Ï Beýik eýýamyň beýik üstünlikleri - 2011-nji ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik eýýamyň beýik üstünlikleri - 2011-nji ýyl

view-icon 4772
Ýurdumyzyň täze taryhynda 2011-nji ýýl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň bellenilen döwrüdir. Bu hakykatdan-da beýik baýramçylyk halkymyzyň ruhubelentligini, däp-dessurlaryň müdimiligini, zehinini we zähmetsöýerligini alamatlandyryp, milletiň Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyga, döredijilige we ösüşe gönükdirip ýöredýän sýyasatynyň dabaralanmasyna öwrüldi.

Şol ýylda türkmen halky ruhubelent we joşgunly wakalara beslendi. Şanly senä bagyşlanyp köp sanly täze binalar ulanmaga berildi we medeni çäreler geçirildi, bular biziň raýatlarymyzyň kalplaryndaky şatlygyny hem-de abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap batly depgin bilen gadam urýan garaşsyz ata Watanymyza çäksiz buýsanjyny artdyrdy. Şol ýylda bolup geçen has ajaýyp wakalaryň käbiri barada durup geçeliň, şol wakalar ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň we ruhy galkynyşynyň kuwwatyny we gerimini, ata-babalarymyzyň şan-şöhratyna beslenen gadymy türkmen topragynda häzirki wagtda bolup geçýän ähli özgertmeleriň çuňňur many-mazmunyny we ähmiýetini äşgär edýär.

6-njy ýanwarda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranyşy we halas ediş işleri boýunça baş müdirliginiň binalarynyň toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Galkynyş köçesiniň ugrunda gurlan bu bina Harby instituty we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň şäheriň şu böleginde ozal gurlan binalary hem-de paýtagtyň merkezinde ýerleşýän beýleki uly desgalar bilen bitewi binagärlik toplumyny emele getirdi. Döwlet Baştutany toplumy synlap, Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça müdirligiň merkezine bardy hem-de müdirligiň welaýatlardaky düzümleri bilen wideo aragatnaşyk arkaly söhbetdeş boldy.

10-njy ýanwarda döwlet Baştutanynyň Karary bilen “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasy” tassyklandy, şonuň çäklerinde, hususan-da, welaýatlarda Amyderýanyň, Murgap, Tejen, Etrek, çölüň içi bilen çekilen Garagum derýasynyň suwy bilen doldurylýan täze suw howdanlaryny gurmak, her bir şäherde we etrapda täze suw geçirijileri, suw arassalaýjy we suwy süýjedýän, agyz suwuny öndürýän kiçi kärhanalary we beýleki desgalary gurmak bellenildi.

19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda aýna önümlerini öndürýän “Keýik” zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, kärhana ykdysadyýetiň hususy bölegine goldaw bermek boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde guruldy. Täze kärhana döwrebap, awtomatik usulda işleýän toplum bolup durýar, bu ýerde dürli içgiler, şireli we mineral suwlar üçin aýna gaplaryň we çüýşeleriň 20-den gowrak görnüşleri çykarylýar.

21-nji ýanwarda “2011-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýä we sporta goldaw bermek we ösdürmek boýunça milli maksatnama” tassyklandy, şoňa laýyklykda, paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap sport toplumlaryny, ýöriteleşdirilen mekdepleri, stadionlary hem-de beýleki desgalar gurmak göz öňünde tutulýar. Bular ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegine ýardam bermelidir.

25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary şäheriniň etegi ammiak we karbamid öndürýän täze zawodlaryň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara gatnaşdy. Toplumyň kuwwatlylygy ýylda 400 müň tonna ammiaga we 640 müň tonna karbamide barabardyr. Şu ýerde öndürilýän karbamidiň 80 göterimini daşary ýurtly sarp edijilere ugratmak göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 100 million dollaryna barabar bolan iri möçberli taslamanyň amala aşyrylmagy önümçilik desgalarynyň düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmagyň we ýurdumyzyň himiýa senagatynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmegiň, ýurldumyzyň

obasenagat toplumyna zerur bolan ýokary hilli mineral dökünleriň möçberlerini artdyrmagyň ýolunda möhüm ähmiýetli ädime öwrüler. Täze kärhanalaryň işe girizilmeginiň durmuş taýdan hem möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtmak gerek, çünki munuň özi täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer—bu ýerde 900-e golaý adam zähmet çeker.

2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna geldi hem-de Köýtendag etrabynda täze Garlyk şäherçesiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu ýerde, ýurdumyzyň gündogarsynda kuwwatly senagat merkezi döredilýär hem-de kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy alnyp barylýar, ol Merkezi Aziýada iri topluma öwrüler. Şeýle hem bu ýerde sement zawody gurulýar, ol ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolar.

Garlyk şäherçesiniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlaryny, Geňeşligiň we bankyň şahamçasynyň edara jaýyny, saglyk öýüni, çagalar bagyny, umumybilim berýän we sport mekdeplerini, söwda merkezini, Medeniýet öýüni, aragatnaşyk bölümli poçtany, awtoulag terminalyny, amfiteatrly uly seýilgähi-- jemi 17 desgany gurmak göz öňünde tutulýar. Täze şäherçäni gazlaşdyrmak üçin ýokary basyşly Bagtyýarlyk--Garlyk gaz geçirijisi çekildi, onuň uzynlygy 250 kilometrden gowrakdyr. Bu ilatly ýerde binalary we desgalary gurmagyň Baş meýilnamasyny amala aşyrmagyň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlaryndan daşgary, suw arassalaýjy desgalary, stadiony, et we et önümlerini, süýt we süýt önümlerini, süýji nygmatlary öndürmek boýunça bölümleri, halyçylyk, tikinçilik, ýüň egriji we gön işläp taýýarlanýan bölümleri gurmak göz öňünde tutulýar.

