Türkmenistanyň çäklerinde arheologiki gözlegler 100 ýyldan hem gowrak wagt bäri geçirilýär. Dünýä alymlarynyň biziň ýurdymyzyň taryhy gymmatlyklaryna bildirýän gyzyklanmalary bolsa barha artýar. Bu günki gün biziň ýurdymyzyň çäklerinde Italyýanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Polşanyň, Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň belli arheologiki merkezleriniň ekspedisiýalary işleýärler.
Gözleg işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde iri ylmy açyşlar edildi, gazuw-agtaryş işleri geçirilen döwründe arheologiki artefaktlaryň we taryha şaýatlyk edýän tapyndylaryň müňlerçesi ýüze çykaryldy. Olaryň köpüsi ýurdyň muzeýleriniň eksponatyna öwrüldi. Ýöne olaryň giň halk köpçüligine görkezilmegi we hünärmenleriň ylmy taýdan öwrenmekleri üçin bu ajaýyp tapyndylaryň iň bolmanda bir bölegini dikeltmäge we saklamaga mümkinçilik berýän ýokary hilli dikeldiş işleriniň geçirilmegi hökmandyr. Kada laýyklykda, dikeldiş işleri tapyndynyň ömrüni uzaltmak üçin ony konserwirlemegi we ylmy çemeleşmelere we ugurlara esaslanýan tapyndynyň ýitiren alamatlarynyň öwezini dolmagy öz içine alýar. Bu iş – milli taryhy-medeni mirasy saklamak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrydyr.
Şeýle taslamalaryň biri Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň barlaghanasynda russiýaly hünärmenler bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Bu ýerde taryh ylymlarynyň doktory W.I.Sarianidiniň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýanyň tapan Goňurdaky patyşanyň jaýlanan gonamçylygynda gymmat bahaly zatlaryň saklanylýan ýerini bezän diwar mozaýikalaryň bölekleriniň dikeldiş işleri geçirilýär.
Gymmat bahaly zatlaryň goýulan gaby çelek göwrüminde bolup, onda gymmat bahaly zatlar ýerleşdirilipdir hem-de paryşa bilen bir ýerde goýulypdyr. Üç alamat – hek suwagynyň kömegi bilen agaçdan ýerine ýetirilen mozaýika bilen örtülen çelegiň diwarynyň üç sany plastinalarydyr.
- Binagär ussanyň biziň eýýamymyzdan öň üçünji müň ýyllykda ýasan patyşanyň mazaryny göz öňüne getirip görüň diýip, Dikeldiş döwlet ylmy - gözleg institutynyň (Russiýa) dikeldijisi Natalýa Kowalýowa gürrüň berýär. – Gadymy arhitekturanyň islendik ýadigärli ýaly, wagtyň geçmegi bilen, ýeliň, howanyň derejesiniň üýtgäp durmagynyň täsir etmegi netijesinde ol ýumurulma sezewar bolýar. Ilkinji nobatda onuň suwagy ýykylýar, hut suwagyň özine hem mozaýika bezegi berkidilýär. Suwagda jaýryklar emele gelýär hem-de onuň uly bolmadyk mozaýika bölejikleri dökülýär. Biziň mysalymyzda bolsa, bitewi plastinalara golaý ýumrulýar. Bölejikleriň köplenç ýagdaýda ýüzi aşak, käwagt bolsa, ýüzi ýokaryk bolýar.
Suwagyň dökülen böleklerine diwaryň ýokarky bölekleri dökülýär, üýşmek eräp başlaýar. Ýyllaryň dowamynda ýagyş suwuna ýuwulýan ýumurylan bina belli bir şekilde bolmadyk depä öwrülýär.
Öňki wagtlarda şular ýaly tapyndylar ömür baky ýitirilen önüme deň bolardy. Ýöne gadymy ýadigärlikleri dikeltmegiň häzirki zaman usullary arheologlara tapylan tapyndylara el degirmesizden olary gatlaklar boýunsa konserwirlemäge hem-de muzeýiň barlaghanasyna dikeltmek üçin ugratmaga şertleri döredýär.
Umumylykda tapylan ownuk bölekleriň arasynda – mozaýika ýygyndysynyň arasynda: üçburçlyklar, jähek zolaklary, sarymtyl plastinkalar we köp sanly edil daş ýaly berk ak-ýagty dörtburçlyklar bar. Gözleg işlerini geçirenler bu ak dörtburçluklary köp sapar barlagdan geçirdiler, ýöne olaryň düzüminiň nämeden durýandygyny häzirlikçe bilmek başardanok.
