Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaňy-ýakynda Türkiýä amala aşyrlan üç günlük resmi sapary Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka boldy. Bu iki ýurduň halklaryny bolsa öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Dünýäniň esasy metbugat serişdeleriniň, ilkinji nobatda bolsa Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň saparyň öň ýanynda öz sahypalarynda, köptaraplaýyn türkmen-türk gatnaşyklarynyň diňe bir taryhyna we geljegine däl-de, eýsem, okgunly ösýän Türkmenistanyň häzirki döwrüne bagyşlanylan ajaýyp fotosuratlar bilen bezelen dürli makalalary hem-de aýry-aýry çykyşlary çap eden köp sanly gazetleriň we žurnallaryň mysalynda hem bu aýdylanlaryň dogrudygyna göz ýetirmek bolýar. Olarda türkmen Lideriniň başlangyjy bilen ýurtda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler barada gürrüň berilýär.
Türkmen Lideriniň dostlukly ýurduň iri şäherlerine—Ankara we Stambula amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde bolup geçen wakalar bilen ýerli telewideniýe boýunça alnyp görkezilýän hem-de tiz-tizden täzelenýän gepleşikler arkaly jikme-jik tanyşmak bolýar. Samanýolu TV, Mehtap TV, TRT 2 ýaly meşhur türk teleýaýlymlary Türkmenistan barada ýörite taýýarlanylan gepleşiklere hem-de resmi saparyň möhüm pursatlary barada göni alnyp görkezilen gepleşiklere özleriniň efir wagtynyň köp bölegini bölüp berdiler.
Özara düşünişmek ruhunda we işjeňlik ýagdaýynda geçirilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler baradaky habarlara ýurduň içinde hem-de daşary ýurtlarda çap edilýän Türkiýäniň esasy döwürleýin neşirleriniň ählisi birinji sahypasynda orun berdiler. Türk metbugaty ählihalk tarapyndan täze Prezidentlik möhletine saýlanylan, şu ýylyň 17-nji fewralynda resmi taýdan öz wezipesine girişen türkmen Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlawlardan soň özüniň ilkinji daşary yurt saparyny Türkiýä amala aşyrandygyna aýratyn uly ähmiýet berýär.
Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda “TRT” türk teleradio kompaniýasy, “Jihan” türk habarlar gullugy, million nusgalykda neşir edilýän “Zaman” gazeti, şeýle hem meşhur “Türk mani” žurnaly Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abdylla Gülüň şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygy bilen türkmen-türk gatnaşyklarynyň taryhynda täze kesgitleýji tapgyryň başlanandygyny belleýärler. Ähli ugurlar boýunça däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen ylalaşyklaryň möhümdigini bellemek bilen, synçylar iki doganlyk döwletiň Liderleriniň giň möçberli, köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalaryny aýratyn nygtadylar . Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy bilen gabat gelen resmi saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berjek, mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin döwletara gatnaşyklarynda kadalaşdyryjy-hukuk binýat bolup hyzmat etjek ikitaraplaýyn resminamalara hem-de ylalaşyklara gol çekilmegini Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri resmi saparyň möhüm netijeleri hökmünde bellediler.
Halkara habarlar agentlikleri, dünýäniň iri metbugat we elektron neşirleri, Ankarada geçirilen ýokary derejedäki nobatdaky türkmen-türk gepleşikleriniň jemleri barada köp sanly habarlary berdiler.
Mysal üçin, Hytaýyň Sinhua habarlar agentligi öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň doganlyk häsiýete eýedigini belledi. Şeýle hem bu agentlik iki ýurduň mundan beýläk hem syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändiklerini nygtaýar.
Sinhua agentligi “Türkmenistan we Türkiýe--iki döwlet-bir millet” diýip, türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýäniň Prezidenti Abdylla Gülüň ýokary derejedäki gepleşikleri tamamlanandan soňra geçirilen bilelikdäki metbugat maslahatynda aýdan sözlerini mysal getirýär.
Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň belleýişleri ýaly, “Çankaýa” Köşgünde geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar iki halkyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler. Türkmenistan we Türkiýe özara gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge ýardam edýändigini bellemek bilen, bu ugurda ikitaraplaýyn, şeýle hem iri halkara guramalarynyň, ilki bilen bolsa, taraplaryň ikisiniň hem ykrar etmegine görä, halkara howpsuzlygynyň we durnukly ösüşiň ählumumy hem-de strategiki wezipelerini çözmekde ägirt uly orny bolan BMG-niň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde hem hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň baştutanlarynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli Bilelikdäki Jarnama gol çekendiklerine salgylanyp, žurnalistler sebit we halkara syýasatynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abdylla Gülüň Merkezi Aziýada howpsuzlygyň, durnuklylygyň Owganystandaky ýagdaý bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny tassyklap, Owganystanyň durmuş-ykdysady ulgamyny ösdürmäge we gaýtadan dikeltmäge gönükdirilen sebitleýin taslamalary döretmegiň üstünde işlemegiň zerurdygy baradaky aýdanlaryny mysal getirýärler.
