Şu gün, Türkmen halysynyň baýramçylygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda “Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly Halkara sergi geçirildi. Ony Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň “Türkmenhaly” Döwlet paýdarlar korporaçsiýasy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.
Bu çärä gatnaşmak üçin Ýewropadan, Aziýadan we ABŞ-dan, jemi 16 ýurtdan wekilçilikli toparlar Aşgabada geldiler. Olaryň hatarynda alymlar, hünärmenler, meşhur haly öndürijiler, telekeçiler, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, el hünärine köp sanly we oňa gadyr goýýanlar bar.
Türkmen halysynyň baýramçylygy bäş müň ýyllyk taryhy bolan bu ajaýyp gadymy sungaty döreden halkyň häzirki nesilleri üçin örän ähmiýetli wakadyr. Bu baýramçylyk her ýylda maý aýynyň soňky ýekşenbesinlde dabaraly ýagdaýda bellenilýär hem-de häzirki taryhy eýýamda gadymy ata-babalarymyzyň ruhy wesýetlerine we olaryň döreden gymmatlyklaryna wepalylygy, özboluşly milli dessurlaryň nesilden-nesle geçijiligini alamatlandyrýar we bütin dünýäde şöhrat gazanan türkmen halysynyň nepisligini beýan edýär.
Özleriniň zehini hem-de yhlasy bilen gözelligi hem-de kämilligi boýunça deňi-taýy bolmadyk el hünärleriniň eýesi bolan halyçylarymyzyň hormatyna şu günler tutuş ýurdumyzda birnäçe ylmy maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler we sergiler guralýar. Şu gün Türkmen halysynyň milli muzeýi baýramçylyk dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde deňi-taýy bolmadyk taryhy nepis halylar bilen bir hatarda häzirki zaman haly önümleri saklanýar we bu bina milletiň şöhratly taryhyny özünde jemleýän gadymy haly nagyşlaryny öwrenmek hem-de olary dikeltmek boýunça ylmy merkez bolup durýar.
Muzeýiň kaşaň zallarynda “Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly Halkara sergisiniň çäklerinde milli haly sungatynyň nusgawy hem-de häzirki zaman nepis halylaryň gözden geçirilişi guraldy. Sergi ýurdumyzyň halyçylyk sungatynyň gazanan üstünliklerini we ýeten derejesini, ajaýyp el hünäri bolan halyçylyk sungatynyň köp öwüşgünliligini dolulygyna beýan edýär. Binanyň ýanaşyk ýerleri gadymy türkmen obasyny ýadyňa salýar. Ol ýerde hakyky toý-dabaralary ýaýbaňlandyrylypdyr.
Şu gün bu ýerde ir säherden aýdym-sazyň owazy belent ýaňlandy. “Dokmaçylar” folklor-etnografiýa toparynyň we paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň “Gyzjagazlar” tans toparynyň ýaşajyk artistleriniň çykyşlary guraldy. Olarda türkmen halysynyň döreýiş taryhy baradaky “janly rowaýat” aýdyň beýan edilýär. Türkmen milli konserwatoriýasynyň gyzlar toparynyň we Türkmen döwlet medeniýet intsitutynyň “Miras” halk saz gurallary toparynyň ýerine ýetiren halk aýdymlary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Ýurdumyzyň hökümet agzalary, milli parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň, şeýle hem ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar bu günki guralan sergä gatnaşdylar. Olaryň hatarynda baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar bilen köp sanly myhmanlar, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we belli halyçylar bar.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu çäre mynasybetli iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda, hususan-da şeýle diýilýär: “Türkmen halysy halkymyzyň gadymylygynyň we akyl-paýhasynyň nyşanydyr. Ol gözelligi we hili, özboluşlylygy, deňsiz-taýsyzlygy bilen umumy adamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşan türkmen halkynyň gadymy sungatlarynyň biridir”. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz nagyşlaryň reňk sazlaşygynda türkmen halkynyň kalbynyň tämizligi we gözelligi, onuň nurana arzuwlary, ruhy taýdan galkynmagyň belentlikleri öz beýanyny tapýar diýip belleýär. Bu halylar halkymyzyň çuňňur we aýdyň pelsepesini, zehinini we paýhasyny özünde jemleýär diýip, milli Liderimiz Gutlagynda nygtaýar.
