Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy
Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy.
Ozal habar berlişi ýaly, Medeniýet günlerini geçirmek barada ylalaşyk Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň maýynda Astrahan oblastyna sapary mahalynda gazanyldy. Russiýanyň bu iri sebiti bilen biziň ýurdumyzy taryhyň dowamynda emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar hem-de ol häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykarylýar. Astrahan topragynda Türkmenistanyň döredijilik wekilleriniň mähirli garşylanmagy hem muňa şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň agzalarynyň beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen Medeniýet günlerine özboluşly badalga berildi. Bu ýadygärlik 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Astrahan şäheriniň esaslandyrylmagynyň 450 ýyllyk senesine sowgat hökmünde gowşuryldy. Ýadygärlik şäheriň merkezinde Astrahan döwlet uniwersitetiniň golaýyndaky seýilgähde oturdyldy. Astrahan oblastynda ýaşaýan biziň ildeşlerimiziň beýik şahyryň ýadygärliginiň ýanynda dürli çäreleri we baýramçylyklary geçirmekleri asylly däbe öwrüldi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda 18-nji maýda bellenilýän Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni Russiýa Federasiýasynda, şol sanda Astrahanda hem uly seslenme döredýär. Şol gün bu ýerde kowçum ýaşaýan türkmenleri we Russiýanyň şäherleriniň köp milletli ilatyny beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ajaýyp döredijiligi birleşdirýär. Türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň belent ruha ýugrulan setirleri ençeme asyrlardan soň hem adamlary ynsanperwerlige, özara hoşniýetlilige çagyrýar hem-de ynsanyň iň oňat häsiýetlerini wasp edýär. Bu bolsa dürli milletleriň wekilleriniň özara düşünişmegine ýardam edýär.
Häzir hem Magtymguly beýik şahyry hatyralamak we Türkmenistandan gelen myhmanlary müdäreklemek üçin ýadygärligiň ýanyna gelen ýüzlerçe adamlary birleşdirdi. Bu ýere Astrahan oblastynyň hökümetiniň we Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň wekilleri, kowçum ýaşaýan türkmenler, sebitiň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar ýygnandylar. Bu dabara hoşniýetli we ýakyn dostlaryň mähirli hem-de ýürekdeş duşuşygyna öwrüldi. Birnäçe minutdan soň ýadygärligiň etegine bahar gülleri goýuldy.
Soňra Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Astrahanyň döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalyna çagyryldy, şol ýerde “Astrahan türkmenleri: taryhy we häzirki döwri” atly toparlaýyn monografiki işiň tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu dabara ýörite Türkmenistanyň Medeniýet günlerine bagyşlanyldy we oňa gatnaşyjylaryň hemmesi üçin ajaýyp sowgat boldy. Astrahan oblastynyň Hökümetiniň Aragatnaşyk we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysy Marina Zaýsewa täze kitaby hödürläp, bu barlaglaryň çynlakaý resminamalara esaslanandygyny nygtady. Täze neşir halkara taslamasy bolmak bilen Astarahan türkmenleriniň taryhyny mundan beýläk-de öwrenmegiň başyny başlady, oňa taryhçy alymlar, kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, žurnalistler, şahyrlar, ülkäni öwrenijiler gatnaşdylar.
Soňra çykyş eden kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri daşary ýurtly arkadaşlaryna hemişelik üns hem goldaw berýändigi üçin Türkmenistanyň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Täze kitaby döretmekde işlän awtorlar toparynyň ýolbaşçysy onuň mazmuny hem-de rus we türkmen halklarynyň özara gatnaşyklarynyň taryhyny öwrenmekde ähmiýeti hakynda jikme-jik gürrüň berdi.
Türkmen halkyna bagyşlanylan şahyrana setirler, zalda türkmen we rus dillerinde ýaňlanan söýgä hem-de dostluga bagyşlanylan setirler bu çärä gatnaşyjylaryň başdan geçirýän hoşniýetli we ýürekdeş duýgularynyň aýdyň beýany boldy.
Astrahan döwlet uniwersitetiniň talyplary tarapyndan taýýarlanylan konsert myhmanlar üçin ajaýyp sowgat boldy, uniwersitetde häzirki wagtda Türkmenistandan bolan talyplaryň 80-si okaýar. Olaryň 30-dan gowragynyň taryhçy bolmaga taýýarlanýandygy guwançlydyr.
Agşam Astrahanyň ýaş tomaşaçylar teatrynda bu medeni çäräniň dabaraly açylyşy boldy. Şonda oblastyň hökümetiniň we Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şäheriň giň jemgyýetçiligi, döredijilik intelligensiýasy, köp sanly kowçum ýaşaýan türkmenler, Russiýanyň Hazardaky paýtagtynyň okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, žurnalistler we elbetde Türkmenistanyň wekiliýeti ýene-de duşuşdy.
Türkmen medeniýetiniň wekillerini mübäreklemek bilen Astrahan oblastynyň hökümetiniň wise-gubernatory—başlygy Konstantin Markelow Türkmenistanyň we Astrahan oblastynyň arasynda emele gelen hem-de üstünlikli dowam edýän döredijilik gatnaşyklarynyň ägirt uly ähmiýetini belläp, onuň doly möçberli türkmen—russiýa hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny nygtady. Soňky ýyllarda Astrahan oblasty Russiýanyň sebiti hökmünde Türkmenistanyň ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri boldy.
“Astrahan oblastynyň ýaşaýjylary öz dostlarynyň we goňşularynyň üstünliklerine tüýs ýürekden guwanyp, Türkmenistanyň durmuşyny uly gyzyklanma we üns bilen synlaýandyklary bellenildi.
Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy tamamlanandan soň ýurdumyzyň sungat ussatlary—halk sazandalary, belli estrada aýdymçylary, ýurdumyzyň döredijilik toparlary uly konsert bilen çykyş etdiler. “Aşgabat” orkestriniň, halk sazandalarynyň we “Dürdäne” folklor toparynyň her bir çykyşy dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Ýaňlanan aýdym-sazlar we ýerine ýetirilen tanslar arkaly türkmen ülkesiniň gaýtalanmajak ajaýyplygy hem-de halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi.
Magtymguly Pyragynyň sözlerine ýerine ýetirilen aýdymlar, meşhur türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň we Weli Muhadowyň saz eserleri tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Däp boýunça türkmen artistleriniň çykyşlaryny gadymy “küştdepdi” tansy jemledi. Geljege tarap okgunly hereket edýän, bütin dünýä hyzmatdaşlyk üçin özüniň açyklygyny görkezýän hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan halklaryň arasyndaky gatnaşyklara ygrarly bolan ýurduň-Türkmenistanyň medeniýet wekilleriniň çykyşlaryna tomaşaçylar uzak wagtlap el çarpdylar.
Türkmenistanyň Astrahan oblastyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.
Ertir Astrahanyň döwlet taryhy-binagärlik muzeý-goraghanasynda Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň gaznalaryndan amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem-de “Köp öwüşginli ýurt” diýen fotoserginiň açylyş dabarasy bolar.
Astrahanyň “Illýuzion” kinoteatrynda türkmen kinosynyň günleri açylar.
Agşam Astrahanyň döwlet gurjak teatrynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň “Garagumdaky şowhun” atly sahna oýny görkeziler.