Bellenilişi ýaly, türk tarapy iri taslamalar, şol sanda “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny, türkmen elektrik energiýasynyň Owganystana iberilýän möçberlerini artdyrmaga, şeýle hem ulag infrastrukturasyny ösdürmek boýunça taslamalara gönüden-göni gyzyklanma bildirdi we goldady. Şeýle hem taraplar global howpsuzlygyň täze wehimlerine we howplaryna, şol sanda terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň hem-de psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmek hakynda ylalaşdylar.
Halkara seljerme geçiriji hünärmenleriň pikirlerine görä, ady agzalan Jarnamanyň ýene bir bölümi örän möhümdir. Onda Türkmenistan we Türkiýe iki döwletiň hem halkara başlangyçlarynyň, şol sanda energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly, şeýle hem özara bähbitlilik esasynda iki döwletiň türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna alternatiw ugurlar bilen çykarmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyga gelendikleri beýan edilýär.
Döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolan söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlyga daşary ýurt metbugatynda ägirt uly üns berildi.
Mysal üçin, Russiýanyň iri ITAR-TASS habarlar agentligi Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri diplomatik gatnaşyklary ýola goýlandan soň ýigrimi ýylyň dowamynda özara haryt dolanyşygynyň möçberleriniň yzygiderli ösýändigine kanagatlanma bildirdiler diýip belledi.“Häzirki wagtda kuwwatly geljege eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä ýetdi. Geçen ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hakyky dostlugyň we doganlygyň, hyzmatdaşlygyň hem-de özara goldawyň nusgasyna öwrüldi” diýip, agentlik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerini mysal getirdi.
Daşary ýurt neşirleriň birnäçesiniň belleýşi ýaly, iki döwletiň Liderleri ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň ähmiýetini tassykladylar we energetika, ulag, gurluşyk, dokma senagaty, oba hojalygy, azyk senagaty, aragatnaşyk we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin iki ýurtda hem bar bolan şertleri we mümkinçilikleri peýdalanmagyň möhümdigini aýtdylar.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň aýdanlaryna salgylanyp, “Rossiýskaýa gazeta” Türkmenistanyň Türkiýe bilen senagat pudagynda täze taslamalary durmuşa geçirmek meselesi boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyga gelendigi barada öz internet sahypasynda habar berýär.
Russiýanyň “INTERFAKS” habarlar agentligi türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkiýe Türkmenistanyň iň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir” diýen sözlerini mysal getirýär. Türkmenistanyň Prezidenti 2011-nji ýylyň jemleri boýunça iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň 3 milliard 650 million dollardan geçendigine we 2010-njy ýyl bilen deňeşdireniňde bu görkezijiniň 25 göterim artandygyna ünsi çekýär. Türkmen Lideri türk telekeçileriniň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşandygyny kanagatlanma bilen belläp, häzirki wagtda ýurdumyzda türk kompaniýalyrynyň 600-den gowragynyň senagat, ulag, gurluşyk, söwda, hyzmatlar ulgamy, dokma we gaýtadan işleýän senagatda üstünlikli işleýändiklerini kanagatlanma bilen belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň oňyn baý tejribesi döwletara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn depginli ösdürmekde mizemez binýat bolup durýar diýip aýdanlaryny daşary ýurtly synçylar saparyň jemlerini teswirlemek bilen, türkmen Baştutanynyň türk hyzmatdaşlary innowasiýalary we häzirki zaman tehnologiýalary peýdalanmaga çagyryp, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň arasynda elektroenergetika, nebit-himiýa, maşyngurluşyk, gaýtadan işleýän senagat, ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini öndürmek ýaly pudaklary, şeýle hem Hazaryň türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak boýunça işleri görkezdi. Dünýäniň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň belleýişleri ýaly, şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti “Awazada” ýokary tehnologiýalar boýunça halkara tejribelerini alyşmak babatynda türkmen-türk maslahatyny geçirmegi teklip etdi. Munuň özi ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňat itergi berer. Türkmen Baştutany şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak işleri boýunça we Türkiýäniň belli ylmy merkezleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň ylmy-barlag kuwwatlyklaryny peýdalanmak boýunça ikitaraplaýyn ylmy-innowasion topary döretmegi teklip etdi. Öňde durýan şu taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglylykda 2012-nji ýyly ylym, bilim we türkmen-türk gatnaşyklarynda ýokary tehnologiýalar ýyly diýip atlandyrmak teklip edildi.
Bellenilişi ýaly, şu günler çap edilen köp sanly makalalarda türkmen Lideriniň parahatsöýujilikli syýasaty, iki doganlyk halklaryň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny berkitmek işlerine goşan ägirt uly şahsy goşandy türk doganlarymyz tarapyndan mynasyp baha eýe boldy - Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň ýokary döwlet sylagy bolan “Döwlet nyşany” bilen sylaglandy. Bu iki ýurduň arasyndaky bozulmaz dostluk gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň ýene bir alamaty boldy. Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri şeýle ýokary sylaga dürli ýyllarda Beýik Britaniýanyň korolewasy Ýelizawetanyň, Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň, Italiýanyň Prezidenti Jorjio Napolitanonyň we häzirki zamanyň beýleki meşhur şahsyýetleriniň mynasyp bolandygyny belleýärler.