Häzirki döwürde özboluşly amaly sungat, halyçylygyň gadymy gadymy däplerini özünde jemleýän ýurdumyzyň medeniýetiniň bu ugry milli sungata gadyr goýýan we onuň giňden wagyz edilmegi ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy bilen gurşalandyr. Milli Liderimiziň bäş müň ýyllyk taryhy bolan yzygiderli kämilleşdirilip gelen türkmen halyşynaslygynyň şöhratyny ebedileşdirmekde taryhy esere öwrülen “Janly rowaýat” atly düýpli ensiklopediki işi munuň aýdyň subutnamasydyr.
“Türkmenhaly” Döwlet paýdarlar korporasiýasynyň çeperçilik haly kärhanalarynyň we hususy ussahanalaryň zehinli halyçylarynyň dokan täze ajaýyp halylarynyň tutuş toplumyny görkezýän ýylyň baş pudaklaýyn sergisi häzirki döwürde halyçylygyň sungat derejesine göterilendiginiň aýdyň beýanydyr.
Sergide Türkmen halysynyň baýramçylygynyň öňüsyrasynda däp boýunça geçirilýän besleşigiň jemleri jemlenildi we onuň ýeňijileri yglan edildi. Nusgawy nagyşly halylar, arassa ýüňden hem-de ýüpekden dokalan halylar, tebigatyň gözel keşbi we ajaýyp görnüşler şekillendirilen, ahalteke bedewleriniň keşbi janlandyrylan halylar bäsleşige hödürlendiler. Olaryň hemmesi reňkleriň ajaýyp sazlaşygy, inçeligi hem-de aýratyn çeperçilik çemeleşmeleri bilen tapawutlanýarlar.
Ýurdumyzyň hususyýetçileri däp bolan haly nagyşlary bilen bir hatarda täze özboluşly usullary ulanmak arkaly, reňkleriň hem-de şekilleriň sazlaşygyny özünde jemleýän halylary görkezdiler. Haly dokamagyň gadymy däplerini dowam etdirijiler, el hünäriniň ajaýyp sungatyny wagyz edijiler halyçylykga täze ýörelgeleri girizýärler we döredijilik ussatlygynyň giň ugurlaryny ýüze çykarýarlar. Arassa ýüňden dokalan halylarda we ajaýyp ýüpek halylarda çitimiň özboluşly nusgalary jemlenip, olarda ýüň ýüplükleriň 90-a golaý reňki özara sazlaşygy emele getirýär.
Şeýle hem sergide palas önümleri ýaýbaňlandyryldy. Onda Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň ussatlarynyň hem-de talyplarynyň dokan gobelenleri, sowgatlyk önümleriň giden toplumy, daşlyklar, torbalar, gapjyklar, gutujyklar we ýol torbalary görkezilýär. Şeýle hem sergide milli keşdeleriň owadan görnüşleri hem-de keteniden edilen milli lybaslar goýlupdyr.
Bu ýerde milli zenanlar lybasynyň görkezilmegi şu gezekki serginiň häsiýetli aýratynlygydyr. Sergi zallarynyň diwarlaryny türkmen halyşynaslygynyň naýbaşylary bolan äpet halylar bezeýär. Gyzlar üçin niýetlenen nepis nagyşly, şaý-sepler bilen bezelen köýnekler, toý lybaslary, gelinler üçin bezeg şaýlary halk sazlarynyň mukamy astynda görkezildi.
