Ï Türkmenleriň golýazma mirasynyň täze neşirleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenleriň golýazma mirasynyň täze neşirleri

view-icon 2227
“Ylym” neşirýatynda türkmen halkynyň baý edebi mirasyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň işgärleri tarapyndan çapa taýýarlanan dört tom köpçülikleýin sanda çapdan çykdy.

Birinji tom Türkmenistanda Mäne baba ady bilen giňden tanalýan sopuçylygyň beýik şeýhi, teolog we şahyr Abusagyt Abylhaýyryň rubagylaryndan ybaratdyr. Ol 967-nji ýylda Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabyndaky häzirki Mäne obasynyň golaýynda kiçeňräk gadymy Mäne şäherinde doguldy we bir müň aý ýaşap, 1049-njy ýylda aradan çykdy. Bu döwür Seljuk türkmenleriniň ägirt uly döwletiniň kemala gelmeginiň döwri bolupdy we Mäne baba diri mahaly “Söz äleminiň soltany” diýlip hasaplanylýardy, yslam dünýäsinde bolsa henize bu güne çenli hem “Ýedi weliniň biri” diýlip sarpa goýulýar. Ol başlangyç bilimi alyp, Merwiň, Sarahsyň we Nişapuryň medreselerinde okuwyny dowam etdirýär, şol döwrüň iň meşhur, ruhy taýdan abraýly adamlary bilen gatnaşyk edip, sopuçylygyň syrlaryna aralaşýar. 1012-nji ýylda ol öz şöhratly döwürdeşi Ibn Sina bilen duşuşýar, olaryň dostlugy uzak ýyllara çenli dowam edýär we dünýä garaýyşlarynda tapawudyň bardygyna garamazdan, olaryň dostlugy hormat goýmak esasynda guralýar: Mäne baba mistik, Ibn Sina bolsa maddy dünýäniň tarapdary bolupdyr. Mäne baba gartaşan mahaly has meşhur bolupdyr, şonuň üçin hem seljuk soltanlary Togrul beg we Çagry beg syýasy hem-de din meselelerinde onuň bilen maslahatlaşypdyrlar, Daňdanakan söweşinden soň bolsa Mäne baba olara türkmenleriň döreden beýik Seljuklar imperiýasyny dolandyrmaga ak pata beripdir.


Mäne babanyň galdyryp giden mirasynda söýgi-romantiki, filosofiki-didaktiki hem-de sopyçylyk häsiýetdäki şygyrlar uly orny tutýar. Olar köp asyrlaryň dowamynda diňe türkmen halkynyň arasynda däl-de, eýsem Gündogaryň musulman halklarynyň giňişliginde uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Onuň rubagylarynyň 700-den gowragy mälimdir, olar Eýranyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň kitaphanalarynda saklanýan dürli golýazmalarda duşýar. Aşgabatda neşir edilen ýygyndy eserdeňlik bilen barlanyp görlen çeşmeleriň esasynda taýýarlanylan rubagylaryň türkmençe terjimelerinden ybaratdyr.

Halk içinde Ependi ady bilen meşhur bolan Hoja Nasreddiniň şorta sözleriniň ýygyndysy hem sopuçylyk bilen baglanşyklydyr. Täze neşir ýakynda Beýik Britaniýadan getirilen gadymy golýazmadan edilen terjimeden ybaratdyr. Türkmen alymlary bu asyl nusgadaky golýazmada öň neşir edilmedik, edebiýat ylmynda näbelli degişmeleriň ýüze golaýyna duşdular. Taryhy maglumatlar boýunça Ependi häzirki Türkiýäniň çäklerinde Anadolynyň Akşäher şäherinde XIII-XIV asyrlarda, ýagny Seljuklar türkmen dinastiýasynyň dolandyran eýýamynda ýaşapdyr. Şondan bäri Ependi hakyndaky degişmeler türkmen gahrymanlary Gorkut ata we Görogly hakyndaky hekaýatlar ýaly bütin musulman dünýäsine ýaýrapdyr.

Ependiniň keşbi diňe bir türkler, azerbaýjanlar, tatarlar, gazaklar, özbekler ýaly türki dilli halklaryň arasynda meşhur däldir. Onuň ýiti hekaýalary dünýäniň 23 dilinde duş gelýär, onuň özi bolsa dürli atlar bilen araplaryň, grekleriň, bolgarlaryň we Osman imperiýasynyň medeni giňişliginde bolan beýleki ençeme halklaryň arasynda mälimdir. Bu imperiýany Ärtogrul han türkmeniň ogly Osman esaslandyrdy. Hünärmenleriň pikirine görä hem türkmen halky Ependiniň degişmeleriniň has köpüsine eýedir.

