Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň sahnasynda goýulan „Üýtgeşik söýgi“ spektaklynyň premýerasy diňe bir bildiriş hökmünde bolman, eýsem tomaşaçylaryň hem söýgüsine mynasyp boldy. Sahnada goýulan bu üýtgeşik oýun tomaşaçylarada uly tolgunma döretdi. Olar dowamly el çarpyşmalar arkaly artistlere öz buýsançlaryny bildirdiler.
Bu oýun belli dramaturg Aleksandr Wolodiniň „Kelpeze“ pýesasy esasynda düzüldi. Ondaky wakalar taryhy eýýamdan öňki döwürde, haçan-da adamzat ösüşe tarap ilkinji ädimleri ädip başlan döwründe bolup geçýär. Onuň esasynda – agzalalygy ýeňip geçen we ylalaşygy hem-de özara düşünişmegi yglan eden ajaýyp söýgi barada göçme manyly hekaýa ýatyr.
Türkmenistanyň Halk artisti, režissýor-oýun goýujy Kakajan Aşyrow ajaýyp dramaturgiýa esesrini hödürledi. Ol pýesanyň häzirkizaman ahlak- filosofiýa mazmun bilen üstüni ýetirmek bilen, dünýäni gapma-garşylykdan we uruşlardan nähili halas etmeli, zeminde dogruçyllygy nädip ýola goýmaly, ylalaşdyryjylyga orun berip, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklarda nädip söýgüni ýokary başda goýmaly diýen ýaly sowallara jogap bermäge çalşyp, ol ony adamzadyň häzirki günleriniň meselelerine golaýlaşdyrdy.
- Bu göçme manyly hekaýa meni talyplyk ýyllarymdan bäri togundurýardy diýip, režissýor-oýun goýyjy, Türkmenistanyň Halk artisi Kakajan Aşyrow gürrüň berýär. Şonuň täsiri esasynda men pýesany özümçe ýazdym. 1986-njy ýylda Tbiliside geçirilen Bütinsoýuz teatr festiwalynda Aleksandr Wolodin Aşagabadyň Ýaş tomaşaçylar teatrynyň artistleriniň taýýarlan „Kelpeze“ spektaklyna ilkinji sapar tomaşa etdi. Öz eseri esasynda göýulan oýnuň şowly çykandygy üçin dramaturg maňa minnetdarlyk hatyny iberdi.
Ynha çärýek asyrdan soň tomaşaçylar bu oýnuň täzeden goýlanyna tomaşa etdiler. Oýunda artistleriň sazlaşyklary oýnamagy bu spektakl şu ýyllaryň dowamynda sahnada hemişe bolan ýaly pikiri döredýär.
Suratkeş-oýun goýujy Maksat Amangylyjowyň işini aýratyn belläsim gelýär. Ýokardan haýsydyr bir ýerden sallanyşyp duran lentalar-ynha bar ssenografiýasy, ýöne ol sahnada bolup geçýän wakalaryň üstüni şeýle bir üstünlikli üstüni ýetirýär. Lentada görkezilýän aldym-berdimli söweş gidýän wagtynda tebigatyň özi hem ýerdäki bolup geçýän urşa garşy hereket edýän ýaly aýgytly hereket edýär. Parahatçylykly durmuşyň sahnasynda bolsa, ynsan durmuşynyň şatlygyny güýçlendirip, olar boýunça dürli reňkli gün şöhleleri ýalkym saçýar.
Spektaklda gowulygyň we erbetligiň çaknyşýan merkezinde biri-biri bilen duşman taraplardan biri-birini söýen oglan we gyz ýüze çykýar. Olaryň söýgüsi duşmançylygy ýeňip geçýär. Şondan soň bu biri-birine duşman bolan taýpalaryň arasynda iki söýýän ýürekler tarapyndan berkidilen parahatçylyk höküm sürýär.
Režissuranyň uly üstünligi – baş rollary ýerine ýetirijileriň saýlanyp alynmagy. Spektaklyň premýerasynda olary ýerine ýetirijiler ýaş, geljegi uly bolan aktýorlar – Jeren Hallyýewa we Bagtyýar Abaýew. Olar bu rollary örän ak ýürek bilen we tebigy ýerine ýetirmegi başardylar. Oýun mahalynda Jereniň ussatlyk bilen eden hereketleri bolsa çalasyn kelpezäni ýadyňa salýar.
Spektakl örän şowly boldy, käýerlerinde giň ölçegli ak-gara kinofilmlerini ýatladýar, käýerlerinde – stilleşdirilen baledi ýadyňa salýar. Ony döredijileriň oňat hilli duýgylary netilesinde duýgy ölçegleri yzarlanýar.
Men ýokary bahany diňe bir aktýorlara bermän, eýsem spektakly döretmäge gatnaşanlaryň ählisine hem – egin – eşikler boýunça suratkeşlere, yşyklandyryjylara, tans hereketleri goýujylara, elbetde oýun goýuja hem bererdim – diýip, Kakajan Aşyrow tomaşaçynyň spektakly nähili kabul edendigi baradaky duýgusynyň kanagatlandygyny gizlemän aýtdy.
Tomaşaçylar hem spektakla gyzgyn seslenmeleri bilen režissýor-oýun goýuja, elbetde spektaklyň ýerine ýetirijileriň ählisine hem ýokary baha berdiler.