäge we ösdürmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Amerika ugry we BMG
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Amerika yklymynyň, şol sanda Latyn Amerikasynyň döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen oňyn gatnaşyklar täze ösüşe eýe boldy. 2007-nji, 2009-njy, 2010-njy we 2011-nji ýyllaryň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerine gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz belent we abraýly münberden sebitleýin, şeýle hem ählumumy möçberdäki möhüm halkara başlangyçlaryny, ilkinji nobatda bolsa, parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek, häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmek baradaky başlangyçlary öňe sürdi.
Türkmen Lideriniň ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etmegi, olaryň halkara bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmagy Türkmenistanyň halkara giňişliginde abraýynyň has artandygyny, çalt depginlerde üýtgeýän dünýäniň şertlerinde netijeli hereket etmäge mümkinçilik berýän syýasy-diplomatik ugruň giňelendigini aýdyňlyk bilen görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň amerikan topragynda bolmagynyň çäklerinde uly duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Olar söwda-ykdysady, medeni-bilim, ylym-ylmy barlag we işewürlik ulgamlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga kuwwatly itergi berdi.
Nýu-Jersi ştatynyň paýtagty Trenton şäherinde türkmen döwletiniň Baştutanyna hormat-sarpa goýmak dabarasy türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol ýerde 2009-njy ýylyň 24-nji sentýabry Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Güni diýlip yglan edildi. Şol gün Halkara informatizasiýa akademiýasy giň halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalaryny kemala getirmekde bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň Prezidentini bu guramanyň iň ýokary halkara ordeni bolan “Informasion jemgyýeti ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin” diýen orden bilen sylaglady.
Şeýle hem şol ýyllarda ABŞ-nyň ýokary wezipeli resmi wekilleriniň we bu ýurduň görnükli ylym işgärleriniň Aşgabada yzygiderli gelendigini ýatlatmalydyrys.
2010-nji ýylyň aprel aýynyň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munyň Türkmenistana bolan ilkinji resmi sapary we BMG-niň ýolbaşçysynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşgabatda geçirilen gepleşikleri taryhy ähmiýetli waka öwrüldi.
Türkmen topragynda geçirilen nobatdaky duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Lideri we BMG-niň Baş sekretary şu geçen ýyllaryň dowamynda birek-birege hormat goýmak we özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlediler. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk ählumumy howpsuzlykdan başlap, demokratik institutlary ösdürmäge, daşky gurşawy goramaga, gender syýasatyna çenli häzirki zamanyň esasy wezipeleriniň ählisini öz içine alýar. Energetika howpsuzlygy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylda Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda bu meseläni giňişleýin we hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmagyň möhümdigi baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Şol ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hazmaty" atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bu ugurda ilkinji möhüm ädim boldy. Şol resminama bütin dünýä bileleşiginiň aýratyn goldawyna mynasyp boldy.
Bu mesele näçe möhüm bolsa-da, ol Türkmenistanyň we BMG-niň köp maksatly özara gatnaşyklarynyň diňe bir ugry bolup durýar. Şol gatnaşyklar ХХI asyrda adamzat ösüşiniň ähli ulgamlaryny öz içine alýar.
2011-nji ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki bölüminiň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň açylmagy BMG-niň çäklerinde giň oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim boldy.
Ýurdumyzyň BMG-niň abraýly guramalarynyň birbada üçüsiniň düzümine—2012-2015-nji ýyllarda BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasyna, 2012-2015-nji ýyllarda çenli BMG-niň Neşe serişdeleri baradaky komissiýasyna, şeýle hem BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetine saýlanylmagy uzak möhlete niýetlenen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýdyň netijesi boldy.
Wagt bir ýerde duranok, Türkmenistan bu hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň başyny başlaýar. Ýurdumyz sebitleýin we dünýä derejesinde anyk ädimleri we işleri bilen özüniň ylalaşdyryjylyk missiýasyny ýerine ýetirip, häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça ylalaşykly çözgütleri kabul etmäge işjeň gatnaşýar.
