Şu gün türkmen paýtagtynda Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu medeni cäre Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň iri sebiti bilen barha ösýän gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Mälim bolşy ýaly. Medeniýet günlerini geçirmek hakyndaky çözgüt Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rustam Minnihanowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy baýram edilýän günlerinde Aşgabatda bolan duşuşygynyň barşynda kabul edildi.
Soňky ýyllarda Tatarystan söwda-ykdysady ulgamda, maýa goýum işinde, senagaty döwrebaplaşdyrmakda biziň ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşlarynyň biri boldy. Energetika, maşyn gurluşygy, nebit çykarmak, iň täze tehnologiýalar, lukmançylyk, farmokologiýa, farmaseftika, azyk senagaty babatda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda dürli taslamalar durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan we Russiýanyň bu iri sebiti awtomobil we dikuçar tehnikasyny ibermek, ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmek babatda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistana “Kamaz” kysymly awtomobilleri ibermek üçin iri möçberli şertnamalar, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üsti ýapyk lyža toplumyny gurmagyň durmuşa geçirilýän taslamasy we beýlekiler muňa mysal bolup biler. Medeni çäräniň açylyşynyň öňüsyrasynda Aşgabatda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisiniň barşynda biziň ýurdumyzyň möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Medeni-gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygyň gerimi has-da giňdir. Naberežnyý Çelnynyň “KAMAZ Master” awtomobil kärhanasynyň toparynyň “Ýüpek ýoly-2009” awtomobil ýaryşyny guramaga, Tatarystandan “Kazan ýigitleri” toparynyň “Awaza-2010” estrada aýdym-saz we tans toparlarynyň birinji halkara festiwalyna, türkmen artistleriniň Kazan şäheriniň esaslandyrylmagynyň 1000 ýyllygyna bagyşlanan türki halklaryň “Nowruz” halkara teatr festiwalyna, türkmen çapyksuwarlarynyň Kazan şäherinde tatar halkynyň “Sabantuý” halk baýramyna ýörite gatnaşmaklaryny ýatlap geçmek ýakymlydyr.
Her ýyl dostlukly Tatarystandan alymlar, medeniýet işgärleri Türkmenistanda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara hem-de bäsleşiklere gatnaşýarlar. Sport babatda hem gatnaşyklaryň başy başlandy, bu ugurda Tatarystan uly netijeleri gazandy. Bu ugur tejribe alyşmak babatda aýratyn möhümdir. Çünki eýýäm 2013-nji ýylda Kazan şäheri Bütindünýä XXVII tomusky uniwersiadanyň paýtagty bolar, Aşgabat bolsa 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýrugyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda ýetginjekleriň arasynda geçirilen hokkeý ýaryşynyň ýeňijisi bolan Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň “Bürgüt” hokkeý topary Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda “Ak bars” hokkeý toparynyň çagalar mekdebiniň binýadynda okuw-türgenleşigini geçirýär.
Elbetde, halklarymyz tarapyndan uly sarpa goýulýan medeni gymmatlyklar, ruhy däpler bizi ýakynlaşdyrýar. Halklaryň ajaýyp urp-adatlary, aýdymlary, tanslary, özboluşly däp-dessurlary utgaşýan milli baýramçylyklarymyz munuň subutnamasydyr. Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri hem muňa şaýatlyk edýär.
Bu döredijilik çäresine gatnaşmak üçin Tatarystan Respublikasynyň medeniýet ministri Aýrat Sibagatulin tarapyndan baştutanlyk edilýän wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Wekiliýetiň düzümine Tatarystanyň Medeniýet ministrliginiň , döredijilik birleşikleriniň, iri medeniýet merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, meşhur medeniýet we sungat işgärleri girdiler. Döredijilik toparlarynyň hatarynda Russiýanyň at gazanan artisti, abraýly halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Aleksandr Sladkowskiniň ýolbaşçylygynda Tatarystanyň Döwlet simfoniki orkestri, Döwlet aýdym we tans ansambly bar.
