Häzirki günlere çenli durmuş söýüjilik many-mazmunyny saklap gelen milli bahar baýramyny türkmen halky tebigatyň we durmuşyň täzelenmegini alamatlandyrýan şanly waka hökmünde belläp gelýär. Bu baýram öz bözbaşyny gadymýetiň jümmüşinden alyp gaýdýar. Ýylyň bu döwrüniň adamlaryň durmuşyna edýän täsiri gadym wagtlardan bäri tebigatyä gudraty hasaplanyp, onuň gadymy jadyly güýji, tebigatyň uka gitmegi we täzeden direlmegi bilen baglanyşykly rowaýaty we yrymlary döredipdir. Bu baýramçylyga bir aý öňünden diýen ýaly taýýarlanyp başlanypdyr. Baýramçylyga çenli galan dört hepde, has takygy dört çarşenbäniň her biri degişlilikde tebigatda bolup geçýän dört hadysa bagyşlanypdyr. Olaryň atlandyrylyşy käwagtlar sebitlere baglylykda üýtgemegi mümkündir. Baýramçylygyň öň ýanyndaky çarşenbeleriň biri – Suw ýekşenbe, ýene biri Ot çarşenbe, 3-nji toprak çarşenbe, 4-nji Ahyr çarşenbe diýip atlandyrylýar. Dört çarşenbäniň şeýle tertipde atlandyrylmagynyň sebäbi halkyň düşünjesi boýunça 1-nji çarşenbede howa gyzyp başlaýar, 2-njide suw gyzyp başlaýar, 3-njide toprak janlanýar, 4-nji – Ahyr çarşenbede bolsa agaçlar pyndyk ýarýar. Olaryň iň möhümi 4-nji – Ahyr çarşenbedir. Şol gün dürli däp-dessurlar berjaý edilýär. Olary durmuşyň ähli taraplaryny öz içine alyp, ýetip gelen Täze ýylda özüňe, maşgalaňa, tutuş jemgyýete abadançylyk dileg edilýär we ähli bela-beterlerden, näsazlykdan saplanylýar. Nworuz baýramyna bagyşlanan däp-dessurlaryň iň esasylarynyň biri semene atly tagamyň taýýarlanylyş dessurydyr. Ol bolçulygyň nyşanydyr.
Nowruzda bag ekmek däbi gadymdan gelýändir, ýöne hiç bir ýagdaýda hem şol gün bag agajyny çapmaly däldir. Il arasyndaky yryma görä, Nowruzda tut agajyny injir ýa-da kaştan agajyny ekmek oňat başlangyç hasap edilýär. Bu asylly däbe eýerilip, şol gün Türkmenistanda täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň düýbi tutulýar.
Nowruz baýramçylyk desderhanynyň dürli naz-nygmatlar bilen bezelmegi Täze ýylda azyk önümleriniň bol-elin boljakdygyny aňladýar. Baýramçylyk tagamlarynyň käbir görnüşleri, meselem ýumurtga goşulup taýýarlanylýan naharlaryň jadylaýjy güýji bolup, täze durmuşyň başlangyjyny alamatlandyrýar. Nowruz saçagynda çöregiň, palowuň, süýjüleriň we miweleriň bolmagy hökmanydyr. Halk yrymlaryna laýyklykda öý tutunjak kişi onuň binýadyny Nowruz günleri goýsa, şol öýe hemişe rowaçlyk ýaran bolar. Halkyň aňyna pugta ornaşan, Nowruzyň gyzyla gaplaýmaly düzgünleri boýunça şol günler gargyş etmeli däl, ýalan sözlemeli däl, hapa sözler dile alynmaýar, kişini ýazgarmaly däl, gybatdan we beýleki ýaramaz gylyklardan saklanmaly.
Nowruz günleri öý tertibe salynýar, lybaslar täzelenýär. Öň öýkeli adamyň bilen ýaraşmak hem şol günüň ýazylmadyk kanunydyr. Öz aýbyny boýun alýan adamyň ýazygyny geçmezlik günä hasaplanýar. Ýüzärlik (ýüz äriň güýji diýen manysy bar) Ýüzärlik otunyň týssseledilmegi) bu gadymy baýramyň esasy däpleriniň biridir. Ýaman niýetlerden we göz degmeden goramak üçin bu ösümlügiň tüssesi çagalaryň üstüne, öýüň içine, hojalyk mallaryna ýaýradylýar. Türkmenler milli bahar baýramyny däp boýunça ýokary jogunlylyk we ählihalk ruhy ýokary göteriliş ýagdaýynda – bu senä gabatlanyp, ýörüte tikilen täze egin-eşikleri geýip, saçaklary köpdürli tagamlar bilen bezäp, halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirmek bilen garşylaýarlar. Şol günler Nowruza laýyk gelýän milli oýunlar – ýüp üstünde ýöremek, göreş boýunça bäsleşikler geçirilýär, açyk meýdançalarda sahna oýunlary görkezilýär.
Täze ýylyň 1-nji güni howla çykyp, ýa-da açyk penjiräniň öňünde durup, öz azruwlaryň hasyl bolmay dileg edilýär.
Nowruzyň biziň günlerimize ýetip gelen hojalygy ýöretmek bilen baglanyşykly düpleriniň biri hem toýa niýetlenen öküziň, sagylýan sygyryä ýa-da goýunyň şahyna gyzyl mata daňmakdyr. Bahar baýramy günleri garyndaşlara, dost-ýara, goňşulara, olar hem baýramçylyk ruhuny duýar yaly Nowruz paýy diýilýän sowgatlar berilýär. Nowruzda ak güller, landyş, benewşe ýaly meýdan gülleri ýygnalyp, olardan çemen bogulýar. Zenanlar şol güller bilen saçyny bezeýarler. Şeýle hem şol günler ýabany narpyz ösümlügi ýynnalýar. Ýöne nerkes güllerini öýe getirmek asla bolmaýar.
Nowruz hemişe tebigatyň gaýtadan janlanmagyny, ahlak päkligi, deňligi alamatlandyrýan baýramdyr. Bu gün baky diriligiň we bagtyýarlygyň, biziň halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň aýdyň alamaty bolan bu ajaýyp Bahar baýramy türkmen topragyna gadam urdy.