3-nji fewralda döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynda uly Ýylgynagyz suw akabasy ulanmaga berildi. Şu desganyň gurulmagy netijesinde Amyderýanyň sag kenarynda, hususan-da, Beýik Türkmenbaşy etrabynyň we ýakynda döredilen Döwletli etrabynyň daýhan birleşikleriniň tarp ýerlerini suwlulandyrmak bilen bagly mesele çözüldi. Umuman alanyňda, şol tarp ýerler oba hojalygyna ýaramly 40 müň gektara barabardyr.

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda “Altyn asyr” gündogar bazarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, bu bazar Merkezi Aziýada iri söwda toplumydyr.

Asyrlar boýy türkmen halky myhmansöýerlige we göwnaçyklyga mahsus ýörelgeleri bilen, ýurdumyzyň çäklerinden daşarda-da belli bolupdyr. Häzirki wagtda şol gadymy ýörelgeler täze ajaýyp öwüşginlere eýe bolup, häzirki döwürdäki bazara mahsus çözgütleri, hyzmat ediş we söwda ulgamyndaky innowasiýalary özünde jemleýär. 100 gektara ýaýylyp ýatan ýerleşdirilen toplumyň ölçegleri hakykatdan-da täsin galdyrýar. Umuman alanyňda, bu ýerde söwda nokatlarynyň 2 müňden gowragy ýerleşýär. Söwda dükanlarynda ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän hojalyk-durmuş we beýleki harytlaryň, gurluşyk materiallarynyň we mebeliň, dokma önümleriniň we aýakgabyň, elektron we durmuşda ulanylýan tehnikanyň, galantereýa we parfýumeriýa, zergärçilik we haly önümleriniň, milli senetlere degişli zatlaryň dürli görnüşleri hödürlenýär.

25-nji fenwralda Aşgabadyň, Lebap we Mary welaýatlarynyň energetika desgalarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak baradaky Karara gol çekildi. Bu ýerlerde elektrik energiýasyny geçiiriji täze ýokary woltly liniýalaryň çekilmegi we elektrik podstansiýalarynyň toplumlarynyň gurulmagy netijesinde ýurdumyzyň bu sebitlerinde, şol sanda Amyderýanyň sag kenarynda häzirki wagtda gurlup ýörlen uly möçberli önümçilik desgalary geljekde elektrik energiýasy bilen üpjün ediler. Galyberse-de, elektrik energiýasynyň eksportuny, hususan-da, goňşy Owganystana iberilýän toguň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik dörär, munuň özi dostlukly owgan halkyna bu goňşy ýurduň ykdysadyýetini dikeltmäge ýardam berer hem-de Türkmenistanyň sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki ornuny has-da pugtalandyrar.

15-nji martda Aşgabadyň serhet galasynda möhüm ähmiýetli dabaralar bolup geçdi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Watan” serhet galasy açyldy, ol döwrebap serhet galalarynyň gurluşygyna degişli taslamalary amala aşyrmagyň çäklerinde guruldy. Hakykatyna garanyňda, ol ähli zerur desgalaryň düzümini özünde jemleýän şäherjik bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhet galasynda geçirilen iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzda harby ugur boýunça amala aşyrylýan özgertmäniň parahatçylygyň we ata Watanymyzyň howpsuzlygynyň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň, ata Watanymyzyň mukaddes serhetlerini gözüniň göreji deýin goraýan serhet goşunlarynyň goranyşa ukyplylygynyň göwnejaý derejede saklanmagyna gönükdirilendigini aýratyn belledi.

23-nji martda türkmen paýtagtynyň täze dolandyryş-işewürlik we medeni merkeziniň döredilýän günorta böleginde uly desganyň açylyş dabarasy boldy, şonda täze döwrebap awtoulag ýoly-- Çandybil şaýoly ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu desga sazlaşykly ösýän Aşgabadyň we tutuş ýurdumyzyň ulag-kommunikasion infrastrukturasynyň wajyp düzümi hökmünde uly ähmiýet berilýär.

Ýeri gelende aýtsak, täze awtobuslarda Çandybil şaýolundan geçen ilkinji ýolagçylaryň arasynda çagalar hem bardy. Dogduk Diýarymyzyň keşbini özgertmek, ýaşaýşyň ýokary hilli bolmagyny we halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň yzygiderli ösdürilmegini üpjün etmek, bir söz bilen aýdanyňda, ata Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly we rowaçlyk gazanýan döwlete öwürmek we adamlaryň ýaşaýşyny ýokary derejä ýetirmek ugrunda ýurdumyzdaky düýpli özgertmeleriň ählisi ýaş nesliň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna amala aşyrylýar. Häzirki täze taryhy eýýamda ýaş türkmenistanlylar üçin bagtyýar geljege tarap paýtagtymyzdaky täze awtoulag ýoly ýaly ýagty we giň ýollar açyldy.

1-nji aprelde Aşgabatda ýene-de täze binalar ulanmaga berildi. Paýtagtymyzyň günorta böleginde gurlan ajaýyp binalaryň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Owadan, has kämil tehnika bilen üpjün edilen täze edara jaýlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Bilim ministrligine, Aragatnaşyk ministrligine, Oba hojalyk we Gurluşyk toplumlaryna degişlidr, şeýle hem bu ýerde Nebitgaz toplumynyň ylmy-barlag institutlary ýerleşdi.

8-nji aprelde döwlet Baştutany Türkmenistanyň Zähmet we ilata durmuş taýdan goramak ministrligini, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligini döretmek hakyndaky Permanlara gol çekdi.

22-nji aprelde Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň I maslahaty geçirildi, oňa dünýäniň onlarça ýurtlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Döwlet Baştutany maslahatda çykyş edip, arassa tohumly ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan hem-de bedewleriň bu tohumynyň aýawly saklanmagyna we kämilleşdirilmegine gatnaşýan hem-de dünýäde ýaýradylmagyna ýardam berýän ýurtlaryň, guramalaryň, firmalaryň, şahsy hojalyklaryň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy we ösdürmegi bu guramanyň işiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi.

