Ï Aýratyn goralýan tebigy ýerler: kanunda täzelikler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aýratyn goralýan tebigy ýerler: kanunda täzelikler

view-icon 5334
Jemgyýetiň we tebigatyň özara baglanyşygy, tebigy serişdeleri netijesi peýdalanmak – dünýä jemgyýetçiligini aladalandyrýan wajyp meseleleriň biridir. Türkmenistan Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, onuň oňyn çözülmegine işeňňir goşulyşdy. Muňa biziň ýurdymyzyň BMG-niň tebigaty goramak baradaky konwensiýalarynyň esasylarynyň birnäçesine goşulyşmagy şaýatlyk edýär. Tebigaty goramak baradaky sazlaşykly kanunlar ulgamy milli derejede döredilýär. Ýakynda bolsa onuň üsti täze kanun bilen ýetirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň 31-nji martda bolup geçen nobatdaky mejlisinde Milli parlamentariler „Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda“ Türkmenistanyň Kanunyny kabul etdiler.

Bu kanunyň kabul edilmegi, ilkinji nobatda, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň (AGTÝ) „sagdyn“ ekoulgamyň wajyp bölegi hökmünde şertlendirilendir hem-de onuň goralmagy hemme taraplaýyn Müňýyllyklaryň Ösüşiniň Maksatlaryna ýetmek üçin düýpli ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň AGTÝ ulgamy dünýäniň aýratyn goralýan tebigy ýerleriniň bir bölegi bolup durýar hem-de aýratyn goralýan tebigy ýerleriň halkara klassifikasiýasynyň dürli derejeleri ýerleriniň 39-ny öz içine alýar. Goralýan ýerlerde ýurdyň biodürliliginiň 80 göterimi, ýagny ýurdyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetik fondynyň köp bölegi, toplanandyr. Bularyň barysy aýratyn goralýan tebigy ýerleriň möhümdigi barada aýdýar. Muňa Türkmenistanyň 1996-njy ýylyň iýun aýyndan bäri BMG-niň biologiki dürli-dürlilik hakyndaky Konwensiýasyna gatnaşyjysy hökmünde halkara borçnamalary hem borçly edýär.

Öň hereket eden „Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalary hakynda“ Türkmenistanyň Kanuny 1992-nji ýylda kabul edilipdi. Soňky wagtlarda täze kanunlaryň kabul edilmegi hem-de güýje girmegi (ýer, suw, tokaý we beýlekiler) we halkara resminamalaryna gabat gelmegi sebäpli bu günki gün ol Türkmenistanyň tebigaty goramak kanunçylygyna doly gabat gelmeýär.

„Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda“ Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Prezidentiniň tebigaty peýdalanmak we tebigaty goramak işini netijeli dolandyrmaga, durnukly ekologiki ösüşe we tebigaty goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyna Türkmenistanyň işeňňir gatnaşmagyna gönükdirilen tebigy gurşawy goramak ulgamyndaky maksatnamalaýyn görkezmeleri esasynda taýýarlanyldy. Bu täze Kanun aýratyn goralýan tebigy ýerleriň hukuk taýdan utgaşdyrylmagyna, guramaçylygynyň we işiniň sazlanmagyna degişli birnäçe täze kadalardan ybaratdyr.

Kanunda aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri düzülendir. Bu ýerlerde hereket etmegiň, ösmegiň we peýdalanmagyň esasyny düzýän umumy ýörelgelerini kesgitlemäge şert döredýär (3-nji madda). Kanunda aýratyn goralýan tebigy ýerleriň derejeleri we görnüşleri anyk kesgitlenipdir (5-nji madda). Bu Kanunyň düzgünlerini anyk düşündirmek nukdaý nazaryndan hukugy peýdalanamak üçin möhüm bolup durýar.

Bütin dünýäde goralýan ýerleriň derejeleriniň köpüsinde milli tebigy seýilgähleriň ulanylýandygyny belläp geçmelidiris. Türkmenistanda milli tebigy seýilgähleriň döredilmeginiň göz öňünde tutulmagy sebäpli Kanunda AGTÝ bu görnüşine aýratyn üns berilipdir (5-nji bap,29-33 maddalar). Milli tebigy seýilgähleriň dürli zolaklaryny differensirlemekde hukuk kadasyny göz öňünde tutmak bilen, Kanun olaryň çäklerinde ekosyýahatçylygy ösdürmek, rekreasion meseleler çözmek, tebigaty goramak meselelerini çözmäge ýerli ilaty çekmäge şert döredýär.

Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň her bir görnüşini döretmegiň we onuň işleýşiniň hukuk kadasyny döretmegiň düzgüni kanuny tarapdan kesgitlenendir. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň haýsydyr biri döredilende haýsy ýagdaýlarda ýeri ulanýanlardan ýeri alyp bolýar, haýsy ýagdaýlarda ýeri alyp bolmaýandygyny Kanun kesgitleýär.

Kanun çykaryjy aýratyn goralýan tebigy ýerleri maliýeleşdirmek ulgamyna üýtgeşmeler girizdi, maliýeleşdirmegiň çeşmelerini giňeltdi (12-nji madda)

Kanun Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ygtyýarly döwlet dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitlemek bilen, aýratyn goralýan tebigy ýerleri dolandyrmak ulgamynda döwlet guramalarynyň ygtyýarlyklaryny çäklendirýär (15-17-nji madda).

Aýratyn goralýan tebigy ýerleri goramakda we peýdalanmakda jemgyýetçilik guramalarynyň we raýatlaryň gatnaşdyrylmagy boýunça madda girizildi. Bu Türkmenistanyň maglumatlara girmek, tebigy gurşawy goramaga degişli bolan meseleler boýunça adyl kazyýete barmaga we onuň kabul edýän kararlaryna gatnaşmaga jemgyýetçiligiň gatnaşdyrylmagy baradaky Orhuss konwensiýasyna gatnaşyjy hökmünde halkara borçnamalaryna gabat gelýär.

Täze kanun AGTÝ esasynda MSOP boýunça ýerleri ätiýäçlandyrmagyň kadalaryny; AGTÝ goralýan zolaklarynyň hukuk kadasyny; AGTÝ çäklerini üýtgetmegiň düzgünlerini; täze döredilýän milli seýilgähleriň çäklerinde syýhatçylygy, dynç alyşy düzgünleşdirmegi üpjün etmek boýunça işi kadalaşdyrmagy öz içine alýar. Kanun ýurdyň Suw, Ýer we Tokaý kodekslerine laýyk getirildi.

Umuman girizilen düzedişler we üýtgetmeler AGTÝ milli ulgamyny ösdürmegiň ýörelgelerini üýtgetmeýär. Olar täze tejribeleri we ony 1992-nji ýylda kabul edilen milli we halkara kanunlarynyň kadalaryna laýyk getirmegi hasaba almak zerurulygy bilen baglanyşyklydyr.

Mundan hem başga, Kanun Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny we dürli-dürliliklerini saklamaklyga hem-de dikeltmeklige goldaw bermäge, işlemegiň kadalaryny we düzgznlerini ýerine ýetirmäge degerli döwlet gözegçiligini amala aşyrmaga, Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy ýerlerini goramaga we peýdalanamaga gönükdirilendir. Şeýle hem bu Kanun tebigaty goramak ulgamynda ylmy gözlegçileriň derejesini ýokarlandyrmaga we ylmy işgärleri taýýarlamaga gönükdirilendir (3-nji bap,21-24-nji maddalar).

Şeýle hem „Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda“ Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ene topragyň hakyky eýelerini terbiýelemekde, raýatlary biziň ýurdymyzyň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösdürmek boýunça maksatnamalaryny ekologiýa bilimleri bilen utgaşykly alyp gitmeklerinde möhüm ädim bolar.

Şeýleleikde, „Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda“ Türkmenistanyň Kanuny ykdysadyýetiň mundan beýläk hem ekologiki taýdan howpsuz öňegidişlikli ösüşiniň we gülleýşiniň, durmuş taýdan doly göwrümli özgertmeleri geçirmäge, Türkmenistanyň örän baý we ajaýyp tebigy serişdelerini aýawly saklamaga şertleri kesgitleýär. Täze Kanunyň kabul edilmegi netijesinde AGTÝ boýunça netijeli iş alyp barýanlar sebitleriň durmuş-ykdysady ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, milletiň ruhy we medeni durmuşyny ýokarlandyrmak boýunça, watansöýüji bolup ýetişmekleri babatda uly goşant goşýarlar. AGTÝ ulgamynyň netijeli işlemegi uly göwrümli ekoulgamyň biologiki dürli-dürliliginiň saklanyp galmagyna Türkmenistanyň işeňňir gatnaşmagy üçin hökmany şert bolup durýar.