Ï Teatr sungaty dünýäniň halklaryny ýakynlaşdyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Teatr sungaty dünýäniň halklaryny ýakynlaşdyrýar

view-icon 879
Türkmenistanda teatr sungatynyň halkara festiwaly açyldy

Şu gün türkmen paýtagtynda “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly halkara festiwaly açyldy, ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we kararyna laýyklykda geçirilýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan teatr sungatynyň bu uly baýramçylygyna gatnaşmak üçin 11 ýurtdan – Russiýa Federasiýasyndan, ABŞ-dan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Sudandan, Türkiýeden, Hindistandan, Hytaýdan we Koreýadan wekiliýetler geldiler. Olar meşhur drama, gurjak, halk döredijiligi teatrlarynyň toparlarydyr, şeýle hem sahna sungaty we teatr tankydy boýunça hünärmenlerdir.

Teatr festiwalynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda öz ýurtlarynyň medeni däplerine wekilçilik edýän oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň baýramçylyk ýörişi geçirildi. Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň öňündäki meýdança özboluşly milli lybaslaryň gözel nagyşlary bilen bezelen owadan ýörişiň geçirilýän ýeri boldy. Soňra dabaralar Mukamlar köşgüniň binasynda dowam etdirildi. Şol ýerde eýwanda myhmanlary Milli medeniýet merkeziniň “Owaz” estrada ansamblynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-saz astynda paýtagt teatrlarynyň işiniň ruhunda bezelen owadan diwarlyklar bilen, aktýorlar toparlary garşyladylar, olar sahna lybasynda festiwala gatnaşyjylary we teatr sungatynyň muşdaklaryny mübäreklediler.

Bu ýerde görkezilen teatr suratkeşleriniň öz oýunlary üçin bezeglere we lybaslara degişli ýerine ýetiren işleri hem-de eskizleri, aýry-aýry türkmen teatrlarynyň, tutuşlygyna alnanda we ýurdumyzyň teatr sungatynyň, türkmen halkynyň ruhy, medeni-taryhy mirasynyň merkezi hökmünde Aşgabadyň baý döredijilik durmuşyny beýan edýän ekspozisiýany düzdi.

Soňra Mukamlar köşgünde festiwalyň resmi açylyş dabarasy boldy. Bu ýere medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, biziň ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatiki korpusyň we halkara guramalarynyň, jemgyýetçiligiň, döredijilik inteligensiýasynyň, talyplaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň teatr sungatynyň festiwalyna gatnaşyjylara we ony guraýjylara Gutlagy ägirt uly üns bilen diňlenildi. Döwlet Baştutany milletiň ruhy mirasynyň täzeden dikeldilen gymmatly hazynasyndan, onuň gadymy däp-dessurlaryndan we urp-adatlaryndan baýlaşyp, türkmen halkynyň häzirki wagtda hil taýdan täze ösüşe eýe bolan özboluşly medeni we sungat mekdebini kemala getirendigini bellemek bilen, halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini nygtady we dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjek halkara döredijilik gözden geçirilişine uly üstünlikleri arzuw etdi.

Dabaraly bölekden soň häzirki zaman eýýamynda medeniýet ulgamynda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri hakyndaky wideofilm görkezildi. Festiwalyň açylyşynyň dabaraly böleginiň barşynda bu ýere ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda teatr festiwalynyň açylandygy yglan edildi. Şeýle hem uly konsert boldy, şol konsert Aşgabatda teatr forumynyň açylyşynyň hormatyna ýörite ýazylan aýdymyň tanyşdyrylyşy bilen başlandy. Konserti festiwala gatnaşyjy ýurtlaryň Türkmenistana gelen döredijilik wekiliýetleriniň çykyşlary dowam etdirdi. Bu daşary ýurtly teatr toparlarynyň sahna mümkinçilikleriniň özboluşly beýany boldy. Türkmenistana giň aýdym-tans çykyşlary bilen meşhur “Galkynyş” we “Serpaý” ansambllary wekilçilik etdi.

Konsertden soň daşary ýurt teatr wekiliýetleriniň baştutanlary we wekilleri habar beriş serişdelerine beren interwýularynda özlerinde galan ilkinji täsirleri beýan edip, medeni kärdeşleriň halkara forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelmäge döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Biziň ýurdumyzyň myhmanlary şular ýaly duşuşyklaryň milletara döredijilik gatnaşyklarynyň, medeniýetleriň özara baýlaşmagynyň we özara aralaşmagynyň täze gözýetimlerini açýandygyny biragyzdan beýan etdiler.