24-nji aprelde Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň bellenilýän gününde esasy dabaralar Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynda geçirildi, bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň dört welaýatyny we paýtagtymyzy özara baglanyşdyran teleköpriniň kömegi arkaly, Balkan, Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlarynda täze atçylyk-sport toplumlaryny ulanmaga bermek dabaralary bolup geçdi. Bu desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda atçylygyň we sportuň atçylyga degişli görnüşleriniň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de

ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň täze hilli derejede wagyz edilmegine güýçli itergi berdi.

18-nji maýda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasy açyldy. Bu owadan, belent we ajaýyp desga ösüşiň we geljege tarap maksada okgunlylygyň ruhy siňdirilipdir, ony demokratik, hukuk, ykdysady taýdan rowaçlyk gazanýan hem-de kanuny ileri tutýan ýörelgelere, belent ynsanperwerlige we durmuşdaky adalatlylyga esaslanýan syýasaty ýöredýän türkmen döwletiniň berkararlygynyň binasy diýip atlandyrmak bolar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Oguzhan Köşkler toplumy we bäş ýyldyzly “Nusaý” myhmanhanasy dabaraly ýagdaýda açyldy hem-de bular Aşgabadyň taryhy merkeziniň görküni has-da gözelleşdirdi. Şol toplumlaryň her biri binagärlik özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, gadymy medeniýetiň merkezleriniň biri hasaplanýan hem-de häzirki wagtda ruhy-medeni galkynyşy başdan geçirýän Türkmenistanyň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgelmeginiň nyşanyna öwrüldi.

27-nji maýda “2011-2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň çaganyň irki döwürdäki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça Milli maksatnamasy” tassyklandy.

30-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti “Milli kosmos agentligi döretmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Agentligiň üstüne ýüklenen tabşyrylan esasy wezipeleriň biri Ýeriň emeli hemrasyny uçurmakdan ybaratdyr, bu işi 2014-nji ýylda amala aşyrmak bellenildi. Munuň özi ýurdumyzda aragatnaşygyň döwrebap ulgamlarynyň, Internetiň, telewideniýäniň ösüşini çaltlandyryp, ekologiýa boýunça uly möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagyna, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň täze ýataklaryny gözläp tapmagyň usullarynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermelidir hem-de oba hojalyk meýdanlarynyň monitoringiniň amala aşyrylmagyna mümkinçilik döretmelidir. Şunda Türkmenistanyň astronomiýa, astroseýsmologiýa we meteorologiýa boýunça dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak üçin oňaýly mümkinçilikler döreýär.

1-nji iýunda tutuş dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda-da Çagalary goramagyň halkara güni bellenildi. Bu senä ýurdumyzda uly ähmiýet berilýär, çünki Türkmenistanda çagalar jemgyýetiň birgiden ýeňillik döredilen gatlagy hasaplanýar hem-de bizde ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi.

Ýeri gelende aýtsak, hut şol günlerde türkmen tebigatynyň täsin galdyrýan künjekleriniň biri hem-de däp boýunça, Türkmenistanyň ähli künjeklerinden mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwründe ýygnanýan ýeri bolan Gökderede çagalar üçin niýetlenen ýene-de bir ajaýyp bina—“Şöhle” sagaldyş-dynç alyş merkezi ulanmaga berildi, onuň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşogza gelip, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň medeni durmuşynyň ýene-de bir ojagyna öwrüljek Taryhy ülkäniň öwreniş muzeýiniň täze binasynyň açylyş dabarasy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşdy.

Türkmenistanyň muzeýleri türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmek, aýawly saklamak we giňden wagyz etmek bilen bagly işde möhüm ähmiýetli orny eýeleýär. Olar jemgyýetiň ruhy durmuşynyň jemlenen hem-de milletiň gymmatly genji-hazynasynyň saklanýan ýeri bolup, iri ylmy merkezler hasaplanýar. Daşoguz welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznalarynda türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine we sungatyna degişli 8 müňden gowrak gymmatlyk saklanýar. Şolaryň arasynda arheologik tapyndylar, gadymy döwre degişli geýim, ajaýyp halylar, zergärçilik önümleri, öý hojalygynda ulanylýan zatlar, ülkäniň taryhyna degişli resminamalar we başga-da köp zatlar bar.

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şäheriň merkezinde gurlan we “Aşgabat” diýlip atlandyrylan täze kinoteatr açyldy. Paýtagtymyzyň esasy ýollarynyň biri hasaplanýan Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurlan kinoteatr döwrebap tehniki enjamlar bilen üpjün edildi, munuň özi türkmenistanlylara filmleri sanly 3D görnüşde görmäge hem-de tomaşaçylara ekranda görkezilýän wakalara syn edip, özlerini hut şol gatnaşýan ýaly duýmaga mümkinçilik döredildi.

8-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň zähmet haklaryny, şeýle hem pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp haklaryny köpeltmek hakyndaky Permana gol çekdi.

12-nji iýulda Hazaryň kenar ýakasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň we energetikanyň düzümine degişli täze desgalaryň—Türkmenbaşy şäherinde gurlan awtoulag estakadalarynyň açylyş dabaralary bolup geçdi. Şeýle hem Gyýanly şäherçesiniň ýanynda gazy gaýtadan işleýän zawoddan we ýerüsti gaz terminalyndan ybarat bolan önümçilik toplumy açyldy, bularyň ulanmaga berilmegi Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygynda tebigy gazyň senagat derejesinde çykarylyp ugralmagyny alamatlandyrdy.

Deňziň kenarynda geçirilen dabaralara gatnaşanlaryň we hormatly myhmanlaryň arasynda şol günlerde ýurdumyza sapara gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri jenap Mohd Najib Bin Tun Abdul Razak we Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Walentina Matwiýenko hem bardy.

19-njy iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor

Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – melhemler mekany” atly ylmy işi bilen tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze kitapda ýurdumyzyň şypahanalar bilen bagly mümkinçilikleri we kuwwaty ylmy-barlag işi görnüşinde beýan edilýär. Şunda Türkmenistanyň 20 ýylda garaşsyz ösüşiniň barşynda, hususan-da, strategiki maksatlar we döwlet syýasatyna degişli wezipeler bilen içgin baglanyşykly bolan “Saglyk” döwlet maksatnamasyny amala aşyrmakda gazanylanlara giňişleýin syn berilýär.