2009-njy ýylyň sentýabrynda Wenesuela Boliwar Respublikasynyň Prezidenti Ugo Rafael Çawes Friasyň biziň ýurdumyza bolan resmi sapary Türkmenistanyň daşary syýasat gatnaşyklarynyň täze ugruny alamatlandyrdy. Ýeri gelende aýtsak, ol Latyn Amerikasynyň döwletleriniň arasynda Türkmenistana gelen ilkinji Prezidentdir.
Aşgabat duşuşygy özara gatnaşyklaryň giň mümkinçiligi bar mahaly oňyn döwletara gatnaşyklarynyň başyny başlady. Mysal üçin, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmak bilelikdäki bähbitleriň galtaşýan nokatlarynyň biri boldy, şonda nebit gorlary boýunça Latyn Amerikasynda birinji orny eýeleýän Wenesuelanyň baý tejribesi netijeli ulanylyp bilner.
Ýakyndaky daşary ýurtlar---goşulyşmaga tarap ugur
Örän giň netijeli hyzmatdaşlyga döwletiň taýýardygyny tassyklaýan Türkmenistanyň daşary syýasat bähbitleri çäk taýdan giňden ýaýran hem bolsa, elbetde, golaýdaky daşary ýurt döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmek döwletara gatnaşyklarynyň örän netijeli ugry boldy.
Ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem wakalary senenamalaýyn tertibinde gaýtadan gürrüň bermek ýeňil däldir. Biz diňe 2007-nji ýyldan 2011-nji ýyl aralygynda bolup geçen ýokary derejedäki duşuşyklaryň depginini bellemäge synanyşalyň. Şu döwür içinde Türkmenistanyň Prezidenti Rusiýa Federasiýasynda dört gezek we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda bir gezek, Özbegistanda üç gezek, Täjigistanyň we Gazagystanyň her birine iki gezek, Azerbaýjanyň we Belarusyň her birinde bir gezek saparda boldy.
Russiýa tarapyndan döwlet Baştutanynyň jogap hökmünde dört sapary we Tatarystanyň ýolbaşçysynyň bir sapary amala aşyryldy, şu wagtyň içinde Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we Latwiýanyň baştutanlary hem sapar bilen biziň ýurdumyza geldiler, Belarusyň, Ukrainanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri iki gezek resmi sapary amala aşyrdylar.
Mundan başga hem Türkmenistan üçtaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesiniň geçirilýän ýeri boldy. 2007-nji ýylyň maýynda we 2009-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagy bilen ýokary derejede duşuşyklar geçirildi. Şol ýerde, 2008-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň duşuşygy boldy.
2009-njy ýylyň dekabrynyň ortasynda Türkmenistanyň, HHR-iň, Özbegistanyň we Gazagystanyň baştutanlarynyň Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň açylyşyna gatnaşmaklary hem taryhy waka boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Astananyň 10 ýylygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin 2008-nji ýylyň iýulynda we 2009-njy ýylyň sentýabrynda hem Gazagystana baryp gördi, şonda Aktau şäherinde Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň döwlet baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy boldy.
Ikitaraplaýyn tertipde hem, GDA agza ýurtlar hökmünde özara gatnaşyklaryň çäklerinde hem döwlet Baştutanlarynyň şular ýaly duşuşyklarynyň işjeňligi däp bolan dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň mese-mälim giňelýändigine we berkeýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistan sebitleýin gatnaşyklary ösdürmäge oňyn goşandyny goşýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň GDA-nyň resmi däl sammitleriniň we GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleriniň işine, GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň beýleki duşuşyklaryna, şol sanda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny dörediji döwletleriň baştutanlarynyň duşuşygy görnüşinde, Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň sammitine gatnaşmagynyň netijeleri muňa şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Baştutany Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammitine, EKO, ŞHG, NATO ýaly ýokary derejedäki halkara guramalarynyň mejlislerine, türki dilli ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň sammitine we başgalara hem gatnaşdy.
