Ï Ömre barabar iş sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ömre barabar iş sapary

view-icon 800
Kinoda ilkinji zenan-hudožnikleriň biri bolup işlän Walentina Iwanowna Hmelýowa şu ýyl 110 ýaşardy. 80 ýyla golaý mundan ozal döredijilik ykbaly ony Türkmenistana getiripdi. Şonda bu ýaş zenan uzak bolmadyk bu iş saparynyň ýigrimi bäş ýyldan hem uzaga çekjekdigi barada pikir hem etmeýärdi.

... 1933-nji ýylyň ir baharynda Moskwa-Aşgabat otlysyndan paýtagtyň demirýol menziline ýaş zenan maşgala gelip düşdi. Onuň elinde içi goşly uly bolmadyk çemodan bardy. Ondan köp goş oňa gerek hem däldi. Sebäbi bu ýaş zenan Türkmenistanda bary-ýogy iki aý bolmalydy. Ol ýol ugruna owadan geýnüwli zenanlary, kellelerinde uly telpekli, eginlerinde uzyn donly ýaşulylary, gar bilen örtülen daglary höwes bilen synlap, Aşgabadyň köçeleri bilen ýöräp barýardy.


Walentina Hmelýowa eýýäm meşhur kino hudožnigidi. Ol Moskwada tanymal režissiýorlar bilen işleşipdi, ägirt uly ýurdyň kinoekranlarynda üstünlikli görkezilýän filmleri döretmäge gatnaşypdy. Şonda, 1933-nji ýylda, geljegi uly bolan ýaş doredijilik işgäri bolan Walentina Hmelýowa Germaniýa iş sapary bilen gitmegi teklip etdiler. Kinematografiýanyň görlüp-eşdilmedik ösüşlerine eýe bolýan ýurdyna iş sapary bilen gitmegi we ol ýerde işiň inçe syrlaryny öwrenmegi diňe arzuw edip bolýardy. Ýöne, Hmelýowanyň iş sapar ugruny Orta Aziýa bilen çalyşmak baradaky haýyşy ýolbaşçylary örän geň galdyrdy. Mümkin, demirgazykly zenany, salkyn howaly Arhagelskide önüp-ösen günorta ýurtlarynyň maýyl howasy özüne çekendir, mümkin, ýaş hudožnik zenana eýýäm özi üçin tanyş bolan zatlar bilen işleşmän, eýsem hemme işleriň täzeden başlaýan ýerinde işläsi gelendir. Barjak ýeriniň nähilidigine garamazdan ol iş sapary bilen Aşgabada gitjekdigini kesgitli aýtdy.

Şol wagtlar türkmen kinematografiýasy özüniň ilkinji ädimlerini ädýärdi. Walentina Iwanowna Türkmenistan barada düşürilýan kinonyň işlerine derrew goşulyşyp gitdi. Ol ýurduň obalaryna we şäherlerine gidip, olaryň durmuşyny öwrenýärdi we suratlaryny çekýärdi. Ençeme ýyllar geçensoň ol özüniň döredijilik we durmuş ýollaryny ýatlanynda öz ýatlamalarynda „Türkmen topragy meni haýran galdyrdy we men suratkeş hökmünde bu ýurdy söýdüm“ diýip ýazar. Surata düşürmek işleri tamamlananda Walentina Iwanowna Moskwa gaýdyp bardy. Ýöne bu ýerde hem ol Türkmenistan baradaky ýüreginde ornan ýatlamalaryny surata geçirýärdi. Haçan-da ony ýene-de Aşgabada iberenlerinde, ol uly höwes bilen söýen Türkmenistanyna bardy.


Şol wagtlar 30-njy ýyllarda Aşgabatda kinostudiýa intek ýokdy diýseň hem boljak. Surata düşürýän toparlar agyr şertlerde- pawilýonsyz, işgärlersiz işlemeli bolýardylar. Şonda-da ol yhlasly, oýlap tapyjy adam hökmünde talabalaýyk dekorasiýalary taýýarlamagy başarýardy. 1942-1943-nji ýyllarda Moskwanyň we Kiýewiň kinostudiýalary Aşgabada ewakuirlendi we şol ýyllar Mark Donskoý bu ýerde „Älemgoşar“ kinofilmini surata aldy.

Kinonyň gyş görnüşlerini surata düşürilmeli ýerleri bardy, ýöne surata düşürmek işleri tomsuň ortarasyna çenli uzaga çekenden soň olary indiki gyşa çenli saklamaklyk barada mesele ýüze çykdy. Emma bu ýagdaý kinonyň ykbalyna nahili täsir etjegi belli däldi. Şonda kinogoýujy suratkeş Hmelýowa Aşgabadyň stadionynda „Gyş obasynyň“ dekorasiýalaryny gurmaklygy teklip etdi. Meýilleşdirilen üç aýa derek üç hepdäniň dowamynda Walentina Iwanowna Hmelýowanyň ýolbaşçylygynda, garyň ýerine pagta, Aşgabadyň töweregindäki şor ýerlerden alynan duzy, stadionyň oturgyçlaryny ulanyp dekorasiýalar gurnaldy.

