1992-nji ýylyň 2-nji martynda biziň ýurdymyz üçin taryhy waka bolan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul etmek baradaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy kabul edildi.
Türkmenistan bu iri we abraýly halkara guramasynyň agzasy hökmünde ilkinji adimlerini BMG bilen hyzmatdaşlyk etmegi esasy ugurlarynyň biri hökmünde halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekden başlady. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. Onda milletler bileleşigi «Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk derejesini ykrar edýär we goldaýar» diýlip aýdylýar. Bu biziň döwletimiziň alyp barýan konstruktiw we yzygiderli häsiýetli daşary syýasatyny halkara jemgyýetçiliginiň goldaýandygyna şaýatlyk edýär. Biziň ýurdymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna birnäçe gezek saýlanmagy Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginde uly abraýdan peýdalanýandygyna şaýatlyk edýär.
Bu gün Türkmenistan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça iri halkara başlangyçlary bilen çykyş edip, global ösüşiň häzirki zaman meýillerine laýyk gelýän täze geosyýasy we geoykdysady giňişligi gurmaga dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. BMG Türkmenistanyň hökümetiniň müň ýyllygyň ösüş maksatlaryna ýetmek baradaky tagallalaryna işjeň ýardam berýär. Ýurtda BMG-niň gulluklarynyň altysy işleýär. Olar BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMG ÖM), BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), BMG-niň bosgunlar baradaky Ýokary Komissarynyň edarasy (BMG ÝK), BMG-niň Ilat Gaznasy (BMG IG), Bütindünýa Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we BMG-niň narkotikler we jenaýatçylyk boýunça Müdirligidir (BMG NJM). Şeýle hem Türkmenistanda Bütindünýä Bankynyň we Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekilhanalary BMG-niň affilirlenen gulluklary hökmünde işleýär.
Aşgabatda 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit mekeziniň açylmagy BMG-niň sebitdäki işini ep-esli berkitdi. Onuň işi döwletleriň, halkara we sebit guramalarynyň özara hereketini, şeýle hem beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça özara hereketini utgaşdyrmaga gönükdirilendir.
Dawaly ýagdaýlaryň öňüni almak we çözgüdini tapmak meselelerinde syýasy mümkinçiligiň we guramaçylykly tejribäniň bardygy sebäpli Türkmenistanda möhüm sebit ylalaşdyryjy merkezi berk ornady. Muňa mysal hökmünde dürli ýyllaryň dowamynda Täjigistandaky raýat gapma-garşylygyny sazlaşdyrmaga, Owganystanyň içindäki özara göreşýän taraplaryň arasynda gepleşikleri geçirmegiň dowamynda biziň ýurdumyzyň BMG beren degerli goldawyny görkezmek bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde çykyş etmek bilen, halkara meselelerini syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmek hakyndaky Jarnamany işläp taýýarlamaga girişmegi we soňra oňa BMG-niň Baş Assambleýasynda seretmegi teklip etdi. Şeýle jarnamanyň kabul edilmegi döwletara gatnaşyklarynda gapma-garşylyklary çözmekde güýç ulanmak usullaryndan peýdalanmagyň mümkinçiligini ep-esli azaltmaga, umumy durnuklylyk we howpsuzlyk üçin şunuň bilen bagly wehimleri hem-de howplary peseltmäge ýardam eder. Indiki ädim Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebtinde howpsuzlyk boýunça wekilçilikli Forumy geçirmekdir. Türkmenistan bu Forumy şu ýylyň noýabr aýynda biziň ýurdumyzda geçirmegi teklip edýär.
Biziň ýurdymyz köpçülikleýin gyryş ýaraglaryň ýaýradylmazlygy boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny doly goldaýar. Türkmenistan 1996-njy ýylda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy baradaky şertnama gol çekdi. 2006-njy ýylyň sentýabr aýynda degişli şertnama gol çekmek bilen, Türkmenistan 1997-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1-nji komitetiniň Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek baradaky jarnamasynyň taglymyny goldady we awtordaşy boldy.Türkmenistanyň Halk Maslahaty 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyna garşy göreşmek boýunça halkara guramalarynyň başlangyçlaryny goldamak barada Beýannama kabul etdi.
