Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2011-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasyň 66-njy mejlisinde Hazar we Gara deňizleriň, Orta Azyýýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasynda üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini öwrenmegi göz öňünde tutýan BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek boýunça başlangyç bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň Hökümetiniň geljegi uly bolan bu maksatlaryny amala aşyrmagyň çäklerinde, Halkara awtomobil ulag bileleşigi (HAUB), BMG-niň birnäçe guramalary, hususanda, BMG-niň ÝEK we deňze çykalgasy bolmadyk has pes ösýän ýurtlar, ösýän ýurtlar hem-de az adaly ösýän ýurtlar üçin BMG-niň Baş sekretarynyň Ýokary wekiliniň Edarasy, şeýle hem Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, MPK TRASEKA 2012-nji ýylyň maý aýynyň 16-nda Aşgabatda „Orta Aziýa we Hazar deňzi sebtinde ulag we üstaşyr gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi“ ady bilen halkara maslahatyny geçirmegiň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
Bi iri halkara maslahatyna Orta Aziýanyň, Hazar we Gara deňizleriniň sebitleriniň, Pars aýlagynyň ýurtlary, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, işewür we ylmy toparlaryň wekilleri gatnaşarlar. Bu halkara maslahatynyň gün tertibinde Orta Aziýa we Hazar sebti ýurtlarynyň ulag we üstaşyr gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek, Orta Aziýada we Hazar sebtinde ulag we üstaşyr gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň işini sazlaşdyrmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Orta Aziýa, Hazar we Gara deňiz sebitleriniň üstaşyr ýük geçirmek we üstaşyr ulag geçirmek mümkinçilikleriniň örän ulydygyny bellemelidiris.
Öňde duran maslahatyň täze tehnologiýalar esasynda ulag gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek işlerinde tapgyrlaýyn waka boljakdygyna garaşylýar. Olaryň ösdürilmegi söwdanyň, işsizligi azaltmakda, ykdysady we durmuş taýdan ösüşi durnuklaşdyrmaga öz oňaýly täsirini ýetirmek bilen, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetine örän uly goşant goşmaga şert döreder. Gün tertibiniň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň ulag guramalarynyň ýolbaşçylary, belli halkara bilermenleri, söwdanyň we ylmyň wekilleri sebitde ulag we üstaşyr gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmegi ara alyp maslahatlaşarlar. Mundan hem başga, bu maslatyň gurnalmagyna gatnaşan Türkmenistanda işleýän diplomatik we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bu maslahatyň işine gatnaşarlar. Halkara maslahatynyň netijeleri boýunça ýörite resolýusiýany kabul etmek göz öňünde tutulýar.
Bu ugurda Türkmenistanyň toplan tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirilýär. Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanda Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlaryny çaltlaşdyrmak boýunça iri taslamalaryň birnäçesi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda ygtybarly köpri bolmaga niýetlenilen „Demirgazyk-Günorta“ we „Gündogar-Günbatar“ ýaly geljegi uly bolan ulag ugurlaryny Türkmenistan işeňňir ösdürýär.
Türkmenistanyň esasy ulag ýollary häzirki wagtda halkara ulag gatnawlarynyň düzüm bölegi bolup durýarlar. Olar Türkmenbaşy-Aşgabat-Mary-Türkmenabat-Farap, Aşgabat-Daşoguz, Aşgabat-Gowdan, Türkmenbaşy-Bekdaş, Serdar-Güdriolum ugurlary ýaly ulag ýollarydyr.
Köpetdagyň etegi boýunça köp çyzykly ulag ýollary ulgamyny döretmek boýunça taslama üstünlikli amala aşyrylýar. Aşgabadyň Çandybil şaýoly ýol gurluşygynyň nusgasy bolup durýar. Şeýle hem gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýan halkalaýyn ulag ýoly köp ýük göterýän ulaglara Aşgabadyň daşyndan aýlanyp, ýüki niýetlenen ýerine eltmäge mümkinçiligi döreder.