21-nji iýulda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Göz kesellerini bejeriş we Trawmatologiýa halkara merkezleriniň açylmagy, şeýle hem Stomatologiýa merkeziniň we derman senagatyna degişli täze kärhananyň—infuzion erginleri taýýarlamak boýunça zawodyň düýbüni tutmak bilen bagly dabaralara gatnaşdy.

Täze desgalaryň her biri täsin galdyrmak bilen, tutuş sebitde innowasion taýdan ýokary derejeli bolup durýar. Şeýlelikde, Göz kesellerini bejermek halkara merkezinde gatnamak we ýatymlaýyn görnüşde bejermek, keselleriň öňüni almak üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde lukmançylyk ylmynyň has öňdebaryjy gazananlary we kämil tehnika—döwrebap anyklaýyş enjamlary, şol sanda göreji ultrases arkaly barlamak, operisiýalary geçirmekde ulanylýan has kämil lazerli enjamlar lukmanlaryň we bu ýere ýüz tutup gelenleriň ygtyýaryndadyr. Şunuň bilen birlikde, merkezde oftalmologiýanyň derwaýys meseleleriniň çözgütleriniň tapylmagyna gönükdirilen ylmy-barlag geçirilýär. Merkeziň binýadynda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň göz keselleri kafedrasy ýerleşýär.

Paýtagtymyzyň günorta-günbatarsynda gurlan trawmatologiýa halkara merkezinde trawmatologiýa we ortopediki taýdan kömek bermegiň ähli görnüşlerini öňdebaryjy halkara usullaryna we standartlaryna laýyklykda amala aşyrmaga mümkinçilik berýän halkara derejeli döwrebap enjamlar bar.

Täze Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ilata lukmançylyk kömegini bermek boýunça hil taýdan täze ulgamy döretmegiň ýolundaky ädimleriň birine öwrüldi, bu merkez Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralaryň döwrebap düzüminiň üstüni ýetirer.

Bu şanly senäniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2011-2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň derman senagatyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny tassyklady, ýurdumyzyň farmasewtika we lukmançylyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, strategiki taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan täze dermanlyk serişdeleriň öndürilmegini özleşdirmek, bu ugurdaky ylmy-tehniki we innowasion kuwwaty ösdürmek, bu ulgamy import boýunça alynýan önümleriň deregine ulanyp boljak serişdeleriň öndürilmegine we onuň eksport bilen bagly mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna gönükdirmek bu maksatnamanyň möhüm ähmiýetli jähedi hasaplanýar.

Şol maksatnama boýunça hereket etmegiň meýilnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde Aşgabatda taýýarlanylyşy has çylşyrymly we durmuşda örän möhüm ähmiýetli dermanlyk serişdelerini öndürmek boýunça täze kärhananyň gurluşygyna badalga berildi, arassalanan infuzion erginler şonuň ýaly serişdeler hasaplanýar. Her ýylda ýurdumyzyň dermanhana ulgamyna we bejeriş edaralaryna erginleriň 10-a golaý görnüşleriniň 10 million gaby iberiler.

30-njy iýulda Köpetdagyň etegindäki jülgäniň gözel künjekleriniň biri Gökderede çagalar üçin niýetlenip Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň buýurmasy boýunça gurlan “Çynar” saglyk we dynç alyş merkezi açyldy, soňky ýyllarda bu ajaýyp künjekde çagalaryň saglyk merkezleriniň tutuş şäherjigi kemala geldi.

10-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda serhetçileriň täze Merkezi hassahanasynyň binalarynyň toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu hassahana kämil lukmançlyk enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalar blen üpjün edildi hem-de bular keselleri anyklap bejermek we dikeldiş terapiýasy ýaly amallardan ybarat bolan lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary halkara standartlaryna laýyk gelýän derejede berjaý etmäge mümkinçilik berýär.

11-nji awgustda Türkmenistanda Serhetçileriň güni bellenilende,

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň serhet birikmesiniň “Arçabil” serhet galasynda-da täze desgalaryň toplumy ulanmaga berildi. Bu waka ata Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň, dogduk Diýarymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň goragynda durýanlar barada döwletimiziň hemmetaraplaýyn alada edýändigini görkezýän nobatdaky subutnama öwrüldi.

23-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna geldi hem-de Serdar we Bereket şäherlerinde durmuş-ykdysady taýdan möhüm ähmiýetli desgalaryň birnäçesiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Ulanmaga berlen täze binalaryň arasynda ýaşaýyş jaýlary, umumybilim berýän multimediýaly mekdepler we çagalar baglary, sungat mekdebi, söwda merkezleri, demir ýol we awtoulag menzilleri, awtomatiki telefon stansiýasy, ajaýyp medeniýet öýleri, stadiondan we suwa düşülýän howuzdan ybarat bolan sport toplumy, 1000 müşderi üçin niýetlenen telefon stansiýalary, poçta we telefon aragatnaşyk bölüminiň edara jaýy, şäher häkimlikleriniň edara jaýlary, jemagat hojalygyna degişli desgalar bar.

Günbatar welaýatyň senagat desgalarynyň düzüminiň ösdürilmegine batly itergi berildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça Bereketde tikinçilik fabrigi guruldy, onuň bölümleri Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Belgiýanyň, Italiýanyň, Türkiýäniň tutuş dünýäde belli kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edildi. Galyberse-de, bu ýerde awtoulag kärhanasy döredildi. Şeýle hem bu ýerde magdan däl gurluşyk materiallaryny öndürmek boýunça kärhana—“Berekediň känler boýunça müdirligi” döredildi, ol etrabyň köp sanly täze gurluşyklarynda diýseň zerur bolan iri we ownuk çagyly, çagylly-çägeli garyndylary öndürýär.

