Ï “Açyk gapylar”syýasaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Açyk gapylar”syýasaty

view-icon 22174
2012-nji ýylyň apreli: milletiň Lideriniň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

Geçen aýyň halkara işjeňligi möhüm wakalaryň birnäçesi bilen alamatlandyryldy. Bu aý ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy. Olar Bütindünýä saglyk güni, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen giň möçberli çäreler bilen aýratyn öwüşgine eýe boldy. Türkmen bedewiniň baýramyna gatnaşmak üçin bütin dünýäde meşhur bolan türkmen bedewine uly sarpa goýýan köp sanly daşary ýurtly myhmanlar türkmen topragyna geldiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda geçirilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden bellenilen Bütindünýä saglyk gününiň dowamy boldy.

Geçen aýyň ilkinji günleri türkmen döwletiniň mundan beýläk-de okgunly ösmegine täze kuwwatly itergi berip, içeri syýasatda, şeýle hem daşary syýasat strategiýasynda milletiň Lideriniň döredijilik başlangyçlarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şol strategiýa bolsa biziň ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna, onuň ösen ýurtlarynyň hataryna çalt girmegine, ähli döwletler, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen giň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

4-6-njy aprelde geçirilen Belarusyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri hem muny doly tassyklady. Bu giň möçberli medeni çäre Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aleksandr Lukaşenkonyň duşuşygynyň barşynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda geçirildi we türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, iki ýurduň dostlukly halklarynyň, döredijilik işgärleriniň gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirildi.

Dostlukly ýurduň meşhur aýdym-saz toparlarynyň, belli aýdymçylarynyň, iri muzeýleriniň biriniň wekilleriniň gatnaşmagynda bolan bu ajaýyp döredijilik baýramy türkmenistanlylara belarus halkynyň özboluşly medeni mirasy, däp-dessurlary, taryhy we häzirki zaman gazanananlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

5-nji aprelde Palestinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Asad Abd al-Munem Said Asad (edarasy Daşkent şäherinde ýerleşýär) Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygyna ynanç hatyny gowşurdy. Şol gün diplomat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi, ol ýerde türkmen-palestin hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Şol gün paýtagtymyzyň “Ak altyn” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň goldamagynda ABŞ-nyň Ilçihanasy Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäräni geçirdi.

11-nji aprelde Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 7-nji mejlisi, şeýle hem türkmen-özbek işewürlik maslahaty iki goňşy döwletiň arasynda özara bähbitlilik we uzakmöhletleýinlik ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli işewür hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy. Olara gatnaşmak üçin goňşy ýurduň daşary ykdysady aragatnaşyklar, maýa goýumlary we söwda ministri Elýor Ganiýewiň baştutanlygynda Özbegistan Respublikasynyň wekilçilikli topary türkmen paýtagtyna geldi. Onuň hataryna Özbegistanyň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň wekilleri maşyngurluşygynda, energetikada, azyk, ýeňil we derman senagatynda, oba hojalygynda, söwda ulgamynda we beýleki pudaklarda ýörütileşdirilen iri kompaniýalryň hem-de kärhanalaryň ýolbaşçylary girdi.

12-nji aprelde Türkmenistanyň Milli medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde ABŞ-nyň “Şon Kurranyň kompaniýasy” atly meşhur häzirki zaman tans toparynyň konserti boldy. Myhmanlar ABŞ-nyň Bilim we medeniýet meseleleri boýunça Döwlet departamenti tarapyndan guralan sebitleýin medeni tapgyryň çäklerinde Türkmenistana sapar bilen geldiler. Bu çäre Brukliniň aýdym-saz akademiýasy tarapyndan utgaşdyrylýan “Dance Motion” maksatnamasyna laýyklykda guraldy. Bu topar häzirki zaman tans sungatyny ösdürmek ulgamynda tejribe alyşmak, şeýle hem iki halkyň medeniýetleriniň gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksadynda ABŞ-nyň medeni ilçisi hökmünde seçilip alyndy.