Türkmenistan Ottawada jar edilen ylalaşyklar boýunça Wenada, Bonnda, Brýusselde we Aşgabatda geçirilen halkara forumlara işjeň gatnaşdy. Olarda pyýada goşunlara garşy minalary ulanmagy, gorlaryny tapmagy, öndürmegi we başga birine bermegi gadagan etmek we olary ýok etmek baradaky Konwensiýany döretmek ugrunda tagallalar edildi. Türkmenistan 1997-nji ýylyň dekabrynda Ottawa şäherinde (Kanada) pyýada goşunlara garşy minalary ählumumy gadagan etmek boýunça geçirilen maslahatda pyýada goşunlara garşy minalary gadagan etmek baradaky şertnama gol çeken sebitde ýeke-täk ýurtdyr. Biziň döwletimiz Maputuda, Mozambikde (1999 ý.) geçirilen pyýada goşuna garşy minalar boýunça Maslahata başlyklyk edijileriň biri hökmünde saýlandy.
2010-njy ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebiti boýunça ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça halkara maslahaty geçirildi. Ol parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň hatyrasyna, ýaragsyzlanmak boýunça iş ýüzündäki köp taraplaýyn özara hereket etmegi işjeňleşdirmekde bileleikdäki hereketleri jemlemek boýunça öz wagtynda ädilen ädim boldy.
Häzirki wagtda energiýa serişdelerini dünýä bazarlarynda ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmek meselesi durnukly ösüşiň has ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde çykyş edýär. Türkmenistan bu ugurda halkara derejesinde, ilkinji nobatda hem BMG-iň çäklerinde netijeli işleri alyp barýar. Şunda mälim bolşy ýaly türkmen Baştutany bu meseläni mundan beýläkde durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyry hökmünde BMG-iň howandarlygynda ekspertler toparyny döretmegi teklip etdi. Energiýa serişdelerini köp ugurlar boýunça ibermegiň nukdaý nazaryndan bu toparyň maksady ählimumy energetika ulgamynyň howpsuzlygyny upjün etmäge gönükdirilen meýilnamalary işläp düzmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda Türkmenistan bu babatda BMG-iň münberinden täze guraly – BMG-iň howandarlygynda Sebitara Energetika gepleşiklerini döretmek barada anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär.
Ekologiýa meselesi hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrudyr. Biziň ýurdymyz hyzmatdaşlyk boýunça BMG-niň Konwensiýalarynyň birnäçesine gatnaşmak bilen, tebigaty goramaga degişli meselelerde işjeň çykyş edýär. Türkmenistan howanyň üýtgemek meseleleri boýunça Kopengagende we Kankunda bolan duşuşyklarda howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjylaryň Durbanda geçirilen 17-nji maslahatynda kabul edilen çözgütleri goldaýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda giň möçberli resminama – howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa taýýarlanylýar. Ol kabul edilenden soň biziň ýurdymyz bu resminamany bu meselä öz goşandy hökmünde BMG-niň degişli düzümlerine gowşurar. Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýörüteleşdirilen düzümi – BMG-niň sebit merkezini döretmegi teklip edýär we şol merkeziň kadaly işlemegi üçin Aşgabatda zerur bolan ulgam döretmäge taýýardygyny beýan eydi. Türkmenistan şeýle hem 2012-nji ýylyň iýun aýynda durnukly ösüş boýunça Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek BMG-niň «Rio+20» bütindünýä Maslahatyna anyk tekliplerini taýýarlar.
Türkmenistan we ÝUNESKO ylym we bilim, biziň ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, ekologiýa we tebigaty goramak ugurlarynda maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň tutuş toplumyny amala aşyrdylar. Köp ýyllyk bilelikdäki işleriň netijesinde Merw, Köneürgenç we Nusaý ýaly biziň ýurdumyzyň taryhy binagärlik ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütündünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Geçen ýyl Aşgabatda Beýik ýüpek ýoluny Bütündünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça utgaşdyryjy toparyň ikinji mejlisi geçirildi. Onuň işine dünýäniň dürli ýurtlarynda we BMG-iň düzümlerinden hünärmenleriň we diplomatlaryň onlarçasy gatnaşdy.
Türkmenistan bilen BMG-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hem adam ölçegleri, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek meseleleri bolup durýar. Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan adam ölçegleri ugrunda adam hukuklary boýunça BMG-iň esasy Konwensiýalaryň ýerine ýetirilişi boýunça milli dokladlarynda beýan edildi. Ol Konwensiýalar bolsa jyns kemsidilmeleriň ähli görnüşleriniň ýok edilmegi hakyndaky Konwensiýa, aýallaryň kemsidilmeginiň ähli görnüşleriniň ýok edilmegi hakyndaky Konwensiýa we çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýa we beýlekiler. Türkmenistanyň BMG-yň guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde 2006-njy ýylda bosgunlaryň 13000-ine Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmegini, 3000-ine bolsa ýurduň çäklerinde ýaşamaga hukuk berilmegini görkezip bolar.
