Ï “Suw damjasy - altyn dänesi” baýramçylygynyň dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Suw damjasy - altyn dänesi” baýramçylygynyň dabaralary

view-icon 1890
Däp bolup gelşi ýaly, her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde “Suw damjasy-altyn dänesi” ählihalk baýramçylygy Türkmenistanda giňden we dabaraly bellenip geçilýär. Bu möhüm senä uly baýramçylyk meýilnamasy bagyşlanylýar. Oňa ylmy maslahatlar, konsertler, sahnalaşdyrylan oýunlar we sport ýaryşlary girýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde türkmen topragynyň jomartlygyny alamatlandyrýan bereketli saçaklar giňden ýazylýar we ýarmarkalar guralýar.


Ir ertirden giç agşama çenli ýurdumyzyň suw hojalygynyň weteranlarynyň hem-de işgärleriniň baýramçylygy mynasybetli, şäherleriň we obalaryň derýalarynyň, akabalarynyň we suw howdanlarynyň kenarlarynda, seýil baglarynyň çüwdürimlerinde we dynç alyş ýerlerinde sungat ussatlarynyň sahnalaşdyrylan oýunlary we konsertleri, sport ýaryşlary hem-de köpçülikleýin gezelençler geçirildi. “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygynyň şanyna paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Garagum derýasynyň kenarynda ýerleşen seýil bagynda dabara guraldy.

Dürli reňkdäki baýdaklar bilen bezelen seýil bagyndaky dabara köp sanly gatnaşyjylar we myhmanlar däp bolan milli tagamlar-gyzgyn çörek, pişme, çapady, külçe, dürli süýji nygmatlar we ir-imişler bilen garşylandy. Myhmanlaryň arasynda hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, milli parlamentiň deputatlary, ýaşulular we din işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlar bar.


“Ruhubelent çagalar” we “Joşgun” çagalar tans toparlarynyň, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň “Altyn asyr”, “Gülruh”, “Ýüpek ýoly” we “Diýar” çeper toparlarynyň, şeýle-de ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren tansly, aýdym-sazly çykyşlary dabara has hem bezeg berdi.

Soňra myhmanlar açyk asmanyň astynda guralan, uly sergi bilen tanyş boldular we

berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe pudagyň işgärleriniň ulanýan häzirki zaman ýokary tehnologik enjamlaryny we tehnikalaryny synladylar. Bu ýerde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň we beýleki häzir hereket edýän hem-de gurulýan suw desgalarynda peýdalanylýan suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň, meliorasiýanyň häzirki zaman ulgamynyň we beýlekileriň nusgalaryny görmek bolýar. Ýokary öndürüjilikli tehnikanyň kömegi bilen türkmen hünärmenleri ägirt uly taslamalary durmuşa geçirýärler, derýalary we kölleri, akabalary we suw howdanlaryny gurýarlar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň suw hojalygy halk hojalygynyň wajyp pudaklarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyzdaky ähli derýalary, beýleki suwaryş çeşmelerini, bentleri, suw howdanlaryny we etrabara hem-de hojalygara akabalary, kollektorlary we toplumlaýyn suw desgalary bolan suwaryş ulgamlaryny özüne birleşdirýär. Suw hojalyk ministrliginiň wezipelerine suw serişdelerine gözegçilik etmek we olary paýlamak, suw hojalyk desgalaryny gurmak we ulanmak, täze ekin meýdanlaryny özleşdirmek we olaryň melioritiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleri girýär.


Şeýle-de bu sergide karp, ak amur we ak tüňňümaňlaý ýaly ýaş balyklary saklaýan kiçi suw howzuny hem görmek bolýar. Bu balyklar Suw hojalyk ministrliginiň garamagyndaky “Ekologiýa” ylmy-önümçilik merkeziniň kärhanalarynda köpeldilip, soňra açyk suw howdanlaryna goýberilýär. Bu balyklary köpeltmegiň esasy maksady derýalary, ilkinji nobatda, Garagum derýasyny biologik taýdan arassalamak bolup durýar. Bilşimiz ýaly, balyklaryň bu görnüşleri suwy arassalamakda işi gymmata durýan tehnikalardan has netijeli bolýar.

Sergä gelenlerde bu sergide goýlan taryhy zatlaryň arasynda gadymy suw çykaryş enjamy bolan jykyr uly täsir galdyrdy. Onuň kömegi bilen türkmenler suwy ýeriň ýüzüne çykarypdyrlar. Düzgün boýunça uly we agyr çarh özünde berkidilen susaklary bilen derýalardan suwy ýokaryk çykaryp, ekin meýdanyny suwarypdyr. Türkmende bu gural düýäniň ýa-da haýsydyr bir öý haýwanynyň kömegi bilen herekete girizilipdir. Bu gün bolsa şeýle maksatlar üçin güýçli nasos stansiýalary we ekin meýdanlaryny suwarmak hem-de köpsanly ilatly ýerlerini agyzsuwy bilen üpjin etmek üçin suw geçirijiler ulanylýar.