Bu ýagdaý edil urşuň gidip duran wagtyna gabat geldi. Eger-de kinonyň düşürilişi uzaga çeken bolsa, onda belki bu kino beýle şowly bolmazdy. Ugur tapyjylygy üçin Mark Donskoý Walentina Iwanownany ... kädi bilen sylaglady. Režisýor kinogoýujy suratkeş Hmelýowa barada: -„ Uruş ýyllary döwründe zatlary tygşytly ulanmakda ol öz ussatlygyny aňry – ýany bilen görkezdi. Temanyň manysyna çuňňur düşünmeklik, oýlap tapyjylyk we kärini aňrybaş bilmeklik derejesi bolmasa, biz bu filmi surata alyp bilmezdik.“ -diýen sözleri aýdypdy. „Älemgoşar “ kinofilmi 1944-nji ýylda Oskar baýragyna mynasyp bolupdy.

1948-nji ýyldaky bolan ýowuz Aşgabat ýer titremeden soň hem , hiç zat ýok ýerde işlemeli bolanda-da filmler çykarylýardy. Onda-da nähili filmler! Şu ýyllarda surata düşürilen „Jadyly dür“ „Uzakdaky gelinlik“ „Çopan ogly“ „Aşyr aganyň hötjetligi“ ýaly filmler türkmen kino sungatynyň altyn gaznasynda öz mynasyp orunlaryny tapdylar. Bu kinolary döretmeklige kinogoýujy suratkeş Walentina Iwanowna Hmelýowa hem gatnaşdy. Onuň suratlary esasynda taýýarlanan dekorasiýalarda kinolaryň gahrymanlary ýaşadylar. Türkmen halkynyň medeniýetini we ýaşaýyş durmuşyny öwrenip, ol hemişe kinolarda görkezilen durmuşyň hakyky öwüşgünde bolup, onda milli äheňleriň duýulmagyny isleýärdi.

„Uzakdaky gelinlik“ kinofilminiň eskizleri mylaýym duýgular gaplanyp, özüniň açyklygy we ýitiligi hem-de haýran ediji tämizligi, jowzaly asman, gülläp oturan baglar, güne nuryny saçýan öýleriň diwarlary, daglaryň täsin şekilleri bilen tapawutlanýar. „Uzakdaky gelinlik“ we „Älemgoşar“ kinofilmleri 1948-nji ýylda ýurduň döwlet baýragyna mynasyp boldular. Walentina Iwanowna Hmelýowanyň döredijilik ýolyny alanyňda işiň ýarysy Russiýa, beýleki ýarysy bolsa Türkmenistana düşýär. Türkmenistanda ol 20 ýyldan gowrak wagt işläp, şonuň 12 ýylyny Aşgabatda ýaşady. Onuň ady bilen „Türkmengilm“ kinostudiýasynyň taryhy ýakyndan baglanyşykly. 1948-nji ýylda W.I.Hmelýowa „Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri“ diýen at berilýär. W.I.Hmelýowa Aşgabadyň kinostudiýasynda döreden işleriniň ählisini – eskizleri, bezegleri we lybaslary 1977-nji ýylda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýine sowgat hökmünde berdi.

Walentina Iwanowna bütin ömrüniň dowamynda Aşgabatda geçiren günlerini uly söýgi bilen ýatlap, ol ýerde duşan we bile işleşen Türkmenistanyň döredijilik adamlary barada hemişe ýatlap : „Alty Garlyýew bilen duşuşyk meniň üçin ýatdan çykmajak boldy. Onuň yhlasly işleýşini göräýseňiz! Ol özüne bolan talapedijiligi güýçlidi. Zehinli, saldamly, ol meniň üçin täze Türkmenistanyň göreldeli nusgasydy. Aktýor, suratkeş, sazanda, soň bolsa režissýor, ol özüniň ýiti ussatlygy bilen meni haýran galdyrýardy. Mylaýym sesi, nurana gözleri, syraty- meni özüne maýyl edýärdi. Alty Garlyýew ikimizi edil beýleki köp türkmenler ýaly berk dostluk gatnaşyklary baglaşdyrýardy. “diýip aýdýardy.

Suratda: Alty Garlyýew „Jadyly dür“ kinofilminde Aldar Kösäniň keşbinde. W. Hmelýowanyň suraty; „Uzakdaky gelinlik“ kinofilminden şekiller