13-15-nji aprelde Aşgabatda geçirilen “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly halkara festiwal ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky täsirli wakalaryň birine öwrüldi. Bu festiwal beýleki ýurtlar bilen döredijilik gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge ýardam eder. Teatr sungatynyň bu uly baýramçylygy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy, oňa gatnaşmak üçin 11 sany ýurtduň-ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Hindistanyň, Koreýa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Sudanyň wekiliýetleri geldiler. Olar belli drama, gurjak, folklor teatrlarynyň toparlaryndan, sahna sungaty boýunça hünärmenlerden we teatr tankytçylaryndan ybaratdyr.

ABŞ-nyň bütin dünýäde meşhur kinoprodýuseri we ssenariýeçisi Maýkl Fisjeraldyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelmegine hem şu nukdaý nazardan garalmalydyr. 17-nji aprelde hökümetde, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler kinematorgrafiýa baradaky döwlet komitetinde, şeýle hem Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde geçirilen duşuşyklarda medeniýet ulgamynda, şol sanda kinematografiýada ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman amerikan kino sungatynyň işgärleriniň Türkmenistana gyzyklanmasynyň artmagynyň biziň ýurdumyzda diňe bir milli ähmiýete däl, eýsem, dünýä ähmiýetine eýe bolan taryhy-medeni gymmatlyklaryň örän köpdügi bilen hem baglanyşyklydygyny belledi. Belli amerikan kinoprodýuseri şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň öňünde çykyş etdi.

18-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda daşary işler ministrleriniň derejesinde Owganystana degişli meseleler bilen bagly halkara maslahata taýýarlyk görmek boýunça ikinji duşuşyk geçirildi. Bu maslahat 2012-nji ýylyň 14-nji iýunynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde geçiriler.

Maslahatynyň işine dünýäniň 15 döwletiniň we synçy ýurtlaryň 14-siniň, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Ispaniýa Patyşalygynyň, Daniýa Patyşalygynyň, Awstraliýanyň, Ýaponiýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, şeýle hem halkara we sebit derejesindäki guramalaryň 10-synyň, şol sanda BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň we BMG-niň Owganystana kömek bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga daşary ýurt döwletleriniň biziň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de milli we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Duşuşykda Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak maksady bilen howpsuzlyk boýunça sebitdäki hyzmatdaşlygyň maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere garaldy. Şonda Kabul jarnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak esasy meseleleriň biri boldy. Bu jarnamany owgan paýtagtyndaky halkara maslahatyň netijeleri boýunça kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Aşgabatda şunuň ýaly möhüm ähmiýetli halkara duşuşygyň guralmagy Türkmenistanyň dünýä derejesindäki at-abraýynyň barha artýandygyny

hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen, sebitdäki we bütin dünýädäki ösüşe degişli möhüm meseleleriň çözülmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlaryň giňden ykrar edilýändigini aýdyň görkezýän nobatdaky subutnama öwrüldi.

19-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Olara gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary jenap Jawid Ludiniň ýolbaşçylygynda Owganystanyň wekilçilikli topary geldi.

Şol gün, 19-njy aprelde Aşgabatda Bilelkidäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň üçünji mejlisi geçirildi, oňa iki ýurduň esasy pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şol sanda Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri, toparyň pakistan tarapyndan başlygy hanym, Hina Rabbani Kharyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar.

Wekiliýetiň agzalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin Türkmenistanda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigini belläp, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin Pakistanyň işewürleriniň özüniň türkmen bazaryndaky ornuny has giňeltmäge çalyşýandyklaryny aýtdylar. Duşuşykda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak baradaky giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Bu gaz geçirijisi türkmen tebigy gazynyň sebitiň uly ýurtlaryna uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün eder.

18-21-nji aprelde geçirilen “Ak şäherim—Aşgabat” ХI halkara köpugurly sergi we maslahat ýurdumyzyň baş şäherinde bolup geçýän möçberi boýunça deňsiz-taýsyz özgertmeleriň ägirt uly keşbini äşgär beýan edendigini belläp geçmelidiris. Serginiň guraýjylar—Aşgabat şäher häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurluşykdan we binagärlikden başlap, elektrik energiýasyna, önümleri gaýtadan işleýän we ýeňil senagata, bezege hem-de şäher durmuşyny abadanlaşdyrmak işlerine dahylly ähli zatlara özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin gyzyklanma döredýän örän giň mümkinçilikleri teklip etdiler, olary häzirki zaman tehnologiýalary bolmazdan göz öňünde getirmek mümkin däldir.