Türkmenistanyň kitap dükanlarynyň tekjelerine gelip gowşan üçünji kitap 1381-nji ýylda ýazylan Jelaleddin Hydyryň “Dertlere derman” atly meşhur ýygyndysynyň neşirinden ybaratdyr. Bu kitabyň filosofiýa, logika, sopuçylyk, dil we lukmançylyk babatda bilim alan awtory öz wagtynda Kiçi Aziýada we Müsürde örän meşhur bolupdyr, ol şol ýerlerde ýaşapdyr. Onuň Müsürde höküm süren türkmen soltany Seýfeddin Mansur Kalawu tarapyndan esaslandyrylan “Dar at – tabbiýe” (“Şypa öýi”) atly mugt hassahanada baş lukman bolup işläpdir. Hassahanada dört bölüm bolupdyr. Birinji bölümde tutgaýyň dürli görnüşleri, ikinji bölümde göz keselleri bejerilipdir, üçünji bölümde hirurgiýa operasiýalar geçirilipdir. Dördünji bölüm zenanlar bölümi bolupdyr we beýleki bölümlerden aýratyn ýerleşipdir.

Jelaleddin Hydyr öz eserleriniň uly bölegini Anadolyda Aýdyňogullary begligini esaslandyran türkmen hökümdary Aýdyň ogly Isa begiň höküm süren döwründe döredipdir. “Dertlere derman” işinden başga hem “Kitab at-taglym” (“Tälim-terbiýe hakyndaky kitap”), “Kitab as-sagada” (“Bagtyýarlyk kitaby”) we beýleki eserler hem 1417-nji ýylda aradan çykan Jelaleddin Hydyra degişlidir. Onuň eserleriniň uly bölegi Gündogarda ylmy eserleriň resmi diliniň wezipesini ýerine ýetiren arap dilinde ýazylypdyr, emma, şol mahal Müsürde türkmenleriň köp bolmagyny nazara alyp, ol lukmançylyk baradaky kitaplaryny köne türkmen dilinde ýazypdyr. “Dertlere derman” atly kitapda şol döwrüň lukmançylygynda gazanylan üstünlikler we tejribeler, giňden ulanylýan derman serişdeleri, olary taýýarlamagyň we peýdalanmagyň usullary beýan edilýär. Şeýle hem has giňden ýaýran keselleriň iki ýüze golaýynyň ýüze çykmagynyň sebäpleri, olaryň alamatlary we maslahat berilýän bejeriş usullary teswirlenýär. Jelaleddin Hydyryň birnäçe ýyl mundan öň Eýran Yslam Respublikasyndan getirilen golýazma boýunça köne türkmen dilinden häzirki zaman diline terjime edilen kitaby lukmançylygyň taryhy bilen gyzyklanýanlar üçin oňat gollanma bolar.

Türkmen okyjylaryna elýeterli bolan ýene-de bir edebi ýadygärlik asyrlaryň dowamynda mekdep okuwçylary we medreseleriň talyplary üçin okuw gollanmasy, patyşalar we beýleki täsirli adamlar üçin gollanma bolup hyzmat edipdir. Bu Hüseýin Käşifiň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň gaznalarynda saklanýan dört sany asyl nusganyň esasynda düzülen “Muhsynyň ahlagy” atly eseridir.

Hüseýin Waýiz Käşifi XV asyryň ikinji ýarymynda – XVI asyryň başynda Hyratda ýaşap geçen meşhur alymdyr, wesýetçidir, şahyrdyr we ajaýyp ýazyjydyr. Beýik Jamy onuň howandary bolupdyr. Özüniň “Nepis ýygyndy” atly şahyrana antalogiýasynda oňa orun beren Alişir Nowaýy onuň ýakyn dostlarynyň hataryna giripdir. Käşifiniň dünýäniň köp dillerine terjime edilen “Muhsynyň ahlagy” atly meşhur eserinde gadymy döwrüň patyşalarynyň we akyldarlarynyň dana sözleri hem-de dürli meseleler boýunça awtoryň garaýyşlary bar. Özü-de olaryň her birine aýratyn bap bagyşlanypdyr.

Bu kitapda öwrenerlikli wakalar we durmuşda duş gelýän täsin ýagdaýlar toplanypdyr, awtor olaryň kömegi bilen ahlak ýörelgelerini kesgitleýär. “Muhsynyň ahlagy” kitabynyň gahrymanlarynyň çägi örän giňdir: olar Bibliýanyň we Gurhanyň gahrymanlarydyr, Gadymy Gündogaryň hem-de Günbataryň patyşalarydyr, olaryň paýhasly halypalarydyr hem-de begzadalardyr, ilçilerdir we esgerlerdir, ekerançylardyr we hünärmenlerdir. Mahlasy, olar adama mahsus zatlar özlerine ýat bolmadyk we bize, olaryň alysdaky nesillerine aýtmaga zatlary köp bolan, açyklyk bilen, çynlakaý we gülküli paýlaşyp biljek zatlary bolan adamlardyr. “Muhsynyň ahlagy” kitaby atanyň we oglunyň ylalaşmagyna, iki Timuridleriň – hyrat soltany Huseýin Baýkaranyň we onuň ogly şazada Muhsin Mirzäniň arasyndaky duşmançylygyň bes edilmeginiň hormatyna ýazylypdyr.

Dört kitabyň hemmesi hem oňat bezelipdir, ýokary çaphana derejesinde neşir edilipdir we giňden meşhurlyga eýe bolup, biziň zehinli ata-babalarymyzyň döreden özboluşly eserleri bilen ýurdumyzyň jemgyýetçilik kitaphanalaryny hem-de türkmen okyjylarynyň şahsy kitaphanalaryny baýlaşdyrar.