Häzirki wagta çenli biziň ýurdumyz adam hukuklary boýunça şertnamalaryň we konwensiýalaryň kyrkdan gowragyna goşuldy. Olaryň arasynda adam hukuklarynyň ählimumy Jarnamasy, ykdysady-durmuş we medeni hukuklar boýunça Halkara Pakty, raýatlyk we syýasy hukuklar baradaky Halkara Pakty, halkara ýaragly gapma-garşylyklarynyň pidalaryny goramak boýunça 1949-njy ýylyň Jenewa konwensiýalaryny we 1977-nji ýyldaky olara Goşmaça teswirnamalar, çagalaryň ýaşamaga bolan ukybyny we olary goramak we sagdyn ösüşini üpjün etmek boýunça Bütündünýä jarnamasy, çaga hukuklarynyň Konwensiýasy, jyns kemsidilmeleriniň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara Konwensiýasy, bosgunlaryň derejesi baradaky Konwensiýa we beýlekilerdir. Mundan başga-da Türkmenistan halkara ynsanperwerlik çärelerine işjeň gatnaşýar.
Türkmenistan häzirki wagtda BMG bilen saglygy goraýyş ulgamynda giň möçberli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. 2002-nji ýylyň iýun aýynda 1997-nji ýyldan başlap poliomielit keseliniň ýekeje gezek hem bellige alynmadyk ýurdy bolan Türkmenistanda bu aýylganç keseli ýok etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler üstünlikli amala aşyryldy. Şol wagt hem biziň ýurdumyza ýabany poliwirusyň ýaýramagynyň togtandygy üçin halkara sertifikaty gowşuryldy. 2000-nji ýylda Türkmenistana drakunkulýozdan saplanan ýurt hökmünde halkara sertifikat gowşuryldy. ÝUNISEF-iň, Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň we beýleki halkara agentliklerdir guramalaryň ýardam bermeklerinde Türkmenistanda „Keselleriň öňüni almak“ boýunça Milli meýilnama üstünlikli amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde döwlet waksinalary satyn almagy hemişelik esasda doly maliýeleşdirýär. 2004-nji ýylyň 1-nji noýabrynda GDA ýurtlarynyň arasynda ilkinji , dünýäde bolsa dördünji ýurt hökmünde duzy ýodlaşdyrmagy üpjün eden Türkmenistana BMG-iň çagalar gaznasynyň, Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň we ýod ýetmezçiligi boýunça kesellere gözegçilik etmek baradaky Halkara geňeşiniň adyndan degişli halkara sertifikaty gowşuryldy.
2011-nji ýyl biziň ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygynda aýratyn möhüm çözgütler bilen dabaralandy. Olaryň arasynda BMG-iň Jenewada ýerleşýän bölüminiň ýanynda Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň açylmagyny görkezmek bolar. Ol ýerde bolsa BMG-iň esasy düzümleriniň ençemesi , şeýle hem iri halkara guramalarynyň Ştab-kwartiralary ýerleşýär. Geçen ýyl biziň ýurdumyzyň BMG-iň abraýly guramalarynyň birbada üçüsiniň düzümine, BMG-iň 2012-2015 nji ýyllar üçin ilatyň ösüşi boýunça komissiýasyna, BMG-iň 2012-2015 nji ýyllar üçin neşe serişdeleri boýunça komissiýasyna, şeýle hem BMG-iň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň düzümine (hemişelik esasda) saýlanmagy biziň ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan işlerine oňaýly täsirini ýetirýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde çykyş etmek bilen, ösüş arkaly parahatçylyk diýip, örän gysga, ýöne çuňňur manyly jümle bilen biziň planetamyzyň aýdyň geljegini görýändigini beýan etdi. Biziň ýurdymyz bu uly göwrümli maksady amala aşyrmak üçin BMG-niň döräli bäri onlarça ýyllaryň dowamynda toplan ägit uly tejribelerine daýanýar. Türkmenistanyň 20 ýyl mundan ozal geljegi uly bolan bu ugry saýlap almagy BMG bilen ýola goýan ýakyndan, köp ugurly hyzmatdaşlyk bu gün özüniň aýdyň netijelerini berýär.