Oba ýerleriniň galkynyşyna badalga bermek durmuşdaky täze ugurlar, şeýle hem dünýäniň siwilizasiýalarynyň ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň baý ruhy, medeni mirasynyň aýawly saklanmagy bilen aýrylmaz baglydyr. Oba adamlary ata-babalarymyzdan miras galan şol genji-hazynanyň hakyky mirasdüşerleri bolup, däp-dessurlary berjaý edýärler. Däp bolup gelýän milli senetleri, özboluşly halk döredijiligi ösdürmek boýunça döwlet tarapyndan maksada laýyk goldaw berilýär.

Serdar etrabynyň halyçy zenanlary gadymdan bäri öz ussatlygy bilen tanalyp gelýärler, olar, hususan-da, äpet halylary dokamak bilen meşgullanýarlar. Serdarda täsin galdyrýan ölçeglerdäki halylary dokamak boýunça häzirki wagtda ilkinji we ýeke-täk kärhanany gurmak we enjamlaşdyrmak bilen bagly wezipe berjaý edildi, bu ýerde ýylda haly we haly önümleriniň 5 müň inedördül metrini dokamak niýelenen täze haly fabrigi açyldy. Ýeri gelende aýtsak, şol dabaralaryň çäklerinde Bereket şäherinde-de ýene-de bir haly fabrigi ulanmaga berildi.

1-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň täze binalarynyň toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şol ýokary okuw mekdebiniň sapak geçirilýän otaglary giň bolup, täze kompýuter we telearagatnaşyk enjamlary, şol sanda interaktiw usulda daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça sapaklary geçirmek üçin niýetlenen enjamlar bilen üpjün edildi. Bu täze binalar, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň şu binalaryň golaýynda gurlan täze jaýy hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyndaky özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýän nobatdaky subutnamadyr, şol özgertmeler maksady bolsa, bu örän möhüm ulgamy hil taýdan täze we öňdebaryjy sepgitlere çykarmakdan ybaratdyr.

Ýeri gelende aýtsak, 2011-nji ýylda Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmenistanyň Serhet instituty we Aşgabadyň maliýe-ykdysady orta hünärmençilik mekdebi açylyp, olar ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň sanawynyň üstüni ýetirdi. Türkmen politehniki institutynyň binýadynda täze ýokary okuw mekdepleriniň ikisi – Nebit we gaz instituty hem-de Binagärlik –gurluşyk instituty döredildi. Bulardan başga-da, çagalar baglarynyň 41-si we umumybilim berýän mekdepleriň 31-si ulanmaga berildi.

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak hakyndaky” Karara gol çekdi, bu Karar döwletimiziň türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak barada ýadawsyz alada edýändigini aýdyň görkezýän ýene-de bir subutnama öwrüldi. Şol resminama laýyklykda, indiden beýläk ýurdumyzyň banklary ýaş çatynjalara ýeňillikli karzlary, şol sanda hojalygynda zerur öý emlägini hem-de hojalyk harytlaryny satyn almak üçin 3 ýyllyk möhlet bilen ýylda 1 göterime barabar göterim tölegini tölemek şerti bilen, 6 müň manada çenli möçberde karz berer. Galyberse-de, ýaş maşgalalar gozgalmaýan emlägi girewine goýmak şerti bilen, ýaşaýyş jaýlaryny ýa-da öýleri satyn alyp biler. Olara 30 ýyllyk möhlet bilen, ýylda 1 göterim möçberinde göterim tölegini tölemek hem-de karz boýunça esasy bergini 5 ýyldan soňra üzmek şerti bilen karz berler.

7-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş sapary bilen bardy, şol saparyň barşynda milletiň Liderine Abadan şäherinde guruljak binalaryň taslamalary görkezildi. Şol taslamalaryň arasynda ähli oňaýlyklar döredilen ýaşaýyş jaýlary, bagy-bossanlyga büreljek seýilgähler, söwda merkezi, myhmanhana, saglygy goraýyş ulgamy we obasenagat pudagy üçin binalaryň toplumy, medeniýet merkezi bilen bagly taslamalar bar.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Kaka etrabynda täze uly suw howdanynyň gurluşygyna badalga berdi. Gozgangala obasynyň golaýynda ýerleşjek täze suw desgasy obalary we ekin meýdanlaryny suwuň joşmagyndan goramak, suwarymly oba hojalyk meýdanlary üçin goşmaça ätiýaçlyk suw toplamak, golaýdaky obalary we şäherçeleri agyz suwy bilen üpjün etmek ýaly möhüm meseleleriň çözülmegine ýardam berer.

15-nji sentýabrda Türkmenabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda birbada täze desgalaryň üçüsi – Lebap welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň binasy, sport mekdebi we ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi.

Taryhy ülkäni öwreniş muzeýi Amyderýanyň boýundaky şäheriň binagärlik keşbine bezeg berip, gündogar welaýatyň möhüm ähmiýetli medeni we wagyz ediş hem-de ylmy-barlag merkezine öwrüldi. Häzirki wagtlda onuň gaznalarynda türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine we sungatyna degişli gymmatlyklaryň 20 müňden gowragy bar.

28-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Medeniýet we Ykdysadyýet şäherjikleriniň toplumlarynyň açylyş dabaralary boldy, bu toplumlar okuw mekdepleriniň täze binalaryndan we durmuş-medeni maksatly desgalaryň birnäsesinden ybaratdyr. Olaryň arasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, şeýle hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň binalary, ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi, köp ugurly sport zaly, ilata durmuş taýdan hyzmat edýän binalar bar.

Ykdysadyýet şäherjigiň çäginde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryşy institutynyň täze binasy, şeýle hem naharhana we kitaphana, talyplar üçin umumyýaşaýyş jaýlaryň ikisi, suw howuzly we stadionly sport toplumy ýerleşýär. Galyberse-de, bu ýerde multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen umumybilim berýän mekdep, çagalar baglary, ykdysadyýet we maliýe ulgamynyň işgärleri üçin ähli amatlyklary bolan öýlerden ybarat ýaşajyş jaýlary, şeýle hem söwda merkezleriniň ikisi bar.

