Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş Kanun hakyndaky makalasy – maksatnamalaýyn syýasy resminama
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş Kanun hakyndaky makalasy – maksatnamalaýyn syýasy resminama

view-icon 13702
Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy hem-de Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistanyň Konstitusiýasy – berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Esasy Kanuny“ atly konseptual makalasy çap edildi. Milletiň Baştutanynyň aýdyşy ýaly, ýurdyň Esasy Kanunyň ruhubelentligi „esasy kadalarynda we ýörelgelerinde halkymyzyň demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmaga bolan islegi kanuny taýdan berkidilendir hem-de hereket edýän milli kanunçylygymyzyň esasy hukuk binýadyny düzýändir“.

Türkmenistan syýasy, ykdysady we durmuş taýdan, innowasion ösüş döwrüne gadam basdy. Biziň hormatly ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuw eden döwri geldi. Bu akyldar Magtymgulynyň ajaýyp eserlerinde hem beýanyny tapýar. Muny dabaraly geçirilen baýramçylyk günleri hem görkezdi. Onuň çäklerinde Aşgabatda „Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 20 ýyl: Berkarar döwlet gurmagyň taryhy tejribesi“ ady bilen halkara maslahaty geçirildi.

Türkmeistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, „Bolup geçen ägirt uly taryhy öwrülişikleriň türkmen halkynyň ykbalyna eden täsiriniň mazmunyna we möçberine biz ýyl-ýyldan has giň göz ýetirýäris. Erkana, parahatçylyk söýüji, parasatly halkymyz Garaşsyz döwlete eýe bolup, öz taryhy ösüşiniň özboluşly ýoluny saýlap almak bilen, gysga döwürde, bary-ýogy 20 ýylyň içinde dünýä özüni tanatdy“. Soňra: „Aziýa yklymynyň merkezinde, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda parahatçylygyň daýanjy, ygtybarly hyzmatdaş bolan, gülläp ösýän türkmen döwleti kemala geldi. Ählumumy syýasy-ykdysady, gumanitar gatnaşyklara öz taryhy tejribesi, mizemez milli durmuş ýörelgeleri, durnukly jemgyýetçilik gatnaşyklary bilen mynasyp goşant goşýan biziň döwletimiz bu gün dünýä bileleşiginde mertebeli orna mynasyp bolýar“. Munuň şeýle bolmagyna ýetilen baş maksatlara daýanmak bilen, Türkmenistan Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, öňki sowet soýuzynyň giňişliginde ilkinjileriň hatarynda öz Konstitusiýasyny kabul etmegi itergi berdi. Makalada bellenilşi ýaly, Türkmen döwletiniň esasy ýörelgesi hökmünde adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine, her bir adamyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen syýasy ugrumyzyň ykrar edilmegi biziň gazanan iň uly netijelerimiziň biri boldy. Bu bolsa, döwrümiziň esasy taglymatyna we baş ýörelgesine öwrülen „Döwlet adam üçindir“ diýen giň manyly şygarymyzda öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň halky özüniň Esasy Kanunyna buýsanýar, oňa uly hormat goýýar. Konstitusiýa – döwletliligiň, adalatlylygyň, ylalaşygyň we parahatçylygyň beýan edilmegiidir. Esasy çalt depginler bilen ösýän Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň esaslarynyň berkemegi, jemgyýetiň mundan beýläk hem ösmegi üçin şertleri döredýär, adamy iň ýokary gymmatlyk diýip yglan edýär, halkyň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döredýär we ygtybarly kepilleri geçýär. Şunlukda ýurdyň Prezidenti muňa makalanyň okyjylarynyň ünsüni aýratyn çekýär.

Geljekki uly alym – döwlet gurluşynyň nazarýetçisi we praktigi – milletiň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow geçen 20 ýylyň içinde ýurdumyzyň Konstitusiýasy, esasy düzgünlerini saklap galmak bilen, amala aşyrylýan giň göwrümli reformalara we özgertmelere laýyklykda barha kämilleşýän döwletimiziň ygtybarly hukuk binýady bolup durýar diýip, düýpli üns berýär. Malim bolşy ýaly, 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy kabul edildi.

Ýurduň baştutanynyň kesgitlemegine görä, Esasy Kanun „häzirki döwrüň talaplaryna we umumy kabul edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda has-da kämilleşdirildi“. 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabyryny biziň Kanunymyzyň „ikinji doglan güni“ diýip doly hukukda aýdyp bolar. Bu ýurdyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda örän möhüm waka bolup, Prezidentiň nygtaýşy ýaly, „täze eýýama – ösüşler we özgertmeler döwrüne gadam basylandygyny alamatlandyrýar“. Konstitusiýanyň täze redaksiýasynda döwlet gurluşynda halkyň köp asyrlyk tejribesi, onuň milli däp-dessurlary, şeýle hem häzirki döwrüň demokratik ýörelgeleri, umumy adamzat gymmatlyklary öz beýanyny tapýar.

