Türkmenistan bazar ykdysadyýetli we raýatlar üçin ýokary amatlykly durmuşly demokratik hukukly döwleti gurmagyň ýoluna berk eýermek bilen, syýasy ugurlary we häkimiýet institutlaryny ösdürmekde, kanunçylygy kämilleşdirmekde dünýä tejribesini giňişleýin ulanýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň 31-nji martda bolup geçen mejlisinde täze kanunlaryň hatarynda „Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hakynda“ Kanun kabul edildi. Bu Kanun tüýs öz wagtynda kabul edildi, sebäbi Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny 19-njy awgustda geçirmeklik bellenildi.
2008-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy ähli ugurlarda demokratik çäreleri çuňlaşdyrmak we ösdürmek üçin kanuny binýady bolup durýar. Jemgyýetiň ösüşiniň täze tapgyrynda „Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hakynda“ Kanunyň kabul edilmegi konstitusion gurallaryny netijeli peýdalanmakda möhüm ädim boldy.
Täze kanun Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlawlaryna we sala salşyklaryna konstotusion hukuklaryny amala aşyrmaga esasy kepillikleri geçýär. Bu bolsa halkara şertnamalarynda berkidilen Türkmeistanyň boýun alan borçnamalaryna laýyk gelýär. Kanuna laýyklykda, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary gizlin ses bermek arkaly ähliumumy, deň we göni saýlaw hukugynyň esasynda hem-de bäsleşik esasynda geçirilýär. Saýlawlar bir mandatly saýlaw okruglary boýunça geçirilýär, erkin we deňhukukly hödürlemek, aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçiliklerde amala aşyrylýar.
Saýlawlara taýýarlyk görmegi we olary geçirmegi saýlaw toparlary üpjün edýärler: Merkezi, welaýatlar, etraplar, şäherler, şäherleriň etraplaryndaky, şäherçeleriň we geňeşlikleriň saýlaw toparlary; uçastok saýlaw toparlary. Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary üçin saýlaw okruglary döredilýär. Her bir saýlaw uçastogy üçin saýlawçylaryň sanawy düzülýär. Kanunyň bu bölegine düýpli täzelikler girizildi. Olaryň ilkinjisinde ses berilýän günde 18 ýaşy dolýan raýatlar hem saýlawçylaryň sanawyna goşulýar. Ikinjisi - raýatlaryň hemişelik ýaşaýan ýa-da köplenç ýaşaýan ýerleri boýunça saýlawçylaryň sanawyna goşulýar. Muňa indiki ýaly düşünmeli: eger-de raýat bir salgy boýunça ýazgyda duran bolsa, ýöne saýlawlar gününde azyndan üç aýlap köplenç başga salgy boýunça ýaşaýan bolsa, onuň öz islegi boýunça onuň köplenç ýaşaýan ýeri boýunça saýlawçylaryň sanawyna goşulyp biliner. Raýatyň hemişelik ýazgyda duran ýerine onuň beýleki saýlaw uçastogy boýunça saýlawçylaryň sanawyna goşulandygy barada maglumatlar berilýär.
Islendik saýlaw möwsüminiň esasy tapgyrlarynyň biri hem dalaşgärleri hödürlemek we olary hasaba almakdyr. Bu babatda hem kanuna düýpli täzelikler girizildi. Indi Halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň dalaşgärlerini hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenilen gününe çenli azyndan alty aý öň bellige alnan syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine we raýatlaryň toparlaryna degişlidir. Bu täzelikler bitiň döwletimiziň syýasy durmuşynda demokratiki ugurlara ýykgyn edýändigi bilen şertlendirilendir. Syýasy partiýa, jemgyýetçilik birleşigi, raýatlaryň her bir ýygnagy her bir saýlaw okrugynda diňe bir mandat boýunça dalaşgär hödürläp biler. Şeýle hem milli synçylary hödürlemegiň we hasaba almagyň tertibi hem demokratizasiýa tarap kämilleşdirildi.
Ýokarda bellenilip geçilşi ýaly, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary erkin we deňhukukly, aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçiliklerde amala aşyrylýar. Şonuň üçin hem Kanunda „Saýlawlaryň maglumat üpjünçiligi“ diýen ýörite bap bölünýär. Ol saýlawçylary habarly etmegi we saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini öz içine alýar. Bu ýerde Kanun habarly etmegi we wagyz işlerini anyk kesgitleýär. Bu hem Kanuna girizilen täzelik bolup durýar.
Kanunyň jemleýji düzgünleri saýlaw işlerine gatnaşyjylarynyň haýsydyr biri tarapyndan raýatlaryň saýlaw hukugynyň bozulan halatynda olaryň hukugyny goramagy beýan edýär. Şunlukda saýlaw toparlarynyň, olaryň wezipeli adamlarynyň raýatlaryň saýlaw hukugyny, şu Kanunyň talaplarynyň bozýan kararlary we hereketleri ýaly düşünjeler girizilýär. Kanunyň kadalaryna laýyklykda, şikaýat bilen saýlawçylar, dalaşgärler, olaryň ynanylan adamlary, synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem saýlaw toparlary ýüz tutup bilerler. Şikaýatlar saýlaw toparlaryna ýa-da kazyýete berilip biliner.
Umuman saýlaw işleriniň has hem aýanlygy, açyklygy, saýlaw toparlarynyň garaşsyzlygy boýunça Kanun has kämilleşdirilipdir we halkara hukuk kadalaryna laýyk getirilipdir.