Türkmen halk döredijiligini gahrymançylykly „Görogly“ şadessansyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Edil halkyň özi ýaly bu şadessan hem ölmez-ýitmez bolup, ol halk döredijiliginiň özeni bolup durýar. Bu dessan ähli döwürlerde hem halk tarapyndan uly söýgi bilen okalan eser bolmak bilen, ony her bir türkmen çagasy ene süýdi bilen bilelikde öz süňňüne siňdirdi. Ynsanyň iň gowy häsiýetleriniň ählisini özünde jemleýän Görogly sözüň doly manysynda gahrymançylygyň, batyrlygyň hem-de adalatlylygyň nyşany hökmünde bolupdy we bolmagynda hem galýar.
Reňki ak bolan Gyrat Görogly begiň wepaly ýoldaşy we syrdaşydyr. Gyratyň şeýle ýyndam bolmagy edil asmanda uçup barýan guşy ýatladypdyr. Şonuň üçin hem halk arasynda oňa “uçýan bedew” diýip at berilipdir.
Üstüňe müneňde sapa goýunly,
Meýdana gireňde, ýüz müň oýunly
Degirmen sagyrly, aç gurt boýunly,
Oňurga ortasy doly gerekdir
„Ganatly atyň“ döreýşi ýaşulylaryň öňünden aýdanlary hem-de Göroglynyň atasy we ony terbiýelän, meşhur seýis bolan Jygaly begiň ady bilen berk baglanyşyklydyr.
Hüňkär patyşa dünýäniň hiç bir ýurdynda deňi-taýy bolmadyk türkmen atlaryny seýislemegiň syrlaryny bilmek üçin Jygaly begiň maşgalasyny ýesir alýar. Patyşa ýer ýüzünde deňi-taýy bolmadyk at edinmegi arzuw edipdir. Haçan-da bir ýyldan soň taýçanak bolanda ol betgelşik görnüpdir. Seýis bolsa, bir ýyldan soň bu baýtalçanyň gowy nesil berjekdigini bilipdir, şonuň üçin hem garaşmagy başarypdyr, Hüňkär patyşa bolsa, sabyrsyz bolupdyr. Ol seýsiň agtygyny öldürmegi, seýsiň özüniň bolsa gözüni oýmagy buýrupdyr. Jygalybeg birnäçe wagtdan soň, agtygyny halas etmek maksady bilen, şol betgelşik ýaş baýtalçany alyp, öz ata watanyna göýbermegi Hüňkär patyşadan haýyş edipdir. Patyşa razy bolupdyr: indi patyşanyň ynamyndan gaçan kör seýis oňa nämesine gerek?
Jygaly beg agtygy bilen Üçgümmez dagyna tarap ugrapdyr. Bu ýerde baýtal örän çalt ösýän kiçijik akja taýçanagy bolupdyr. Bir sapar Görogly bu tayň çarpaýa galyp, ýokary galyp, Araz çaýyndan böküp geçenini görýär. Muny görüp begenen ýaş ýigit bu geň ahwalaty atasy bilen paýlaşmak üçin atasyna ýüzlenýär:
Atam, saňa arzm aýtsam,
Araz çaýdan geçdi Gyrat
Bir hereket etdi möwlamdan,
Ganat baglap, uçdy Gyrat
Şondan soň Görogly at barada ýakyndan alada edip ugraýar, ony sonarly, gül-gülälekli meýdanlarda bakýar, oňa şerbetdir bal berýär. Atasy agtygyna harby ussatlygy öwredýär, ýaş Görogly ýurdyň goragçysy bolmaga taýýarlyk görýär. Ol öz aýdymlarynyň birinde şeýle sözler bilen öz bedewine ýüzlenýär:
Üstüňe ýapardym esbap,
Müner edim gaşap-garbap,
Juluň mahmal, torbaň zerbap,
Edenlerim halal bolsun
Gyrat Görogly üçin wepaly dost bolup ýetişýär. Watan goragçysy bolmak bilen Görogly ýygy-ýygydan çylşyrymly ýagdaýlara düşýär. Ýöne, ol özi barada alada etmän, öz dört aýakly bedewi barada alada edýär hem-de aty üçin Hudaýa ýüzlenýär:
Şahymerdan pirim, gelgin gaşyma,
Güýçli ganym guwanmasyn läşime,
Sendäki ok degsin meniň başyma,
Gyrat, meni ýurda-ile sen ýetir
Batyr Görogly üçin Gyratyň belli bahasy bolmandyr. „Eger-de seni satyn aljak adam tapylsa we seniň üçin öz janyny berse-de, şol baha hem seniň üçin az bolardy“ diýip, Görogly öz wepaly bedewine ýüzlenýär. Şöhratly batyr üçin onuň atynyň ogurlanmagy iň agyr waka bolýar. Bu şeýle bolupdy. Baly beg patyşasyna „Göroglynyň bar güýji onuň Däli Mežnun diýlip atlandyrylýan Gyratynda. Eger-de Gyratly Göroglyny müňlerçe atly bolubam ýeňip bolmaýan bolsa, atsyz onuň güýji sallançakdaky bäbegiňkiçe-de ýokdur. Onuň atyny ogurlamaly diýip, aýdýarlar“. Duşmanlar Gyraty mekirlik we jadygöýlemek ýoly bilen alyp gaçýarlar. Ýöne, gerçek watan goragçysy janyndan eý görýän atyny ýitirmek bilen elini gowşuryp oturmaýar. Batyr Görogly atyny gözläp tapýar hem-de duşmanlardan aryny alýar. Ony ýerine ýetirmek örän kyn, ýöne gerçek goç ýigit bu meselede ähli kynçylyklary we päsgelçilikleri ýeňip geçýär:
Sen diýip geldim Çandybilimden
Isledigim, soradygym, Gyratym!
Dört aý boldy aýrylanma ilimden
Isledigim, soradygym, Gyratym
Seni münüp dag-düzlere çykardym,
Mes bolup, ganyma gyýa bakardym...
Şadessanynda „ganatly bedewiň“ iň gowy häsiýetleri wasp edilýär, onuň okgunly çapyşy hem-de batyr ýigide wepalylygy taryp edilýär. Asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilen bu şadessany Gyratyň keşbini doly açyp görkezýän täsirli serişdelere, deňeşdirmelere, sypatlandyrmaklara bäýdyr:
Bat gerek senden ötmäge,
Guş gerek kowup ýetmäge,
Durup tomaşa etmäge,
Iki para göý bolaýdy.
Eýer miýesser bilinde,
Tapylmaz Rum ilinde,
Jylaw Göroglynyň elinde,
Däh diýende tiz bolaýdy.
Ajaýyp gylyç we batyrlaryň ulanýan ýaýy bilen ýaraglanan, duşman okydyr gylyjy tär etmeýän berk söweşjeň esbaply, „ganatly bedew“ bolan Gyrata atlanan Görogly duşman bilen söweşe çykýar. Ol Watan üçin we öz halkynyň bagtly durmuşy üçin köp üstünlikleri gazanýar. Özüniň wepaly ýigitleri bilen hatarynda jadygöýli we gözbagçyly, „boýny howut, kellesi mazar, agzy – ojak, dişleri pil ýaly“ eýmenç adamly müňlerçe sanly duşman goşunyny ýeňmegi başarypdyr. Söweş tärlerini ussatlyk bilen bilýän şöhratly gahrymanyň öňünde duşmanyň hiç bir güýji durup bilmändir:
Görogly beg, adym äleme destan,
Gyratym meýdanda ner kimin mestan,
Hubbatymdan titrär külli Gürjüstan
Tekeli-türkmenli illerim bardyr!
Uçýan Gyraty bilen Göroglynyň gahrymançylykly keşbi asyrlardan asyrlara aşyp, biziň şu günlerimize ýetip gelipdir. Ençeme nesli watansöýjilik ruhunda terbiýelän onuň gahrymançylykly we ruhubelent keşbi şu günki gün hem türkmen ýaşlaryny terbiýekemekde hyzmat edýär. „Ganatly“ Gyrat bolsa türkmen halkynyň milli guwanjy we buýsanjy bolan dünýä ýüzünde iň owadan we çydamly, adam häsiýetli ahal-teke bedewiniň keşbini janlandyrylýar.