Demokratik Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutýar, konstirysion taýdan kanunlaşdyrylan derejeli bitarap döwlet hökmünde dünýade parahatçylyga, hyzmatdaşlyga we özara düşünişilmegine şert döredýän özüniň köp wektorly halkara işi boýunça bellidir. Muňa maý aýynyň ortalarynda Aşgabatda bolup geçen „Musulman dünýäsindäki bosgunlar“, „Merkezi Aziýada we Hazar sebtinde ulag ulgamynyň we üstaşyr geçirmegiň ösüşiniň geljegi“ ady bilen geçirilen halkara maslahatlary, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşalnyp geçirilen halkara maslahaty hem şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň makasynda Konstitusiýanyň ýurtda bolup geçýän, halkyň gülläp ösmegine gönükdirilen özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin iň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän binýady bilen üpjün edilendigi bellenilýär. Ýurdy ösdürmegiň täze döwri – durnukly we yzygiderliu ösüş, döwlet we jemgyýet durmuşynyň ähli ugurlarynda giň göwrümli özgertmeleri amala aşyrmakdyr.Türkmenistanyň Prezidenti “Häzirki döwürde taryhy taýdan gysga döwrüň içinde gazanylan ösüşlere daýanyp, Garaşsyz döwletimizi düýpli özgertmek häzir biziň öňümizde durýan örän uly wezipedir. Biziň borjymyz ýurdumyzy özüniň bagtyýarlyk döwründe ýokary depginler bilen gülläp ösýän , özüni doly derejede üpjün edýän kuwwatly berkarar döwlete öwürmekdir“ diýip belleýär.

Bu babatda Esasy Kanun daýanç bolup hyzmat edýär. Onda konstitusion taýdan tassyklanan umumy ykrar edilen ýörelegeler – demokratiýa, şahsyýetiň esasy hukuklary we azatlygy, häkimýetleriň bölünşigi, syýasy-jemgyýetçilik gatnaşyklary, hökümet we dolandyryş guramalarynyň işi, döwlet hukuk institutlar ulgamy kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy iň bir demokratik kanunlaryň biridir. Biziň Konstitusiýamyzda adam hukuklaryna we azatlygyna bagyşlanan ýörite bölüm bar. Biziň döwletimiz ynsan mertebesiniň hemme zatdan ýokary we eldegirmesiz bolup durýandygyndan, adamyň öz esasy hukuklaryna we azatlyklaryna doglan gününden beşlap eýe bolýandygyndan we kimdir biriniň olara hyýanat etmeginden kanun we kazyýet tarapyndan goralýandygyndan ugur alýar. Adamyň durmuşy we onuň saglygy, şahsy eldegrilmesizligi we howpsuzlygy, onuň eýeçiligindäki emlägi döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Türkmenistanda ölüm jezasy ýatyrlandyr. Bularyň ählisi Esasy Kanunda öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň makalasy Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň jemgyýetçilik, syýasy, ykdysady, durmuş, halkara, hukuk ugurlaryny öz içine alýar. Olaryň arasynda raýatlaryň abadan durmuşyny ýokarlandyrmaga, raýat jemgyýetini mundan beýläk hem ösdürmäge gönükdirilen adamyň hukuklarynyň we azatlygyny, olaryň goraglylygyny, milli ykdysadyýeti kämilleşdirmek syýasaty, ykdysdyýetiň hususy bölegini ösdürmek ýaly möhüm meseleler bar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow „...Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mümkinçilikleri çaksizdir. Şunuň ýaly hukuk namalaryna mahsus bolşy ýaly, ýurdumyzyň Esasy Kanuny hem, jemgyýetimiziň durmuşynda, ykdysadyýetde, syýasatda, ideologiýada boup geçen düýpli özgertmeleri beýan etmek bilen, geljekki milli döwlet gurluşynyň, demokratik ösüşiň, raýat jemgyýetiniň kemala gelmeginiň we ýaşaýyş-durmuş ulgamynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýär“ diýip, makalanyň ahyrynda belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zaman Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyna we döwlet gurluşynyň düýpli meselelerine bagyşlanan „Türkmenistanyň Konstitusiýasy – berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy kanuny“ atly makalasynda ýurtda hukuk, syýasy, ykdysady taýdan we beýleki ugurlar boýunça amala aşyrylýan özgertmelere hemme taraplaýyn seljerme berilýär.