Şu gün paýtagtymyzda “Döwletmämmet Azady we XVIII asyr türkmen durmuşy” atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we howandarlygynda guralan hem-de geçirilen wekilçilikli maslahata ylmy gözlegleri Azadynyň edebi mirasy hem-de Türkmenistanyň XVIII asyrdaky taryhy bilen baglanyşykly bolan dünýäniň 32 ýurdundan alymlar, şeýle hem olaryň türkmenistanly kärdeşleri gatnaşdylar.
Görnükli türkmen şahyrynyň we filosofynyň ömri we döredijiligi, onuň döwri hem-de meşhur döwürdeşleri we şöhratly ogly-türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy hakyndaky ara alyp maslahatlaşmalar “Azadynyň edebi mirasyny häzirki wagtda öwrenmek”, “Döwletmämmet Azady we onuň eýýamy”, “Azadynyň eserleri we edebi diliň meseleleri”, “Azadynyň “Wagzy-Azat” eseri umumadamzat gymmatlyklarynyň ulgamynda”, “Döwletmämmet Azady we Gündogaryň edebiýaty” atly bäş sany ylmy bölümleriň çäklerinde geçirildi.
Maslahatda edilen çykyşlarda nygtalyp geçilişi ýaly, Döwletmämmet Azady beýik akyldar, alym, şahyr we öz Watanynyň hakyky watançysy hökmünde ähli akyl-paýhasyny hem-de zehinini milli däpleri gorap saklamaga, mähriban halkynyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga bagyşlady. Bu ideýa onuň ahlak-didaktiki häsiýetdäki “Wagzy-Azat” eserinde aýratyn aýdyň ýüze çykdy.
Maslahatda gyzykly ylmy çykyşlaryň we habarlaryň ýüzden gowragy diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy, hususan-da, Azadynyň döredijiliginde sopuçylyk äheňlerine, olaryň Ýunus Emräniň we Jelaleddin Rumynyň dünýägaraýyşlary bilen baglanyşygyna, gündogar poeziýasynyň nusgawy şahyrlary Haýýamyň, Saadynyň, Hafyzyň, Nesiminiň, Jamynyň, Nowaýynyň, Fizuliniň döredijiliginiň dürli taraplaryna düşünmek üçin Azadynyň edebi mirasynyň möhümdigine degişli meseleleriň giň toparyna garaldy. Çykyşlaryň birnäçesi Azadynyň poeziýasynyň filologiki taraplaryna, onuň meşhur poemalaryny we traktatlaryny seljermäge, şolaryň Azadynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň we XVIII-XIX asyrlaryň türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň döredijiligine ýetiren täsirine bagyşlandy.
Halkara maslahatynyň ýapylyş dabarasynda onuň işiniň jemleri jemlenildi. Aşgabatdaky bu duşuşyk Azadynyň şahsyýeti we döwri hakyndaky bilimleri hem-de düşünjeleri ep-esli giňeltdi, şeýle hem Türkmenistanyň gumanitar ylymlaryny ösdürmekde we halkara ylmy hem-de medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda ýene-de bir ähmiýetli ädim boldy. Maslahata gatnaşyjylar tejribe alyşmak boýunça birnäçe teklipleri girizdiler, ýakyndan hem-de netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy baradaky pikiri aýtdylar.
“Döwletmämmet Azady we XVIII asyr türkmen durmuşy” atly halkara maslahatynyň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, şonda gadymy türkmen topragyna gelip görmäge we özleriniň ylmy gözlegleri üçin ägirt uly ähmiýeti bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler.