Şu gün ýurdumyzda ýetip gelýän, her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralar badalga aldy. Baýramçylygyň öň ýanyndaky çäreleriň giň maksatnamasyna at çapyşyklary, “behişdi bedewleriň” gözden geçiriliş sergisi, halkara maslahatlary, çeperçilik sergileri, sport ýaryşlary, ýörite bäsleşikleriň jemlerini jemlemek we başga çäreler goşuldy.
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda
halyçylaryň, zergärleriň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde ahalteke bedewleriniň gözelligini çeperçilik taýdan beýan etmek boýunça şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen bäsleşiginiň seçip alma tapgyry boldy.
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi, obasenagat toplumynyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary, “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bäsleşigiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Paýtagtymyzdan hem-de welaýatlardan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň giňden meşhur hem-de ýaş ussatlary işleriň 400-e golaýyny bäsleşigiň seçip alma tapgyryna hödürlediler. Ahalteke bedewleriniň ajaýyp keşpleri öz beýanyny tapan žiwopis eserleri, grafika, haly önümleri, keramika, heýkeller, şeýle hem altyndan we kümüşden, timarlanan gymmat bahaly hem-de ýarym gymmat bahaly daşlardan ýasalan ahalteke bedewleri üçin owadan zergärçilik bezeg şaý-sepleri olaryň arasynda aýratyn orny eýeleýär.
Bu ýerde günüň ikinji ýarymynda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet ýöriteleşdirilen çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň, talyplarynyň hem-de okuwçylarynyň arasynda “Türkmen atlary” döwlet birleşigi tarapyndan yglan edilen döredijilik bäsleşigine hödürlenen işlerden düzülen serginiň dabaraly açylyşy boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklar we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Paýtagtymyzyň muzeýleri türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan, Garaşsyz, Watanymyzyň täze taryhy eýýamda okgunly ösüşini beýan edýän, bütin dünýäde şöhratlanan “behişdi bedewleriň” deňsiz-taýsyz gözelligine, syratlylygyna we asyllylygyna bagyşlanylan “At—türkmeniň ganaty” atly baýramçylyk sergilerini taýýarladylar.
Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň zallarynda açylan baýramçylyk sergisiniň gymmatlyklaryny täsin türkmen tebigaty bilen sazlaşykda “ganatly bedewleri” şekillendirýän haly eserlerinden, žiwopis eserlerinden, ajaýyp bedewleriň suratlaryndan hem-de heýkellerinden, bedewler üçin ХХ asyryň başyna degişli bolan milli zergärçilik şaý-sep bezegleri we esbaplary hem-de amaly-haşam sungatynyň häzirki zaman ussatlarynyň işleri düzdi.
Serginiň açylyş dabarasynda tanymal atşynaslar, alymlar-ippologlar, şeýle hem meşhur şahyrlar, artistler, estrada aýdymçylary, opera ýerine ýetirijileri we sazandalary çykyş etdiler.
Şol ýerde şu gün ylmy-amaly maslahat geçirildi, ýurdumyzyň atçylygyny, atçylyk sportuny ösdürmek, şeýle hem “behişdi bedewleriň” keşbini şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň eserlerinde we beýlekilerde janlandyrmak arkaly ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny artdyrmak meseleleri onuň üns merkezinde boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede bolan mejlisiniň barşynda türkmen atçylygyny ösdürmek boýunça aýdan täze başlangyçlary döwletimiziň ahalteke bedewleri baradaky aladasynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy diýip, çykyş edenler aýratyn buýsanç bilen bellediler. Döwlet Baştutany ahalteke bedewlerini mundan beýläk-de wagyz etmek boýunça geçirilýän işleriň ähmiýetini nygtap, halkara ýaryşlaryny guramak barada aýtdy. Milletiň Lideri türkmen hünärmenleriniň “behişdi bedewleriň” şöhratyny artdyrmaga we ýurdumyzyň atçylyk sportuny ösdürmäge goşan önjeýli goşandyny hem belläp, çapyksuwarlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmagy mundan beýläk-de höweslendirmek maksady bilen, olara tapawutlandyryş derejelerini bermek hakynda ýörite Düzgünnamany işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Baýramçylyk maksatnamasyna laýyklykda 24-nji aprelde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde žiwopis, keramika we heýkeltaraş eserleriniň sergisi öz işine başlar. Bu ýerde Ý.Annanurowyň, Ý.Baýramowyň, S.Meredowyň, A.Ataýewiň, J.Jumadurdynyň, S.Babaýewiň, A.Taganowyň we ýurdumyzyň beýleki meşhur suratkeşleriniň öz eserlerinde “behişdi bedewleriň” deňsiz-taýsyz gözelligini hem-de näzikligini beýan eden işlerini synlamak bolar.
Şol gün Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, obasenagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň toplumy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan guralan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ussat atşynaslar bilen duşuşygy bolar.
25-nji aprelde Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Prezident muzeýinde baýramçylyk sergisiniň açylyşy bolar, şonda bedewleriň dürli materiallardan döredilen heýkelleri, žiwopis eserleri, ahalteke bedewleriniň şekilleri bolan halylar, bedewler üçin zergärçilik şaý-sep bezegleri, däp bolan at esbaplaryna degişli zatlar we başgalar görkeziler. Serginiň çäklerinde bu ýerde baýramçylygyň hormatyna sungat ussatlarynyň konserti bolar.
Şol gün Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasynda “Bedew sarpasy” atly baýramçylyk çäresi geçiriler. Şeýle hem 25-nji aprelde ýene-de bir örän özüne çekiji çäre—Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 30 kilometr aralyga at çapyşygy bolar.
26-njy aprelde Halkara atçylyk-sport toplumynda “Türkmen atlary” döwlet birleşigi, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary, Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti, Ahal welaýatynyň häkimligi tarapyndan guralan bäsleşik boýunça ýaryş geçiriler.
Şol ýerde günüň ikinji ýarymynda ahalteke bedewleriniň keşpleri öz beýanyny tapan şekillendiriş we amaly-haşam eserleriniň bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, şeýle hem meşhur “Galkynyş” atçylyk-sport toparynyň türkmenistanlylaryň we Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanylan dabaralara gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza ýörite gelen myhmanlaryň öňündäki çykyşlary bolar.
Agşam paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlara “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähinde Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan guralan “Uçar ganatym—bedew” atly baýramçylyk konsertini taýýarlan aýdymçylar, sazandalar we artistler garaşýar.
27--28-nji aprelde Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň mejlisler zalynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly IV ylmy maslahat hem-de Halkara atçylyk-sport toplumynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň II mejlisi geçiriler. Maslahatlaryň işine köp sanly daşary ýurtly atşynaslar, hünärmenler, alymlar-ippologlar çagyryldy. Agşam Bekrewe şäherçesinde Polatly diýen bedewiň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bolar.
28-nji aprelde, Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynda Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanylan nobatdaky dabaralar geçiriler.
Şol gün Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda ýurdumyzyň belli atşynaslary we seýisleri bilen “Behişdi bedewler—gözellik nusgasy” atly baýramçylyk duşuşygy bolar. Şeýle hem “Aşgabat”, “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde “Toý-baýramyň bezegi bedew!” atly konsertleri guralar.
Türkmenistanyň Baş drama teatry, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatry, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatry, Türkmen döwlet gurjak teatry, Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry, A.S.Puşkin adyndaky Rus döwlet drama teatry aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny öz sahna çykyşlaryna çagyrarlar.
29-njy aprelde Halkara atçylyk-sport toplumynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli esasy dabaralar geçiriler. Bu ýerde “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry hem bolar, welaýatlardaky atçylyk-sport toplumlarynda bolsa ýyndam ahalteke bedewleri Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy ugrunda bäsleşerler.
Şu baýramçylyk günlerinde atşynaslar, seýisler we ajaýyp ahalteke bedewleri gazetlerde, žurnallarda çap edilen makalalaryň, şeýle hem tele we radio gepleşikleriň esasy gahrymanlary bolar.
Paýtagtymyzyň kinokonsert merkezlerinde we Türkmenistanyň Döwlet sirkinde meşhur ýerine ýetirijileriň we esasy aýdym-saz toparlarynyň baýramçylyk konsertleri bolar. Mundan başga hem, seýilgählerde, ýokary okuw mekdeplerinde we mekdeplerde, medeniýet merkezlerinde hem-de Aşgabat şäheriniň, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň ähli künjeklerinde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlary çykyş ederler.