Ï Türkmenistan - Awstriýa: dostluk we hyzmatdaşlyk köprüsiniň berkemegi ugrunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan - Awstriýa: dostluk we hyzmatdaşlyk köprüsiniň berkemegi ugrunda

view-icon 692
Şu gün Awstriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Awstiýa Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Şeýlelikde, türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynda wajyp ýagdaý bolmak bilen iki halkyň arasynda medeni-gumanitar ulgamdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilýändigini aýdyň görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda barha giňeýän türkmen-awstriýa gatnaşyklary ýurdumyzyň medeniýet işgärleri üçin umumyýewropa saz paýtagty diýilip ykrar edilen bu şähere giň ýol açdy. Şeýle-de Awstriýanyň sazandalary, wokalçylar, tansçylary hem Aşgabatda geçirilýän halkara festiwallaryna we forumlara işjeň gatnaşýarlar. Şonuň üçin hem Dunaý derýasynyň boýundaky bu täze duşuşyk köne dostlaryň duşuşygyna öwrüldi.

Öň habar berilişi ýaly, bu dabara belli halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileri, Türkmenistanyň milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sazandalary, “Laçyn” folklor topary, şeýle-de ýurdumyzyň kinosungatynyň wekilleri we žurnalistler bu ýere geldiler . Wolfgang Amadeý Mosart we Lýudwig wan Bethowen, Frans Peter Şubert, Iogann Ştraus hem-de beýleki görnükli kompozitorlaryň ýaşan we döreden ýurdyndaky belli Wena filarmoniýa orkestriniň we Wena operasynyň jaýynda çykyş etmek biziň sungat ussatlarymyz, şeýle-de ýaş ýerine ýetirijiler üçin uly synag boldy.

Türkmen medeniýetiniň günleriniň dabaraly açylyşy Awstriýanyň paýtagtynyň merkezindäki 1876-njy ýylda esaslandyrylan we häzirki wagtda öňki Hofburgyň imperator köşgi bolan Wenanyň iň uly antropologik we etnografik muzeýiniň zallarynyň birinde boldy. Bu ýerde 1880-nji ýyldan bäri dünýä boýunça 200 müňden gowrak eksponatlaryň, şol sanda 25 müň fotosuratlaryň uly toplumy saklanylýar. Şol ýygyndylaryň esasy bolsa, Wena Köşk taryhy muzeýine degişli antropologik we etnografik bölüminiň ýygyndylary, Ýewropa degişli bolmadyk halklaryň medeniýetine we durmuşyna degişli 136 müň grawýura, 300 kilometrden gowrak kinoplýonkalardan ybaratdyr. Şol ýygyndylaryň arasynda Meksikanyň artefaktlary, şol sanda 1806-njy ýylda getirilen Jeýms Kukyň kolleksiýasynyň bir bölegi, Beninden getirilen bürünç işler, Hindistan, Günorta-Gündogar Aziýa we Hytaý hem-de köp sanly beýleki ýurtlara edilen syýahatlar boýunça ýygyndylar esasy ünsi çekýär.

Ähli baýlygy we haýran ediji bezegli täsin zalda uly baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Şu günki Türkmen sungaty bilen duşuşyga gelen myhmanlaryň arasynda Awstriýa Respublikasynyň parlamentiniň wekilleri, Wena şäheriniň köpsanly diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň, işewürlik we döwlet düzüminiň wekilleri, şäheriň giň jemgyýetçiligi, medeniýet we sungat işgärleri bar.

Bu ýere ýygnananlar şu günki döredijilik duşuşyk mynasybetli, iki döwletiň baştutanlaryna – ägirt uly medeni çäräni geçirmek başlangyçlaryny öňe sürendikleri üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişere tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Wena şäheriniň parlamentiniň wekili Mariana Kliker döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylary bu şanly waka bilen gutlady we çäräniň iki halklaryň medeniýetleriniň baýlaşmagynda, dostlukly ýurtlaryň gumanitar gatnaşyklarynyň giňelmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Dabaranyň resmi bolüminiň soňunda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Ony dünýäniň nusgawy saz hazynasyndan, şeýle-de türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň, Daňatar Öwezowyň, Weli Muhadowyň eserlerinden ybarat saz eserleri düzdi.

Bagşylaryň, opera aýdymçylarynyň, belli estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde halk sazlary we häzirki zaman aýdymlary, belli türkmen operalaryndan bölekler eşitdirildi. Bu ajaýyp muzeýiň içinde dutardyr tüýdükden ybarat türkmen halk saz gurallarynyň owazy has-da täsin ýaňlandy. Bu ýere ýygnananlara türkmen wokalçylaryň ýerine ýetirmegindäki beýik Wena sungat ussatlarynyň eserleri hakyky sowgat boldy. Tomaşaçylar türkmen artistleriniň wokal eserlerini, halk sungatynyň wekillerini gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Şeýle-de awstriýaly tomaşaçylar “Laçyn” folklor toparynyň gurnan türkmen baýramlarynyň bezegi bolan özboluşly däp-dessurlaryny görmeklige-de mümkinçilik aldylar. Olar türkmen sungaty bilen ajaýyp duşuşygy sowgat eden türkmen aýdymlarynyň täsin owazlarynyň, milli tanslaryň özüne çekiji hereketlerini, aýdymçylaryň ýakymly seslerini gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Ertir Wenanyň “Odeon” teatrynda Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň gaznalaryndan guralan serginiň açylyşy we türkmen filmleriniň görkezilişi bolar.