Sergide goýlan şaglawugyň we käriziň nusgasynyň töweregi hem köp adamly boldy. Mälim bolşy ýaly, biziň pederlerimiz ussatlyk hem-de ýitilik arkaly, egsilmez zähmetiň netijesinde agyzsuwyny almagyň täsin görnüşini oýlap tapypdyrlar. Olaryň biri hem kärizler bolupdyr. Kärizler birnäçe kilometrlik ýeriň astyndan, daglyk ýerlerde çuň ýeriň astyndan agyzsuwyny almak üçin ulanylypdyr.

Sergide ýurdumyzyň Milli muzeýiniň gaznasyndan gymmatlyklar we B.Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň, Türkmen döwlet ýöriteleşdirilen çeperçilik mekdebiniň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň surat eserleri aýratyn goýlupdyr. Şekillendiriş we amaly haşam sungatynyň ýaş awtorlary özleriniň çeper eserlerinde, döreden küýze gaplarynda, gobelenlerinde, halylylarynda we zergärçilik önümlerinde türkmen halkynyň mukaddesliklere bolan gatnaşyklaryny, suw serişdelerine aýawly çemeleşmelerini beýan edipdirler. Serginiň merkezinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň açylyş badarasyna bagyşlanan surat eseri goýlupdyr.

“Galkynyş” toparynyň jigitleriniň at üstünde ýerine ýetiren oýunlary has-da täsirli boldy. Olar ýörite guralan manežde öz ussatlyklaryny görkezdiler. Garagum derýasynyň kenarynda türkmen göreşi we sportuň beýleki görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar hem baýramçylygyň dabarasyny artdyrdy.


Gadymy türkmen obasyny ýada salýan ak öýleriň öňünde giňden ýazylan desterhanlarda baýramçylygyň myhmanlaryna dürli tagamlar hödür edildi. Öýleriň ýanyndaky ýataklarda bolsa dürli görnüşli öý haýwanlary görkezildi. Düýe çaly we agaran, gurt hem-de gowurdak we gyzgynjak tamdyr çöregi dabara gatnaşyjylar üçin hödür-keremiň ýokary derejesi boldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen milli-sazly drama teatrynyň artistleriniň, şeýle hem “Aşgabat” we “Altyn asyr” tans toparlarynyň çykyşlary baýramçylygyň dabaraly bölüminiň açylandygyny myhmanlara habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygyna gatnaşyjylara iberen gutlagy bu ýere ýygnananlar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Gutlagda milli Liderimiz ýurdumyzyň suw hojalygynyň işgärlerini, oba zähmetkeşlerini we tutuş türkmen halkyny giňden bellenilýän şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, ähli janly-jandara kuwwat berýän mukaddes suwuň sarpasynyň biziň ýurdumyzda belent tutulýandygyny, Türkmenistanyň tebigy-howa şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan suw hojalygy ulgamynyň öňünde ýurdumyzyň ilatyny we halk hojalygyny suw bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça giň möçberli wezipeleriň durandygy nygtaýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň suw hojalyk pudagy sazlaşykly ösdürilýär diýlip, Gutlagda bellenilýär. Suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak meseleleriniň oňyn çözgüdi oba hojalygynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, durmuş ulgamynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegine baglydyr. Bu ýörelgeler bolsa ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlagynda belleýär.

Ýurdumyzyň suw hojalygy ulgamynyň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza döredilýän ähli amatlyklar üçin hoşallygyň nyşany hökmünde Gerçek atly ahalteke bedewi sowgat berildi.

Asylly däbe görä, baýramçylygyň ahyrynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň önümçiligiň öňdebaryjylaryny sylaglanyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan has tapawutlanan melioratorlara, gidrotehniklere, inženerlere, alymlara, miraplara, mehanizatorlara we pudagyň desgalarynda işleýän gurluşykçylara, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalaryna hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňra Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ussat ýerine ýetirijiler, sazandalar, tans toparlary berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, halkymyzyň bagtyýarlygyny, agzybirligini we bitewüligini, edermen zähmetkeşleriň mähriban Watanymyzyň rowaçylygynyň hatyrasyna alyp barýan asylly işlerini şowhunly aýdym-sazlaryň üsti bilen wasp etdiler.

Şeýle hem baýramçylygyň dowamynda Garagum derýasynyň ýakasynda bag ekmek dessury boldy. Şeýlelikde, dabara gatnaşyjylar derýanyň kenaryndaky ýaşyl zolagyň meýdanyny artdyrdylar.

Şeýle hem şu gün “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramynyň çäklerinde Garagum derýasynda küreklemek boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa suw sport toplumynda bolsa mekdep okuwçylarynyň arasynda suwda ýüzmek boýunça bäsleşik guraldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň teatrlary baýramçylyk dabaralaryny taýýarladylar. Türkmen döwlet gurjak teatrynda “Suw-hasylyň hemrasy”, Baş drama teatrynda “Berkararlyk nur saçýar bagtyýarlyk döwrüme”, Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynda “Köllere guwlar gelipdir”, Alp Arslan adyndaky Türkmen milli ýaşlar teatrynda “Awazanyň toý owazlary”, A.S.Puşkin adyndaky Rus döwlet drama tetarynda “Bagtyýarlyk döwrüniň joşguny” we Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda “Bal suwa baý Watanym” atly baýramçylyk sahna oýunlary görkezildi. Paýtagtymyzdaky “Türkmenistan” we “Watan” kinokonsert merkezlerinde, “Ylham” seýilgähinde, şeýle hem Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar guraldy.