Aslyýetinde, halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň mysalynda Beýik Ýüpek ýolynyň häzirki zaman görnüşinde gaýtadan dikeldilýändiginiň şaýady bolýar.
Bu halkara maslahatynda sebitiň üstaşyr gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen halkara ylalaşyklaryny amala aşyrmakda iş ýüzünde goşant goşmagyň mümkinçilikleriniň ýollary kesgitlener.
Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň baha bermegine görä, awtoulag ýollaryny gurmak we gaýtadan dikeltmek ulgamynda uly öňegidişlikler gazanyldy. Halkara maliýe institutlarynyň goldaw bermegi netijsinde, diňe soňky ýyllaryň dowamynda Orta Aziýada 5 müň kilometrden gowrak ýol döwrebaplaşdyryldy. Ýollary gaýradan dikeltmek işleri ýene-de 25 müň kilometr aralykda alnyp barylýar. Aslynda munuň özi Täze ýüpek ýolynyň ugurlarydyr. Şeýleleikde, häzirki wagtda Täze ýüpek ýolynyň düýpli binýady emele geldi hem-de ol sebitiň ýurtlarynda söwdany we syýahatçylygy ösdürmek üçin ulanylyp biliner. Awtomobil ulagy sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetinde we söwdany alyp barmakda ýylsaýyn uly ähmiýete eýe bolýar. Bu Hazar sebtinde we Orta Aziýada ulag ulgamyny ykdysady we geosyýasy taýdan ösdürmekde hem şeýledir. Bu babatda, Aşgabatda bolup geşjek maslahatda Türkmenistanyň awtomobil ulagyna bagyşlanan Gök kitap bilen tanyşdyrylyş dabarasy uly ähmiýetli waka bolar. Onda awtomobil ulgamynda gazanylan üstünlikler we ony ösdürmegiň bar bolan mümkinçilikleri beýan edilýär.
Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň Baş sekretarynyň orunbasary Igor Runow 20-nji aprelde Aşgabatda bolup geçen taýýarlyk maslahatda çykyş etmek bilen, öňde duran maslahatyň wajypdygyna üns berdi. Onuň çäklerinde sebitleýin we kontinentler arasynda ulag-gatnaşyklar ulgamyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Hususanda, serhet işlerini çaltlaşdyrmak, halkara ulaglaryny abatlamak we olaryň eýelerine hyzmat etmegi çaltlaşdyrmak maksady bilen, ylalaşykly çemeleşmeleri we çözgütleri gazanmaga uly mümkinçilikler açylar. Mundan hem başga, Hazar deňzi boýunça awtomobil-parom yzygiderli gatnawlaryny, hususanda Türkmenbaşy-Baku aralygynda ýola goýmak baradaky teklipler hemme taraplaýyn goldanmaga mynasypdyr. Bu babatda deňiz gatnawlarynyň bu görnüşini ösdürmek maslahatyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri bolar.
„Orta Aziýa we Hazar deňzi sebtinde ulag we üstaşyr gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi“ atly Aşgabatda geçiriljek Halkara maslahaty BMG-niň gün tertibini ýerine ýetirmäge, hususanda deňize çykalgasy we üstaşyr mümkinçiligi bolmadyk ýurtlaryň mümkinçiliklerini amala aşyrmak boýunça hereket etmegiň Almaty maksatnamasyny amala aşyrmakda, düýpli goşant goşmaga şertlendirilendir. Orta Aziýanyň, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň aralygynyň ähli ugurlary boýunça halkara awtomobil gatnawlar ulgamynyň ilkinji nobatda hukuk taýdan ýola goýulmagy baradaky teklipler bu maslahatyň netijesi bolmalydyr.
Bu halkara maslahatda üstaşyr gatnadylýan ýükleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda döwletara gatnaşyklarynyň meseleleri boýunça netijeli we önjeýli özara pikir alnyşar diýlip garaşylýar. Bu babatda şeýle wekilçilikli maslahatyň geçirilmegi sebitiň ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmekde geljegi has uly bolan ugurlary ara alyp maslahatlaşmaga uly mümkinçilik bolup durýar.