Milli medeniýet merkeziniň öňündäki meýdança baýramçylyk görnüşinde bezelipdir, şol ýere paýtagtymyzyň köp sanly döredijilik toparlary, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, Tatarystandan gelen myhmanlar ýygnandylar. Dürli reňkdäki baýdaklar, howa şarlary. Milli lybaslar uly baýramçylyk ýagdaýyny döredýär. Türkmen artistleri öz tatar kärdeşlerini duz-çörek bilen garşylaýar. Ilki iki halklaryň dostlugyna bagyşlanylan şygarlar ýaňlanýar. Soňra bu ýerde ajaýyp halk döredijiligi baýramçylygy ýaýbaňlanýar. Iki doganlyk halklaryň tanslary ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň döredijilik toparlary gadymy türkmen tansy bolan küştdepdini uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.
Döredijilik çäresiniň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýeri diýlip seçilip alnan Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň tomaşaçylardan doly zaly medeniýet günlerine Türkmenistanda uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär. Medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalaryň, habar beriş serişdeleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşlary, doganlyk tatar halkynyň sungatyna köp sanly muşdaklar bu ýere ýygnandylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşyjylara gutlag hatyny dabara gatnaşyjylar uly üns bilen diňlediler, şonda bu medeni çäräniň doganlyk halklary ýakynlaşdyrmaga, olaryň baý ruhy mirasyny çuňňur öwrenmek işine, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, raýdaşlygyň hem-de jebisligiň ykrar edilmegine aýratyn goşant goşýandygy nygtalýar.
“Türkmen we tatar halklary şöhratly taryhy, baý medeni mirasy, däp-dessurlary, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetiniň has-da baýlaşmagyna goşant goşan halklar hökmünde giňden tanalýar” diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagy bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.
Tatarystan Respublikasynyň medeniýet ministri Aýrat Sibagatuline söz berilýär, ol bu ýere ýygnananlara Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň Ýüzlenmesini okady.
Tatarystanyň Baştutany döredijilik forumyny ýokary derejede guramakda ýardam edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, häzirki çäräniň iki doganlyk halklaryň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmakda, gumanitar gatnaşyklary giňeltmekde ähmiýetini nygtamak bilen, şu sungat baýramçylygynyň iki halklaryň gatnaşyklarynda aýdyň sahypa, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra döredijilik çäresine gatnaşyjylary Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin mübärekledi. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili Tatarystanyň ähli derejelerde Russiýa mynasyp wekilçilik edip, işjeň orny eýeleýändigini nygtady. Tatarystan häzirki wagtda hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyryp, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ykdysady hem-de medeni ugurlaryna önjeýli goşant goşýar.
Bu çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň Tatarystan Respublikasynyň aýdymçylarynyň we meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda uly konsert boldy.
Ýer şarynyň dürli künjeklerinde öz ajaýyp sungaty bilen tomaşaçylaryň göwnüni awlan Tatarystan Respublikasynyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary Aşgabatdaky çykyşynyň maksatnamasyna dünýäniň we Tatarystanyň nusgawy saz sungatynyň özboluşly eserlerini goşdular. 1966-njy ýylda esaslandyrylan bu aýdym-saz toparynyň gözbaşynda görnükli dirižýor, SSSR-iň halk artisti Natan Rahlin durýar. Dürli ýyllarda Tatarystan Respublikasynyň Döwlet simfoniki orkestri bilen dünýäde meşhur aýdymçylar, sazandalar, M.Rostropowiç, G.Wişnewskaýa, I.Arhipowa, W.Tretýakow, Ý.Başmet, M.Pletnew, W.Spiwakow, G.Kremer, N.Petrow, W.Wiardo, I.Oýstrah, D.Şafran, L.Berman, W.Kraýnew, D.Masuýew, B.Berezowskiý, L.Kazarnowskaýa, S.Roldugin, D.Geringas we G.Ernesaksyň we W.Mininiň ýolbaşçylygynda hor toparlary, A.A.Ýurlow adyndaky we M.I.Glinko adyndaky aýdym-saz toparlary çykyş etdiler. Orkestriň ýerine ýetirýän eserleriniň sanawy dünýäniň nusgawy aýdym-saz eserleri bilen bir hatarda, Salih Saýdaşýewden we Naziba Žiganowdan başlap, Raşid Kalimilline we Şamil Timerbulatowa çenli tatar kompozitorlarynyň köp sanly eserlerini özünde jemleýär.