9-njy oktýabrda döwlet Baştutany Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda ýerleşen harby birikmeleriň birine baryp, bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döwrebapşladyrylyşynyň barşy bilen tanyşdy hem-de gämi abatlaýjy kärhanany synlady. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby deňizçileriň öňünde çykyş edip, Hazaryň elmydama dostlugyň we agzybirligiň deňzi bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi. Türkmenistanyň bitaraplyga, açyklygya we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanyp ýöredýän syýasaty hut şuňa gönükdirilendir. Munuň özi biziň döwletimiziň hut goranyş häsiýetli harby doktrinasyna hem-de ýurdumyzyň halkara derejesindäki maksada okgunly ädimlerine, onuň goňşy döwletler we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrylmagyna çalyşmagyna laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen, Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň güni esaslandyryldy, bu sene her ýylyň 9-njy oktýabrynda bellenilýär.

10-njy oktýabrda Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň täze binasy açyldy, Balkanabatdan 18 kilometr uzaklykda ýerleşýän Jebel şäherçesiniň ýanynda bolsa, kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna önüme barabar bolan uly sement zawody ulanmaga berildi.

Taslama boýunça kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna önüme barabar bolan bu täze uly senagat kärhanasy diňe bir Türkmenistanda däl-de, tutuş Merkezi Aziýada şu ugra degişli has uly kärhanadyr. Ol kämil tehnologik enjaimlar, elektron we awtomatiki ulgamlar bilen üpjün edildi. Zawodda has berk, seýsmiki taýdan çydamly köp gatly binalaryň gurluşygynda ulanylýan portland-sement, şeýle hem nebitgaz pudagy üçin zerur bolan tamponaž sement we hususan-da, gidrotehnik desgalary gurmakda ulanylýan sulfatly-berk sement işlenip taýýarlanylýar.

12-nji oktýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze desgalaryň—Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçsiler birleşmesiniň Işewürlik merkeziniň hem-de “Halkbank” Döwlet täjirçilik bankynyň açylyş dabaralary boldy.

17-nji oktabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze “Türkmenistan” teleradiomerkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu ajaýyp inženerçilik-tehniki desga türkmen paýtagtynyň bezegine öwrülip, beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzyň öňe, döredijiligiň we ösüşiň täze sepgitlerine tarap batly gadam urýandygyny alamatlandyrýan özboluşly nyşana öwrüldi. Onuň ulanmaga berilmegi bilen baglylykda, döwlet Baştutany birnäçe resminamalra, şol sanda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komittetini döretmek hakyndaky” hem-de “Türkmenistanyň Medeniýet ministrligini döretmek hakyndaky” Permanlaryna gol çekdi.



19-njy oktýabrda Aşgabatda milletiň Lideriniň gatnaşmagynda durky täzelenilen awtoulag ýoluny—Bitaraplyk Türkmenistan şaýoluny, şeýle hem “Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkezini we sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumyny ulanmaga bermek bagly bilen dabaralar boldy. Ýeri gelende aýtsak, täze sport toplumy paýtagtymyzda gurulýan uly Olimpiýa şäherjiginiň bir bölegine öwrüler, şol şäherjik bolsa, 2017-nji ýylda Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolar. Ýaryşlary we sport baýramçylyklary geçirmek üçin niýetlenen we 10 müň adamlyk münberleri bolan buzly meýdança bu toplumyň esasy bölegidir.

20-nji oktýabrda Maryda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda welaýat kitaphanasynyň täze binasy açyldy. Bu bina türkmen halkynyň kitaplary we golýazmalary ynsanyň ruhy baýlygynyň, pähim-paýhasynyň, umumyadamzat hakydasyny özünde jemleýän genji-hazyna hökmünde aýawly saklamak bilen bagly gadymy ýörelgesinden ugur alnyp guruldy.

Marydaky kitaphananyň ajaýyp binasy kitaplaryň 3 millionyny saklamak üçin niýetlenendir, bu ýerde göwnejaý derejede üpjün edilen okalgalardan we beýleki jaýlardan başga-da, türkmen kitabynyň taryhyna degişli muzeý bar. Kitaphananyň açylýan gümmeziniň astynda obserwatoriýa ýerleşýär. Ol has kämil enjamlar, şol sanda asman giňişliklerine syn etmäge we öwrenmäge mümkinçilik berýän kuwwatly teleskop bilen üpjün edildi.

25-nji oktýabrda Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda türkmen paýtagtynda ajaýyp binagärlik toplumynyň bezegini artdyran Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty bolup geçdi.

Umumymilli maslahatda geçen 20 ýylda gazanylan netijeler jemlenip, döwleti durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlendi hem-de ýurdumyzyň yzygiderli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen wajyp çözgütler kabul edildi. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň Mejlisiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak baradaky Kararyny biragyzdan oňlap, tutuş türkmen halkynyň erk-islegini beýan etdiler. Çünki, türkmenistanlylar beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzyň üstünliklerini we gazananlaryny milletiň Lideriniň erki we maksada okgunlylygy bilen baglanyşdyrýar.

28-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Bagt köşgi”, 2 müň orunlyk myhmana we köpugurly 20 müň orunlyk stadion açyldy.

Bu şanly günde “Bagt köşgünde” milletiň Liderini ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden bagtyýar ýaş çatynjalaryň 20 jübüti garşylady, munuň özi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny alamatlandyrdy. Döwlet Baştutany asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgelere laýyklykda, ýaş çatynjalara bagtyýar durmuşda ýaşamaga ak pata berip, olara söýgi, abadançylyk we uzak ömür arzuw etdi.

Toý dabaralaryny geçirmek üçin niýetlenen “Bagt köşgüniň” ýanynda täze “Aşgabat” myhmanhanasy guruldy, oňa bu at “Aşyklaryň şäheri” hasaplanýan ajaýyp türkmen paýtagtynyň hormatyna dakyldy, çünki bu şäherde owadanlyk we oňaýlylyk, döwrebap inženerçilik tehniki oý-pikiriň gazananlary we milli binagärligiň gadymy ýörelgeleri sazlaşykly utgaşdyrylýar.

