Ï Dunaýyň kenarynda türkmen medeniýetiniň baýramçylygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dunaýyň kenarynda türkmen medeniýetiniň baýramçylygy

view-icon 728
Şu gün Awstriýa Respublikasynda geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň gaznasyndan serginiň açylyşy we türkmen kinoçylarynyň işleriniň görkezilişi boldy.

Medeni forumyň çäreleriniň awstriýalylarda ägirt uly gyzyklanma döredýänligi we adaty bolmadyk döredijilik ýagdaýynda geçýändigi bellärliklidir. “Odeon” teatrynda açylan şu günki sergi hem şunuň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, Wenada eýýäm türkmen sergileri ençeme gezek guraldy. Mysal üçin 2010-njy ýylyň güýzünde bu ýerde Türkmenistanyň dokma, haly we zergärçilik önümleriniň sergisi guralyp, ol Wenanyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny diňe bir ýurdumyzyň dokma pudagynyň kuwwaty bilen däl-de, eýsem, türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen hem tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň täsin etnografiýa ýygyndysyndan bolan gymmatlyklar şu günki serginiň esasyny düzüp, türkmen halkynyň özboluşly däpleri we baý medeni dessurlary, onuň sungaty we türkmen halkynyň çäksiz döredijilik ukyplary barada gürrüň berýär. Bu gymmatlyklar häzirki zaman türkmen döwletinde milli däpleri aýawly saklamak we dikeltmek meselelerine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Sergä gelýänler gadymy milli egin-eşikleri, durmuşda ulanylýan zatlary, ýadygärlik sowgatlyklary we haly sungatynyň ajaýyp nusgalyklaryny hem-de dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşlerini synladylar. Ussat zergärleriň ýasan özboluşly zergärçilik önümleri, hakyk we pöwrüze daşlary bilen bezelen gelin-gyzlaryň şaý-sepleri serginiň aýratyn bölegini düzdi. Bu ýerde şeýle hem gelin-gyzlaryň milli egin-eşikleri, dürli haly önümleri görkezildi. Olaryň hemmesi ýewropaly muşdaklary haýran galdyrdy.

Nusgawy türkmen kino sungaty N.Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestiniň esasynda 1964-nji ýylda surata düşürilen kinofilm bilen tanyşdyrdy. Bu film milli kinonyň taryhynda aýratyn orun eýeläp, dünýäniň dürli künjeklerinde görkezildi we köp sanly sylaglara mynasyp boldy. Sungatyň egçilmez güýji hakyndaky pikir filmiň esasyny düzýär. Meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň bu filmde ýaňlanan ajaýyp sazy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Şyhmyrat Annamyradowyň “Türkmen halysy” atly dokumental filmi hem wenaly tomaşaçylara hödürlendi. Türkmen halysynyň taryhyna bagyşlanan bu kinofilm türkmen halkynyň köptaraply zehini, maddy we ruhy medeniýeti, asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan we häzirki döwürde aýawly goralyp saklanylýan hem-de ösdürilýän baý milli däp-dessurlary barada sergide başlanan gürrüňiň dowamy boldy.

Serginiň we kino görkezilişiniň açylyşyndaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, bu medeni çäre ýewropalylaryň türkmen sungaty hakyndaky gözýetimini giňeldip, olara Türkmenistanyň dostlukly halkyny has gowy tanamaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň Awstriýanyň paýtagtynyň ajaýyp ýerleri bilen tanyşlygy Awstriýa barokkosynyň iň ajaýyp binagärlik desgalarynyň biri bolan Şýonbrunn köşgünden başlandy. Bu ýerde Awstriýanyň imperatorlarynyň kabulhanasy ýerleşipdir. 1996-njy ýylda Şýonbrunn köşgi özüniň seýilgähi we köp sanly suw çüwdürimleri, heýkelleri, Rim äheňindäki gadymy ýadygärlikleri, şeýle hem dünýäde iň gadymy haýwanat bagy bilen bilelikde UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanywyna goşuldy. Bu köşk ähli ýanaşyk çäkleri bilen birlikde örän möhüm syýahatçylyk toplumy bolup, şäheriň tutuş syýahatçylyk pudagynda ähmiýeti örän uludyr. Her ýylda bu köşgi synlamaga 6 milliondan hem köp syýahatçy gelýär.

Wena operasyna baryp görmegiň Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti üçin düzülen medeni maksatnama girizilmegi kanunalaýykdyr. Sebäbi walslaryň, nusgawy sazyň we baletiň ykrar edilen merkezi hasap edilýän Awstriýanyň paýtagtyny Wenanyň opera teatryny görmezden göz öňüne getirmek mümkin däl. Mosart we Bethowen, Şubert we Gaidna, Brams we Glýuk, Maler we Brukner ýaly beýik sazandalaryň we kompozitorlaryň atlary, Ştrauslaryň sazçylyk neberesiniň tejrimehaly hem bu şäher bilen baglanyşyklydyr. Wena döwlet opera teatryny sazçylyk Mekgesi diýip hem atlandyrýarlar.

Medeniýet günlerine gatnaşyjylar şeýle hem meşhur binagärler Augusta Sekkarlsburgyň we Eduard wan der Nýulyň taslamasy boýunça gurlan ajaýyp binany synlamaga mümkinçilik aldylar.

Wena opera teatrynyň baş girelgesinde Mosartyň “Jadyly fleýta” diýen operasyndan parçalar şekillendirilipdir. Opera teatrynyň baş girelgesindäki heýkelleriň şekillerini heniz gadymy döwürlerden bäri bäş ajaýyp sungatda Näzikligi we Söýgüni, Gahrymançylygy we Gülküni, şeýle hem Hyýalbentligi aňladýan dürli ugurlaryny beýan etmegi başaran zehinli heýkeltaraş Ernst Hýonel döredipdir. Wenanyň opera teatry 1869-njy ýylyň 25-nji maýynda ilkinji gezek tomaşaçylara Mosartyň “Don Žuan” operasynyň görkezilmegi bilen açylýar.

Özüniň köpýyllyk taryhynda Wenanyň opera teatrynda häzirki döwürde meşhur bolan kompozitorlaryň naýbaşy eserleri goýuldy. Olar dünýä medeni hazynasynda öçmejek yz galdyrdylar. Teatryň sahnasynda Gustaw Maler we Rihard Ştraus, Feleks fon Waýngarten we Klemens Kraus, Klaudiýo Abbado we Karl bem, Herbert fon Karaýan ýaly meşhur sungat ussatlary çykyş etdiler.

Her ýylyň fewralynda “Ştaatsoperyň” (Wenanyň opera teatry şeýle atlandyrylýar) binasy ajaýyp görnüşe eýe bolýar. Bu ýerde şol wagt Awstriýada iň meşhur bal geçirilýär. Gije çagy bolsa sahna we tomaşaçylar zaly köp sanly jübütleriň wals tansyny edýän ägirt meýdançasyna öwrülýär. Şol wagt teatr zalyny köp sanly gül çemenleri, ajaýyp bal lybaslaryny geýnen zenanlar we olaryň ýigitleri bezeýärler.

Ertir Wenanyň ýaşaýjylary we myhmanlary Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty, türkmen halkynyň örän baý milli däp-dessurlary bilen tanyşlygy dowam etdirip bilerler.