Ï Alymlaryň nobatdaky maslahatynda Döwletmämmet Azadynyň eýýamy öwrenilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Alymlaryň nobatdaky maslahatynda Döwletmämmet Azadynyň eýýamy öwrenilýär

view-icon 3538
Şu gün Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň mejlisler jaýynda “Döwletmämmet Azady we ХVIII asyr türkmen durmuşy” atly halkara ylmy maslahaty açyldy.

Türkmen halkynyň ruhy mirasynyň Gündogaryň medeniýetini ösdürmekdäki ähmiýetli ylmy işleriň geriminiň has-da giňeldilmegine bagyşlanyp geçirilýän nobatdaky uly maslahat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň gadymy ruhy gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagy we ösdürilmegi ugrundaky tagallalarynyň aýdyň netijesi bolup durýar. Milletiň Lideri ylmy döredijiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, maglumatlaryň giňden alşylmagyna we halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň howandarlyk etmeginde Orta Aziýada iri ylmy we medeni merkez hökmünde meşhurlyga eýe bolan Aşgabatda bilimleriň dürli ugurlary boýunça yzygiderli geçirilýän maslahatlar hut şol maksatlara gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan guralan şu maslahata gatnaşmak üçin ABŞ-dan, Russiýadan, Italiýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Polşadan, Çehiýadan, Koreýadan, Indoneziýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Pakistandan, Owganystandan, Yrakdan, Saud Arabystanyndan, Türkiýeden, Alžirden, Iordaniýadan, Liwiýadan, Siriýadan, Müsürden, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Moldowadan, Ispaniýadan, Rumyniýadan, Serbiýadan, Horwatiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan alymlar ýygnandylar. Maslahatyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ylym we medeniýet işärleri, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar we myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Şonda döwlet Baştutany alymlaryň bu wekilçilikli duşuşygynda türkmen nusgawy edebiýatynda Etrek-Gürgen edebi mekdebini esaslandyran beýik söz ussady, ХVIII asyryň tanymal türkmen şahyrlarynyň we akyldarlarynyň biri hasaplanýan Döwletmämmet Azadynyň ömrüne we döredijiligine degişli täze çeşmeleriň we ylmy maglumatlaryň äşgär ediljekdigine ynam bildirdi. Bu Gutlagda Döwletmämmet Azadynyň türkmen halkynyň mýňýyllyklardan gözbaş alýan ahlak ýörelgelerini, wagyz-nesihatlaryny, öwüt-ündewlerini özünde jemleýän terbiýe mekdebiniň

düýbüni tutandygy bellenilýär. Ol adamzadyň iň arzyly oý-hyýallaryny jahana ýaýan beýik şahyr Magtymguly Pyragyny terbiýelän kämil ata we görnükli ussatdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galagoply, agyr synagly, ylma, medeniýete, ynsan gymmatlyklaryna uly zarba uran döwür bolup taryhy giren ХVIII asyrda Döwletmämmet Azadynyň beýik ynsanperwer çagyryşlarynyň halky galkyndyrýan we jebisleşdirýän çagyryş bolup, türkmen sährasynda ýaňlanandygyny belleýär.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra umumy mejlis geçirilip, maslahatyň esasy meselelerine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Täjik alymy K.Alimow “Azadynyň mirasy we onuň medeniýetiň ösüşiniň häzirki tapgyryndaky ähmiýeti” diýen mesele boýunça çykyş etdi. Azerbaýjanly hünärmen R.Guseýnow türkmen nusgawy şahyrynyň Gündogaryň pelsepewi şygryýetiniň ynsanperwer ýörelgeleri bilen bagly mirasy barada gürrüň berdi. Russiýaly G.Prýahin we N.Muhametşina Azadynyň “Wagzy-Azat” atly meşhur eseriniň umumadamzat gymmatlyklarynyň ulgamyndaky ähmiýeti barada gürrüň berdiler, Hindistanly M.Ikbal bolsa şahyryň döredijiliginiň häzirki döwürde öwrenilişine degişli meseleler barada durup geçdi. Yrakly alym M.Omar “Azadynyň Magtymgula ýetiren täsiri” diýen mesele boýunça çykyş etdi. Umumy mejlis alžirli Azzeddin ibn Zagybanyň Azadynyň eserleriniň arap diline terjime edilişi baradaky çykyşy bilen tamamlandy.

Umumy mejlisden soňra oňa gatnaşyjylar we myhmanlar giň eýwanda guralan sergilerdäki gymmatlyklar bilen tanyşdylar, bularda Türkmenistanyň taryhynyň tapgyrlary we türkmenleriň etnografiýasy täsirli beýan edilýär.

Günüň ikinji ýarymynda maslahatyň işi bäş bölüm boýunça dowam etdirildi. Bularyň mejlisleri Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň belli-belli ugurlara degişli institutlarynda guraldy. Bölümleriň her birinde gyzykly maglumatlaryň birnäçesi diňlenildi, şonda çykyş edenler öz ylmy işlerine degişli meseleler barada çykyş etdiler. Olar Azadynyň şahsyýeti we döredijiligi barada täsirli çykyş etdiler. Azadynyň durmuş ýoly Türkmenistanyň günorta-günbatarsyndaky Etregiň kenarlarynda başlanýar, ol bu ýerde başlangyç bilim alýar we heniz ýaş bolsa-da, okuwyny dowam etdirmek üçin Hywadaky medreseleriň birine barýar. Azady arap we pars dillerini oňat özleşdirip, teologiýany we Gündogaryň tanymal alymlarynyň ençemesiniň işlerini çuňňur öwrendi. Öz dogduk mekanyna dolanyp gelenden soňra, Azady oba hojalygy bilen meşgullanypdyr hem-de başlangyç mekdepde sapak beripdir. Azadynyň döredijilik mirasy köp sanly goşgulardan we dörtlemelerden, “Wagzy-Azat”, “Behiştnama”, “Mesnewi”, “Hekaýaty Jabar-Ekser” atly poemalardan ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, Azady sopuçylygy ugur edinipdir, munuň özi onuň döredijiligine degerli täsir edipdir. Ol türkmenleriň ýazuw medeniýetini baýlaşdyryp, öz çeper döredijiligi arkaly, ХVIII asyrda türkmen edebiýatyny ösdürmegiň käbir ugurlaryny kesgitledi.

Çykyşlaryň birnäçesi şahyryň eserleriniň diliniň çeperçiliginiň ýokary derejesine, şol döwürde türkmenleriň durmuşynyň dürli jähetlerine bagyşlandy.

Ertir maslahat öz işini dowam eder.