Köpugurly “Aşgabat” stadiony 20 müň tomaşaçy üçin niýetlenendir. Onuň düzüminde futbol meýdançasy bar, şol meýdançanyň çäginde ýeňil atletika boýunça ylgaw ýodalary, uzynlygyna bökmek üçin niýetlenen ýerler, şeýle hem gimnastika boýunça ýaryşlaryň we turgenleşikleriň geçirilýän meýdançalary ýerleşýär. Bulardan başga-da, stadionyň binasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin türgenleşik zallarynyň 17-si bar.

29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesine bagyşlanan dabaralar täze gurlan binalary ulanmaga bermek bilen bagly çäreleri geçirmek arkaly dowam etdirildi. Aşgabatda

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdag şaýoly, Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda 7 müň tomaşaça niýetlenen münberleri bolan we Merkezi Aziýadaky has uly Halkara atçylyk – sport toplumy ulanmaga berildi. Bu toplumda at çapylýan ýodalardan başga-da, athanalaryň 10-sy, karantin bölümi we bedewleriň suwa düşürilýän ýeri, weterinariýa barlaghanasy we ýöriteleşdirilen desgalaryň başga-da birnäçesi bar. Toplumyň düzümine sirk meýdançasy, atçylyk – sport oýunlaryny geçirmek üçin üsti açyk we ýapyk meýdançalary bolan bina, restoran we kafeler, amfiteatr, çagalar üçin akwapark girýär.

12-nji dekabrda ata Watanymyz üçin möhüm ähmiete eýe bolan sene bellenilýär. Laýyk 16 ýyl mundan ozal şol günde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi, munuň özi ozal görlüp-eşidilmedik, täsin galdyrýan, Milletleriň Bileleşiginiň işinde ilkinji gezek gabat gelýän resminamadyr. Bitaraplyk binasy şol taryhy wakany nesilleriň hakydasynda ebedilik galdyrar, bu binanyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

13-nji dekabrda, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň edara jaýynyň açylyşyna hem-de Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde gazy gaýtadan işleýän zawodyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy. Ýyllyk kuwwaty 9 milliard kub metre çenli gaza barabar bolan bu zawod “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde gurlar hem-de ol Türkmenistan-Hytaý trasmilli gaz geçirijisiniň düzümine degişli möhüm ähmietli desga öwrüler.

15-nji dekabrda Aşgabatda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki mejlisi geçirilip, döwlet Baştutany, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy 2012-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky saýlawlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde görkezmek baradaky çözgüt kabul etdildi.

17-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baharly etrabynda ýerleşýän “Ýyly suw” şypahanasyna bardy, bu ýerde dekabryň birinji ongünlüginde nobatdaky 200 orunlyk täze bina ulanmaga berildi. Şypahanada Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Slowakiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Gollandiýanyň dünýäde öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil lukmançylyk enjamlarynyň goýulmagy, bejerişiň döwrebap usullarynyň ulanylmagy netijesinde bu ýerde fizioterapewtiki we suw arkaly bejerişi geçirmek hem-de dürli keselleri gijikdirmän ýüze çykarmak, ýokary hilli lukmançylykh hyzmatlarynyň tutuş toplumyny berjaý etmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Şeýlelikde, Türkmenistan şanly senäni – Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyny milli Lideriň baştutanlyk etmeginde sazlaşykly ösýän, dünýä bileleşigi tarapyndan uly hormat goýulýan, ykdysady we gumanitar taýdan uly kuwwata eýe bolan, durmuş-ykdysady taýdan toplumlaýyn we uly möçberli özgertmeleri üstünlikli amala aşyryp, ata Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň berk binýadyny gurýan döwlet hökmünde garşylady.

Umuman alanyňda, paýtagtymyzda we welaýatlarda durmuş-ykdysady desgalaryň 370-den gowragy – döwrebap zawodlar we fabrikler, ajaýyp sagaldyş merkezleri, orta we ýokary okuw mekdepleri, lukmançylyk merkezleri, stadionlar, ähli oňaýlyklar döredilen ýaşaýyş jaýlary, awtoulag ýollary, elektrik energiýasyny geçiriji liniýalar, gaz geçirijiler we beýleki inženerçilik-tehniki desgalar guruldy we ulanmaga berildi. Galybersede, ýurdumyzda umumy möçberi ABŞ-nyň 48 milliard dollaryna barabar bolan dürli maksatly binalaryň ýene-de 2440-synyň gurluşygy alnyp baryldy.

Milli ykdysadyýetiň her bir pudagy tehniki taýdan täzeden üpjün edilmegi, täze enjamlaryň we tehnikanyň ornaşdyrylmagy, kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, soňky ýyllardaky ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde şanly senäni mynasyp derejede garşylady.



Ýangyç-energetika toplumynda iri taslamalar durmuşa geçirildi. Täze uglewodorod ýataklary, şol sanda Amyderýanyň sag kenarynda, Hazaryň deňiz ýalpaklygynda täze ýataklar özleşdirildi, kuwwatly gaz gysyjy desgalar we beýleki önümçilik kuwwatlyklary ulanmaga berildi. Garaşsyz halkara auditi “Galkynyş” gaz käniniň Günorta-Ýolöten-Osman, Minara, Ýaşlar ýataklarynyň, dünýäni haýrana goýan netijeleri ýurdumyzyň iri energetika ýurtlarynyň birine öwrülendigini tassyk etdi. Bu täsin ýatagyň möçberleri 26,2 trillion kub metre barabar bolup, ol dünýäde ikinji orna düşdi. Häzirki döwürde Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň umumy mukdary 71,21 milliard tonna şertli ýangyja barabardyr. Deňeşdirilip aýdylanda, ýurdumyzyň ozalky energetika kuwwaty 45,44 milliard tonna şertli ýangyja barabardy.

