Ï Türkmenistan-Polşa: iki dostlukly halklaryň taryhynyň we medeniýetleriniň özara baýlaşmagy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Polşa: iki dostlukly halklaryň taryhynyň we medeniýetleriniň özara baýlaşmagy

view-icon 701
Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gadymyýetlikler zalynda paýtagtymyzyň jemgyýetçiliginiň meşhur polýak arheology, professor Barbara Kaim bilen duşuşygy boldy, ol on bäş ýylyň dowamynda Ahal welaýatynyň günorta-gündogarynda gadymy Sarahs jülgesine bilelikdäki türkmen-polýak arheologiýa toparyna ýolbaşçylyk edýär. Şu ýyllaryň içinde gadymy Mele Heýran şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde bu ýerde iki müň ýyla golaý mundan öň ýaşan türkmen halkynyň ata-babalarynyň ýokary medeniýetiniň aýdyň subutnamalary tapyldy. Çeperçilik taýdan ähmiýeti we ýerine ýetiriliş ussatlygy bilen tapawutlanýan sungat eserleriniň köp sanly tapyndylary muzeý gymmatlyklaryna öwrüldi we muzeýiň duşuşyk geçirilen zalynda goýuldy.

Mele Heýran Sarahs etrabynyň häzirki dolandyryş merkezinden gündogarda 15 kilometrlikde ýerleşýän kiçeňräk depedir. Gadymy döwürde we orta asyrlarda bu ýerde Nyşapuryň we Merwiň arasyndaky ýoluň ortasynda söwdanyň oňat berkidilen nokady ýerleşipdir. Sarahs jülgesi Tejen (gadymy döwürlerde Gerirud) derýasynyň gadymy akym ugrunda kemala gelipdir we köp ýüzýyllyklaryň dowamynda ösen ekerançylygy bolan ilaty gür zolak bolupdyp.

Türkmen-polýak toparynyň gazuw-agtaryş işleri 1997-nji ýyldan bäri professor Barbara Kaimiň ýolbaşçylygynda üstünlikli alnyp barylýar we onuň Türkmenistanda, şeýle hem Ýewropanyň, ABŞ-nyň we Russiýanyň iri arheologiki žurnallarynda çap edilen ylmy makalalarynyň tapgyrynda beýan edildi. Ol Türkmenistanyň taryh we medeniýet ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça milli müdirliginiň hem-de Warşawa uniwersitetiniň ýanyndaky Arheologiýa institutynyň bilelikdäki taslamasydyr.

“Mele Heýran depesiniň esasynda ot ybadathanasy bolup hyzmat eden uly desganyň harabalyklary ýüze çykaryldy. Gazuw-agtaryş işleri mahaly ýüze çykarylan şaýlyklar giçki Parfiýa we Sasanid döwürlerine degişlidir. Munuň özi ybadathananyň gurlan we işlän wagtyny görkezip biler. Ybadathananyň içki bezeginiň köp sanly we oňat saklanyp galan bölekleri Mele Heýrany zoroastriýa ybadathanasynyň gadymy kultuny dikeltmäge mümkinçilik berýän örän möhüm desga öwürýär. Şol böleklere düşündiriş bermek kyndyr. Sebäbi bu kysymdaky gadymy ýadygärlikler örän seýrek duş gelýär we olaryň içki gurluşy bize näbelli diýen ýalydyr. Şonuň üçin hem Mele Heýran ybadathanasynyň her bir jaýynyň ýerine ýetiren wezipesini düşündirmäge çalşyp, biz ep-esli senenamalaýyn tapawudyň bardygyna garamazdan, ony beýleki zoroastriýa ybadathanalary bilen deňeşdirýäris” diýip, Barbara Kaim bu ýere ýygnananlara gürrüň berdi. Daşary ýurtly alymlaryň birnäçesiniň pikirine görä, Mele Heýrandaky açyş Eýrandaky meşhur Tahyt-i Süleýman ybadathanasyny düşündirmek üçin hem möhümdir, şol ýerde merkezi gümmezi bilen haç şekilli jaýlar örän çalymdaş.

Aşgabatdaky muzeýde Mele Heýrandaky gümmezli zalyň diwarlaryny bezän ösümliklere degişli nagyşlary bolan özboluşly paneller hem görkezilýär. Olar ýonmak usulynda ýerine ýetirilipdir we häzirki wagtda Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmenleri tarapyndan dikeldilýär. Muzeýiň hemişelik gymmatlyklarynyň arasynda türkmen-polýak toparynyň beýleki maglumatlarynyň hatarynda gadymy panteonyň dürli hudaýlaryny, adamlary we haýwanlary şekillendirmek bilen ýonulan süňkden ýasalan önümleriň seýrek nusgalary bar, olaryň bir bölegi Parfiýa ritonlarynyň bölekleridir, şeýle hem bürünç we keramiki zatlardyr. Professor B.Kaim ylmy taýdan seljermek üçin baý maglumatlary berýän gadymy sungatyň eserleriniň her birini belläp, Sarahs jülgesiniň ýene-de bir köp zatlary wada berýän we henize çenli öwrenilmedik ýadygärlikleri bolan Guýrukly depede gazuw-agtaryş işlerine başlamak bilen baglanyşykly özüniň ýakyndaky meýilnamalary barada hem aýtdy.

“Şu 15 ýylyň içinde polýak arheologlary Garaşsyz türkmen döwletiniň nähili kemala gelendiginiň, onuň hakyky özbaşdaklyga nähili eýe bolandygynyň hem-de okgunly ösüşiniň aýratyn hem häzirki döwürde nähili haýran galmaly depginlere eýe bolandygynyň şaýatlary boldular. Ähli türkmen dostlarymyza, ýurduň raýatlaryna we Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ilkinji nobatda ählihalk tarapyndan täzeden saýlanan, milli ruhy mirasy gorap saklamak we baýlaşdyrmak syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Gurbanguly Berdimuhamedowa täze ajaýyp üstünlikleri arzuw edýärin” diýip B.Kaim aýtdy.

Bu duşuşyk Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Polşa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan guraldy, oňa biziň ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik korpusyň wekilleri hem gatnaşdylar.