Bellenip geçilişi ýaly, Aşgabatda geçirilýän festiwala teatr toparlary özleriniň iň oňat işlerini getirdiler, Aşgabat medeni we döredijilik durmuşynyň umumylykda ykrar edilen halkara merkezi boldy. Olaryň hatarynda tomaşaçylarda uly üstünlik gazanan giňden meşhur täze oýunlar hem bar. Birinji güni festiwalyň çäklerinde şol oýunlaryň dördüsiniň görkezilişi boldy. Mytişi şäheriniň “Ogniwo” gurjak teatryna wekilçilik edýän rus aktýorlary özleriniň “Ertir düýnden başlanýar” atly sahna oýnuny görkezdiler, şol oýna ýaş tomaşaçylar we olaryň ata-eneleri Türkmen döwlet gurjak teatrynda uly höwes bilen tomaşa etdiler. Şol wagt Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Jelalabat oblastynyň Barpy adyndaky drama teatrynyň “Ak gämi” atly sahna oýny görkezildi. Agşam Türkmenistanyň Baş drama teatry “Dowamat dowam” atly sahna oýnuny köp sanly tomaşaçylara we teatr tankytçylaryna hödürledi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Sumgait welaýatynyň Guseýin Arablin adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň topary “Zyýaratçy” atly sahna oýnuny görkezdi.

Ertir – 14-nji aprelde günüň birinji ýarymynda sahna sungatynyň ýaş muşdaklary üçin Türkmen döwlet gurjak teatrynda görkeziljek “Bir ýarym goşawuç” diýlip atlandyrylýan oýyn bar, ony Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäheriniň gurjak teatrynyň artistleri görkezer. Şol gün türkmen artistleri we režissýorlary hem öz sungatyny hödürlärler. Mysal üçin, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry festiwalda görkezmek üçin “Söýgi we hasrat” atly sahna oýnuny seçip aldy, Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň sungat ýoluna ýaňy başlaýan sahna ussatlary “Leýli we Mežnun” sahna oýnuny görkezerler. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäheriniň ýaş tomaşaçylar teatry “Yşk hasratlary” atly sahna oýny bilen myhman bolarlar.

Ertir agşam hem teatr täsirlerine baý bolmagy wada berýär, sahna meýdançalarynyň dördüsinde sahna oýunlary görkeziler, olaryň hatarynda Täjigistanyň sazly drama teatrynyň “Ependiniň pal atyşy” atly sahna oýny, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň “Ýurt” atly sahna oýny, Sudandan döredijilik toparynyň halk döredijiligi äheňinde döreden sahna oýny we ABŞ-nyň “Oz ýurdunyň jadygöýi” atly mýuzikli bar.

Festiwalyň jemleýji güni bolan ýekşenbe gününde ençeme gyzykly çykyşlar meýilleşdirildi. Şonda Türkiýeden, Hindistandan, şeýle hem köp sanly wekiliýetde Gazagystandan bolan toparlar öz sahna çykyşlaryny görkezerler, oňa gazak teatrlarynyň üçüsiniň artistleri girdi. Festiwalda Hytaýa we Koreýa bu ýurtlaryň esasy teatr tankytçylary wekilçilik edýärler, olar biziň teatrlarymyzyň döredijiligi bilen tanşyp, Türkmenistanyň häzirki zaman sahna sungatynyň gazanan üstünliklerine, türkmen operasyny dikeltmekde, milli teatr mekdebimizi ösdürmekde gazanýan üstünliklerimize ýokary baha bererler.

Häzirki wagtda biziň teatr sungatymyz täze atlar we döredijilik synaglary, tomaşaçylar bilen gatnaşyk etmegiň täze görnüşlerini agtarmak bilen baýlaşýar. Türkmen artistleriniň daşary ýurtlardaky halkara gözden geçirişlerine gatnaşmagy, häzirki festiwal ýaly türkmen topragyndaky duşuşyklar muňa ýardam eder. Şol festiwaly geçirmek beýleki ýurtlar bilen döredijilik gatnaşyklarynyň möçberini hem-de gerimini giňeltmäge mümkinçilik berer.

Türkmen paýtagtynyň myhmanlary üçin ajaýyp binagärlik we taryhy ýerler, muzeýler we başgalar bilen tanyşmagy göz öňünde tutýan giň medeni maksatnama taýýarlanyldy.