Şeýle hem muzeýiň zallarynda görkezilýän gadymy ata-babalarymyzyň durmuşyny janlandyrýan şekil has-da täsirli boldy. Giden meýdançada oba zähmetkeşleriniň gündelik durmuşyny, bezegli öýleri, ähli gurallar görkezilen ussahanalary, şeýle hem mal ýataklaryny özünde jemleýän türkmen obasy döredilipdir. Bu ýerden daş bolmadyk aralykda erkana gezýän körpe köşekli düýeler, ajaýyp ahalteke bedewleri sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi.
Bu ýerde janlandyrylan türkmen obasynyň her künjeginde halyçylaryň yhlasly we döredijilikli zähmetiniň netijesi bolan halylar görkezilýär. Ol ýerde halynyň taýyn görnüşine çenli bolan ähli tapgyrdaky işler yzly-yzyna bir kökene düzülipdir. Sergä gelenler haly dokamagyň ähli tapgyrlaryna tomaşa edip bilýärler. Türkmen zenanlary owazly ýaňlanýan aýdymlaryň astynda ýüňi saýlap alýarlar, olary arassalaýarlar, saýgylaýarlar, soňra ýörite iklerde ýüplük taýýarlap, ony ýumaklara öwürýärler, soňra bolsa ýerli ösümliklerden taýýarlanylan reňklerde boýag edýärler. Häzirki zaman halyçylary haly dokamakda erişleriň 500-den gowrak reňkini peýdalanýarlar, çitimleriň müňe golaý görnüşini ýadynda saklap bilýärler.
Bu ýerdäki beýleki bir ussahanada keçe basmagyň usullary görkezilýär. Ýörite senetlerde bolsa ýüpek keteniler dokalýar. Mälim bolşy ýaly, keteni milli lybaslarda we beýleki el işlerinde giňden ulanylýar.
Aşgabatdaky “Argaç” ýüň egriji fabrigi haly kärhanalary üçin zerur bolan serişdeleri ugradýan kärhana bolmak bilen, ol her ýylda saryja goýunlaryň ýüňünden ýokary hilli boýalan ýüplükleriň 200 tonnasyny işläp taýýarlaýar.
Ýurdumyzyň halyçylygyny ösdürmekde, el hünäriniň ajaýyplyklaryny wagyz etmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýulýan medeni we söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Şunuň ýaly hyzmatdaşlygyň netijesinde türkmen halylarynyň dünýä bazarlaryna ugradylan eksport möçberleri yzygiderli artýar. Germaniýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň we Gresiýanyň kompaniýalary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Diňe 2011-nji ýylyň dowamynda daşary ýurtlara 6,5 müň inedördül metre golaý bolan bolan haly önümleri eksport edildi.
Şu ýerde guralan sergä gatnaşyjylaryň arasynda Russiýanyň, Türkiýäniň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Hytaýyň, Belgiýanyň, Eýranyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň söwda kompaniýalarynyň wekilleri bar.
Sergi bölümleriniň owadan görnüşleri, baýramçylyk äheňdäki ýagdaýlar we bu ýerde görkezilýän önümler sergä gatnaşyjylara milletiň halyçylyk däpleri we baý medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga we türkmen halkynyň taryhy müňýyllyklara uzap gidýän özboluşly medeniýetiniň we sungatynyň aýratynlyklaryna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.
“Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly halkara sergisi ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň ozaldan gelýän hyzmatdaşlar bilen bolşy ýaly, haly pudagyndaky işewürler we bu günki dabara gatnaşyjylar bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde ýene bir ädime öwrüldi. Sergi türkmen halyçylary bilen daşary ýurtlardan gelen milletiň we tutuş dünýä medeniýetiniň beýik gazananlary bolan halyçylyk sungatyny wagyz edijileriň arasynda täze döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin oňyn mümkinçilige öwrüldi.
Halkara sergi öz işini 27-nji maýa çenli dowam eder.