Daşary ýurt metbugaty Türkmenistanyň Baştutanynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň çäklerinde ençeme gepleşikleri, şol sanda Beýik Milli Ýygnagyň Başlygy Jemil Çiçek we Türkiýäniň Premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren duşuşyklaryna ünsi çekýär. Dostlukly ýurduň hökümet baştutany bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalar boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz saparynyň jemleýji güni Türkiýäniň iň iri şäheri Stambula baryp görmegi baradaky habarlar okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýerde türkmen Lideri Fatih uniwersitetine baryp gördi we bu ýokary okuw mekdebiniň alymlar geňeşiniň karary bilen “Fatih uniwersitetiniň Hormatly doktory” diýen ada mynasyp boldy, şeýle hem türkmen Baştutany Türkmenistanyň tanyşdyrylyş sergisiniň we türkmen-türk işewurlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri “Türkiýe Türkmenistana diňe bir ygtybarly strategiki hyzmatdaş hökmünde däl-de, eýsem oňat dost we dogan hökmünde garaýar. Bu bolsa türkmen-türk işjeň hyzmatdaşlygyna yzygiderli, açyk we ynamdarlyk häsiýetini berýär” diýip, Prezident Abdulla Gülüň işewürlik maslahatyň açylyşynda eden çykyşyny mysal getirýärler. Bellenilişi ýaly, türk tarapy bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere we iki ýurduň hem ykdysadyýetlerinde gazanylanlary hasaba almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga we oňa işjeň hem-de oňyn häsiýet bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Täzelikler agentliklerinde peýda bolan habarlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirendikleri we Türkmenistanyň okgunly ösýän durmuş-ykdysady pudagyny ösdürmäge işjeň gatnaşýandyklary üçin türk telekeçilerine minnetdarlyk bildirdi hem-de bilelikde işlemäge gyzyklanma bildirýän türk hünärmenlerini türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly bolan pudaklarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamynda, ulag pudagynda, syýahatçylykda we özara bähbitli beýleki talslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga çagyrdy.
“Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäni Türkmenistan bilen ykdysady hyzmtadaşlygy çuňlaşdyrmaga, şol sanda ulag infrastrukturany ösdürmek işlerine gatnaşmaga çagyrdy, hususan-da, Türkmenistan Türkmenbaşy portunyň durkuny täzelemek boýunça iri möçberli taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär we bu taslamalara Türkiýäniň hem gatnaşjakdygyna umyt edýär” diýip, dünýäniň habarlar giňişliginde meşhur bolan Trend azerbaýjan agentligi habar berdi.
Dostlukly ýurtlaryň medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga ägirt uly ähmiýet berýändiklerini bellemek bilen, dünýäniň we Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri iki doganlyk halklaryň durmuşynda möhüm wakalaryň birnäçesine ünsi çekdiler. Bular türk paýtagtynyň gözel künjegi bolan “Dikmen Wadisi” diýen häzirki zaman seýilgähler toplumynda “Türkmenistan” seýilgähiniň açylyşyna we onuň çäginde türkmen edebiýatynyň beýik şahyry, özüniň öçmez-ýitmez şahyrana eserlerinde parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerini wasp eden Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagyna ünsi çekýärler. Ol habarlarda heniz geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Aşgabadyň merkezinde Türkiýe Respublikasyny esaslandyran Atatürk adyndaky seýilgähiň açylandygy barada hem aýdylýar.
Daşary ýurt habar beriş serişdeleri Türkiýäniň Prezidenti Abdylla Gülüň türkmen we türk halklarynyň mizemez dostlugynyň ýene bir alamatyna öwrülen “Türkmenistan” seýilgähiniň açylyş dabarasynda “Türkmen topragy--bu biziň ata-babalarymyzyň watanydyr, biziň ruhy köklerimiz we medeni däp-dessurlarymyz birdir, biz olara uly hormat we sarpa goýýarys” diýip aýdan sözlerini mysal getirýärler.
“Medeni-gumanitar ugurda hyzmatdaşlyk etmek biziň umumy taryhymyz baradaky bilimlerimize daýanýar” diýip, öz nobatynda türkmen Lideri Türkiýede türkmen halkynyň gadymy we baý medeni mirasyny öwrenmäge uly üns berilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Türkmen Baştutanynyň sözlerine görä, yzygiderli geçirilýän jemgyýetçilik, döredijilik we ylmy çäreler munuň şaýadydyr.
Şunuň bilen baglylykda, dünýä metbugaty diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli taraplaryň giň möçberli medeni çäreleriň, şol sanda Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini we Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmek barada, şeýle hem doganlyk halklaryň däp bolan dostlugyny pugtalandyrmak maksady bilen bilelikdäki möhüm dabaraly çäreleri geçirmek barada karara gelendiklerini belleýär.