Soňky wagtlarda halkara gepleşikleriniň işjeňliginiň we ähmiýetiniň ençeme esse artandygyny, olaryň gozgaýan meseleleriniň we ara alyp maslahatlaşýan meseleleriniň giňelendigini belläp geçmeli. Tutuşlygyna alnanda, hut Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan dürli derejelerde geçýän işjeň gepleşikler netijesinlde Türkmenistan üçin giň möçberli ulgama goşulyşmagyň, dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklary ösdürmegiň täze tapgyrynyň başlanandygyny aýtmak bolar.
Dürli derejelerdäki duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklar ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegi çaltlandyrmak, ýangyç-energetika, senagat we oba hojalyk pudaklaryny okgunly ösdürmek, ösen bazar gatnaşyklaryny kemala getirmek, halkyň maddy hal-ýagdaýyny üpjün etmek, saglygy goraýyş, ilaty durmuş taýdan goramak, bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Milli bähbitleriň halkara ölçegleri
Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman türkmen diplomatiýasy diňe bir 2007-2011-nji ýyllarda biziň ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň deňsiz-taýsyz depgini bilen däl, eýsem, dünýä syýasatyna we ykdysadyýetine Türkmenistanyň goşulyşmagynyň köpugurlylygy, köpderejeliligi bilen tapawutlanýar. Şunda milli bähbitler halkara gatnaşyklarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Geçen bäş ýylda Türkmenistanyň halkara durmuşynyň möhüm wakalaryna nazar aýlamak bilen, biz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän daşary syýasatyň aýratyn depginliligi we oňynlygy netijesinde biziň döwletimiz öz çözgütleri we hereketleri bilen, dünýäniň hojalyk aragatnaşyklarynyň täze dünýä ulgamyny döretmäge hem-de ony ösdürmäge gönüden-göni gatnaşýar diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris.
Halklaryň işewür hyzmatdaşlygynyň esasynda siwilizasiýanyň sepgitlerinde täze geoykdysady giňişligi döretmek taglymynyň gelip çykyşy çuňdyr. Sebäbi Türkmenistan günbatardan gündogara we demirgazykdan günorta söwda ýollarynyň taryhy taýdan kesişýän ýerinde ýerleşýär. Haçan-da, bu sebit bir bitewi geosyýasy giňişlikde ýerleşen mahaly, söwda has uly üstünligi gazandy. Häzirki wagtda Türkmenistan milli ykdysadyýetimizi çalt döwrebaplaşdyrmak üçin berlen taryhy mümkinçilikden ýurdumyzy hem-de jemgyýetimizi durnukly ösdürmek üçin şertleriň döredilmeginden peýdalanmaga çalyşýar.
Şunda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow durnukly ösüşiň diňe bir “sazlaşyk ýagdaýyndan” ybarat bolman, diňe bir häzirki, gündelik talaplar däl, eýsem, geljekki talaplar bilen ylalaşýan, depginli, öňdebaryjy üýtgetmelerden ybaratdygyny yzygiderli nygtap geçýär.
Hakykatda biziň öňümizde toplumlaýyn häsiýeti bolan we olary ösdürmegiň meýilleriniň esasy häsiýeti, şeýle hem häzirki döwrüň möhüm meseleleri gurşap alýan Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň täze sepgitleri açylýar.
Islendik döwletiň daşary syýasaty içeri syýasatdan aýrylmazdyr. Bu özara gatnaşykda dünýä derejesinde ýurduň jar edýän maksatlarynyň we iş ýüzündäki hereketleriniň düýp mazmunyna, onuň daşary syýasat ugrunyň pelsepesine düşünmegiň açary ýatyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetde, içerki durmuşda parahatçylyk söýüjilik, ylalaşyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini jar edip hem-de durmuşa geçirip, bu düşünjeleri Türkmenistanyň daşarky dünýä bilen özara gatnaşyklarynda hem beýan edýär.
