Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Ilçihanasynyň habar berşi ýaly, “Kunstwelt e.V. Berlin” nemes medeni guramasy dürli ýurtlaryň we halklaryň ajaýyp wekilleri bilen tanyşdyrýan “Dünýäniň öňdengörüjileriniň ýodasy” atly taslamasy üçin beýik türkmen nusgawy şahyry Döwletmämmet Azadyny saýlap aldy.
1999-njy ýylda esaslandyrylan “Kunstwelt e.V. Berlin” jemgyýetiniň öz işini Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (UNESKO) howandarlygynda işjeň ösdürýändigini bellemelidiris. Jemgyýetiň maksady Ýewropanyň esasy paýtagtlarynyň biri bolan Berliniň medeni ulgamyny ösdürmekden we şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dünýäniň milli medeniýetleriniň ýokary gazananlaryny elýeterli etmäge ýardam bermekden ybaratdyr.
UNESKO-nyň baş direktory hanym Irina Bokowanyň goldaw bermeginde “Kunstwelt e.V. Berlin” jemgyýetiniň durmuşa geçirýän örän ähmiýetli taslamalarynyň biri “Dünýäniň öňdengörüjileriniň ýodasy” diýlip atlandyrylýar. Bu taslama 2006-njy ýylda badalga berildi. Sözüň doly manysynda, bu taslama giň möçberli uzakmöhletleýin çäredir. Ol özüniň çäklerini yzygiderli giňeldýär hem-de anyk binagärligiň we şäher landşaftynyň ruhy düşünjeler bilen adaty bolmadyk sazlaşygyna esaslanýar. Munuň özi ynsanyň ata-babalarymyzyň mirasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, mizemez umumyadamzat gymmatlyklary arkaly medeniýetleriň özara aralaşmagy baradaky pikiri nygtamaga gönükdirilendir.
Bu taslama Berliniň günorta böleginde, meşhur hem-de esasy köçeleriniň biri bolan Fridrihştrasse köçesinde “ýaýbaňlandyrylýar”. Ol açyk asmanyň astyndaky özboluşly ekspozisiýa bolup durýar.
Bu täsin muzeý ýurtlaryň we halklaryň ruhy gatnaşyklaryny ösdürmäge, dünýäde birek-birege hormat goýmak ýagdaýyny berkarar etmäge, doganlyk we dostluk ýörelgelerini wagyz etmäge ýardam etmelidir. Munuň özi BMG-niň tertipnamasynyň esasy meselesi bolup durýar. UNESKO-nyň agzasy bolan ýurtlaryň milli edebiýatlarynyň meşhur wekilleriniň parasatly sözleri we pähimleri bu muzeýiň eksponatlarydyr.
Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem bütin adamzadyň ruhy taýdan ösmegine mynasyp goşant goşan taryhy şahsyýet hökmünde Döwletmämmet Azady indi bütindünýä şöhratynyň we hormatynyň bu alleýasynda Türkmenistanyň ruhy medeniýetine we mirasyna wekilçilik eder. Beýleki ajaýyp türkmen filosoflarynyň we şahyrlarynyň arasynda hut Döwletmämmet Azadynyň aýdan parasatly sözleri taslamanyň guraýjylarynyň ünsüni özüne çekdi. Şol pähimler “Dünýäniň öňdengörüjileriniň ýodasy” diýen parahatçylyk döredijilik taglymatynyň esasyny düzýän ynsanperwerlik ýörelgelerini has doly beýan edýär.
Ýörite pannoda üç dilde – türkmen, nemes we iňlis dillerinde ýerleşdirmek üçin Döwletmämmet Azadynyň “Her kişi ot ýaksa—özi bişer. Gazsa her kim çah oňa—özi düşer” diýen pähimi seçilip alyndy.
Taslamanyň awtorlarynyň pikirine görä, dürli halklaryň meşhur şahsyýetleriniň pähimleri ýerleşdirilen, umumy edebi--çeperçilik kompozisiýa birleşdirilen köp sanly pannolar giň halkara medeni zolagy döreder. Ol giňişligi we wagty, binalary we dünýäniň ruhy mirasyny bir bitewi düşünjä birleşdirer.