Ýurdumyzyň üstaşyr – ulag kuwwatlygynyň durmuşa geçirilmegine, täze ulag we demir ýollarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berildi. Şeýlelikde, Amyderýanyň sag kenarynda Aşgabat –Türkmenabat – Atamyrat ýolagçy otlusynyň täze ugry açyldy. Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çäklerinden geçýän Demirgazyk-Günorta polat ýoluny gurmak işleri batly depginlerde dowam etdirildi. Mälim bolşy ýaly, bu ýol Ýewropadan Günorta Aziýa, Pars aýlagynyň deňiz menzillerine we Hindi ummanyna örän gysga we oňaýly ugry üpjün eder. Türkmenbaşynyň halkara deňiz menzilini we Türkmen deňiz söwda flotuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasy tassyklandy.

"Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna" laýyklykda, Türkmenistanyň beýleki öňdebaryjy pudaklaryny, bank ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasy tassyk edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýanynda Kompýuter tehnologiýalyr bölümi döredildi. Onda, hususan-da, ýurtda bir bitewi edektron resminama dolanyşygyny döretmek wezipesi öňe sürüldi.

2011-nji ýylda Türkmenistan özüniň taryhynda ilkinji gezek däne eksport edýän döwletleriň hataryna goşuldy. Kärendeçiler tarapyndan pagtanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Munuň özi ýurtda azyk bolçulygynyň döredilmegine gönükdirilen obasenagat toplumyna goldaw bermegiň çäklerinde döwletimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň aýdyň netijesidir.

Türkmen obalarynyň durky düýpli özgerýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna iş saparyny amala aşyryp, ýerlerde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" ýerine ýetirilişi bilen jikme-jik tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, milli maksatnamanyň çäklerinde sebitlerde ilatymyzyň ýokary hilli ýaşaýyş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegi üçin milliardlarça manatlyk maýa goýum serişdesi goýberildi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesinde we Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda ýerleşýän Üçajy şäherçesinde gurulmaly desgalaryň sanawyy tassyklady.

Şeýle hem Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň senagat taýdan ösüşiniň esasy ugurlary tassyklanyldy. Oňa laýyklykda, bu welaýatlarda onlarça täze senagat desgalary gurlar. Olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa etmeiň ýolundaky möhüm ädim bolar we ýurduň örän baý tebigy serişdeleriniň netijeli özleşdirilmegini, sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň çaltlandyrylmagyny, ýerlerde täze iş orunlarynyň döredilmegini we

seýlelikde, ilatyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagyny şertlendirer.

Hazaryň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi netijesinde, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň öňünde has-da giň mümkinçilikler açyldy.

Awazada alnyp barylýan gurluşyklar üçin eýýäm ABŞ-nyň 1,4 milliard dollary goýberildi. Bu ýerde ykdysady we tilsimatlaýyn täzelikler bilen üpjün edilen döwrebap binalaryň birnäçesiniň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi milli Liderimiziň durmuş ulgamyny düýpli özgertmek ugrunda edýän tagallasynyň aýdyň netijesidir. Geçen ýyl döwlet Baştutanymyz ýene-de birnäçe taslamalary tassyklady. Olar dünýä derejeli deňiz şypahanasynyň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde durmuşa geçiriler. Şeýlelikde, bu ýerde bir wagtda dynç alýanlaryň sanynyň 4650 adama çenli artdyrylmagyna mümkinçilik bolar.

Olaryň hatarynda amatly myhmanhanalar we obasenagat toplumynyň, nebitgaz pudagynyň, himiýa senagatynyň we balyk hojalygynyň, ykdysady we bank-maliýe ulgamynyň, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport pudaklarynyň, Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň we ýurdumyzyň beýleki ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň işgärlerine niýetlenen oňaýly iki gatly kottež jaýlar bar. Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň, deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmalary esasynda ýokary derejeli dynç alyş merkezleri bina ediler. Ýurdumyzyň her bir welaýaty hem syýahatçylyk zolagynda ulular we çagalar üçin häzirki zaman sagaldyş we dynç alyş merkezlerini gurar.

2011-nji ýylda çärýekde bir gezek çykýan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-tejribe žurnalynyň birinji sany çapdan çykdy. Şeýle hem türkmen-iňlis we rus dillerinde çykýan “Nebit we gaz” hepdelik gazeti çap edilip başlandy. Bilim ulgamyny özgertmäge, hünärmenleri taýýarlamaga, pudakda milli we dünýä tejribesini wagyz etmäge degişli meseleleri beýan edýän “Bilim” ylmy-metodik žurnaly esaslandyryldy. Ýurdumyzyň Milli medeniýet merkeziniň düzüminde Türkmenistanyň döwlet hory döredildi.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, 2012-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, “Aşgabat” we “Sport” teleýaýlymlary işläp başlady. “Standart, hil we howpsuzlyk” ylmy-tehniki žurnaly esaslandyryldy. Ol türkmen, iňlis we rus dillerinde çärýekde bir gezek çykar.

... Bu aýdylanlar, elbetde, 2011-nji ýylda bolup geçen wakalaryň hemmesi däl. Şeýle-de bolsa, adamlaryň durmuşyna täsir edýän, türkmen halkyna mahsus ruhubelentlige we döredijilik ýokary göterilişine beslenen wakalar türkmen döwletiniň innowasion ösüşini üpjün etmek, ýokary medeniýetli we bilimli jemgyýeti kemala getirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr.

2011-nji ýyl – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly senesiniň beýik baýramçylygynyň ýyly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol Watanymyzyň ýyl ýazgysyna dünýä jemgyýetçiliginde daşary syýasat doktrinasy giň ykrarnama eýe bolan ýurdumyzyň täze taryhynyň möhüm tapgyry, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler we durmuş ulgamyny ugur edinýän syýasatynyň şuglasy bilen nurlandyrylan döredijilikli ösüşiň ýoly hökmünde girdi.

Bu barada bolsa indiki makalalarymyzda gürrüň bereris.