Ï Gadymy Merwden GDA-nyň medeni paýtagtyna çenli
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gadymy Merwden GDA-nyň medeni paýtagtyna çenli

view-icon 1030
Mary şäheri 2012-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty

Şu gün Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde Mary şäheriniň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan resmi dabara boldy.

Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Mary şäherine GDA-nyň medeni paýtagty diýen derejäni bermek baradaky karar GDA goşulýan döwletleriň baştutanlarynyň 2011-nji ýylyň 21-nji dekabrynda geçirilen formal däl mejlisinde kabul edildi.

“Arkalaşygyň halkara derejesindäki at-abraýynyň beýgeldilmegine gönükdirilip, paýtagt däl şäherlerde her ýylda döredeijiik babatdaky mümkinçilikleriň jemlenmegini hem-de taryhyň dowamynda emele gelen berk medeni gatnaşyklara hem-de garaşsyz döwletleriň özboluşly medeniýetleriniň biziň günlerimizde-de dowam edýän gatnaşygyna esaslanýan medeni we gumanitar çäreleriň täsirli we baý we dürli görnüşdäki toplumyny amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen syýasaty ýöredýändigini yglan edip, dünýäniň dürli ýurtlary we iri halkara guramalary bilen doly möçberli gatnaşyklaryň ösdürilmegine wajyp ähmiýet berýär. Ýurdumyz GDA-nyň assossirirlenen agzasy hökmünde ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda Arkalaşygyň ýurtlary bilen netijleli gatnaşyklaryň alnyp barylmagyny ileri tutýar hem-de öz gatnaşyklaryny dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan ýörelgelerden ugur alyp guraýar.

Geçen hepdede bolan wakalar-- Türkmenistanyň Prezidentiniň Belarus Respublikasyna resmi saparynyň üstünlikli tamamlanmagy, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň geçirilmegi, Türkmen bedewiniň baýrmamçylygynyň bellenilmegi hem-de oňa dünýäniň köp ýurtlaryndan myhmanlarynyň gatnaşmagy munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň iň gadymy şäherleriniň birine 2012-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty diýen derejäniň berilmegi, hakykatdan-da, taryhy waka bolup, Türkmenistanyň şöhratly we gahrymançylykly taryhynyň asyrlaryň dowamynda siwilizasiýalaryň özara medeni arabaglanyşyklarynyň ulgamynda wajyp ähmiýetlidigini aýdyň görkezýär.

Şunda Mary şäheriniň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Welaýatda medeniýetiň we syýahatçylygyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Mary jülgesi gadymy türkmen topragydyr. Taryhy ýadygärlikler geçen döwürlerde bu ýerde medeniýetiň ösendigine şaýatlyk edýär. Ençeme asyr mundan ozal Mary welaýatynyň çäginde kuwwatly, rowaçlyga eýe bolan köp sanly döwletler bolupdyr, şunda ylma, edebiýata we sungata uly sarpa goýlupdyr. Siwilizasiýanyň bu gadymy ojagy sungatyň, binagärligiň, onlarça senetleriň aňrybaş nusgalaryny dünýä peşgeş berdi. Dürli döwürlerde Gadymy Merwde akyldarlar, alymlar, lukmanlar, şahyrlar ýaşapdyrlar hem-de ajaýyp eserleri döredipdirler. Merwdäki kitaphanalar—dürli ugurlar boýunça adamlaryň bilimleriniň jemlenen ýerleri, dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlarynyň gelip görmek islän ylym we bilim merkezleri bu ýerdäki hökümdarlaryň we raýatlaryň buýsanjy bolupdy.

Gadymy Merwiň Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşendigi üçin, bu ýerde uly kerwensaraýlar gurlupdyr we şolarda dünýäniň dürli künjeklerinden gelen täjirler düşläpdirler. Bularyň ählisi medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam berip, umumadamzada degişli ruhy gymmatlyklaryň kemala gelmegine oňyn täsirini ýetiripdr. Hut şoňa görä-de, Gadymy Merwiň biziň günlerimize gelip ýeten ajaýyp taryhy-arhitektura ýadygärlikleri Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy hem-de tutuş dünýäniň alymlary, şeýle hem syýahatçylary tarapyndan uly üns berilýär.