Demokratik we ykdysady özgertmeler, syýasy hem-de durmuş taýdan durnuklylyk baý tebigy serişdeler bilen bilelikde biziň ýurdumyzy daşary ýurtly maýadarlar üçin örän özüne çekiji ýurda öwürdi. Bir tarapdan daşary ýurt maýasynyň akymy halkara bazarlaryna täze ugurlary we iň täze tehnologiýalara aralaşmaga ýol açdy, beýleki tarapdan bolsa ýurdumyzyň pudaklarynyň hem-de önüm öndürijileriniň bäsleşige ukyplydygyny ýokarlandyrmagy talap edýär. Mysal üçin, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryna goşulyşmak ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkyň maddy hal-ýagdaýyny ösdürmegiň çynlakaý hem köpugurly şertine öwrülýär.
Şeýlelikde, milli bähbitlerine laýyklykda gurulýan türkmen Lideriniň ähli daşary syýasat işi dürli ugurlarda we derejelerde geçirilýän, ýöne iň esasy ýagdaýa—biziň halkymyzyň we onuň geljekki nesilleriniň mynasyp durmuş şertlerini üpjün etmäge, biziň ýurdumyzyň rowaçlygyna, ene topragymyzda parahatçylyga hem-de Ýer şarynda parahatçylykly hyzmatdaşlyk etmek, dostluk we ösüş taglymlarynyň ykrar edilmegine gönükdirilen yzygiderli birnäçe çärelerden ybarat bolan aýdyň yzygiderlilige eýe bolýar.
Täze üstünlikler we gözýetimler
Häzirki tapgyrda milli ykdysadyýetimiziň we halkymyzyň durmuş derejesiniň hil taýdan ösüşini üpjün etmek wezipeleri biziň öňümizde durýar, munuň özi diňe döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiň innowasion kysymynyň şertlerinde mümkindir diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow belläp geçýär. Biz innowasion modele geçmegiň zerurdygyna akyl ýetirip, munuň özüniň diňe bir ýokary tehnologiýalary we düzüm taýdan özgertmeleri däl, eýsem, adamlaryň pikir öwürmeklerini üýtgetmekden, zähmetde, işde öňe gitmekde we şahsy üstünliklerde olaryň delillendirilmegine, dolandyryş ulgamynda, durmuş taýdan gatnaşyklarda üýtgetmeleriň we başgalaryň göz öňünde tutulýandygyna düşünmelidiris.
Döwlet Baştutany jemgyýetçilik pikirini we gujur-gaýratyny bu ugra gönükdirip, geljegiň iň möhüm maýa goýumlary bolan ylmy-tehniki ösüşiň önümlerinde däl-de, eýsem, adamlaryň özünde, olaryň bilimlerinde, ymtylyşlarynda hem-de akyl-paýhaslarynda jemlenen innowasion mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen ruhy maýa goýumlaryny höweslendirýär.
Türkmenistanda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre—döwlet Baştutanynyň saýlawlary biziň özümiz üçin seçip alan özgertmeler hem-de täzelenmeler ýoly boýunça geçirilen işlerimize baha bermäge, bellenilen maksatlaryň belentligini ýetilen sepgitler we oňa tarap hereket etmegiň depginleri bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berdi.
Türkmenistanlylar öz raýatlyk borçlaryny, saýlaw hukugy, watançylyk düşünjesi, Watanymyzyň beýik işlerine dahyllylyk duýgusy bilen ýüze çykan borçlaryny ýerine ýetirmek bilen, ýene-de ýokary döwlet wezipesine milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlap, bütin dünýä işjeň durmuş garaýyşlaryny we jebisliklerini äşgärlik bilen görkezdiler. 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen saýlawlarda saýlawçylaryň uly bölegi, ýagny, 97,14 göterimi milletiň Liderine ses berdi.
Biziň watandaşlarymyzyň millionlarçasynyň sesleri bütin dünýäde eşidilen ýurdumyzyň bir bitewi sesine goşuldy. Türkmenistan ýene-de bir gezek özgertmeler we ösüş, oňyn halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, parahatçylyk söýüji we hoşniýetli goňşuçylyk daşary syýasaty hem-de içerki ösüşiň durmuşa ugur alan strategiki ugruna ygrarlydyklaryny ynamly görkezdiler.