Şeýle çemeleşmäniň düzüm bölekleriniň biri öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de tehnologiýalary ornaşdyrmagyň üsti bilen innowasion ösüşe ugur almakdyr. Hut şu baş ugur halkara serginiň häsiýetini kesgitledi, onuň işine Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle hem daşary ýurtly işewür toparlaryň, ýagny Fransiýadan, Germaniýadan, Belgiýadan, Awstriýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Hytaýdan, Russiýadan, Ukrainadan, Latwiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan we beýlekilerden iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mundan başga-da, 19-njy we 20-nji aprelde türkmen paýtagtynda “Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalary” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol ylmy-tehniki ösüşiň meselelerine, şol sanda innowasion tehnologiýalara aýratyn ähmiýet berýän döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan guraldy. Wekilçilikli maslahatyň işine türkmen alymlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň hünärmenleriniň işläp taýýarlamalaryna uly gyzyklanma bildiren ýigrimden gowrak döwletlerden wekiller gatnaşdylar.

23-nji aprelde D.Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň ýapon dili bölüminiň talyplary üçin bilelikde guralan bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek meselesi ösüşe eýe boldy. Ýaponiýanyň ilçihanasynyň ýapon dilini bilmek baradaky bäsleşige emin agzalary hökmünde hem gatnaşdylar. Biziň ýur bäsleşige umyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolan Ýaponiýanyň “Komatsu”, “Itoсhu” we “Sojitz” kompaniýalary hem türkmen-ýaponiýa hyzmatdaşlygyny, şol sanda gumanitar aragatnaşyklary ösdürmek babatda bu çäräni taýýarlamaga işjeň gatnaşdylar. Soňky ýyllarda däbe öwrülen bu her ýylky çäre Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy.

24-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2012-nji ýylyň 16-njy maýynda Aşgabatda “Hazar deňzi sebitinde hem-de Orta Aziýada ulag we üstaşyr gatnawlary ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri” atly halkara maslahatyň geçirilmegine taýýarlyk görmek boýunça 2-nji iş duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) bilen bilelikde gurady. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar geljekki maslahatyň käbir meseleleri boýunça pikir alşyp, forumyň gün tertibini, şeýle hem käbir guramaçylyk meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol gün, 24-nji aprelde türkmen paýtagtynda “Syýahatçylyk we myhmansöýerlik” atly üç günlük maslahat öz işine başlady. Ony “Junior Achievement Worldwide” halkara guramasy, ABŞ-nyň Halkara ösüş baradaky egentligi (USAID) hem-de “Şewron Nebitgaz” kompaniýasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldamagynda bilelikde gurady. Üç günlük maslahatyň barşynda Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmek üçin derwaýys bolan, jahankeşdelere halkara ülňüleriniň derejesinde hyzmat etmek, myhmanhana işewürliginiň dürli ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşmak, şeýle hem degişli milli hünärmenleri taýýarlamak we gaýtadan okatmak üçin peýdaly boljak öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşmak boldy.

Şol günüň ertesi türkmen paýtagty ýene-de bir halkara forumyň-“Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň döwrebap usullary” atly halkara ylmy-usully maslahatyň açylan ýerine öwrüldi. Bu maslahat 25-26-njy aprelde geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan we geçirilen iri ylmy maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 30 ýurdundan, şol sanda Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Daniýadan, Portugaliýadan, Wengriýadan, Yrakdan, Ysraýyldan, Türkiýeden, Koreýadan, Hindistandan, Hytaýdan, Russiýadan, Ukrainadan, Belarusdan, Gazagystandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Täjigistandan, Özbegistandan we beýleki döwletlerden wekiller geldiler.

25-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek meselelerine bagyşlanylan üçünji mejlisi boldy. GFR-iň ykdysadyýet we tehnologiýalar ministriniň orunbasary, federal ministrligiň daşary ykdysady syýasat departamentiniň direktory jenap Karl-Ernst Brauneriň ýolbaşçylygynda wekilçilikli topar duşuşyga gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.