Häzirki döwürde-de Mary şäheri Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän döwrebap şäheri bolup durýar, bu ýerde uly möçberli halkara ylmy maslahatlar we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Bu ýerde taryh we häzirki döwür sazlaşykly baglanyşýar.

Dünýäniň gadymy siwilizasiýalarynyň biriniň ykbalyny kesgitlän medeniýet asla ýitip gitmän, senetkärçiligini, saz medeniýetiniň, şekillendiriş sungatynyň ösüşinde, şeýle hem şäheriň günsaýyn gözelleşýän keşbinde öz beýanyny tapýar. Ýeri gelende aýtsak, bilime we medeniýete degişli merkezler—Ruhyýet Köşgi, Gurbanguly Hajynyň ak mermer bilen örtülen we gümmezli metjidi, welaýatyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň, Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň hem-de Mary welaýatynyň gümmezi açylýan obserwatoriýaly kitaphanasynyň täze binalary täze taryhy eýýamda Mary welaýatynda gurlan ilkinji uly desgalardyr. Bu kitaphana Merwiň onlarça alymlaryň, şol sanda tanymal astronom we matematik Omar Haýýamyň asman giňişligini öwrenen ýerindäki obserwatoriýanyň özboluşly mirasdüşerine öwrülýär.

Gadymy türkmen şäherleriniň biri bolan Merw Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ähmiýetli çatrygynda ýerleşip, ähli döwürlerde-de Gündogaryň myhmansöýer we ynsanperwer şäherleriniň biri hasaplanypdyr. Dabara gatnaşyjylara muňa mynasyp baha bermek üçin oňaýly mümkinçilik döredildi, olar şu gün irden Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň howa menziline geldiler. Bu ýerde türkmen myhmansöýerligine mahsus dessura görä, olar duz-çörek bilen garşy alyndy.

Teatr meýdançasynda şäheriň teatr artistleiniň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda, şäheriň şanly we gahrymançylykly taryhyna bagyşlanan edebi-sazly tomaşa boldy.

Giň eýwanda sergi guralyp, şonda arheologik tapyndylar—ýurdumyzyň gadymy taryhyna degişli maddy subutnamalar, Mary welaýatynyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungatyna degişli eserleri, bezelen neşirler ýerleşdirildi, bular arkaly garaşsyz Türkmenistanyň baý ruhy mirasy we häzirki döwürde gazananlary görkezildi.

Bagşylaryň ata Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlary ýaňlanýar.

Zalda dabara gatnaşýan köp sanly adamlar—Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Medeniýet ministrliiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlarynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärlei, žurnalistler we talyp ýaşlar ýygnandylar. Dabara gatnaşýanlaryň arasynda daşary ýurtly myhmanlar – GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýeriji sekretary Sergeý Lebedew, GDA goşulýan döwletleriň gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Armen Smbatýan, bu gaznanyň ýerine ýetiriji direksiýasynyň beýleik wekilleri hem bar. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine Döwletara “Mir” teleradio kompaniýasy, Habarlar telegraf agentligi (ITAR-TASS), “Izwestiýa” gazeti, şeýle hem daşary döwletleriň habarlar agentlikleriniň biziň ýurdumyzdaky wekilhanalary wekilçilik edýär.

Dabara Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlanýar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýüzlenmesini uly üns berip diňlediler. Milletiň Lideri Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Mary şäheriniň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşyjylary şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, Gadymy Mary şäheriniň umumyadamzat siwilizasiýasynda aýratyn ähmiýete eýedigini hem-de türkmen halkynyň baý taryhynyň, täsin galdyrýan medeni we ruhy gymmatlyklarynyň halklaryň we medeniýetleriň ýakynlaşmagyna we özara baýlaşmagyna ýardam berýändigini belledi.

