Ï Ykdysady integrasiýanyň esasy gurluşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ykdysady integrasiýanyň esasy gurluşy

view-icon 4260
„Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna“ laýyklykda , Türkmenistan ýewropa, aziýa-ýuwaş umman we günorta aziýa ykdysady ulgamynda bilelikde hereket etmekde kontinentara ykdysady köpri hökmünde kesgitlenildi. Şonuň üçin hem bu geljegi uly bolan maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri hem ulag hyzmatlarynda ykdysadyýetiň we ilatyň talaplaryny doly möçberde kanagatlandyrmaga mümkinçiligi bolan kämil ösen ulag-kommunikasion toplumy bolup durýar. Onda ýurdyň ulag ulgamyny ösdürmegiň esasy meseleleri we olary amala aşyrmagyň usullary kesgitlenildi.

Bu ugurda möhüm meseleleriň biri hem – Türkmenistanyň ulag ulgamynyň dünýä ulag ulgamyna durnukly goşulyşmagyndan, Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary bilen baglanyşdyrýan baş ulag ýollary esasynda ulag gurluşyny mundan beýläk hem giňeltmekden ybaratdyr. Şunuň bilen bir hatarda ulag işleriniň has netijeli bolmagyny üpjün etmek, içerki, üstaşyr we ýükleri daşary ýurtlara ibermek we ýükleri daşary ýurtlardan getirmek hyzmatlarynda ulaglara düşýän paýyň gymmatlylygyny azaltamak göz öňünde tutulýar. Şunlukda bu ugry amala aşyrmakda garaşylýan netije intermodal ýükleri daşamakda ulag-logistik merkezler toruny döretmekden ybaratdyr.

Täze ulag ugurlary ulag hyzmatlarynyň bazaryny giňeltmäge şert döredýär. Bu bolsa öz nobatynda , marketing işjeň daşary ykdysady syýasatyny, halkara ulag ugurlaryny döretmäge gatnaşyjy ýurtlar bilen iň gowy tarifleri saýlanyp alynmagyny we ýeňillikli tarif ulgamynyň geçirilmegini talap edýär.

Şu ýyl Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda ylalaşykly ulag syýasaty ykdysady integrasiýanyň esasy gurluşy bolup durýar. GDA döwletleriniň baştutanlarynyň Mejlisiniň Karary bilen 2007-nji ýylda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklarda, döwlet dolandyryş ulgamyny dolandyrmakda, kanuny kämilleşdirmekde esasy ulgam hökmünde kesgitlenildi. 2008-nji ýylda „2020-nji ýyla çenli döwür üçin ulag ulgamynda GDA agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk etmeginiň esasy ugurlary“ ady bilen resminama işlenilip düzüldi. Bu resminama 2020-nji ýyla çenli özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny: GDA-nyň çäklerinde halkara ulag ugurlary boýunça torlary döretmek, ulaglaryň dürli görnüşleriniň arasynda özara gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak, GDA agza ýurtlarynyň demir ýol ulagyny ösdürmegiň geljegi uly bolan ýörelgelerini işläp taýaýarlamak, tarif syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, halkara ulag ýükleri daşalanda ýüze çykýan her-hili päsgelçilikleri aradan aýyrmak ýaly esasy ugurlary kesgitledi.

Şeýle hem GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň 2008-nji ýylda bolup geçen mejlisinde 2008-2015-nji ýyllar üçin GDA agza ýurtlarynyň awtoulag ýollarynda köpri gurluşygynyň ulanyş ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak Ýörelgesi tassyklanyldy. Onuň maksady hereketiň howpsuzlygyny ýokarlandyrmakdan, köpri desgalarynyň ulanyş we ýük göterijilik möhletlerini uzaltrmakdan ybarat boldy.

Bu günki gün Türkmenistanyň ähli ýerinde ajaýyp inženerçilik desgalaryň gurluşygy – ulag kommunikasiýalarynyň halkara torunyň „altyn halkasyna“ öwrüljek demir ýol we awtoulag köprüleriniň gurluşygy alnyp barylýar. Ýurtda ukrain gurluşykçylary bilen bilelikde öňdebaryjy inžener-tehniki şertleriniň ählisine gabat gelýän Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol köprüsi guruldy. Soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýurdyň möhüm esasy ýollarynda togsan köpriniň gurulmagy bellenilmeli ýagdaýdyr. Şu günki güne çenli döwletara gatnawly asfalt düşelen awtoulag ýollarynyň uzynlygy 6,7 müň km. hem geçýär, hilini halakara ülňülerine ýetirmek maksady bilen 1,8 müň kilometr awtoulag ýollarynyň durky täzelenýär.

Demir ýol ulaglary ministrliginiň Demirgazyk-Günorta halkara ulag ugrunyň gurluşygynyň çäklerinde eýýäm kyrkdan gowrak köpri guruldy, Uzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen demir ýolunyň gurluşygy dowam etdirilýär (türkmen böleginiň uzynlygy 697,5 km.). Bereket şäherinden Gazagystanyň serhedine çenli gurulýan Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň ugrunda onlarça demir ýol beketleri we menzilleri, lokomotiw depolary, inžener-tehniki desgalar, durmuş ähmiýetli desgalar gurular. Bereketden başga hem, Serhetýaka bekedi we Etrek etrabynyň merkezine barýan serhetýaka demir ýoly hem halkara ähmiýetli demir ýol şahasy bolar.

Halkara gatnaşyklaryny üpjün edýän möhüm ulaglaryň biri hem howa ulaglarydyr. Türkmenistandan Arkalaşygyň Russiýa, Ukraina, Belarus, Gazagystan, Özbegistan, Azerbaýjan ýaly ýurtlaryna yzygiderli howa gatnawlary ýola goýuldy.

Uzak aralykda howa ulag gatnawynyň wajyplygyny nazara almak bilen, häzirki wagtda Türkmenistanda hereket edýän howa menzilleriniň durky täzelenilýär hem-de olar döwrebaplaşdyrylýar, uçuş-gonuşyň howpsuzlygyny üpjün edýän ýer üsti enjamlarynyň durky täzelenilýär. Türkmenbaşy şäherinde, IKAO-nyň (Awiaýükdaşaýjylaryň halkara guramasy) täze aerowokzal toplumy guruldy. Howa gämileriniň üsti „Boing“ häzirkizaman awiagämi firmasynyň howa gämileri we beýleki häzirki zaman tenikalry bilen yzygiderli ýetirilip durulýar.

Deňiz ulagy hem çaltlandyrylan depginlerde ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň deňiz söwda floty düzüminde gämileriň 9-sy bar, olaryň 4-si 13 müň tonnadan gowrak gury ýük göterijidir we 5 sany 23,6 müň tonna ýük göterýän „derýa-deňiz“ görnüşli tankerlerdir.

Ýewropa-Kawkaz-Orta Aziýa ugurynyň ähmiýetiniň artmagy bilen, Türkmenbaşy deňiz duralgasynyň ähmiýeti epesli ösdi. Şonuň üçin hem duralganyň çäklerinde goşmaça gämi duralgasyny, gämi abatlaýyş kärhanasyny we logistiki merkezi gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem goşmaça tankerler, „Ro-Paks“ görnüşli paromlar, ýolagçy gatnadýan gämiler alynar. Türkmenbaşy gämi duralgasy Hazar deňzinde iň iri gämi duralgalarynyň biri bolar.

GDA agza ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek, ilkinji nobatda, bu döwletleriň ulag ulgamyny ösdürmek, şeýle hem ulag hyzmatlary boýunça dünýä bazarlarynda, ilkinji nobatda, ulag ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hasabyna olaryň milli gyzyklanmalaryny üpjün etmäge bolan mümkinçilikleri bilen şertlendirilendir. Häzirki zaman geosyýasy şertlerinde hyzmatdaşlygy ýola goýmakda taraplaryň ählisiniň meýletinlikleri hökmany suratda göz öňünde tutulýar. Transmilli taslamalar hem bu ýerde güýçleri jebisleşdiriji hökmünde çykyş edýär. Türkmenistan hem özüniň syýasatynda islendik sebitleýin ulag taslamasynda özara gatnaşyklarda berk gala bolup durýan hakyky ädimlere, berk we ygtybarly taryhy, medeni gatnaşyklara, dostlukly gatnaşyklara, doganlyk we ruhy garyndaşlyklara daýanýan bu ugra ýykgyn edýär.