Mejlisiň barşynda giň ugurlar boýunça, hususan-da, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim ulgamlarynda, şeýle hem oba hojalygy, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we daşky gurşawy goramak babatda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri boýunça pikir alyşyldy. Meseleleriň giň toplumynyň hatarynda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine, Germaniýanyň ýokary öndürijilikli tehnikasynyň biziň ýurdumyza iberilmegine üns berildi. Ýangyç-energetika toplumy babatda özara hyzmatdaşlygyň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň çäklerinde şähergurluşyk düzümine degişli taslamalaryň birnäçesiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

26-27-nji aprelde II Türkmen-german saglygy goraýyş maslahatynyň barşynda türkmen-german hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly gürrüň ýene-de dowam etdirildi. “Mizan” işewürlik merkezinde geçirilen bu bilelikdäki çäre saglygy goraýyş ulgamynda iki dostlukly ýurduň arasynda oňyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guralan maslahata käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, iri ylmy-kliniki merkezleriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Germaniýa Federatiw Respublikasyndan ýörüte wekiliýet geldi. Onuň düzümine hökümet edaralarynyň, halkara guramalarynyň, işewürligi we lukmançylyg ösdürmek boýunça döwlet guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem meşhur nemes alymlary we saglygy goraýyş hem-de derman senagaty ulgamynyň hünärmenleri, saglygy goraýyş ulgamy üçin täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýan kompaniýalaryň bilermenleri girdiler.

26-njy aprelde Aşgabatda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň işine döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň esasy pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljekki ädimleri ara alnyp maslahatlaşyldy we söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, oba hojalygy, ulag, maşyngurluşyk, gämigurluşyk, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda bilelikde işlemegiň geljegi üçin meýilnamalary bellenildi. Bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem medeni gatnaşyklary, şol sanda halkara festiwallaryna we beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşmagyň hasabyna hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

27-28-nji aprelde türkmen paýtagtynda Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi munuň aýdyň tassyklanmasy boldy. Bu medeni çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň iri sebiti bilen barha ösýän gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Döredijilik çäresine gatnaşamak üçin Tatarystan Respublikasynyň medeniýet ministri Aýrat Sibagatulin tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekilçilikli topar Aşgabada geldi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde, Bilim ministrliginde, Milli medeni merkeziň Milli kitaphanasynda geçirilen duşuşyklar ylym-bilim we medeni ulgamlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge hyzmat eder. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen dürli çäreler aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny dostlukly halkyň köp öwüşgünli sungaty, onuň özboluşly däp-dessurlary, Tatarystanyň medeniýet ulgamynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy.

Geçen aýyň wakalary baradaky gürrüňi dowam etdirip, Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň nobatdaky mejlisi barada hem ýatlap geçmelidiris, onuň dowamynda ministrlikler we pudak edaralary milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça işi üstünlikli alyp bardylar. Oňa Orta Aziýa ýurtlarynyň—Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň suw hojalyk pudaklarynyň ýolbaşçylary, wekilleri we hünärmenleri gatnaşdylar. 26-njy aprelde paýtagtymyzdaky “Prezident” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda dostlukly goňşy ýurtlaryň-döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň agzalarynyň hyzmatdaşlygynyň işjeň häsiýete eýe bolandygyny, tutuş sebit üçin möhüm bolan suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meseleleriň çözgüdine ylalaşykly çemeleşmeleriň işjeňleşendigini kanagatlanma bilen bellediler.

26-njy aprelde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklary hem-de kätipleri, şeýle hem Merkezi saýlaw toparlarynyň işgärleri üçin “Saýlawçylaryň elektron sanawyny işläp düzmek: halkara we milli tejribe” atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň we BMG-niň “Türkmenistanda saýlaw ulgamyny pugtalandyrmak” diýen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde geçirilen maslahatyň işine saýlaw ulgamlaryny kämilleşdirmek we ösdürmek babatda esasy halkara hünärmenler jenap Erik Oliwýer we hanym Hadiji Miro gatnaşdylar.