Mary şäheriniň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň, şeýle hem Türkmenistanyň meşhur alymlarynyň, taryhçylarynyň, muzeý işgärlerniň, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda halkara derejesindäki çäreleriniň ençemesini geçirmek göz öňünde tutulýar. Ýüzlenmede bu çäreleriň Arkalaşyga agza döwletleriň halklarynyň dostlugyny pugtalandyrmakda, halkymyzyň ruhy baýlygyny has-da artdyrmakda, milletimiziň medeni mirasyny gorap saklamakda we wagyz etmekde möhüm ähmiýeti bardyr diýlip bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýüzlenmesi bu ýere ýygnananlar tarapyndan şowhunly el çarpmak bilen garşylandy.

Soňra GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýeriji sekretary Sergeý Lebedewe söz berilýär. Ol Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdy. S.Lebedew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýurt hökmündäki esasy maksadynyň Arkalaşygyň çäklerinde goşulyşyp hyzmatdaşlyk etmek arkaly toplanan oňyn tejribäni berkitmekden, bu hyzmatdaşlygyň netijeliligini artdyrmakdan ybarat bolup durýandygy hem-de GDA goşulan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklaryň berkidilmeginiň biziň taraplarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýändigine ynanýandygymyz barada aýdanlaryny mysal getirdi.

S.Lebedew şunuň ýaly gyzyklanma bildirilmegine esaslanýan çemeleşmäniň Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň konsepsiýasynda öz beýanyny tapandygyny belledi, şol konsepsiýanyň çäklerinde Türkmenistanda döwlet baştutanlarynyň sammitleri, halkara maslahatlar, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň 7 forumy we beýleki çäreler geçiriler, bularyň amala aşyrylmagy GDA-nyň giňişliginde goşulyşylmagyna täzeden güýçli itergi berer. Medeniýet durnuklaşdyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir. GDA-da medeniýetleriň gatnaşygy däp boýunça döwlet tarapyndan goldaw berilmegine esaslanmak bilen çäklenmän, yzygiderli ýagdaýda kämilleşdiriýär hem-de täze görnüşe we baý many-mazmuna eýe bolýar.

Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gadymy Merw—häzirki Mary şäheri Arkalaşygyň medeni paýtagtyna degişli maksatnamanyň çäklerinde bu hormatlywezipäni kabul edip aldy. Bu ýerde umumymedeni mirasyň deňhukuklydygyna we gymmatlydygyna hem-de dünýä siwilizasiýanyň gadymy merkezleriniň biriniň ähmiýetine aýdyň düşünmek bolýar. Şu günki waka tutuş Arkalaşyk üçin möhüm ähmiýete eýedir. Tutuş ýurdumyzda medeni çäreler geçiriler. S.Lebedew ähli çäreleriň guramaçylyk taýdan göwnejaý derejede geçiriljekdigine, ýatdan çykmajak duşuşyklaryň ýakymly täsir galdyrjakdygyna hem-de GDA-nyň giňişliginde gumanitar hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

GDA goşulýan döwletleriň gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Armen Smbatýan dabara gatnaşyjylara gutlag sözlerini aýdyp, Gaznanyň “Mary—GDA-nyň medeni paýtagty” diýen maksatnama gatnaşmagyna uly mertebe hökmünde garaýandygyny belledi. Şol maksatnama şähere özüniň taryhy-medeni baýlygyny äşgär etmäge, GDA bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine, Türkmenistanyň ähli ajaýyplyklarynyň halkara derejesinde giňden tanyşdyrylmagyna ýardam bermelidir.

Bu ýerdäki täsin galdyrýan taryhy-medeni mirasyň Marynyň Arkalaşygyň medeni mirasynyň merkezi diýip hasaplamaga hukuk berýändigini aýtdy. Armen Smbatýan Türkmenistanyň Prezidentine ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmek ugrunda göwnejaý şertlerň döredilendigi, jemgyýetiň medeni we ruhy durmuşynyň ösüşine üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.

Şeýle hem ýygnananlaryň öňünde Gazagystanyň Medeniýet we habarlar ministrliginiň wekilleri Tleugali Kişkaşbaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň hem-de “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň wekilleri çykyş etdier.