Dünýä türkmen jemgyýetiniň agzybirligine we jebisligine, seçilip alnan ýoluň dogrudygyna we ruhy gymmatlyklaryň saklanmagynyň, durmuş gatnaşyklarynyň medeniýetiniň biziň ýurdumyzda düýpli institusion üýtgetmeler bilen üstünlikli utgaşmagy bilen bir hatarda, eýsem, şol üýtgeşmeleri demokratiýalaşdyrmagyň barşy ýaly ep-esli derejede has ygtybarly, durnukly we sagdyn üýtgetmeler edýändigine ýene-de bir gezek göz ýetirdi.
Prezident saýlawlarynyň bäsdeşlik ýagdaýy adamlara ilkinji nobatda şahsy ukyplary, hünärli işe beletligi bilimleri, işjeňligi, demokratik gymmatlyklaryň goragçylary bolup hyzmat etmek ukyby bilen tapawutlanýan liderlik häsiýetleri bolan adamlara ynam bildirmek mümkinçiligini bermek bilen, syýasy okuwyň özboluşly mekdebi boldy.
2012-nji ýylyň 17-nji fewralynda Maslahat köşgünde bolan täze wezipä girişmek dabarasynda çykyş etmek bilen milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hut şu ýagdaýy aýratyn belledi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň saýlawlarda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär bilen bilelikde zala girmegi guwançlydyr, munuň özi türkmen jemgyýetinde höküm sürýän agzybirligiň, ylalaşygyň we watançylygyň aýdyň nyşany bolup durýar. Sebäbi ýakynda saýlawlaryň öň ýanyndaky çärelerde bäsdeş bolanlar indi Watanymyza we türkmen halkyna hyzmat etmegiň asylly işinde egindeşler bolup durýarlar.
Döwlet Baştutany dalaşgär hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşanlaryň hemmesine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, olar saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlaryny ak ýürekli, abraý bilen geçip, ýolbaşçy bolmaga mynasypdyklaryny subut edip, bu saýlawlarda ýeňiş gazanmak üçin uly tagallalary etdiler diýip belledi.
“Bu döwürde olar has-da taplandylar we örän gymmatly tejribe topladylar. Toplan tejribeleriniň olara geljekde alyp barjak işlerinde peýdaly boljakdygyna ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Munuň şeýledigine biziň hemmämiz ýakyn wagda göz ýetirmäge mümkinçilik aldyk, şonda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi düzülen mahaly raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň ikisi ýokary döwlet wezipelerini eýeledi.
Jebislik, ynanyşmak, milletimiziň agzybirliginiň, onuň durmuşa ukyplylygynyň we döredijilik işjeňliginiň düýp mazmunydyr.
Biz ýene-de esasy netijä gelýäris: jemgyýetiň we halkyň iň oňat tejribesini saklap galmak bilen, içerki taryhy düşünjesinden gözbaş alýan,
öz demokratik modelini döredýän jemgyýet we halk uly maşgaladyr, şonda ähli zatlar: doganlyk, hoşniýetlilik, birek-birege kömek bermek zerurlygy bilen baglanyşyklydyr.
“Eger biziň ynamly öňe hereket etmegimiziň esasy syry gözlense, onuň hut täze anyk ýagdaýlarda we halkymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelen däplerinde, hut döwletimiziň syýasy we ykdysady hasaplamasynda utgaşan nokatda jemlenendir” diýip, bu pikiri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle beýan etdi.
Adamlaryň abadançylygyna we bagtyna gönükdirilen döwletimiziň ähli ykdysady we durmuş syýasaty hut bu üýtgewsiz esasa daýanýar.
Hut munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli özgertmeleriniň üstünlik gazanmagynyň, onuň daşary we içeri syýasatynyň ýeňşiniň şerti boldy.