Şol gün, Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň binasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlyk etmeginde “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly IV halkara ylmy maslahat geçirildi. “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň we ýurdumyzyň obasenagat toplumyna girýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň guramagynda geçirilen halkara çäresiniň işine gatnaşmak üçin paýtagtymyza dünýäniň 34 ýurdundan wekiller geldi. Umumy mejlisiň barşynda ýurdumyzyň hünärmenleriniň hem-de Russiýadan, ABŞ-dan, Şwesiýadan, Ukrainadan, Urugwaýdan we beýleki ýurtlardan görnükli alymlaryň we atşynaslaryň ahalteke atçylygynyň taryhyna, häzirki döwürde ýeten derejelerine we geljegine, atşynaslyk hem-de atçylyk sporty boýunça dünýä halklarynyň däp-dessurlaryna we tejribelerne bagyşlanylan çykyşlary diňlenildi.

Şunuň bilen baglylykda 28-nji aprelde Halkara atçylyk sport toplumynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň II mejlisiniň geçirilendigini hem bellemelidiris. Mejlisde çykyş edenler Fransiýanyň “PEGASUS FARMS LTD” kompaniýasynyň direktory Erwe Baržo, Italiýanyň ahalteke assosiýasiýasynyň prezidenti Mino Denti, Ispaniýanyň ahalteke assosiýasiýasynyň prezidenti De Toledo Loma-Osorio Blanka, Italiýanyň “Italiano Allawatori Akhal teke-Uniwerso Akhal teke” jemgyýetiniň prezidenti Pietro Beladelli we beýlekiler häzirki döwürde Türkmenistanda atçylygy ösdürmek, ahalteke tohumyndaky atlary gorap saklamak we olaryň sanyny artdyrmak boýunça uly işleriň bitirilýändigini hem-de bu babatda amatly şertleriň döredilendigini haýran galmak bilen bellediler.

Şondan bir gün öň 27-nji aprelde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkezinde soňky ýyllarda depginli ösýän iki halkyň dost-doganlyk gatnaşyklaryna, şol sanda medeni-gumanitar ulgamdaky gatnaşyklaryna goşant boljak “Türkiýe türkmen suratkeşleriniň gözi bilen” atly suratlaryň sergisi açyldy.

Geçen aýyň jemleýji gününde, 30-njy aprelde Mary welaýatynyň merkezinde Mary şäheriniň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan resmi dabary boldy. Bu gadymy türkmen şäherine GDA-nyň medeni merkeziniň ýokary derejesiniň berilmegi örän şanly wakadyr. Ol asyrlaryň dowamynda siwilizasiýalaryň medeni babatda özara baglanyşygy ulgamynda Türkmenistanyň müňýyllyklara barabar şöhratly taryhynyň ähmiýetini nygtaýar.

Şol gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatanşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, hindi dili boýunça talyp bäsleşigi geçirildi. Hindi diliniň baýramçylygy hökmünde geçirilen bu çärä Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň degişli hünär boýunça bilim alýan talyplaryň bilim derejesine baha berýän emin agzalary hökmünde bellenilen wekilleri çagyryldy. Bellenilişi ýaly, bu çäre Türkmenistanyň we Hindistanyň dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etdi. Şeýle hem iki ýurduň arasynda birek-bireginiň medeniýetine we däp-dessurlaryna öňden bäri özara gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.

Ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmek ulgamynda halkara meselelerine degip geçmek bilen, türkmen boksçulary S.Hudaýberdiýewiň we H.Pazzyýewiň aprel aýynda Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen Aziýa ýaryşynda gazanan ýeňşini bellemek möhümdir. Bu ýeňiş 2012-nji ýylda Londonda geçiriljek Olimpiada gatnaşjak türgenlerimiziň sanynyň dokuz adama çenli artmagyna mümkinçilik berdi. Türkmen boksçularynyň 2012-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna nobatdaky iki ýollanmany Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň jemleýji gününde alandygy bellärliklidir.

Synymyzy jemläp, geçen aýda biziň ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat başlangyçlaryny durmuşa geçirip, ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň parahatçylyk dörediji daşary syýasat ugruny amala aşyrmaga goşandyny goşýandygyny ýene bir ýola bellemek gerek.