Heý bir wagt şäheriň merkezinde ýerleşýän bir jaýyň üstünde otlap ýören atlary görüpdiňizmi? Bu üýtgeşik görnüşi Aşgabadyň asuda ýerinde ýerleşen bir öýüň üçeginde görüp bolýar. Ýöne bu atlar plassmasadan ýasalan we bu üçek Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň ussahanasynyň bir bölegi bolup durýar.
Bu suratkeşlik studiýasy „Saragtyň mekdebi“ ady bilen bellidir. Studiýada suratkeşligi gowy görýan çagalar we ulylar mugtuna okaýarlar, ýöne okuwçylaryň esasy bölegini suratkeşlik mekdebiniň okuwçylary düzýär.
Ussahananyň howlusy- açyk asman astyndaky galereýa bolup, ol ýerde gipsde, daşda, bürünçde we olary döreden adamyň ýatlamalarynda öz ýaşaýşyny dowam edýän we heýkeltaraş üçin eziz bolan belli heýkeltaraşlaryň, kompozitorlaryň, režissýorlaryň we akyldarlaryň keşplerine gabat gelýärsiň. Olaryň arasynda, öz döreden sazlary bilen şu günlere çenli adamlaryň ýüregini lerzana getirýän Nury Halmämmedowyň, belli festiwallarda türkmen kinosynyň abraýyny arşa göteren we ajaýyp filmleri integem adamlaryň kalbynda ýaşamagyny dowam edýan kinofilmleriň zehinli režissýory Alty Garlyýewiň heýkelleri bar.
Türkmeniň beýik nusgawy şahyry Magtymgulynyň keşbine heýkeltaraş aýratyn tolgunma bilen garaýar. Magtymgulynyň Türkmenistanyň taryhynda we edebiýatynda tutýan ornunyň gymmatyna ýetip bolmaýar. Haçan-da Saragt Babaýewe Ankaradaky „Türkmenistan“ seýilgähi üçin Magtymgulynyň ýagygärligini döretmegi teklip edenlerinde, heýkeltaraşda ençeme şäherler üçin ýadygärlikleri döretmek tejribesiniň bardygyna garamazdan, ol Magtymgulynyň türkmeniň beýik şahsyýeti hökmünde adamlaryň öňünde janlandyrmakdan ozal, ençeme eskizleri taýýarlapdy.
Şu wagtlar heýkeltaraş Magtymgula bagyşlanan uly taslamanyň üstünde işleýär. Intek taslama wirtual görnüşinde bolup, ol Saglyk ýolunyň ýakynynda, Köpetdagyň gözel ýerlerlerinde ýerleşjek agirt heýkel bolar diýlip göz öňünde tutulýar. Çen bilen Magtymgulynyň ýadygärligi edil şahyryň Köpetdagyň eteginde dynç alamaga oturan, elinde bolsa goşguly golýazma kagyzy saklap duran görnüşinde bolar. Ägirt heýkeliň içinde şahyryň durmuş we döredijilik ýoly bilen ýakyndan tanyşdyrýan muzeýi hem döretmeklik meýilleşdirilýär. Eger-de bu taslama durmuşa geçirilse, onda Türkmenistan bilen gyzyklanýan we tanyşmak isleýän jahankeşdelerde uly gyzyklanma döreder hem-de olar türkmen topragynyň zehinli we beýik akyldarlarynyň mekanylygyna ýene-de bir gezek göz ýetirerler. Belki, 2014-nji ýylda beýik Magtymgulynyň ýubileýi bellenilende, Türkmenistanyň ýaşaýjylary bu ýadygärligi we beýik nusgawy şahyryň muzeýini görüp bilerler.