Ï Astrahanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Astrahanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam edýär

view-icon 688
Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde biziň ýurdumyzyň döredijilik topary türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýerine - Priwolžsk raýonyna baryp gördüler.

Biziň ýurdumyzyň çäklerinden daşarda ýaşaýan öz watandaşlarymyz bilen ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi häzirki zaman türkmen döwletiniň syýasy ýörelgesiniň wajyp ugry bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermeginde daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen geçirilýän duşuşyklar we bilelikdäki çäreler oňat däbe öwrüldi.


Häzir Astrahan oblastynyň töwereginde türkmenleriň 3 müňe golaýy ýaşaýar. Astrahanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler bolsa Russiýa Federasiýasyndaky iň uly topar bolup durýar. Olar Priwolžsk raýonynda, Funtowo-1, Funtowo-2 we Atal obalarynda has jaýlaşykly ýaşaýarlar. Taryhy maglumatlara görä, türkmenler Almyk depedäki häzirki Funtowo-2 obasynyň töwereginde ýerleşen Nizowýe Wolga 1653-nji ýylda ilkinji gezek göçüp gelipdirler.

Soňky ýyllar Astrahanly türkmenleriň ata watanlary bilen ynsanperwerlik gatnaşyklary has-da berkedi. Kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri Türkmenistana geldiler, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň geçirýän maslahatlaryna, festiwallaryna we beýleki medeni çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Olar diňe bir ene dillerini, pederlermiziň dessurlaryny we däplerini saklaman, öz töwereklerinde ýaşaýan adamlary türkmen halkynyň baý hem-de gadymy medeniýeti bilen tanyşdyrmakda hem uly işler edýärler.

Medeni aragatnaşyklary baýlaşdyrmakda bu ýerde hereket edýän Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Astrahan bölümi, ene dilini we medeniýetini astrahanly türkmenleriň arasynda gorap saklamaklyga mümkinçilik döredýän türkmen medeniýetiniň sebitlerdäki jemgyýetçilik guramalary uly goşant goşýarlar.


Astrahan oblastynda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler - Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň we ýerli guramalaryň goldaw bermeginde halklaryň dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Astrahan oblastynyň türkmenleri milli baýramlary giňden belleýärler, myhmanlary bolsa aýdym-sazly, tansly, däp bolan türkmen myhmansöýerligi bilen garşy alýarlar.

Elbetde, muňa Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Naçalowa obasynyň merkezi meýdançasynda türkmen döredijilik topary bilen bolan häzirki ýürekdeş duşuşyk hem şaýatlyk edýär. Bu duşuşyga golaýdaky obalarda ýaşaýan biziň watandaşlarymyz, şeýle-de şu raýonyň ilatynyň köpsanly halklarynyň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlary Astrahan oblastynyň hökümetiniň wekilleri we medeniýet ministri, raýonyň ýolbaşçylary gyzgyn garşyladylar.

Türkmenistandan gelen myhmanlar Watanymyzyň şu güni, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň ugurlary, milletiň Lideriniň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň abadançylygy we dünýä ýüzündäki at-abraýyny artdyrmak ugrunda alnyp barylýan uly möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri barada gürrüň berdiler.

Öz gezeginde kowçum bolup ýaşan türkmenleriň wekilleri hem türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýurdumyzda alyp barýan parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty Astrahan topragynda ýaşaýan watandaşlarymyzyň giňden goldaýandyklaryny, iki döwletiň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkedilmegine we mundan beýläk-de ösmegine hyzmat etjekdigini bellediler. Duşuşyga gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň berkedilmegi ugrundaky egsilmez zähmeti, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen jemgyýetiniň işlerine bildirýän uly ünsi üçin öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Mälim bolşy ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň, türkmen-russiýa aragatnaşygynyň barha ösdürilmegine we iki halkyň däp bolan taryhy-medeni gatnaşyklaryna bu sebit hem öz goşandyny goşýar. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň 1760-njy ýyldan başlap birnäçe gezek Astrahan topragyna gelenligi baradaky taryhy subutnamany agzap geçmek hem ýerliklidir. Hut şu ýerde-de ýüz ýyl mundan öň şahyryň türkmen dilindäki ilkinji ýygyndysy çap edildi. Şol sebäpli hem häzirki duşuşyk biziň beýik şahyrymyzyň we akyldarymyzyň şygryýetine bagyşlandy.

Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde nusgawy şahyrymyzyň goşgulary we onuň esasynda döredilen aýdymlar biziň watandaşlarymyz üçin hakyky sowgat boldy. Şeýle-de Türkmenistanyň döredijilik toparynyň watandaşlarymyz üçin guran konsertinde türkmen halk aýdymlary, häzirki zaman aýdym-sazlary ýaňlandy, folklor sazly-tansly çykyşlar ýerine ýetirildi.

Ýer eýeleri hem öz ussatlyklary bilen myhmanlary haýran galdyrýan döredijilik çykyşlaryny görkezdiler. Bu dostluk baýramçylygyna Priwolžsk raýonynda ýaşaýan dürli milletleriň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Türkmen sazy rus hem-de tatar halklarynyň aýdymlary, kazak tanslary sazlaşyp gitdi. Magtymguly Pyragynyň goşgulary bolsa bu gün dürli dillerde ýaňlandy we olar diňleýjilere terjimesiz hem ýakyn, hem-de düşnükli boldy. Duşuşyk hakyky doganlyk baýramçylygyna öwrüldi.

Güniň ikinji ýarymynda türkmen topary Astrahana gaýdyp geldi. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň topary öz astrahanly kärdeşleriniň sahnasynda ýene bir oýun görkezdiler. Çäräniň medeni maksatnamasynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ХIХ asyryň ahyrlarynda - ХХ asyryň başlarynda medeni ýadygärlikler jaýynda ýerleşen we ХVIII-ХХ asyrlaryň rus žiwopisiniň, grafikasynyň, farforynyň we skulpturasynyň ýygyndysyny özünde jemleýän P. M. Dogadin adyndaky Astrahan döwlet surat galereýasynyň eserleri bilen tanyş boldular.

Şu gün Türkmenistanyň döredijilik topary Astrahanyň opera teatrynyň täze bezegli jaýyna hem-de Pýotr I ýadygärligine baryp gördüler. Bu teatryň işgärleri ýakyn wagtlarda täze jaýa göçerler. Pýotr I bolsa Astrahanyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sebäbi hut Beýik Pýotr 1717-nji ýylda özüniň permany bilen Astrahan guberniýasyny esaslandyrdy.

Türkmenistanyň Astrahan oblastyndaky medeniýet günleri dowam edýär. Ertir türkmen hem-de astrahanly artistleriň gatnaşmagynda bilelikdäki uly konsert bolar.