Dörtburçlyklaryň dürli galyňlykda bolmagy onuň aýratynlygydyr. Biriniňki 0,5 mm, beýlekileriniňki – 5 mm. „Ussa dürli belentlikelrdäki mozaýika bilen işläp, nädip onuň ýylmanak ýüzüni saklap galdyka? “ diýen sowal ýüze çykýar. Natalýa Kowalýowanyň pikirine görä, mozaýikanyň esasy aýratynlykda taýýarlanypdyr, diňe kompozisiýa ýerinde birleşdirilipdir. Çuňlugy boýunça olar agaçlaryň, esasan hem akasiýanyň şepbiginden taýýarlanan aşagyna ýazylýan gara mastikaň galyňlygyna gabat gelýär.
Şular ýaly diwar mozaýikalary Siriýanyň gadymy şäheri bolan Maride taýýarlanylypdyr. Olar takmynan bir wagtda taýýarlanylapdyr (biziň eýýamymyzdan öňki III m.ýyl.) hem-de mozaýika eserlerini döretmäge çemeleşmekde dürli ýurtlaryň ussalarynyň arasynda belli bir aragatnaşygyň bolandyr diýip, arkaýyn aýtmaga esas döredýär.
Natalýa Kowalýowa 40 ýyl iş tejribesi bolan suratkeş-dikeldiji. Onuň gatnaşmagynda işlenilip taýýarlanylan arhitektura ýadigärlik dekorlaryny gaýtadan işlemek usuly 30 ýyldan gowrak wagt bäri dikeldijileriň köpüsi tarapyndan ulanylyp gelinýär. Şol ýerde Dikeldiş döwlet ylmy-barlag institutynyň monumental-žiwopis bölüminiň suratkeş-dikeldijisi Galina Weresoskaýa hem onuň bilen bile uly höwes bilen zähmet çekýär. Onuň yhlasly zähmeti netijesinde birnäçe müň ýyl mundan ozal mozaýikadan döredilen eserleriň ýykylanlary öňki ýerlerine gaýtarylyp getirilýär.
Muzeýde onuň bilen ýanaşyk ýerde bolsa suratkeşler-dikeldijiler Mekan Annanurow we Annamyrat Orazow işleýärler. Olaryň maksady – b.e. III-VII asyrlary senelenýän Melehaýrandaky zoroastriý ot ybadathanasyndan iki sany gips panellerini (ölçegi 4,70х0б85 m 3,80х0б85 m) ekspozision ýagdaýyna getirmek bolup durýar.Bu Günorta Türkmenistanda sasanid döwrüniň sungatyň çeper oýup ýasama görnüşini ilkinji sapar ýüze çykarylmasydyr. Gowy hilli saklanylyp galan çeperçilik sungatynyň eserleri ХI-ХII asyrlarda gülläp ösen Horosanyň çäklerinde oýup ýasama sungatynyň gadymy ýerli däp-dessurdygyna şaýatlyk edýär.
Dikeldijileriň ikisi hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymlarydyr. Mekan „Abiwerd“ taryhy-medeni goraghanasynyň gorag we dikeldiş bölümine ýolbaşçylyk edýär. Ol Fransiýadan gelen hünärmenler bilen Ulugdepeden tapylan arheologiki tapyndylary dikeltmek işlerine gatnaşdy. Pragada we Parižde hünär kämilligini geçdi. Onuň kärdeşi Annamyrat, „Gadymy Merw“ taryhy-medeni goraghanasynyň ýadigärlikleri öwrenmek we pasportlaşdyrmak boýynça bölümine ýolbaşçylyk edýär. „Ajyguýy“ italýan ekspedisiýasynyň arheologlary bilen bilelikde bürünç eýýämynyň (b.e.öňki III-II m.ýyl.) Marguş döwletini öwrenýär. Italiýada we Angliýada hünär kämilligini geçdi.
Türkmen we Russiýa dikeldijileri işiň dowamynda öz toplan tejribelerini paýlaşýarlar. Bu esasan hem arheologiki tapyndylaryny berkitmek işleri geçirlende ulanylýan himikatlara degişlidir. Berkitmegiň ýewropa we russiýa usullarynyň netijelerini deňeşdirmek bilen, biziň suratkeşlerimiz-dikeldijilerimiz gadymy şekillendiriş sungatynyň nusgalarynyň saklanyp galmagy üçin netijeli görnüşlerini saýlaýarlar. Olar öz çeperçilik gymmatlyklardan başga hem, asyrlaryň açylmadyk syrlaryny ýene-de bir gezek bilmek üçin ajýyp taryhy çeşmeler bolup durýar