Parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk, deň hukuklylyk we özara hormata esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň bu günki gün sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmekde möhüm meselesi bolup durýar, biziň ýudumyzyň halkara meselelerine işjeň we döredijilikli gatnaşmagy üçin şerti bolup durýar.
Sebit we uly möçberde howpsuzlygy dürli nukdaýnazaradan berkitmäge gönükdirilen, halkara jemgyýetçiligi, iri halkara guramalary tarapyndan giň ykrarnama we goldawa eýe bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň täzeçillikli daşary syýasat başlangyçlary uly syýasatyň ählisiniň täze manysy barada, dürli ýurtlaryň ylalaşyklaryna we utgaşyklyjylygyna esaslanýan syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyň nusgalaryny bileleikde işläp düzmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy barada bu gün gürrüň etmäge mümkinçilik berýär. Durmuşda talap bildirilýän bu başlangyçlar özüniň hakykylygy, häsiýeti we gönükdirijiligi boýunça ähli dünýä syýasatyna düýpli täsir etmegi bilen, durnukly ösüşlere ýetmäge güýçli itergi berýär.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde eden çykyşynda « Maksatlary anyk goýmaga, olary amala aşyrmagyň geljegini görmäge we munuň üçin netijeli halkara mehanizmlerini seçip almaga esaslanan ulgamlaýyn çäreleriň zerur bolup durýandygy has aýdyň ýüze çykýar. Türkmenistan bu maksatlary şeýle kesgitleýär: ösüş arkaly parahatçylyk. Häzir bu düşünjelere biri-birinden üzňe garap bolmaz. Hut parahatçylygyň we ösüşiň arasyndaky göni baglanyşyk Milletler Bilelleşiginiň syýasy erkiniň, intellektual we maddy serişdeleriniň jebisleşmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar. Munuň özi syýasy, ykdysady we gumanitar ulgamda halkara gatnaşyklarynyň durnukly we şol bir wagtyň özünde çeýe hem-de deňagramly häzirki zaman ulgamyny döretmegiň hatyrasyna zeruru bolup durýar» diýip belledi.
Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. BMG-niň geljegi uly bolan hyzmatdaş hökmünde saýlanyp alynmagy kanuna laýykdyr hem-de çuňňur dünýägaraýyş sebäbi bardyr. Olaryň esasynda – Türkmenistanyň uzak möhletleýin maksatlarynyň BMG-niň meseleleri bilen gabat gelmegidir, hususanda, Merkei Aziýada sazlaşykly we durnukly döwletara gatnaşyklaryny gurmak, sebit parahatçylygyny we durnuklylygyny goldamagyň berk ugurlaryny döretmek ýaly meseler bar. Türkmenistanyň pikiri boýunça, hut BMG-ä daýanmak bilen onuň düzümindäki syýasy-diplomatik serişdeler halkara jemgyýetçiliginiň işini guramaly, ilkinji nobatda, bu maksada ýetmäge gönükdirilen sebitiň öz ýurtlarynda gurnamaly.
Türkmenistan daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebtinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça halkara düzümleriniň gyzyklanma bildirmeginde Merkezi Aziýany we Hazar deňzi sebtini ösdürmegiň häzirki we geljegi uly bolan möhüm meseleleri boýunça sebtiň we goňşy ýurtlaryň gatanaşmaklarynda köptaraplaýyn syýasy gepleşikleri özara bähbitler esasynda çemeleşmegi işläp düzmegi teklip edýär. Toplumlaýyn we yzygiderli esasda alnyp baryljak şeýle gepleşikler bu ýerde syýasy, ykdysady, gumanitar ulgamlarda alnyp barylaýan işlere oňaýly täsirini ýetirer, oňa gatnaşyjylaryň ýer şarynyň bu böleginde uzak möhletleýin parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meseleleri boýunça birek-birege has gowy düşünişmäge hem-de bu ugurda garaýyşlary birleşdirmäge, özara hereket etmegiň ugurdaş nusgalaryny işläp düzmäge we haýsydyr bir meseläni çözmekde tagallalary birleşdirmäge şert döreder. Bu ugurda ilkinji ädilen ädim hökmünde Türkmenistan 2012-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebtinde howpsuzlyk we parahatçylyk boýunça Maslahaty geçirmegi teklip edýär.
