Ï Wena Garaşsyz Türkmenistanyň medeniýet wekillerini garşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Wena Garaşsyz Türkmenistanyň medeniýet wekillerini garşylýar

view-icon 845
Şu gün Awstriýa Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açylýar. Bu çäre medeni-gumanitar ulgamda iki dostlukly döwletiň işjeň gatnaşyklaryny dowam edip, bu ýurtlaryň halklarynyň bir-biriniň ruhy durmuşyna bolan üýtgewsiz gyzyklanmasyny, has ýakyn we dürli taraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga bolan islegini tassyklaýar. Şonuň bilen birlikde döredijilik duşuşygynyň geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyşarnyksyz geçirýän açyklyk, ylalaşdyryjylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň anyk netijesi bolup durýar, ol dünýä bileleşiginiň ykrar etmegine we goldawyna mynasyp boldy.

Türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ösüş depgini, iki döwletiň Liderleriniň—hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişeriň arasynda emele gelen dostlukly gatnaşyklar taraplaryň hyzmatdaşlygy döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň ugry boýunça, şol sanda Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklaýar.

Iki döwletiň bitaraplyk daşary syýasy ugra eýermegi hem türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň oňyn şerti bolup durýar, munuň özi özara düşünişmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar. Häzir Wena we Aşgabat sebitleýin hem-de halkara syýasatynyň möhüm meselelerini çözmekde, medeniýetleri we halklary ýakynlaşdyrmakda iri halkara guramalarynyň, ozaly bilen BMG ýaly guramalaryň howandarlygynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmäge ýardam edýän ylalaşdyryjy, iri diplomatiýa merkezleri bolup durýar.

Gumanitar ulgamda hyzmatdaşlyk türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylda Awstriýa Respublikasyna bolan resmi sapary Türkmenistanyň we Awstriýanyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň döredijilik gatnaşyklarynyň başyny başlandygyny ýatlamak ýakymlydyr. Türkmen wekiliýetiniň düzümine giren belli halk hem-de estrada aýdymçylary, sazandalar we tansçylar Ýewropanyň medeni paýtagty hökmünde ykrar edilen Wenanyň Ferstel köşgünde uly konsert berip, Türkmenistanyň aýdym-saz sungaty bilen ýakyndan tanyşdyrdylar. Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişeriň geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda gumanitar gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň döredilmegi, “Galkynyş” bilelikdäki žurnalynyň çap edilmegi we Awstriýanyň hem-de Ýewropa Bileleşigine girýän köp ýurtlaryň ilatyny häzirki zaman Türkmenistan, onuň täsin taryhy-medeni mirasy, ykdysady we syýahatçylyk kuwwaty, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek ýaly ägirt uly taslamalaryň amala aşyrylmagy bilen tanyşdyrýan elektron saýtynyň açylmagy bu ulgamda özara gatnaşyklaryň anyk netijeleri boldy.

Türkmenistanyň Baştutanynyň goldaw bermeginde we howandarlygynda döredilen bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestri hem medeniýet ulgamynda netijeli türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň nyşanyna öwrüldi.

Dürli medeni çäreler we döredijilik alyşmalary gumanitar ulgamda türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny ösdürmäge öz goşandyny goşdy. Bu gatnaşyklaryň hatarynda türkmen sazandalarynyň Awstriýanyň paýtagtynyň iň gowy konsert zallarynda çykyş etmegi, 2010-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçen Wena şäheriniň Medeniýet günleri, Awstriýanyň sirk artistleriniň durky täzelenen Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň açylyş dabarasyna, Wenadan wokalçynyň “Awaza-2010” estrada, aýdym-saz we tans toparlarynyň birinji halkara festiwalyna gatnaşmagy ýaly mysallar bar. Geçen ýylyň sentýabrynda türkmen paýtagtynda üstünlikli geçen birinji Wena baly türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň taryhynda ýatdan çykmajak waka boldy.

Medeni gatnaşyklar halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýär. Wenada Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň mähirli kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Medeni çäräni geçirmek üçin Awstriýanyň paýtagtyna biziň ýurdumyzyň medeniýet işgärlerinden–meşhur kompozitorlaryndan we wokalçylaryndan, halk sazandalaryndan we meşhur estrada aýdymçylaryndan, kino sungatynyň we habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat döredijilik topary iberildi. Türkmenistanyň saz sungatyna Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň birleşdirilen orkestri, özboluşly däp-dessurlary we halk döredijiligi bolan “Laçyn” folklor topary wekilçilik edýär.

Awstriýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň maksatnamasy baý mazmunly bolup, dostlukly ýurduň halkyna Türkmenistanyň gadymy taryhy, köp taraply medeniýeti, özboluşly däpleri, aýdym-saz dessurlary we halk amaly-haşam döredijiligi hakynda düşünjelerini we gözýetimlerini giňeltmäge ýardam eder.

Medeni çäräniň açylyş dabarasy Etnologiýa muzeýinde-ozalky Hofburg imperator köşgüniň bir bölegini eýeleýän, Awstriýanyň gadymy we iri antropologiýa we etnografiýa muzeýinde geçiriler.

Medeniýet günleriniň çäklerinde Wenanyň “Odeon” teatrynda muzeý gymmatlyklarynyň we häzirki zaman halk amaly-haşam sungatynyň sergileri, türkmen kinoçylarynyň filmleriniň görkezilişi bolar. Bu ýerde 12-nji maýda geçiriljek Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň uly konserti Awstriýada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini jemlär.

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti üçin taýýarlanan giň medeni maksatnama Wenanyň gözel ýerleri, muzeýleriniň we ajaýyp köşkleriniň täsin gymmatlyklary bilen tanyşlygy öz içine alýar.

Düýn biziň ýurdumyzyň medeniýet we sungat wekilleri Wenanyň nyşany hasaplanýan şäher Ratuşasyna baryp gördüler. Ýokary çeperçilik gymmatlyk, içki ajaýyp gözellik bolup durýan Ratuşanyň binagärlik keşbinde Ýewropa sungatynyň dürli ugurlary sazlaşypdyr. Bu bina wenaly binagär Fridrih Şmidtiň taslamasy boýunça guruldy. Onuň ýadygärligi binagäriň adyny göterýän Ratuşanyň meýdançasynda oturdyldy. Ratuşanyň gurluşygyna 1872-nji ýylda başlanyldy we 10 ýyl dowam edipdir. Binanyň öň tarapy dünýewi desganyň ajaýyp nusgasy bolup durýar. Desganyň daşky keşbi we ozaly bilen ýokarky bölegini düzýän beýikligi 100 metrden gowrak bolan minara giçki orta asyrlardaky binagärlik däplerinde ýerine ýetirilipdir. Onuň howlularynyň 7-si bina kaşaň köşgüň keşbini çaýýar.

Otaglarynyň umumy meýdany 113 müň inedördül metre barabar, uzynlygy 71 metr we ini 20 metr bolan Ratuşanyň dabaralar zaly wenaly meşhur adamlaryň heýkelleri bilen bezelip, sergileri, konsertleri we ballary geçirmek üçin ulanylýar. Ajaýyp binanyň ýokarky böleginde platforma bolup, bu ýerde şäheriň ajaýyp görnüşi açylýar. Onuň çür depesini Ratuşanyň goragçysy-Wenanyň nyşanyna öwrülen, beýikligi 3,5 metr bolan “Rathausman” rysarynyň meşhur heýkeli bezeýär. Rysaryň heýkeli şäheriň gadymylygyny görkezýän ýaly bolup dur. Onuň taryhy iki müň ýyla barabardyr. Häzir ýüzlerçe ýyl mundan ozal bolşy ýaly, Wena Ratuşasynyň binasynda şäheriň burgomistriniň we munisipalitetiň iş otaglary ýerleşýär.

Şäher Ratuşasynda saklanýan Wenanyň myhmanlary üçin niýetlenen Altyn kitapda dünýäniň görnükli adamlary ýadygärlik ýazgylaryny galdyrdylar, onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem ýazgysy bar.

Ertir Awstriýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerine gatnaşyjylara täze duşuşyklar garaşýar. Bu ajaýyp döredijilik baýramçylygynyň medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edip, iki ýurduň halklarynyň gumanitar ulgamdaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge möhüm goşant boljakdygy şübhesizdir.