Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilen şäherde “Gadymy Merw – dünýä medeniýetiniň ojagy” atly halkara maslahat geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin GDA-nyň agzasy bolan ýurtlardan belli alymlar: Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň wekilleri, şeýle hem olaryň türkmen kärdeşleri geldiler.
Maslahat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we howandarlygynda geçirilýär. Türkmenistanyň 2012-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň konsepsiýasynyň gumanitar ugry hem-de biziň ýurdumyzyň beýleki döwletler we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny alamatlandyrýan forumyň işiniň barşynda Arkalaşygyň ýurtlaryndan wekiliýetleriň agzalaryna medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, öwrenmek we tanyşdyrmak işinde Türkmenistanyň gazananlary bilen gös-göni tanyşmak mümkinçiligi döredildi.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan guralmagy we geçirilmegi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň we Mary welaýat häkimliginiň üstüne ýüklenen halkara maslahatyň maksady halkara medeni we ylmy gatnaşyklary has-da ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň gadymy maddy medeniýeti boýunça ylmy binýadyny berkitmek, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agzasy bolan ýurtlar bilen medeni gatnaşyklary giňeltmek bolup durýar.
Hökümetiň agzalarynyň, ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylarynyň, ylym we medeniýet işgärleriniň aspirantlaryň, talyp ýaşlaryň we ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşan maslahatyň açylyş dabarasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaňy-ýakynda şäheriň täze emele gelýän merkezinde gurlan Mary welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirildi.
Oňa gatnaşyjylar we myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Milletiň Lideri maslahatyň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, ynsan kowmunyň baý medeniýetiniň gadymy ojaklarynyň biri hasaplanýan Türkmenistan Watanymyzda häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda asyrlara ýaň saljak ägirt uly işler amala aşyrylýar diýip belledi. Dünýäniň durnukly we sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hataryna goşulan ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikler, şeýle-de onuň baý taryhy bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda Ýer ýüzüniň meşhur alymlarynyň ünsüni özüne çekýär. Şu gün halkara maslahat hem dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine öz goşandyny goşar.
Döwlet Baştutany türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhy barada aýtmak bilen, diňe bir Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň däl, eýsem, dünýäniň dürli yklymlarynyň belli alymlarynyň, şol sanda arheologlarynyň täze nesliniň Türkmenistanda amala aşyrjak işleriniň az bolmajakdygyny, aýratyn belledi. Dürli müňýyllyklaryň dowamynda umumadamzat gymmatlyklaryna uly goşant goşan gadymy Marguş ýurdunda arheologlara örän köp gazuw-agtaryş işlerini geçirmek we taryhyň syrly sahypalaryny açmak işleri garaşýar. Gadymy dünýäniň ady rowaýata öwrülen şäheri – Merwiň ajaýyp ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda iň iri taryhy toplumlaryň biri bolup durýandygy tötänden däldir.
“Gadymy Mary topragy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň taryhçy alymlarynyň ünsüni çekýän ajaýyp orta asyr ýadygärliklerine hem baýdyr. Bu halkara maslahatyna gatnaşyjylar Marydaky orta asyr binagärlik sungatynyň naýbaşy eserlerini synlap, Seljuk soltanlarynyň öz döwründe ylma, edebiýata we sungata nä-derejede sarpa goýandyklaryna, türkmen topragynda döwletiň içeri syýasatynda gurluşyga hem-de binagärlik sungatyna döwlet deprejesinde üns berilendigine doly göz ýetirerler. Şol döwürde Merwde metjitleriň, medreseleriň, kitaphanalaryň, köprüdir bentleriň, kerwensaraýlaryň we beýleki desgalardyr binalaryň gurluşygyna aýratyn üns berilipdir. Türkmen halkynyň milli öwüşgünlere baý gadymy mirasy sözüň doly manysynda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr” diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Gutlagy dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra umumy mejlis geçirildi, onda maslahatyň esasy meselelerine bagyşlanan çykyşlar beýan edildi. Bu ýere ýygnananlar taryh ylymlarynyň doktory, professor Wiktor Sarianidiniň çykyşyny uly üns bilen diňlediler. Ol kyrk ýyl mundan öň Murgap derýasynyň köne akymynda ýerleşen gadymy Marguşyň paýtagty Goňürdepede gazuw-agtaryş işlerine başlandy.