Çykyş edenler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde Türkmenistanda amala aşyrylýan uly özgertmeleriň oňyn ähmiýete eýedigini hem-de olaryň türkmen halkynyň hakyky taryhynyň öwrenilmegine, halkyň maddy we ruhy mirasynyň aýawly saklanmagyna we wagyz edilmegine, ylmy-barlaglaryň işjeňleşdirilmegine, şol barlaglara beýleki ýurtlaryň esasy hünärmenleriniň çekilmegine, döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berýändigini bellediler. Çykyş edenler biziň ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň barha beýgelýändigini aýtdylar.

Soňra zalda oturanlaryň şowhunly el çarpmagynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýeriji sekretary Sergeý Lebedew hem-de GDA goşulýan döwletleriň gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Armen Smbatýan Mary şäherini 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýip resmi ýagdaýda yglan etdiler.

Resmi dabara tamamlanandan soňra baýramçylyk konserti boldy. Oňa Türkmenistanyň sungat ussatlary, Mary welaýatynyň tanymal döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Uly konsert parahatçylygy ileri tutýan we dörediji hasaplanýan türkmen halkynyň asyrdan-asyra aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten we aýawly saklanýan özboluşly däp-dessurlaryny we adatlaryny beýan edýän halk we häzirki zaman aýdym-sazlaryndan, täsirli horeografik kompozisiýalardan we folklor çykyşlaryndan ybarat boldy.

Baýramçylyk konserti dostlugyň we doganlygyň ýurdy hasaplanýan ata Watanymyza, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň döredijisi hasapalnýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan aýdym bilen tamamlandy. Bu aýdym ýaňlananda şanly waka bagyşlanan konserte gatnaşanlaryň ählisi sahna çykdy.

Dabara gatnaşyjylara halkymyzyň gadymy taryhyna, baý taryhy-medeni we ruhy mirasyna, Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň häzirki döwürdäki keşbine bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Soňra myhmanlar “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna bardylar we bu ýerde täsin galdyrýan ýadygärlikler— Muhammet ibn Zeýidiň ХII asyra degişli binagärlik toplumyny, Soltan Sanjaryň aramgähini, gadymy galalar hasaplanýan Erkgalany we Gyzgalany synladylar. Şeýle hem dabaraly çärä gatnaşyjylara bu sahawatly topragyň täsin galdyrýan we özboluşly tebigatynyň gözelligine mynasyp baha bermäge mümkinçilik döredildi.

Gyzgalanyň golaýynda kiçeňräk türkmen obasy ýerleşdirildi, bu ýerde myhmanlar türkmenleriň durmuşy, adaty senetleri bilen tanyşdylar hem-de olara milli tagamlar hödürlendi. Olar ahalteke bedewleriniň gözelligini hem höwes bilen synladylar.

Soňra welaýatyň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşlyk Taryhy—ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdirildi, häzirki wagtda bu muzeýiň gaznalarynda türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine we sungatyna degişli zatlaryň 40 müňden gowragy saklanýar. Gadymy milli lybaslar, ajaýyp halylar, ussat zergärleriň kümüşden ýasan nepis önümleri, bir wagtlar gülläp ösen siwilizasiýalaryň ýerleşen ýerinde arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan gadymy medeniýete degişli tapyndylaryň toplumlary, öý hojalygynda ulanylan zatlar, ülkäniň taryhyna degişli resminamalar hem-de başga-da birgiden eksponatlar muzeýi hasaba alynýan kitaplarynda görkezilipdir.

Medeni çäräniň ahyrynda Marynyň welaýat kitaphanasyna barlyp görüldi, ol geçen ýylyň 20-nji oktýabrynda—Türkmen döwletiniň garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açyldy. Mary welaýatynyň täze kitaphanasy bu ýerdäki ruhy durmuşyň hem-de onuň ylmy we usuly merkezine öwrüldi. Bu ýere gelenler kitaphananyň köp sanly jaýlaryny we onuň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilişini uly gyzyklanma bilen synladylar. Bu belent binanyň gümmeziniň aşagynda ýerleşdirilen obserwatoriýa aýratyn gyzyklanma döretdi.

Şu gün Mary şäherine 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýen derejäniň berilmegi bilen baglanyşykly guralan dabara gatnaşyjylar Aşgabada dolanyp geldiler.