Ï Türkmenistanyň Dokma senagatyny ösdürmekde gazanylan üstünlikler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Dokma senagatyny ösdürmekde gazanylan üstünlikler

view-icon 1735
Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde “Türkmenistanyň dokma senagatynyň ýeten sepgitleri we geljegi” atly Halkara sergi öz işine başlady. Ol milli senenamanyň şanly senesine—dokmaçylaryň hünär baýramçylygyna gabatlanyldy.

Her ýyl Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan halkara sergi geçirilip gelinýän ýyllarynda sebitde iň abraýly dokma sergileriniň birine öwrülip, dünýä bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän ýurdumyzyň dokma senagatynyň gazanýan üstünliklerini görkezip gelýär.


Milli ykdysadyýetiň okgunly ösýän bu pudagyna dünýäniň işewür toparlarynyň ägirt uly gyzyklanmasyny her ýyl oňa gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi we sany tassyklaýar. Foruma Germaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan,Belgiýadan, Türkiýeden, Koreýadan, Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-den, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan önüm öndüriji iri kompaniýalaryň wekilleriniň 130-a golaýy geldiler. Olaryň arasynda öňden gelýän köne hyzmatdaşlar, şeýle hem sergä ilkinji gezek gatnaşýanlar bar. Myhmanlaryň arasynda moda senagatynyň dünýä belli halypalary Walentin Ýudaşkin (Russiýa) we Ýyldyrym Maýrug (Türkiýe) bar.

Halkara serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik weiklhanalaryň we missiýalaryň baştutanlary, şeýle hem daşary ýurtly işewürler, giň jemgyýetçiligiň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutany pudagyň ähli işgärlerini we dokma sergisine gatnaşyjylary gutlamak bilen şeýle diýdi: “Dünýä ylmynyň gazananlaryny, häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly pudagy mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Önümçilige täze we netijeli usullary ornaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňelmeginiň hem ähmiýeti uludyr”. Geçirilýän pudaklaýyn forumyň ähmiýetini bellemek bilen döwlet Baştutany şeýle diýip belledi: “Sergi we ylmy maslahat öz önümlerini görkezýän we hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň wekillerine, telekeçilere özara gyzyklandyrýan meseleler boýunça pikir alyşmaga, işiň barşynda ýüze çykýan meseleleriň çözgütlerini bilelikde gözlemäge, giňişleýin we önjeýli işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam berer”.

Türkmenistan her ýylda pagtanyň bereketli hasylyny öndürip, daşary ýurtlara ýokary hilli önümleri çykarmak boýunça pudagyň serişdeler kuwwatyny we mümkinçiliklerini doly peýdalanmaga tarap ugur aldy. “Türkmenistanda öndürildi” diýen belgili ýüplük, matalar, taýýar tüýjümek trikotaž we jinsy önümleri dünýäniň dokma işewürliginiň öňdebaryjylarynyň önümleri bilen üstünlikli bäsdeşlik edýär.

Ekologiýa taýdan arassa, ýokary netijeli önümçilik tehnologiýalary we halkara standartlaryna gabat gelýän ýokary hil halkara bazarlarynda biziň önümlerimize uly isleg döredýän esasy artykmaçlyklarydyr. Häzirki wagtda pudagyň ähli kärhanalarynda, şol sanda pagta egriji fabriklerde we dokma toplumlarynda, tikinçilik, ýüplügi gaýtadan işleýän önümçiliklerde çykarylýan önümleriň 80 göterime golaýy dünýäniň 70-den gowrak ýurdunda uly islege eýe bolup durýar.

Çalt ösýän gaýtadan işleýän we önümçilik düzümi, makroykdysady görkezijileriň durnukly ösmegi, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek üçin dokma senagatynda üstünlikli geçirilýän toplumlaýyn döwrebaplaşdyrma biziň ýurdumyzy degişli ugurda has işjeň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk üçin özüne çekiji ýurda öwürýär.

Aşgabat şäherinde açylan häzirki halkara sergi hem milli dokma senagatynyň gazanan üstünliklerini ähli aýdyňlygy bilen we dolulygyna açyp görkezýär. Ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň köp sanly diwarlyklary sergä gelýänleri we mümkin bolan täze hyzmatdaşlary önümleriň dürli görnüşleri we olaryň ýokary hili hem-de dünýä meýillerine gabat gelýän önümleriň biçüwi bilen tanyşdyrýar. Nah ýüplük we ýüpek süýümi, nah we jinsi matalar, tüýjümek we trikotaž matalar, olardan taýýarlanylan dürli tikin önümleri, ajaýyp ýüpek halylary, keteni we panbarhat matalary, ýaglyklary, lukmançylyk pamygy we kosmetiki pamyk serişdeleri Gökdepäniň, Gypjagyň, Baýramalynyň we paýtagtymyzyň dokma toplumlarynyň, Ruhabadyň jinsi toplumynyň, pagta egriji we tikinçilik fabrikleriniň, ýüpek pudagynyň kärhanalarynyň pawilýonlarynda sergä gelenlere görkezilen harytlaryň sanawyny düzdi.