Rus we tatar dillerindäki häzirki zaman aýdymlary meşhur estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy.
“Kazan ýigitleri” atly üçlügiň aýdyň çykyşy konsert maksatnamasyna sazlaşykly utgaşdy. Bu toparyň çykyşlarynyň sanawynda häzirki zaman estrada aýdymlary hem, täzeden işlenen halk aýdymlary hem bar.
Tatarystan Respublikasynyň meşhur we iň abraýly toparlarynyň biri bolan, Tatarystan Respublikasynyň halk artisti Aýrat Hametowyň ýolbaşçylygyndaky Tatarystan Respublikasynyň Döwlet aýdym we tans ansamblynyň artistleri hakyky tatar “sabantuýyny” görkezdiler. Bu ansambl 75 ýyldan bäri örän ýokary hünär derejesinde tatar halkynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän milli däplerini, aýdym-saz, tans medeniýetini we amaly sungatyny görkezýär. Toparyň halk döredijiliginiň nusgalaryna, halk aýdymlaryny we tanslaryny seçip almaga yhlasly çemeleşmegi, olary ruhubelentlik bilen ýerine ýetirmäge çalyşmagy tomaşaçylary maýyl edýär. Ansambl Aşgabatdaky konsertiniň maksatnamasyna horeografiki çykyşlary, özüne çekiji aýdym-saz we tatar we rus halk aýdymlarynyň äheňlerinde degişme çykyşlaryny goşdy.
Ajaýyp milli lybaslar, döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly tanslar we aýdymlar Tatarystandan gelen myhmanlaryň ýokary ussatlyklaryna, zehinli başarnygyna we çäksiz hyjuwyna şowhunly el çarpyşmalar bilen baha beren tomaşaçylarda uly täsir döretdi.
Mukamlar köşgüniň eýwanynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gazanan üstünlikleri hakynda gürrüň berýän uly möçberli sergi ýaýbaňlandy. Şol ýerde Tatarystanyň amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalary görkezildi.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dürli çärelere, şol sanda myhmanlary türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy, ýurdumyzyň medeniýeti we sungaty ösdürmekde berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýan çärelere baýdyr.
Tatarystanyň resmi wekiliýetiniň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde bolan duşuşygynyň barşynda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri gyzyklanylyp ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu gün myhmanlar türkmen paýtagtynyň iri muzeýleri we medeni merkezleri bilen tanyşdylar, “Türkmenistan” telewizion merkezinde boldular, Döredijilik şäherçesine baryp gördüler, döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary bilen duşuşdylar.
Ertir medeni çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde amaly-haşam sungatynyň önümleriniň we sowgatlyk önümleriň sergi—ýarmarkasynyň, şeýle hem şu günki Tatarystana bagyşlanan fotoserginiň we awtorlyk işleriniň sergisiniň açylyşy bolar.
“Watan” kinokonsert merkezinde tatar kinosynyň günleri açylar. Şonda “Tatarkino” birleşiginiň häzirki zaman çeper we dokumental filmleri görkeziler.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasynda “Kitap medeniýet giňişliginde” kitap sergisi açylar we tatarystanly ýazyjylar bilen döredijilik duşuşygy bolar.
Agşam Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly ýapylyşy, Mukamlar köşgüniň sahnasynda biziň hoşniýetli dostlarymyz bolar. Tatarystandan gelen artistleriň ajaýyp dostluk we döredijilik baýramçylygyndaky jemleýji çykyşy bolar.