“Marynyň 70 kilometr demirgazygynda, Garagum çölünde ýitip giden şäherde bize nähili açyşlaryň garaşýandygyny göz öňüne hem getirmeýärdik - diýip, belli arheolog ýygnananlara ýüzlenip nygtady. – Şu geçen kyrk ýylyň içinde men Goňürdepede alyp barýan işlerimi saklamazlyga çalyşdym. Ýogsam, kyn ýyllar hem boldy, biziň toparymyzy indi hiç kim goldamaz we ol öz işini bes eder diýen ýaly pikirler bimaza edipdi. Emma hemme zat gowulyga tarap üýtgedi, haçan-da Türkmenistan Garaşsyz döwlet bolanda biz taryha bolan hakyky gyzyklanmany we bu ýurduň ýolbaşçylarynyň uly goldawyny duýduk. Bu ýagdaý soňky bäş ýylyň dowamynda, hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow milli Lideri bolanda has-da äşgär duýuldy. Biz onuň howandarlygynda guramaçylyk we maddy meseleleri çözmekde uly kömek aldyk. Onuň başlangyjy bilen Aşgabatda Goňurdepe hakynda ylmy-köpçülikleýin kitabym neşir edildi, gadymy Marguşyň sungaty hakynda dürli öwüşgünli albom çapa taýýarlanýar. Biz ýerli habar beriş serişdeleriniň üns merkezine öwrüldik, Goňurdepe bolsa halkara syýahatçylygynyň meşhur ýerine öwrüldi – diýip W.I.Sarianidi sözüni dowam etdirdi. – Ine şu gün hem men şu münberden hormatly Prezidente biz barada eden ähli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin. Bu alada şu günki we geljekki nesiller üçin Türkmenistanyň taryhynyň açylmadyk sahypalaryny açmak üçin, tutuş türkmen halkynyň buýsanyp biljek baý, medeni mirasyny açmak üçin edilýän alada bolup durýar”.
Soňra umumy mejlisde Täjigistan Respublikasynyň Binagärlik we gurluşyk akademiýasynyň professory, binagärligiň doktory Rustam Mukimow, Azerbaýjan uniwersitetiniň binagärlik we gurluşyk kafedrasynyň dosenti Rizwan Baýramow, Moldowanyň Milli Arheologiýa we taryh muzeýiniň bölüm müdiri, professor Ion Tentýuk, Ukrainanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň doktory Oleg Bubenok çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň oňyn ornuny hem-de biziň ýurdumyzyň halkara giňişliginde abraýynyň günsaýyn artýandygyny bellediler. Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi hem, Arkalaşygyň medeni paýtagtynda belli alymlary ýygnan şu maslahat hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol alymlaryň ylmy gyzyklanmalary Orta Aziýanyň taryhy we medeniýeti, hususan-da, diňe biziň ýurdumyzyň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň iri aheologik toplumy hasaplanýan gadymy Merw bilen bagydyr.
Öz ylmy gözlegleri hakynda gürrüň bermek bilen, çykyş edenler Merwiň hem-de Orta Aziýanyň beýleki iri we kiçi şäherleriniň Beýik Ýüpek ýoly ulgamynda eýeleýän orny bilen bagly meseleleri gozgadylar. Beýik Ýüpek ýoly diňe maddy we ruhy gymmatlyklaryň – binagärligiň, sungatyň, çeperçilik senediň jarçysynyň ornuny eýelemän, eýsem, Ýewraziýanyň siwilizasiýasynyň döremeginde we ösmeginde uly orun eýeledi. Sebäbi bu topragy diňe halylar, zergärçilik şaý-sepleri we binagärligiň sungaty şöhratlandyrmady diýlip çykyşlarda bellenildi. Onda dürli nesilleriň adamlarynyň –Zaratuştra pygamberden başlap, sopyçylygyň beýik şeýhlerine çenli ýaşan adamlaryň aňynda ornan pikirler döredi, bu ýerde türki dilli dünýäde häzire çenli ýaşap gelýän gahrymançylyk eposlary we dessanlar – Gorkut atanyň we Göroglynyň rowaýatlaryndan başlap, Nesiminiň, Fizuliniň, Magtymgulynyň we diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem uly sarpa goýulýan orta asyr edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň şygyrlaryna çenli sungat eserleri döredi. Medeniýetiň bu belentliklerine tarap taryhy uzak ýol birnäçe müňýyllyklardan öň, Köpetdagyň jülgesinde ilkinji ekerançylyk ojaklarynyň biri dörände, adamlar Murgap derýasynyň hanasyny özleşdirip başlanlarynda döreýär.
Maslahatda gozgalan ýene bir ylmy nukdaýnazar Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky özara gatnaşyklara degişli boldy. Şonda Merw şäheri orta asyryň hakyky megapolisine öwrülip, aýratyn möhüm orun eýeläpdir. Beýik Ýüpek ýoly açylandan soň, bu ägirt uly giňişlikde ýaşan halklaryň arasynda diplomatik we medeni gatnaşyklar ösüp, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny artdyrypdyr. Hytaýyň, Ýakyn Gündogaryň we Ortaýer deňziniň arasyndaky kerwen ýollarynda orta asyrda gülläp ösen halkara söwdasy Gündogar, Merkezi we Günbatar Ýewropanyň dürli sebitlerinde ýaşan ilatlary hem özüne çekipdir. Mysal üçin, Ukrainanyň arheologlarynyň maglumatlaryna görä, gündogar-karpat ýerlerinde tapylan kümüş şaýlar esasy söwda ýollaryndan bölünip aýrylan şahalar boýunça Gündogardan, şol sanda Merwden getirilýän harytlaryň Karpatlaryň gündogar sebitleriniň üsti bilen baltika-skandinaw sebitine hem baryp ýetipdir.