Çaga we sport egin-eşikleriniň, erkekleriň köýnekleriniň, ýorgan-düşek daşlyklarynyň we dizaýne bildirilýän ýokary talaplary nazara almak bilen ýerine ýetirilen beýleki tikin önümleri Aşgabadyň “Ahal” tikinçilik birleşigi, Marynyň “Ýeňiş” tikinçilik fabrigi, Türkmenabadyň ýaglyk kärhanasy, Ýolöteniň “Bezeg” fabrigi we beýlekiler görkezýärler.

Sergä gatnaşýanlaryň arasynda şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän dürli harytlar bilen, şol sanda taýýar moda egin-eşikleri bilen bazary baýlaşdyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýan ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň hususy kärhanalary hem bar.

Gadymy däplere görä taýýarlanan hem-de sergi köşgüniň birinji gatynda ýerleşdirilen enjamlar daşary ýurtly myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Şol enjamlaryň başynda türkmen halyçy zenanlary elde keteni dokamak we keşdelemek sungatyny görkezdiler.

Sergä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň uly sany dokma senagatynda Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň uly gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 70-den gowrak kompaniýalar we firmalar sergide öz täze önümleri we işläp düzmeleri bilen tanyşdyrdylar.

Olaryň köpüsi egirme, dokma, boýag we tikinçilik önümçiligi üçin ýokary tehnologiýa enjamlary öndürýänler we iberýänler bolup durýar. Bu ugurda “Trutzschler”, “Schlafhorst”, “Their”, “Oerlikon”, “Volkmann”, “Terrot” german kompaniýalary, Belgiýanyň “Picanol”, “Teхteсhno” kompaniýalary tarapyndan işlenip taýýarlanan awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we täze tehnologiýalaryň birleşen sergisi bilen şu gün paýtagtymyzda ilkinji açylan “Demteks Türkmenistan” hyzmat ediş merkezi tanyşdyrdy. “Marzoli”, “Savio”, “MCS”, “Itema”, “Canalair” italiýan önüm öndürijileriniň topary aýratyn diwarlyk bilen birleşdirildi. Şweýsariýanyň “Rieter” kompaniýasynyň diwarlygy pagta egirmek babatda täze tehnologiýalar we kämilleşdirilen enjamlar hakynda gürrüň berýär.

Täze gurulýan kärhanalar hakynda maglumatlar bilen ýurdumyzda dokma toplumlaryny we pagta egriji fabrikleri gurmaga işjeň gatnaşýan türk kompaniýalary tanyşdyrdylar.

Dokma senagatynda ulanylýan boýaglary we beýleki himiýa önümlerini öndürmekde ýokary tehnologiýalary “Bezema” (Şweýsariýa) firmasynyň, şeýle hem koreý kompaniýalarynyň hünärmenleri teklip etdiler.

Serginiň açylyş dabarasyndan soň Aşgabadyň modeller öýüniň, “Gülzaman” modalar öýüniň we ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň we tikinçilik fabrikleriniň türkmen dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan egin-eşikleriň täze ýygyndylary görkezildi. Jinsiden we trikotaždan taýýarlanan ajaýyp çaga egin-eşikleri, milli nagyş salnyp, ýüpekden, mahmaldan we keteniden taýýarlanan önümler, şeýle hem milli kümüş şaý-sepleri bilen bezelen owadan köýnekler tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Serginiň sahnasyna dünýä belli dizaýnerleriň Walentin Ýudaşkiniň (Russiýa), Ýyldyrym Maýrugyň (Türkiýe) we Karalaý Nurkadilowanyň (Gazagystan) modelleriniň çykmagy ýokary modanyň muşdaklary üçin uly sowgat boldy.

Giň gerimliligi bilen uly täsir galdyrýan sergi dünýä bazarynda öňdebaryjy orunlary ynamly eýeleýän ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň, şeýle hem daşary ýurtly sergä gatnaşyjylaryň önümlerini köpdürliligi görkezdi. Olar Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmtdaşlyk üçin açylýan giň mümkinçiliklere ýokary baha berýärler.

Forumyň çäklerinde pudagyň iň gowy zähmetkeşlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

“Türkmenistanyň dokma senagatynyň ýeten sepgitleri we geljegi” atly Halkara sergi paýtagtymyzyň Sergi köşgünde 4-nji iýuna çenli dowam eder. Forumyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylara hormat diplomlary gowşurylar.