Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär
Türkmen paýtagtynda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerindäki çäreler üstünlikli geçirilýär. Şu gün türkmenistanlylary doganlyk halkyň taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrýan çäreleriň birnäçesi bolup geçdi.
Paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi açyldy. Bu serginiň ekspozisiýasyny Belarusyň Beýik Watançylyk urşunyň döwlet taryhy muzeýiniň materiallary, şeýle hem Belarusyň telegraf agentliginiň (BelTA) “häzirki zaman Belarus” diýen mowzukdaky fotosuratlary düzdüler.
Belarus Respublikasynyň medeniýet ministriniň birinji orunbasary Wladimir Karaçewskiý serginiň açylyş dabarasynda çykyş edip, öz ýurdunyň wekiliýetiniň adyndan myhmansöýer türkmen topragynda mähirli garşylandyklary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Medeniýet günleriniň çärelerini guraýjylaryň ählisini hoşallyk bildirdi. Biziň dostlugymyz döwrüň synagyndan geçdi, Belarusyň taryhy ýyl ýazgysyna Beýik Ýeňiş ugrunda wepat bolan gaýduwsyz türkmen esgerleriniň atlary müdimilik ýazyldy. Ýurduň şäherleriniň, şol sanda Belarusyň paýtagty Minsk şäheriniň köçeleriniň birnäçesine olaryň atlary dakyldy diýip, W.Karaçewskiý aýtdy. Belarusly myhmanyň belleýşi ýaly, belarus wekiliýetiniň agzalary türkmen halky bilen tanşyp, paýtagtymyzdaky Bagt köşgüne baryp görüp, Türkmenistanda ruhy gymmatlyklaryň ähli zatdan ileri tutulýandygyna we türkmen paýtagtynyň “aşyklar şäheri” diýlip atlandyrylmagynyň örän jüpüne düşendigine göz ýetirdiler: “Bu ýerde maşgala, çagalara uly sarpa goýulýar, munuň özi siziň ýurdumyzyň uly we bagtly geljeginiň bardygyny aňladýar”.
Soňra ýygnananlar Şekillendiriş sungaty muzeýiniň zallarynyň birinde görkezilýän eskpozisiýa bilen tanyşdylar. Bu ekspozisiýa türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň ösüşine bagyşlanan suratlar bilen açyldy. Munuň özi iki dostlykly ýurduň okgunly ösýän syýasy, ykdysady we gumanitar gatnaşyklarynyň özboluşly surat ýylýazgysydyr. Şol suratlarda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aleksandr Lukaşenkonyň ýokary derejedäki duşuşyklarynyň, olaryň belarus hünärmenleri tarapyndan Türkmenistanda gurulýan dag-magdan kombinatynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşan pursatlary şöhlelendirilýär.
Ekspozisiýanyň esasy bölegini Belarusyň Beýik Watançylyk urşunyň döwlet taryhy muzeýiniň materiallary—“Söweşjeň doganlygyň sahypalary” düzdi. Bu urşuň taryhy sahypalaryna Belarusda uly sarpa goýulýar. Şol gazaply uruş ýyllarynda belaruslaryň üçden biriniň wepat bolandygy mälimdir. Uruş döwründe Minsk şäheri weýran edildi, ony, sözüň doly manysynda, harabalyklardan dikeltmeli boldy.
Belarusyň Beýik Watançylyk urşunyň döwlet taryhy muzeýi Beýik Watançylyk urşundan galan zatlaryň saklanýan ýeridir we raýatlary watançylyk ruhunda terbiýelemegiň möhüm merkezleriniň biridir. Muzeýiň uruş döwründe, 1944-nji ýylda açylanlygy bellärliklidir. Belarus partizanlarynyň goşlary onuň ilkinji gymmatlyklary boldy. Häzir bu ýerde 140 müňden gowrak gymmatlyk saklanýar. Ýakyn wagtda muzeý Ýeňijiler şaýolundaky täze häzirki zaman binasyna göçüp barar.