Mundan başga-da, “Kunstwelt e.V. Berlin” medeni jemgyýeti taslamanyň wirtual dowamyny hem ösdürýär. Onuň saýtynda hem Azadynyň suraty, onuň gysgaça terjimehaly we Türkmenistan baradaky maglumatlar ýerleşdiriler.
Bu taslamanyň maksady ruhy gymmatlyklary, pikirleri alyşmak, döredijilik, medeni ulgamda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin meýdançany döretmekden ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, sungat hereketde bolmalydyr. Şeýle çäreler bolsa ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky özara ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär.
Türkmenistanyň “Dünýäniň öňdengörüjileriniň ýodasy” taslamasyna gatnaşmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli “açyk gapylar” syýasatynyň we birek-birege hormat goýmak esasyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň üstünlige eýe bolýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Häzir Türkmenistan UNESKO bilen dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär. 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa UNESKO-nyň “Awisenna” altyn medalynyň gowşurylmagy türkmen ýolbaşçylarynyň durmuşa geçirýän syýasatynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Baştutany bu sylaga milli medeniýeti ösdürmäge, medeni-taryhy ýadygärlşikleri aýawly saklamaga we UNESKO bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy.
UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Türkmenistanyň Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly ýadygärlikleri girizildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň tebigatynyň ajaýyp ýerleriniň ýene-de birnäçesi, şol sanda Garagum çöli we iri dag toplumlary öwrenilýär. Olar dünýäniň bu abraýly sanawyna girizilmäge dalaş edýärler. Şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny bütindünýä mirasynyň bir bölegi hökmünde ykrar etmek boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle başlangyç örän täsindir, çünki gürrüň haýsydyr bir ýurduň bir desgasy barada däl, eýsem gadymy döwürlerde we orta asyrlarda tutuş Ýewraziýanyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly ýaly tutuş taryhy-medeni täsinlik barada barýar.
Ýurdumyzda medeniýetiň many-mazmunynyň baýlaşdyrylmagy we okgunly ösdürilmegi Türkmenistanyň ykdysady, ylym we bilim, durmuş ulgamlaryndaky düýpli özgertmeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde ruhy ulgamy ösdürmegiň aýratyn möhümdigini aýdyp, dünýäde türkmen halkynyň milli medeniýetini, ruhy mirasyny giňden wagyz etmegiň wajypdygyny belleýär. Türkmenistan ruhy ulgamy ýurtlaryň we halklaryň ýakynlaşmagynyň, dürli medeniýetli döwletleriň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň möhüm serişdesine öwürdi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň halkara durmuşy, şol sanda medeni ulgamdaky gatnaşyklary uly ösüşlere eýe boldy. Türkmen medeniýeti diňe bir ýakyndaky däl, eýsem alysdaky ýurtlarda hem özüniň köp öwüşginli nuruny çaýmak üçin ýurduň çäginden çykdy. Türkmen paýtagty hem halkara festiwallarynyň we ylmy forumlaryň, şol sanda beýik türkmen alymlarynyň, filosoflarynyň, şahyrlarynyň mirasyny öwrenmäge bagyşlanan forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi.
Golaýda paýtagtymyzda türkmen halykynyň medeni, ylmy we edebi mirasynyň meselelerine bagyşlanan ýene-de bir halkara forumy – “Döwletmämmet Azady we XVIII asyr türkmen durmuşy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Şol maý günlerinde türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynda Magtymguly Pyragynyň we onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň aramgählerine zyýarat etdi. Şeýle hem şol ýerde döredijiligi köp ýurtlarynyň halklaryna ýakyn bolan beýik şahyrlaryň mirasyna bagyşlanan halkara maslahat boldy.
Hut şu günlerde Berlin taslamasyny guraýjylaryň türkmen halkynyň ruhy dünýäsini beýan etmek üçin hut Azadyny seçip almagynyň aýratyn manysy bardyr. Beýik akyldar, alym, şahyr we öz topragynyň hakyky watançysy özüniň akyl-paýhasyny we zehinini milli däp-dessurlary aýawly saklamaga, mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga gönükdirdi. Bu pikirlar soňra Magtymguly Pyragy, beýleki ajaýyp akyldarlar tarapyndan dowam etdirildi.
... Asyrlar geçdi we bu ajaýyp pikir-ýörelgeler berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gadam basan Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda doly derejede durmuşa geçirildi.