Aslyýetinde, ýer şarynyň bu böleginde döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda gapma-garşylyksyz dünýägaraýşy tassyklamaga we berkitmäge amatly şertleri döredýän düýbünden täze syýasy-psihologiki esasda, olaryň öňden bar bolan meseleleri ýa-da jedelli meseleleri harby güýçleri ulanmazdan, akylly-başly çözmekleri barada gürrüň gidýär. Türkmenistanyň garaýşy boýunça, hut şeýle çemeleşmeler Merkezi Aziýa giňişliginde we Hazat deňzi sebtinde hakyky hoşniýetli goňşyçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin möhüm şert bolup durýar, hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hilini we derejesini ýokarlandyrýar, sebit hökmünde bütindünýä meselelrine üstünlikli goşulyşmagyna, dawalardan we gapma-garşylyklardan azat bolmagyna şert döredýär. Şonuň üçin hem daşary maýa goýumlaryny çekmäge we dürli ugurlar boýunça uzak möhletleýin halkara taslamalaryny düzmäge amatlyklary döredýär.
Bu energetiki howpsuzlygy ýaly, howpsuzlygyň hemmetaraplaýyn arhitekturasynyň doly ölçegde möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistanyň energiýa serişdelerini halkara derejesinde ibermegiň bu meşhur başlangyçlary, öz manysy boýunça, bu meselä täzeçe garaýşyň nyşany bolup durýar. Onuň esasynda kiçi toparlaryň ýa-da korporatiw usullarynda bolşy ýaly, bäsdeşlikden, birtaraplaýyn hereketden hyzmatdaşlyga geçmek – köptaraplaýyn bähbitlere, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny syýasatlaşdyrmakdan – olaryň garamagyndaky maksatlary ösdürmäge we goşulyşmak işlerini goldamak ýatyr. Häzirki güniň şertlerinde dünýä energerika giňişliginde onuň ugurlarynyň ýerleşişi, özara gatnaşyklaryň ýörelgeleri we beýany köptaraplaýyn ykdysady ösüşiň obýektiw reallaryna gabat gelemelidigine, adaty hem-de ykdysady merkezlerdäki energetiki serişdelere bolan ösýän talaplary kanagatlandyrylmagyna, döwletleriň we sebitleriň arasyndaky ösüşiň deredejesiniň arasyndaky tapawudy ýeňip geçmäge goldaw berilmegine Türkmenistanyň berk ynamy bardyr. Biziň ýurdymyz şundan ugur almak bilen, dünýä jemgyýetçiligine energetika ulgamynda umumy dünýägaraýyşly we syýasy-hukuk platformasyny işläp düzmäge girişmegi teklip edýär. Onuň esasynda hemmetaraplaýyn ykdysady prosessleriň durnuklylygyny we ösüşini berkitmegiň haýryna ýeke-täk we tebigy filosofiýasy bolmalydyr.
Şeýle hyzmatdaşlygyň ýönekeý deklarasiýalar baradaky matlaplar kadasynda amala aşyryp bolmajakdygy düşnüklidir. Ol resminamalar esasynda syýasy, hukuk, maliýe-ykdysady, tehniki ýaly kesgitli, köptaraplaýyn anyk düzülen borçnamalaryň kabul edilmegini talap edýär. Bu ýerde energetika ulgamynda özara gatnaşyklary beýan edýän uniwersal halkara-hukuk resminamasy barada gürrüň gidýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti – BMG-niň howandarlygynda Sebitara energetika gepleşiklerini – transparent we hemmeler üçin açyk, Merkezi we Orta Aziýa döwletleri bilen bir hatarda, Hazar we Gara deňiz sebitleriniň, Russiýa, Hytaý Ýewropa Bilelleşiginiň, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň gatnaşmaklarynda, gyzyklanma bildirýän döwletleriň, kompaniýalaryň, halkara maliýe institutlarynyň gatnaşmagynda täze usuly döretmegiň teklibi bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hem Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekdir. 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Astanada bolup geçen ÝHHG sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri barada aýtdy. Bu halkara gapma-garşylyklarynyň öňüni almagyň we ony gowşatmagyň netijeli ugurlaryny döretmekden, syýasy we dini ekstremizmiň, terroristik howplaryň, neşe serişdeleriniň daşalmagynyň we serhetüsti jenaýatçylygyň garşysyna hereket etmekden, energiýa göterijileri ibermek ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman usullaryny işläp düzmekdem ybaratdyr.
Türkmenistan özüniň Bitarplyk derejesine laýyklykda Goşulyşmazlyk Herketi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly beýleki abraýly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýär. Bu babatda 2012-nji ýylda GDA agza ýurtlaryna Türkmenistanyň başlyklyk etmek baradaky GDA-nyň sammitinde kabul edilen karar hem şaýatlyk edýär. Bu bolsa biziň ýurdymyzyň abarýynyň ulydygyny tassyklaýar, Garaşsyz Döwletleri Arkalaşygy ýurtlary tarapyndan Türkmenistana uly ynam bildirilýändigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistan dünýäniň onlarça ýurtlary bilen dostlukly, deň hukukly, özara bähbitli iki taraplaýyn gatnaşyklary ýola goýýar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň däbe öwrülen öňden bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän döwletlerem, hyzmatdaşlygy ýaňy-ýakynda ýola goýlan ýurtlar hem bar. Türkmenistanyň konstruktiw gyzyklanma bildirýän ulgamy dünýäniň dürli sebitlerine ýaýraýar. Hytaý Halk respublikasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa Federasiýasy, Ýewropa Bileleşigi ýaly dünýäniň iň iri döwletleri hem-de syýasy we ykdysady merkezleri bilen geçirilýän gepleşikler düýpli giňedi we baýlaşdyryldy. Türkmenistanyň olar bilen – syýasatda, ykdysadyýetde, energetikada, maýa goýumlarynda, bilim maksatnamalary boýunça umumy bildirýän gyzyklanmalary bar.
Türkmenistanyň sebitdäki goňşylary bilen ýola goýan gatnaşyklary täze mazmuna eýe boldy. Eýranyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Päkistanyň, Hindistanyň gatnaşmaklarynda ulag we turba geçirijileriniň taslamalary hakykata öwrülýär, bu günki gün olara uly ähmiýet berilýär.
Däbe öwrülen hyzmatdaşlar bolan Ukraina, Belarus, Ermenistan, Gruziýa, Täjigistan, Gyrgyzystan, Moldowa ýaly ýurtlar bilen gatnaşyklaryň berkidilmegi dowam etdirilýär.
Türkmenistan özüniň daşary syýasat ýörelgesinde Arap dünýäsiniň döwletleri tarapyndan gyzyklanma bildirýändigini göz öňünde tutýar. Özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigini tassyklaýan ýokary derejedäki duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.
Türkmenistan üçin Aziýa-Ýuwaş okean sebtiniň ugurlary uly ähmiýete eýe bolýar. Bu sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ulydyr. Muny Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň ahyrynda Hytaý Halk Respublikasyna hem-de Malaýziýa bolan döwlet saparlary hem tassyklaýar.
Bu günki gün planetanyň çalt depginler bilen ösýän sebiti bolan Latyn Amerikasy bilen gatnaşyklar ýuwaş-ýuwaşdan giňeldilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Braziliýada, Meksikada we Kubada biziň ýurdymyzyň doly ygtyýarly ilçileri bellenildi. Muňa bu döwletleriň ýolbaşçylary tarapyndan mynasyp baha berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti türkmen diplomatlarynyň öňünde duran meseleleri beýan etmek bilen, söwda-ykdysady ulgamyny aýratyn tapawutlandyrýar, biziň ilçilerimiziň işleýän ýurtlarynyň ýkdysady ýagdaýlaryny üns bilen öwrenmegiň we seljermegiň zerurdygyny nygtady, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürip boljak ulgamlaryny kesgitlemegi, biziň ýurdumyzyň ykdysady gyzyklanmalaryny ösdürmek boýunça tejribe toplamagy tabşyrdy.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara medeni hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge uly üns berilýär. Türkmenistan dünýa üçin, döredijilik hünärlerini wekilleriniň arasyndaky giň gatnaşyklar üçin açykdyr. Ýurtda dünýäniň ähli künjeginiň sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda halkara festiwallary geçirilýär. Özi hem bu festiwallara diňe bir ykrar edilen ussatlar gatnaşman, eýsem ýaşlar we çagalar toparlary hem gatnaşýarlar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky medeniýet günleri we daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky medeniýet günleri ýygy-ýygydan we uly göwrümde geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda işjeňligi görkezmek boýunça ilçilere anyk tabşyryklary berdi, medeni hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini tapmagy we teklip bermegi tabşyrdy. Biziň ýurdymyz medeni gatnaşyklara uly ähmiýet bermek bilen, onlarça ýyl öňünden dünýäniň halklarynyň arasynda özara düşünişmekligiň berk binýadyny döretmek bilen, geljege uly goşant goşýar.
Türkmenistanyň başlangyçlary we döredijilikli orny bu günki gün dünýä jemgyýetçiliginde barha uly ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk, ýaragsyzlandyrma, energetiki hyzmatdaşlyk, Merkezi Aziýadaky dawaly ýagdaýlary kadalaşdyrmaga gönükdirilen anyk ädimler, iri halkara ykdysady taslamalara badalga berilmek boýunça teklipleri – bularyň ählisi ýurdyň alyp barýan daşary syýasatynda pahatçylyk we hyzmatdaşlyk filosofiýasyny beýan etmek bilen, sebitde we ondan uzaklarda döwletara gatnaşyklarynyň häsiýetine we mazmunyna özüniň oňaýly täsirini ýetirýär, oýlanyşykly ýörelgeler esasynda bilelikdäki tagallar üçin hakyky binýady – köptaraplaýyn bähbitleri, gyzyklanmalaryň deň gelmegini, dürli nukdaýnazarlaryň ylalaşygyny döredýär.