Aşgabada getirilen muzeý gymmatlyklary bilen bu ýere gelenleri Muzeýiň gaznalar bölüminiň müdiri Galina Skorinko tanyşdyrdy. Ol muzeýde 37 ýyldan bäri işleýär we muzeý gymmatlyklarynyň her biriniň taryhyny örän gowy bilýär. Tomaşaçylara Türküstan harby okrugynyň Belarusyň çäginde söweşlere gatnaşan esgerleri, şeýle hem Belarusy azat etmek ugrundaky jeňlere gatnaşan türkmenistanlylar barada gürrüň berýän täsin taryhy resminamalaryň surat nusgalary görkezilýär. Şol esgerleriň arasynda Sowet Soýuzynyň Gahrymany Oraz Annaýew hem bar. Gahryman baradaky maglumatlar muzeýde aýawly saklanylýar. 1943-nji ýylyň sentýabrynda Gomel welaýatynyň Niwkiý obasynyň golaýynda Dnepr derýasyndan geçilýän mahaly gwardiýa starşinasy Annaýew ilkinji bolup bu oba girdi we aldym-berdimli söweşde duşmanyň serkerdesini hem-de faşistleriň onusyny ýok etdi. Şol ýerde, Gomeliň eteginde 1943-nji ýylda otuz ýaşly Oraz Annaýew gahrymanlarça wepat boldy we belarus topragynda jaýlandy. Mälim bolşy ýaly, biziň gahryman ildeşimiziň ady Minsk şäheriniň köçeleriniň birine dakyldy. Şäheriň merkezinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän gür bagly Annaýew köçesi Türkmenistanyň Belarusdaky özboluşly bir künjegi bolup, umumy taryhyň, baky hakydanyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşanyna öwrüldi.
Belarus sergisiniň täsin gymmatlyklarynyň arasynda 1-nji Belarus frontuna ýolbaşçylyk eden marşal Rokossowskiniň keşbi şekillendirilen türkmen halysynyň surat nusgasy bar. Bu haly Konstantin Rokossowska 1943-nji ýylda frontda sowgat berildi. Maryly halyçylar tarapyndan dokalan halynyň gölleri täsindir. Olarda söweş hereketlerini ýatladýan uçarlaryň, tanklaryň we beýlekileriň kinniwanja şekilleri ýerleşdirilipdir. Bu hakyky taryhy haly köp ýyllaryň dowamynda marşalyň maşgalasynda aýawly saklanypdyr we ol 1968-nji ýylda aradan çykandan soň, bu täsin sungat eseri muzeýe sowgat berlipdir. Muzeýiň wekiliniň gürrüň berşi ýaly, munuň özi muzeýde saklanýan “türkmen” gymmatlyklarynyň diňe bir bölegidir. Täsin gymmatlyklaryň arasynda türkmenistanlylaryň muzeýe sowgat beren gadymy kümüş şaý-sepleri hem bar. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen zenanlary hut şeýle şaý-sepleri Goranmak gaznasyna beripdiler.
Sergide häzirki Belarusa bagyşlanan suratlar hem görkezildi. Olarda bu ülkäniň täsin tebigaty, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi şöhlelendirilipdir. Bu ýerde Belowež tokaýlygynyň goraghana ýerleri şekillendirilen suratlary, ýurduň dürli künjeklerinden alnan we ajaýyp tebigatyň gözellikleri şöhlelendirilen suratlary, taryhy-binagärlik ýadygärliklerini, şol sanda 2000-nji ýylda UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ХVI- ХVII asyrlaryň binagärlik ýadygärligi bolan Mirsk galasyny, şeýle hem häzirki Minskiniň suratlaryny görmek bolýar. Bu ýerde görkezilýän işleriň köpüsi adamlara bagyşlanýar. Olar belarus halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny şöhlelendirýärler, onuň köp öwüşginli halk baýramçylyklary barada gürrüň berýärler.
Sergi bilen tanyşlygyň barşynda “Swýata” belarus aýdym-saz toparynyň sazandalary we ýaş türkmen dutarçylary çykyş etdiler. Munuň özi bu çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Şu gün “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde belarusly artistleriň konserti boldy. “Watan” we “Aşgabat” kinokonsert merkezlerinde görkezilen filmler türkmenistanlylary dostlukly ýurduň kinematorafiýasy bilen tanyşdyrdy.
Ertir aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary sergi bilen tanyşmagy dowam etdirip bilerler. Agşam Türkmenistanyň Milli medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet günleriniň dabaraly ýapylyşy hem-de iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň uly konserti bolar.