Ýurdumyzyň medeniýet we habar beriş serişdeleri ulgamlaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şeýle hem okyjylaryň ýokary hilli neşir önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden Kararyna laýyklykda döredilen “Medeniýet” žurnalynyň ilkinji sany çapdan çykdy.
Täze neşir döwlet Baştutanymyzyň žurnalyň işgärlerine we onuň okyjylaryna iberen Gutlagy bilen açylýar. Onda milli Liderimiz
türkmen halkynyň medeniýetini we sungatyny, şeýle hem milletiň ruhy galkynyşynyň ýeten belentliklerini Ýer ýüzünde wagyz etmekde, ýaşlaryň sungata bolan garaýşyny ösdürmekde žurnalyň uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirýär.
“...Göterildi ol ykbalyň türkmeniň” diýen giňişleýin makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine täzeden girişmegi mynasybetli guralan dabara barada gürrüň berilýär. Mälim bolşy ýaly, bu waka türkmen halkynyň täze taryhyna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň gerimini, soňky ýyllaryň dowamynda ähli ugurlarda bolşy ýaly, diňe bir ynsanyň özüni açyp görkezmegi üçin serişde bolmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuş ösüşleriniň baş çeşmesi bolup hyzmat edýän we biziň durmuşymyzy özgertmäge ukyply milli medeniýet pudagyndaky ösüşleri alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň galamyndan çykan kitaplara ýazylan synlar žurnalda görnükli orny eýeleýär. Olaryň biri sungatyň ýazuw görnüşindäki ajaýyp nusgasy hökmünde häzirki zaman türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyna giren “Älem içre at gezer” , beýlekisi bolsa “Janly rowaýat” atly kitaplara bagyşlanypdyr. Bilşimiz ýaly, bu kitaplar öz sahypalarynda kämil keşpleriň we oýlanmalaryň, sazlaşygyň we gözelligiň dünýäsini emele getirýär hem-de milli halylarymyzyň bezeg aýratynlygyny we gözelligini özünde jemleýär.
“Türkmenistan –muzeýler ýurdy” atly makalada Türkmenistan medeni mirasy dikeltmek we gorap saklamak babatdaky maksatnamany öňe sürmek bilen, medeniýet gymmatlyklarynyň goraglylygyny hem-de olaryň nesilden-nesillere geçmegini we çeperçilik gymmatlyklaryň esasynda täzeden dikeldilmegini alamatlandyrýar diýlip bellenilýär.
Beýik sungaty belent sepgitler esaslandyrýar. Hut şonuň üçinem “Halypa sözi altyndan” atly makala okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa bagyşlanypdyr, halypanyň durmuş we döredijlik ýoly häzirki türkmen sungatynyň hakyky taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen operasynyň öňbaşysynyň sungat hakyndaky oýlanmalary, şeýle hem artistiň çeperçilik keşpdäki hakykaty janlandyrmakdaky orny we ähmiýeti çuňňur many-mazmuna ýugrulandyr.
“Medeniýet” žurnalynyň birinji sanyndaky Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowa we “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly ýaş ýerine ýetirijileriň arasyndaky guralan bäsleşigiň 2011-nji ýyldaky ýeňijisi Atajan Berdiýew bilen bolan söhbetdeşlikler biziň ýurdumyzdan uzaklarda hem belli bolan meşhur aýdymçynyň, şeýle hem estrada äleminde özüniň döredijilik ýoluna ýaňy başlaýan ýaş ýerine ýetirijiniň gözi bilen wokal sungatynyň milli mekdebine bolan garaýyşlary beýan edilýär.
Türkmen halkynyň ruhy taýdan galkynmagynda milli medeniýetimiziň orny, onuň häzirki ýagdaýy we ýurdumyzyň kino sungatynyň geljekki ösüşi, dünýä saz sungatynyň bir bölegi hökmünde ykrar edilen milli sazymyzyň taryhy, şeýle hem milli aşhananyň tagamlary hakyndaky gyzykly makalalar bilen tanşan okyjylar “medeniýet” diýen düşünjede adam aňynyň tükeniksiz ösüş ýolunyň möhüm ugurlarynyň beýan edilýändigine göz ýetirer.
Medeniýetiň möhüm bölegi bolan däp-dessurlar milli mirasymyzyň köpugurly görnüşini alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň asylly däpleri häzirki günlerimizde döwrüň ruhuna laýyklykda baýlaşdyrylýar we ösdürilýär. Türkmen halkynyň zergärçilik sungaty we milli lybaslary döretmek babatdaky ýörelgeleri öz taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. “Medeniýet” žurnalynyň ilkinji sanynda awtorlaryň birnäçesi öz makalalaryny şunuň ýaly mowzuga bagyşlapdyrlar.
Şeýlelikde, täze neşiriň baý mazmunly makalalary bilen tanşyp, okyjylar häzirki türkmen medeniýetiniň bäş müňýyllyk ösüşi başdan geçiren sungatymyzyň mirasydygyna we şu döwürde bu sungatyň taryhy tapgyrlaryň çäklerinden çykyp, umumydünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigine göz ýetirerler.
“Medeniýet” žurnalynyň ilkinji sanynyň milli medeniýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine almandygyny hem bellemeli. Ýöne bu ýagdaý žurnalyň kemçiligi bolman, eýsem, biziň köpugurly medeniýetimiziň ähli görnüşlerini dünýäniň iň uly göwrümli žurnalynda hem ýerleşdirip bolmajakdygy baradaky hakykatdyr. Munuň özi okyjylaryň žurnalyň indiki sanyna sabyrsyzlyk bilen garaşmaklaryny şertlendirer we täze neşiriň türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde çykýandygy üçin onuň okyjylarynyň sany has-da artar.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen badalga berlen täze “Medeniýet” žurnalynyň ýollary ak bolsun!