Günüň ikinji ýarymynda maslahat iki bölümde dowam etdi. Olaryň birinjisi “Gadymy Margiananyň medeni mirasy: ylmy barlaglar we täze açyşlar” diýlip atlandyryldy. Onda Marguş ýurdunyň gülläp ösen bürünç eýýamynyň arheologiýasy we taryhy boýunça iri hünärmenler giň mazmunly habarlar bilen çykyş etdiler. Olar Marguşyň gadymy Gündogaryň siwilizasiýalar ulgamynda eýelän ornuny kesgitlemek ýaly meseleleri gozgadylar, soňky on ýyllyklaryň beýik arheologik açyşlary bilen baglylykda Goňurdepe ýadygärligine taryhy baha berdiler, Margiananyň siwilizasiýasynyň çuňňur köklerine ýüzlendiler, onuň dini, antropologiýasy, sungaty bilen bagly meseleleriň birnäçesini gozgadylar. Marguşy öwrenmekde belli bir alymlaryň goşandy hakynda çykyşlar beýan edildi.
Ikinji bölüm – “Orta asyr Merwiň maddy we ruhy medeniýeti” esasan öz çykyşlarynda bu şäheriň Seljuk türkmenleriniň imperiýasynyň paýtagtyna öwrülen eýýamda bolan giň panoramasyny, şeýle hem XIV-XV asyrlarda onuň synan we gaýtadan gülläp ösen durmuşyny beýan eden alymlary birleşdirdi. Murgap ýaýlasynyň şäher medeniýetiniň ösüşiniň müňýyllyk döwrüniň aýdyň yzlary häzire çenli saklanyp galdy hem-de öwrenilýän we goralýan desgalara öwrüldi.
Türkmenistanyň medeni taryhy ýadygärlikleri has çuňňur öwrenmek, goramak hem-de olary geljek nesiller üçin aýawly saklamak maksady bilen, şeýle hem “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasyna laýyklykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň başynda degişli Karara gol çekip, taryhy, arheologik, şähergurluşyk, binagärlik we monumental çeperçilik ýadygärlikleriniň goralýan zolaklaryny, şeýle hem taryhy ýerler bilen bagly bolan tebigy landşaftlary kesgitlemegiň tertibini tassyklady. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, welaýatlaryň häkimliklerine ady agzalan desgalaryň goralýan zolaklaryny kesgitlemek boýunça zerur bolan işleri geçirmek tabşyryldy. Mary welaýatynda bu wezipäni “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasy iş ýüzünde amala aşyrýar.
Geçen ýylyň güýzünde döwlet Baştutany bu goralýan ýerlere baryp gördi we Merwiň ýadygärlikleriniň ýagdaýy hem-de olary aýawly saklamak boýunça görülýän çäreler bilen ýerinde tanşyp, degişli edaralaryň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.
Şeýlelikde, häzirki zaman dünýä ülňülerine gabat gelýän, daşary ýurt tejribesini nazara alýan, medeni mirasy aýawly saklamak işiniň esasynda täze, innowasion ýörelgeleri goýýan kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmekde ýene bir möhüm ädim ädildi. Şeýle ýadygärlikleriň howpsuzlygynyň hukuk kepilliklerini döretmek bilen, Türkmenistan Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýa gol çekip, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga degişli öz üstüne alan halkara borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär.
Halkara maslahatyň işiniň netijeleri onuň ýapylyş dabarasynda jemlendi. Maslahata gatnaşyjylar bu ýere ýygnananlaryň doly makullamagyna eýe bolan teklipleriň birnäçesini umumy garaýyşa hödürlediler. Çykyş edenleriň belleýişi ýaly, Marydaky duşuşyk olaryň Gadymy Merwiň baý mirasy hakynda bilimlerini we düşünjelerini ep-esli giňeltdi, şeýle hem Türkmenistanyň taryh ylmyny ösdürmekde hem-de halkara ylmy we medeni gatnaşyklary giňeltmekde ýene bir uly ädim boldy. Olaryň belleýişi ýaly, bu maslahat Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilýän giň gerimli işlerde ýene bir pursat boldy.
Gadymy we myhmansöýer türkmen topragyna gelip görmäge hem-de ylmy gözlegleri üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan etmek bilen, alymlar ýakyn we netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmegiň möhümdigini bellediler.
“Gadymy Merw – dünýä medeniýetiniň ojagy” atly halkara maslahatyň işi tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar üçin baý medeni maksatnama taýýarlanyldy. Olar ertir Goňurdepede geçirilýän gazuw-agtaryş işleri bilen tanyşarlar, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen goraghananyň ýadygärliklerine baryp görerler, Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň täsin ýygyndylary bilen tanyşarlar.